"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

2023-nji ýylda rus awtoulag bazaryndaky karzlaryň, takmynan, 60 göterimi täze hytaý markalary üçin alyndy

WTB-niň maglumatlaryna görä, awtoulaglary karz alýanlaryň Hytaýda öndürilen ulaglara bolan islegi 4 esse ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ahyrynda bank tarapyndan çykarylan täze awtoulaglar üçin 10 karzdan 6-sy diýen ýaly, Hytaý markalary üçindir. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ahyrynda rus bazarynda awtoulag karzlarynyň satuwy 1,5 trillion rubldan gowrak boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 2 esse köp. WTB 2024-nji ýylda täze awtoulag bazarynyň giňemegi netijesinde, awtoulaglar üçin karz berilmeginiň has-da artjakdygyny çaklaýar: bankyň çaklamalaryna görä, ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10 göterime ýetip biler.

«Maersk» we «Hapag-Lloyd» uzak möhletleýin iş hyzmatdaşlygy boýunça şertnama baglaşdy

«Maersk» we «Hapag-Lloyd» kompaniýalary «Gemini Cooperation» («Ekizleriň hyzmatdaşlygy») diýen at bilen uzak möhletleýin iş hyzmatdaşlygy barada şertnama baglaşdy. «Maersk» kompaniýasynyň habaryna salgylanýan «SeaNews» hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýylyň fewralyndan başlanýandygyny habar berýär. Bu ýerde maksat çeýe, birek-birege bagly we ygtybarly umman toruny döretmekdir. Ylalaşygyň bir bölegi hökmünde «Hapag-Lloyd» we «Maersk» umumy kuwwaty 3,4 million TEU bolan 290 gämini bilelikde işleder. Şolaryň 60 göterimini «Maersk», 40 göterimini bolsa «Hapag-Lloyd» üpjün eder. «Hapag-Lloyd» «Gemini Cooperation» şertnamasyna goşulmak üçin 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda «Okean Network Express» («ONE»), «HMM» we «Mang Ming» ýaly kompaniýalary özünde jemleýän «THE Alliance» bileleşiginden çykar.

Halkara giňişlikde

Hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meselä aýratyn üns çekildi.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistan döwletimiziň özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýan döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 17-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.

Türkmenistan we Eýran sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garadylar

Türkmen-eýran döwlet serhetlerinde ýerleşýän “Artyk-Lotfabad” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadynda golaýda geçirilen duşuşykda sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi. Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri Agöýli Nyýazow, Eýranyň wekiliýetine bolsa “Lotfabad” gümrük nokadynyň başlygy Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

Aşgabat, 18-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Halkara hyzmatdaşlyk dowamat-dowam

Türkmenabat Halkara howa menzili resmi web-saýtynda 2024-nji ýylda esasy hyzmatdaşlyk etjek daşary ýurt awiakompaniýalary barada maglumat berdi. Çeşmäniň ýazmagyna görä, halkara menzil üstümizdäki ýylda Gruziýanyň GeoSKY, Türkiýäniň MNG we Moldawiýanyň TERRA AWIA kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmen diplomatiýasynyň rowaç gadamlary

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamalarynda aýdyň şöhlelenýär Türkmenistan — Bitarap döwlet. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, deňagramly daşary syýasaty amala aşyrýan, öz oňyn teklipdir başlangyçlary bilen dünýäniň syýasy işlerine işjeň gatnaşýan döwlet. Munuň şeýledigini geçen ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynda biziň ýurdumyzyň öňbaşçylygynda kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Kararnamalaryň 22-si hem aýdyň görkezýär. Uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýylyň ahyrky günlerinde bolsa şolaryň üsti täze resminamalaryň ýene ikisi — «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» we «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar bilen ýetirildi. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp ýeňşi bolup, döwletimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ulgamlaýyn hem yzygiderli häsiýete eýedigini, olaryň tutanýerlilik bilen durmuşa geçirilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.

Gatnaşyklar berkidilýär

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl üstünliklere beslendi. Geçen ýyl, hususan-da, ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça hem baý wakalar bilen jemlendi. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna, şeýle hem 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýäde ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara derejeli gol çekilen resminamalaryň 250-si bilen ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda, umumadamzadyň bähbidine beýik ösüşleri gazanmakda möhüm ähmiýetli ýurda öwrülýändigini şertlendirýär. Goý, berkarar Diýarymyzyň abraý-

Ermenistan Hindistandan başlap, Eýranyň üstünden geçýän söwda ýoluny gurmagy meýilleşdirýär

Eýranyň üstünden geçip, Ermenistany hem-de Hindistany birikdirýän söwda ugrunyň açylyşy 2024-nji ýylyň maýynda guralar.  «Munuň özi biziň baş maksadymyz bolup, biz Hindistanyň Mumbaý portunyň Eýranyň üsti bilen Ermenistana uzaýan söwda ugrunyň dürs işlemegi üçin şu ýylyň maýyna çenli ähli meseleleri çözmek boýunça ylalaşdyk» — diýip, Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysy nygtady.

Türkmenistan — BMG: Ählumumy howany goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Bu Beýan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynyň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljek nesilleriniň bähbidine ählumumy howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi. Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen bilelikde, Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy üçin kanuny esasyň döredilendigi barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. BMG-niň durn

Halkara giňişlikde

Türkmenistanyň garaýyşlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşynda öňe sürlen milli garaýyşlaryň beýany Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň resmi dillerinde neşir edildi we ýaýradyldy.

BAE-niň kompaniýasy Özbegistanda 470 gektar bag döreder

BAE-niň kompaniýasy Özbegistanyň Andijan welaýatynda miwe ösdürip ýetişdirýän taslama üçin 30 million amerikan dollary möçberde maýa goýar. Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Andijan welaýatynyň Pahtaabad sebitinde Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen bilelikde umumy meýdany 470 gektara barabar bag dörediler. Taslamanyň birinji tapgyrynda 20 gektarda ýörite gaplarda, damjalaýyn suwaryş ulgamy esasynda golubika ösdürip ýetişdirmek ýola goýlar.

2023-nji ýylda «Astara» terminalyndan 700 müň tonna çemesi ýük daşaldy

2023-nji ýylda Halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň iň möhüm gurluş bölümleriniň biri bolan «Astara» terminalyndan takmynan 700 müň tonna ýük daşaldy. «Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, «Azerbaýjanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mümkinçilikleriniň esasynda daşalan ýüküň umumy göwrümi terminalyň işe başlan ýyly — 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende üç esse köpdür.

Türkmenistan bilen Özbegistan halkara ýük daşaýjylary üçin wiza tertibini ýönekeýleşdirjek şertnamany taýýarlaýar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýük daşaýjylaryndan halkara awtomobil gatnawlary üçin alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi.  Wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen maslahatda görkezilen meselelere seredildi:

Türkmenistan — Türkiýe: doganlyk gatnaşyklar berkidilýär

8-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy

Ata-baba ýol-ýörelgelerimizden ugur alyp, ýurdumyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde öz ýoluny saýlamaga ymtylýar. Goňşy döwletler bilen dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýurdumyzda giň mümkinçilik döredilýär. Şunda ýokary tizlikli, howpsuz we häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Özara bähbitliligi, köpugurlylygy bilen tapawutlanýan daşary syýasatymyz we halkara gatnaşyklarymyz hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerine daýanýar. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa, suw, ulag-üstaşyr, ekologiýa diplomatiýalary bilen baglanyşykly taglymatlarynyň rowaçlanmagyna şert döredýär. Bu meseleler boýunça sebit we dünýä ähmiýetli asylly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Dünýä döwletleri bu ýörelgeleri türkmen Bitaraplygynyň işjeňleşmeginiň aýdyň nusgasy hökmünde ykrar edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan geosyýasy we geografiki mümkinçiliklerini, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny milli we umumadamzat bähbitleriniň hatyrasyna peýdalanmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gazgeçirijileri diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, dünýä möçberinde örän uly taryhy ähmiýete eýedir.

Bilermen ulag pudagynda global Gün tertibiniň düzülmeginde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini goraýjy Ruslan Jumaýew vestiabad.ru neşiri üçin geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň durnukly ösüşi pudagynda global Gün tertibini düzmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistan BMG-de global ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen konstruktiw başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle başlangyçlar Bütindünýä durnukly ulag gününiň döredilmegini, üstaşyr geçelgeleriň orny we dürli ulag görnüşleriniň arabaglanyşygy hakyndaky kararnamalary kabul etmegi öz içine alýar.