Dostana gatnaşyklar pugtalanýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şöhratly taryhymyzyň gatyna altyn sahypalar bolup girýär. 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji günlerindäki ajaýyp wakalar gadam basylan ýylyň hem eziz Diýarymyzyň, bagtyýar halkymyzyň täze taryhyny dabaralandyrjak, şan-şöhrata beslenjek ýyllaryň birine öwrüljekdiginiň özboluşly ýüze çykmasydyr. Has takygy, Gahryman Arkadagymyzyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäginde onlaýn ýagdaýynda iri taslamalaryň üçüsiniň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ugamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga berilmegi, şeýle-de Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly ýagdaýda açylmagy göwünlere ganat beren buýsançly wakalar boldy. Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik el