"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Saglygy goraýyşda tejribe alşylýar

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän dürli çäreler, daşary ýurtly hünärmenleriň Türkmenistanda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir. Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Paster adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň Ylmyň federal býujet edarasynyň ýolbaşçylar düzüminden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen degişli federal gullugyň arasynda ýokançlara garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda baglaşylan Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şeýle hem «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen guralýar. Bilermenler toparynyň saparda bolýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmek we ýurdumyzda birnäçe ýokançlara ilatyň populýasion goraýjylyk ukybyna baha bermek üçin barlag işini geçirmek meýilleşdirilýär. Baha beriş-barlag işiniň netijeleri

“Köki çuň daragtyň saýasy goýry”

Häzirki zaman dünýäsinde medeni diplomatiýa halklardyr döwletleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, medeniýetdir sungat arkaly parahatçylygy, dostlugy berkitmäge ýardam edýän «ýumşak güýç» hökmünde garalýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) hem indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri türki dünýäde hut şu möhüm wezipäni ýerine ýetirýän ýeke-täk ýöriteleşdirilen düzüm bolmagynda galýar. Geçen döwürde Bitarap Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarylyp, mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», bu ýyl üçin gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen özara gatnaşyklary «şirwan perdä» çykdy. Geçen hepdäniň dowamynda bolsa Diýarymyzda şu wajyp wakalaryň jemleýji çäreleri üstünlikli geçirildi. Biz hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan RAÝEW bilen gürrüňdeş bolup, onuň çäreleriň netijeleri baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy.

TÜRKSOÝ: geçirilen çäreleriň jemi jemlenildi

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär.

Halkara mertebesi artýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyz beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her güni gülläp ösüşlere beslenýär, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti emele geldi. Döwletimiz häzirki zamanyň meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşýär, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny işjeň gözleýär. Gülläp ösüşler arkaly parahatçylyk ýörelgesi bolsa içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Bu gün döwletimiz halkara ähmiýetli taslamalary, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýändigi bilen bütin dünýäde tanalýar. Munuň şeýledigine ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen BRICS sammiti hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşy we onda öňe süren oňyn teklipleri, asylly başlangyçlary Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine doly derejede peýdalanýan özygtyýarly döwletdigini ýene-de bütin aýdyňlygy bilen halkara jemgyýetçiligine äşgär etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýokary edarasynyň agzalary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi boýunça Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde yglan edilen şu ýylda bilelikdäki tagallalar bilen geçirilen çärelere ýokary baha berdiler. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, onuň çäklerindäki TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň we suratkeşleriniň forumy, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, halkara maslahatlar, bäsleşikler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, konsertler bar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindü

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, Änew dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň we geçmişiň ösen medeniýetleriniň möhüm merkezleriniň biri diýlip ykrar edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Şeýlelikde, XIX asyryň ahyrynda Änew medeniýetiniň ylmy taýdan açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmek üçin hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu bereketli künjek milli ruhy-ahlak däplerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiren halkymyzyň baý medeni mirasyny özünde jemleýär.

“CDEK” Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda giň gerimli ýük daşamalara girişdi

“CDEK” halkara logistika operatory Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu barada “CDEK-Inter” kompaniýasynyň direktory Ildar Timerhanow Aşgabatda penşenbe güni açylan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, ilkibaşda diňe Türkmenistandan Russiýa ibermeler amala aşyrylan bolsa, şu ýylyň oktýabryndan başlap, ol ikitaraplaýyn häsiýete eýe boldy.

Türkmenistan we Eýran maglumat tehnologiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Eýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekdäki öňegidişlikler bilen tanyşdyryldy şeýle hem özara gatnaşyklara, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek mümkinçiliklere seredildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindü

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, Änew dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň we geçmişiň ösen medeniýetleriniň möhüm merkezleriniň biri diýlip ykrar edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Şeýlelikde, XIX asyryň ahyrynda Änew medeniýetiniň ylmy taýdan açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmek üçin hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu bereketli künjek milli ruhy-ahlak däplerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiren halkymyzyň baý medeni mirasyny özünde jemleýär.

Doganlyk we bitewülik ruhy bilen

2024-nji ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de gadymy Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilen köp sanly medeni çärelere doganlyk we dostluk, birlik, jebislik ruhy mahsus boldy. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda ýylyň jemleýji çärelerine, şol sanda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň paýtagtymyzda guralan 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bu hakykaty biragyzdan tassykladylar. Ozodbek NAZARBEKOW,Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri:

Türkmenistan we «Huawei»: sanly geljek we MKT boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew «Huawei» kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça AKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Duşuşykda maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisi geçiriler

20 — 21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisi hem-de türkmen-özbek sebitara forumy geçiriler. Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, Türkmenistan goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde hem «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi üstünlikli geçirilipdi.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

15-nji noýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda şu ýylda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.

«Türkmentel — 2024» — innowasiýalaryň täze başlangyçlary

14 — 16-njy noýabrda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen bu gezekki forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanyp geçirilen foruma halkara guramalaryň, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Eýrandan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gazagystandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan, Russiýadan, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Ukrainadan önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan, IT hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň, aragatnaşyk operatorlarynyň 200-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda «Thales», «Nokia», «Huawei», «Amazon Project Kuiper», «DELL Technologies», «Delta Telecom Ltd», «Eastwind», «Eutelsat», «Honeywell», «Juniper Networks», «Samsung», «KT Corporation», «SpaceX» we beýlekiler bar.

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin işewürlik gollanma taýýarlady

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak işini we netijelerini düşündirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işewürlik gollanmasy üç dilde taýýarlanyldy. Hususy pudagyň wekillerine niýetlenilen işiň taýýarlanylyşyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Halkara Söwda Merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar. Işewürlik gollanmasynda Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagyň esasy ugurlary, onuň ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna ýetirýän täsiri jikme-jik düşündirilýär. Sebitiň we dünýäniň söwda gatnaşyklaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagyny şertlendirjek bu başlangyç Halkara Söwda Merkeziniň «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we baglanyşyk» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu iş Bütindünýä Söwda Guramasy baradaky esasy maglumatlardan başlap, onuň eksport edijiler üçin döredýän anyk bähbitli taraplary we intellektual eýeçiligi goramagyň düzgünleri ýaly giň ugurdaky meseleleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň söwda toplumy «BHARAT TEX 2024» halkara sergisine çagyrylýar

Has anyk aýtsak, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Söwda-senagat edarasy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «BHARAT TEX 2024» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Hindistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan guralýan halkara forum 2025-nji ýylyň 14 — 17-nji fewraly aralygynda geçiriler. Halkara forum bilim sessiýalary, edara ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda tegelek stol maslahatlary, hökümet we işewürlik derejesinde duşuşyklaryň giň toplumyny öz içine alýar. Sergi dürli sessiýalar, duşuşyklar, täze önümleri tanyşdyrmak, özara düşünişmek hakynda ähtnamalary hem-de eksport-import ugurly şertnamalar baglaşmak üçin möhüm meýdança bolup çykyş eder. Halkara çäräniň kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna, halkara wekillere we satyn alyjylara önümleriň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmekde giň mümkinçilikleri hödürlejekdigi ikuçsuzdyr.