Sürüjiler bäsleşdiler
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýurdumyzyň awtoulag sürüjileriniň arasynda «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Ahal welaýaty boýunça şahamçasynda geçen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatyň çägindäki awtoulag kärhanalaryndan ussat sürüjiler gatnaşdy. Şunda ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri ýol hereketiniň düzgünlerine, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerine, awtoulagyň gurluşyna, ilkinji lukmançylyk kömegine, syýasy taýýarlyk boýunça degişli soragnamalara jogap bermek arkaly, hünär babatdaky başarnyklaryny görkezdiler. Onuň netijesinde ýolagçy awtoulag sürüjileriniň arasynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Tejendäki awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Röwşen Berdiýew, ýük awtoulag sürüjileriniň arasynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Kaka etrabyndaky 3-nji ýol gurluşyk kärhanasynyň sürüjisi Şalar Çaryýew ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sylaglandy. Olar döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.