Watançylyk owazlary
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralan aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar, medeni çäreler giň gerim aldy. Bu çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde, baýramçylyk ruhunda geçirilmek bilen, Watan mukaddesligini, il abatlygynyň gadyr-gymmatyny, ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Ýaňy-ýakynda şeýle dabara podpolkownik Hojaguly Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde, hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäresi bilen başlandy. Soňra TMÝG-niň Gökdepe etrap geňeşiniň guramagynda TGM-niň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň, garnizonyň şahsy düzüminiň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Medeniýet köşgünde «Watan — ýüreklerde, dillerde aýdym, her gysym topragyn mukaddes saýdym» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertinde joşgunly aýdym-sazlara, buýsançly söhbetlere giň orun berildi. Olarda ýerine ýetirilen aýdymlar döwrümiziň belent ruhy bilen utgaşyp, watansöýüjilige, merdi-merdanalyga, edermenlige, g