"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy

23-nji sentýabrda ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.

Garaşsyzlyk - ykballaryň ykrary

Her ýyl sahawatly güýz gelende:Il-günüme ygtyýarlyk, erk beren,Garaşsyzlyk alyp gelen tylla güýz! — diýen goşgy setirlerini biygtyýar sere getirenimi duýman galýaryn. Toý-baýramlary goşa-goşadan getirýän bu ajaýyp pasyl bosagadan ätlände, göwnümiz galkynyp, heýjana gelýär. Çünki bu pasylda külli türkmen halkynyň iň uly toýy — Garaşsyzlyk baýramy giňden bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny ýüregimize has ýakyn saýýarys. Neneň şeýle bolmasyn?! Mähriban halkymyz Garaşsyz döwlet bolmak arzuwyny gursagynda göterip, bäş müň ýyllyk ýoly geçip geldi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy

Şu gün paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.  Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdiriden möhüm meseleler girizildi. 

Geňeş etmek däbiniň döwrebap nusgasy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär Milli we döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak halkymyzyň owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerindendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de şeýle asylly ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň güwäsi bolar.

Arkadag şäheri: geljegiň arzuwlary hakykata öwrülýär

Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik, şähergurluşyk babatda jöwher zehininden döräp, täze taryhy döwrümiziň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine bagyşlanan gazet sahypasyny taýýarlamaga başlanymda, näme üçindir, şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryndaky: «Ynsana bagt üçin nämeler gerek?» diýen setirleri aňymda aýlandy durdy. Elbetde, bagt adamyň içki dünýäsi, ruhy ahwaly bilen bagly düşünje. Ony her adam dürli-dürli zatlarda görýär. Ýöne sosiologlaryň ylmy barlaglary hem içki, hem daşyňy gurşap alýan dünýä bilen sazlaşykly ýaşamagyň köp babatda özüňi bagtly duýmaga iterýändigini tassyklaýar. Başgaça aýdanymyzda, abadan durmuşyň, halaýan käriň, rahat öý-ojagyň, agzybir maşgalaň bolup, ýaşaýan döwrüňe, döwletiňe tüýs ýürekden buýsanyp ýörmegiň özi uly bagt. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde kemala gelen ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde ildeşlerimiziň müňlerçesine, ine, şeýle bagtdan paýly bolmak miýesser etdi. Bu gün täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde bu ýerde bitirilýän işler, arkadaglylaryň durmuşynda bolup geçýän özgerişler barada söhbet etmek juda ýakymly. Adam paýhasynyň we «akylly» innowasiýalaryň sazlaşygy

Geňeşli salamat bolar

Berkarar döwletde, ajaýyp zamanamyzda ýyllar biri-birinden zyýada gelýär. Bagtyýar halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly toýuň öň ýanynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy ýylyň möhüm ähmiýetli wakasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramly günlerine aýratyn ýakym çaýar. Halk pähiminde: “Geňeşli salamat bolar” diýlişi ýaly, her bir döwletli tutuma maslahatly, geňeşli başlamak pederlerimizden dowam bolup gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, döwletli maslahat etmegi agzybirlikden, jebislikden, birek-birege hormat-sarpadan nyşan. Munuň özi il-ýurt bähbitli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bir ýere jem bolup, maslahatly iş etmek uly üstünliklere, beýik ösüşlere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgeleri esasynda Garaşsyz Watanymyzda alnyp barylýan giň möçberli işler ýurduň gülläp ösüşlerine, il-günüň bagtyýarlygyna gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

MAHMAL KIMIN MAÝSALAR GUJAGYN AÇÝAR... Çagalygymyzyň iň gowy aýdymlarynyň biri şu setirler bilen başlaýardy. Aýdymyň dowamynda:

Adyňyza alkyş ýagýar, Arkadagly Serdarymyz!

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna barýan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyz toý donuny geýdi. Dabaraly çäreler, çykyşlar, dürli ugurdaky bäsleşikler bu uly toýuň şowhunyna şowhun, şatlygyna şatlyk goşýar. Şeýle çäreleriň biri — aýdym-sazly dabara geçen ýekşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilip, ol aýratyn öwüşgine eýe boldy. Sazly kompozisiýalaryň, aýdylan aýdymlaryň, okalan goşgularyň üsti bilen döwletimiziň başynda duran hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri wasp edilip, jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi. Beýik döwür beýikleri döredýär. Dogrudan-da, bu jümleleriň aňyrsynda ýyllaryň dowamynda dabaralanan hakykat bar. Çünki beýikleri beýik döwrüň döredýändigini bize döwrüň özi aýan edip berdi. Mysal hökmünde, diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni alsagam, şöhratly wakalary, buýsançly pursatlary sanap gutarar ýaly däl. Şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan ak alkyşlaryň bar ýerinde döwür sözüni ulanman bilmeris. Goşgularymyzda:

Merdanalygyň mertebeli mekdebi

Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz galasyna deňelýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýadyny kuwwatlandyrmak, Watan goragçylaryny parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň möhüm şertidir. Berkarar döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza esaslanyp, Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr» diýip bellemek bilen, Watan goragynyň ähmiýetini beýan edýär. Bu hakykat ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk derejesini pugtalandyrmak, milli bähbitlerimizi gorap saklamak, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent we jogapkärli borja wepaly bolan harby gullukçylaryň hem kalbynda orun alýar. Döwletimiz mukaddes borja we harby kasama wepaly mert gerçekleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleri häzirki döwrüň iň kämil tehnikalary, sanly tehnologiý

Dünýä nusgalyk tagallalar

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler ýurdumyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasyndaky günlerde hem taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Ak mermerli paýtagtymyzda dünýäniň abraýly bilermenleriniň, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň hem-de onuň bilen ugurdaş serginiň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň, şeýle-de «Hi-tech Türkmenistan 2024» atly serginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda diňe bir goňşy Owganystanda däl, eýsem, tutuş sebitde sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge goşant goşjak möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly wakalar bolsa buýsanjymyzy artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda has-da rowaçlanýar. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyşy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, «Türkmenistan— Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkad

Garaşsyzlyk taglymaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli, dostlukly, syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklar yzygiderli giňeldilýär. Halklaryň arasyndaky dostlukly, ylalaşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak Ýer ýüzünde abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdyr. Päk zähmet bilen Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek bagtyýarlygyň eýeleri bolan nesilleriň borjudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň güllemegi, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Garaşsyz döwletimizde durmuşymyzy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri çözmekde raýatlaryň pikir-garaýyşlarynyň esasynda oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýan edýär.

Halk Maslahaty il-ýurt bähbitli maksatlardan ugur alýar

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymaty öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli her bir başlangyjy özüniň ýokary netijesini berýär. Milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinde hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berler. Onda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen, mejlisde garalýan meseleleriň döwlet derejesinde ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitler diňe bir döwlet derejesinde gazanan üstünligimiz bolman, eýsem, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän hem-de döwletlerdir halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Daşoguz welaýaty: ýeňişli menzilleri külterläp

Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen galkynan berkarar döwletimiziň dürli ugurlarda gazanýan ösüşleri, ýeten belent sepgitleri hakynda söhbet edeniňde, bada-bat «bedew batly ösüşler» diýen jümle zybanyňa gelýär. Şeýle hem Garaşsyzlyk bilen geçilen menzile — 33 ýyla nazar aýlanyňda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ýurduň sebitlerini gyradeň ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, il-ýurt abadançylygyny berkarar etmek babatdaky asylly maksatlaryna Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, sebitiň bagtyýar ilatynyň abadan ýaşaýşynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Abadan durmuşyň binýady

«Hoş til rahmet getirer»

Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän ýylyň her bir güni döredijilik duşuşyklary, bäsleşikleri bilen baýlaşýar. Ine, şeýle döredijilik bäsleşikleriniň biri-de şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilipdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Hoş til rahmet getirer» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşigine gelip gowşan makaladyr söhbetdeşliklerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde ýaş nesliň eýeleýän orny, söwda we telekeçilik ulgamynda ýaşlaryň tutanýerli zähmet çekmegi üçin döredilýän mümkinçilikler, halypa-şägirtlik ýoluny mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler öz beýanyny tapypdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew batly ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärme

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirildi

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi geçirildi. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen forum Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda guralan sergä baryp gördüler.

Ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi geçirildi

19 — 21-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň nobatdaky sergisi geçirildi. Ata Watanymyzyň şanly ösüşlerini, beýik maksatlaryny ýaýbaňlandyran sergi «Garagum» myhmanhanasynyň çägindäki meýdançada guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 3 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Garaşsyzlygyň röwşen ýoly

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygy mynasybetli, sport bäsleşikleri geçirildi. Talyp ýaşlaryň taýýarlan bäsleşikleri örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Sportuň şaşka görnüşi boýunça guralan bäsleşik 4 tapgyr boýunça geçirildi. Bäsleşik 1-nji we 2-nji ýyl talyplaryň arasynda geçirildi. Oýnuň netijelerine görä, 1-nji orna okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Nazarow, 2-nji orna okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Aýnur Agaýewa, 3-nji orna okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Aksoltan Ataýewa mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalary çykyş edip, ähli talyplary ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy bilen gyzgyn gutlap, ýeňijilere guramaçylyk toparynyň adyndan gymmatbahaly sowgatlary gowşurdylar.

Garaşsyzlyk — ösüşleriň binýady

Ýurdumyz özüniň energiýa serişdelerine bolan isleglerini doly üpjün edýär, şeýle-de onuň köp mukdaryny daşarky bazarlara çykarýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan dünýäniň çalt ösýän, öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawynda mynasyp ýer alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli, ekologiýa taýdan howpsuz özleşdirmäge, bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň häsiýetli alamaty ähli jemgyýeti öz içine alýan ägirt uly döredijilik ruhundan ybaratdyr. Hemme ýerde joşgunly zähmet rowaçlanýar, ähli ugurlarda ykdysady ösüşler, haýran galdyryjy özgerişlikler bolup geçýär, täze-täze gözýetimler açylýar. Beýik ösüşler bilen dünýäni haýrana goýýan Türkmenistanda ata-baba dowam edip gelen adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, gurmak, döretmek ýörelgelerine eýerilip, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dabaralanýar. Türkmen jemgyýetini uly ösüşlere alyp barjak köpugurly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki bagtyýar döwrümiziň her bir güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, guwanja, buýsanja beslenýän täze senenamalar hökmünde ýazylýar.

Halk demokratiýasynyň döwrebap nusgasy

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralardyr maslahatlarda täze taryhy döwürde halk demokratiýasynyň binýatlarynyň barha berkidilýändigi aýdyň şöhlelenýär. Il-günüň, ata Watanyň ykbalyna, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna dahylly wajyp meseleleriň ýerine ýetirilmegi, möhüm wezipeleri halk bilen maslahatlaşmak, halka sala salmak ýaly asylly dessur merdana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar. Munuň hakykatdan hem şeýledigine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýen parasatly sözlerinden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu wekilçilikli edaranyň döredilmeginiň esasy maksady hem ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen döwletlilik, halk häkimiýeti babatdaky milli ýörelgeleriň dabaralandyrylmagyndan, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere esaslanyp, raýat jemgyýetini döretmekden ybaratdyr.