"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Baky beýik bagtymyz

Päk asmanda ak kepderiniň erkana uçmagy asudalygyň, erkinligiň, baky bagtyň alamaty hasaplanylýar. Diýmek, inkär edip bolmajak bir hakykat bar, ýagny şahyr aýtmyşlaýyn, Garaşsyzlyk — garaşdyran kepderi! Abadan ýurdumyzyň durmuşyndaky ösüşleriň özeninde mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinine ýugrulan nusgalyk işler bar. Şeýlekin eşretleriň hak eýesi bolan halkymyzyň ümzügi islendik babatda ileridir. Matematikanyň takyklygyndaky san jähetden alanyňda 33 ýaşy tegelän Garaşsyzlygymyz, ýyllar geçdigi saýy durmuş babatdaky pikirlerimize aýratyn öwüşgin çaýdy. Ony milli däp-dessurlarymyzyň dikeldilmegi, ençeme ulgamlarda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygy bilen delillendirip bolar.

Garaşsyz Watanym Türkmenistanym!

Älem içer owazasy ýaýylan,Garaşsyz Watanym Türkmenistanym!Topragyna Günüň mähri çaýylan,Garaşsyz Watanym Türkmenistanym! Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi,Ýaňlanýar goýnunda çaga gülküsi.Şu güni asuda, aýdyň ertesi,Garaşsyz Watanym Türkmenistanym!

Garaşsyzlyk — şöhratly geljegimiz

Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna 33 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýylýar. Çünki Garaşsyzlyk — munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, Esasy Kanunyna — Konstitusiýasyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Ol — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň beýik geçmişine, buýsançly şu gününe, şöhratly geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar.

Halypalar sarpalydyr bu ilde

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işini üstünlikli tamamlady. Bu taryhy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň meşhur halypalary Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi —«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent atlar dakyldy we olara «Altyn aý» altyn nyşanlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky iň ýakymly habarlaryň birine öwrülen bu täzelik halkymyzyň köňül guşuna ganat baglatdy. Bu ýokary derejeli atlaryň ady agzalan halypalara hut Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan gowşurylmagy, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň halypalaryň hormatyny belent tutmak baradaky başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň guramaçylykly geçirilmegi hem munuň bir mysalydyr. Watanymyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen bu biraýlygyň çäklerinde biziň welaýatymyzda hem wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar giň gerimde dowam edýär. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri «Asuda hereket — abadan durmuşyň kepili» ady bilen biziň bölümimizde geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, şeýle-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda jemgyýetiň asudalygyny, adamlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyndan gözbaş alýan asylly işler hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahata gatnaşan hem-de ýurdumyzyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy Iwan Kuzmin bilen duşuşdy. Alym duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu mejlis türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de alymyň bütin ömrüni oba hojalyk pudagynyň, tohumçylykda seçgiçilik işiniň ösdürilmegine bagyşlandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri! Sizi baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar! Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Eziz watandaşlar, Sizi we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr.

Garaşsyzlyk dilde senam, dessanym, toýuň gutly bolsun, Türkmenistanym!

«Merkezi Aziýa — Germaniýa»: hyzmatdaşlygyň täze sepgidi 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Nygmat bardyr näçe diýseň...

Ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini beýan edýän sergilerde, oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly forumlarda, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine badalga bermek dabaralary mynasybetli gurulýan sergilerde sergilenýän, ak bazarlarymyzyň, söwda merkezlerimiziň tekjelerini dolduryp duran hasyl ussatlarymyzyň halal zähmetiniň oňyn netijeleri bolan naz-nygmatlary göreniňde, azyk bolçulygyny döredýän zähmetkeş ynsanlara hormatyň hem sarpaň has-da artýar. Çünki bu datly nygmatlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, edermen daýhanlarymyzyň netijeli işlemekleri, çekýän zähmetiniň hözirini görmekleri barada edýän aladalarynyň, döredýän mümkinçilikleriniň guwandyryjy netijeleri. Watanymyzda bellenilýän toý-baýramly günlerde, döwletli ak öýlerimizde toýlanýan toýlarda giňden ýazylan saçaklary bezeýän hem-de berekedini artdyrýan naz-nygmatlar bereketli türkmen topragynyň halal zähmetiň miwesidir. Bu bereket bolçulygy diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmän, eýsem, daşary döwletlere hem eksport edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýyny artdyrýar.

Gadymy topragyň galkynyşly ýoly

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde gadymy Ahal topragynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakda söhbet açmak biziň üçin örän ýakymly. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem gysga taryhy döwrüň içinde asyrlara barabar işler bitirildi, täze, döwrebap obalardyr şäherçeler guruldy. Etrap merkezleridir obalarymyz gözel keşbe beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlandy, sebitiň senagat pudagynyň kuwwaty artdy. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda welaýatymyzyň çäginde iri taslamalar amala aşyrylyp, durmuşyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Täze Oba milli maksatnamasyna we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan rowaçly işleriň netijesinde Diýarymyzyň bu sebitindäki döwrebap oba-şäherçeleriň hem täzeleri bilen üsti ýetirilýär. Geçen ýyl Gökdepe etrabynda Köpetdagyň ýalkymy, Nurly zaman obalarynyň toý ruhunda açylmagy, häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy-da, şeýle diýmäge esas berýär. Mundan başga-da, welaýaty

Garaşsyzlygyň beren bagty

Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty juda uly. Hormatly Prezidentimiziň nygtap belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr». Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän ýylynda döwlet Garaşsyzlygynyň hem 33 ýyllygy dabara bilen toýlanýar. Mähriban Watanymyzyň baş baýramynyň bosagasynda mukaddes Garaşsyzlygymyz barada söhbet açmak, onuň halkymyza beren datly miweleri hakyndaky buýsançly gürrüňleri eşitmek ýakymly. 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyzlygyny alan türkmen döwleti geçen 33 ýylyň dowamynda ösüş-özgerişleri bilen dünýäni haýran galdyrdy. Elbetde, ýetilen sepgitler hakynda bir makalanyň çäginde birin-birin gürrüň etmek asla mümkin däl. Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndaky ösüş-özgerişlikleri hakda Mary welaýatynyň mysalynda käbir zatlary okyjylarymyza ýetirmegi zerur hasapladyk. Çünki Mary welaýaty ýurduň beýleki sebitleri ýaly, döwletimiziň ösmegine, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Bu sebitiň toprak bilen iş salyşýan adamlary hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeriň hakyky eýesi boldular. Rysgalyny ene toprakdan gözleýän zähmetsöýer adamlaryň ençemesi tarp ýerlerden 9

33-lükleriň durmuşdaky ähmiýeti

Ýagşy niýeti ýaran edinen, hakdan halatly, pähimdar pederlerimiz durmuşda mynasyp ornuňy tapmak üçin ähli zatlara oňyn seredip, gowy netije çykarmagy, gören-eşiden zatlaryňy oňatlyga ýorup, ýagşy gylyk-häsiýeti gursagyňa guýmagy nesillere sargyt edipdirler. Şeýle ynsanperwer ýol-ýörelgelerden ugur alýan halkymyz geljegi ak daňlara, nuranalyga deňäp, ýagşy umyt-arzuwlar bilen, bir başa bakyp, agzybirlikde ýaşaýar, zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Ynha, bu gün geçmişde ýetmişden gowrak döwlet guran pederleriniň ýoluny döwrebap dowam etdirýän halkymyz ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Otuz üç ýyl! Eýsem, bu döwür heňňamyň taryhy üçin uzak wagt däl. Muňa garamazdan, şu döwürde halkymyzyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri asyrlara barabar diýip aýtmaga doly haklydyrys.

Döwletli maslahat: nurana geljegiň hatyrasyna beýik tutumlar

Türkmen halky üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabry taryhy gün bolar. Çünki şol gün mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda, Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi eziz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň geljekki ösüş ýoluny kesgitleýän täze tutumlara badalga berdi, ildeşlerimiziň kalbyny täze döredijilik ylhamy bilen bezedi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çyk