"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Geoykdysady giňişligiň berk binýady

Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredilýär. Ýerli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen eksport ugry depginli ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan düýpli öňegidişlikler biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Önümleriň we harytlaryň artykmaç möçberiniň emele gelmegi bilen işewürlerimiziň daşarky bazarlara çykmak islegleriniň amala aşmagyna hem ýakyndan goldaw berilýär. Döwletimiziň ykdysady syýasatynda hem eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleri özümizde öndürmek esasy ugur bolup durýar. Bu ugruň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze ykdysady giňişliklere ýol ýasaýar. Bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyzyň eksport kuwwaty gözümiziň alnynda günsaýyn ýokarlanýar. Döwlet kärhanalarynyň ençemesi bu ugurda aýratyn tapawutlanýar. Nah-ýüplük egriji kärhanalaryň önümlerine her ýyl goňşy ýurtlar bilen birlikde Angliýa, Germaniýa, Türkiýe, Italiýa ýaly döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär. Buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty köpelýär. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösmegine döwle

Çagalaryň bagtyýarlygy — döwletiň abatlygy

Galkynyşly döwrümizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň her biriniň özeninde çagalaryň bagtly geljegi ugrundaky aladalar jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary esasynda ýaşlar aýratyn goldaw we hemaýat bilen gurşalýar. Ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalara laýyklykda bina edilýän döwrebap hassahanalarda, saglyk merkezlerinde, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar. Bu ýerlerde bejergi işleriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna geçirilmegi bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Milli Liderimiziň adyny göterýän bu gaznadan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmek üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Çagalary goramagyň Halkara gününiň öň ýanynda welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan emeli böwrek enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilýän işl

Iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň «Rowaç» zalynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Arkadagyň paýhasyndan kalbym joşup, ylham alýar,Külli türkmen ykbalynda mizemejek döwlet gurýar,Günün sanap ösýän ýurdum bedew batly öňe barýar,Belent bolsun mertebäňiz, mydam sag bolsun janyňyz,Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Hazar-Jeýhun arasynda sansyz binalaň hatary,Bäş welaýat bir jem bolup, gülledýär eziz Watany,Pederleriň arzuw eýläp maksatlaryna ýeteni,Gülledi, gül açdy bu gün, görüň biziň çar ýanymyz,Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Watany goramak — belent mertebe

Watany gözüň göreji ýaly goramak, oňa ak ýürekden hyzmat etmek pederlerimizden dowam edip gelýän ýörelge bolup, ol her birimiziň aňymyza, süňňümize siňendir. Watany goramak, oňa durkuň, düýrmegiň bilen berilmek bolsa uly mertebedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi gowulandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ösüşleriň şaýolundan barýan Diýarymyzy ygtybarly goramakda bimöçber işleri amala aşyrýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine goýulýan sarpany, ynamy alamatlandyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz barada edýän aladalaryna jogap edip, eziz Watanymyza, halkymyza ak ýürekden gulluk etmek iň esasy borjumyzdyr.

Taryhy tutumlaryň eýýamy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli asylly başlangyçlarynyň, beýik işleriniň netijesinde bu günki gün durmuşymyz tanalmaz derejede özgerdi. Amala aşyrylýan taryhy tutumlaryň esasynda eziz Diýarymyz has-da gözelleşip, täze şäherler, şäherçeler, obalar döredildi. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna aýratyn ähmiýet berlip, medeni-durmuş maksatly binalardyr önümçilik desgalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi raýatlarymyzyň bagtyýarlygynyň, döwletimiziň ägirt uly kuwwata eýediginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan we nurana geljegimiziň kepiline öwrülen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda  durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýetilýän belent sepgitler dünýä nusgalykdyr. Bular bolsa ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, ösüşleriň, özgertmeleriň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagyny üpjün edýär.

Awaza — dostluk mekany

Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde welaýatymyzyň ussat aýdymçylarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, sapaly Awazanyň waspy ýetirilip, halkymyzy döwletli-döwrana eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri joşgunly ýaňlandy.   

Döwlet syýasatynyň baş maksady

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, kanunçylyga hem üns berlip, adamyň hukuklary we azatlyklary, kanuny bähbitleri goralýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watanymyzy ykdysady, syýasy, medeni, ylmy taýdan ösdürmek bilen, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, milli kanunçylygy dünýä ülňülerine laýyk getirmek we has-da kämilleşdirmek babatda alyp barýan işlerem rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar» diýen sözlerindenem görnüşi ýaly, biziň arzuwlaryň hasyl bolýan jenneti mekanymyzda ähli alada raýatlaryň azat, erkana, abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilip, ol döwlet Baştutanymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň hakykat ýüzünde amala aşyrylýandygynyň dabaralanmasydyr.

Telekeçilik ulgamy ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň barha ilerlemegi, öňdebaryjy tejribeleriň, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge giň ýol açyldy. Ýurdumyzda telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigi, dünýä tejribesiniň önümçilige ornaşdyrylýandygy aýratyn bellärliklidir.

«Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige

Şahyrym Diliňden dür saçýan sen beýik dana,Beýikligiňe başym  egýän, şahyrym.Şygyrlaryň ylham berýär ynsana,Beýikligiňe başym egýän, şahyrym.

Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler döwrümiziň bezegine öwrülip, olaryň ençemesiniň dana şahyryň dogduk mekanynda — Magtymguly etrabynda guralýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň şanly senesiniň şanyna welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleriniň guramaklarynda ýakynda etrap merkezinde geçirilen çäreler hem söz ussadyna hormatsarpanyň egsilmezdiginiň güwäsine öwrüldi.

Ruhubelentlige beslenen çäre

Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçesiniň guramagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde kämillik ýaşyna ýeten ýaşlara Türkmenistanyň pasportyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa polisiýa işgärleri bilen bilelikde, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Işjeň häsiýetde geçen çärede edilen çykyşlarda Türkmenistanyň pasportyny alan ýaşlara ata Watana, il-güne, ata-enä wepaly we haýyrly adamlar bolup ýetişmek ündeldi. Raýatlyk pasportyny alan ýaşlar hem özleriniň bagtyýar geljegi hakynda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin okap, öwrenip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Bagtyýar çagalaryň arasynda

Türkmenbaşy etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada wagyz-ündew çäresini geçirdik. Onuň dowamynda çagalara interaktiw enjam arkaly ýol hereketiniň düzgünleri barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de ýol belgileriniň we ýolyşyklaryň hereketiň sazlaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada sorag-jogap alşyldy. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy, bu babatda ýol hereketine gatnaşýanlaryň her biriniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydygy nygtaldy. Wagyz-ündew çäresinde ýurdumyzyň abadan, asuda bolmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, çagalaryň bagtyýar ösüp-ulalmaklary hakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Gül çagalar sagdyn össün sapaly goýnunda tomsuň!

Ýylyň beýleki möwsümlerinde wagtlarynyň esli bölegini mekdeplerde geçirýän çagalara tomusky dynç alyş döwründe köçelerde, seýilgählerde, tebigy zolaklarda gezmäge, uzak-ýakyn ýerlere myhmançylyga gitmäge, derýada, deňizde suwa düşmäge mümkinçilik döreýär. Tomus möwsüminde çagalaryň beden galjaňlygynyň artmagy çaga tebigatyna öňden mahsus bolan ýiti bilesigelijilik we özbaşdak hereketlere ymtylyş bilen utgaşyp, garaşylmadyk ýagdaýlaryň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçinem adatça tomusky dynç alşyň bir tapgyryny döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirip, ol ýerlerde mugallymlardyr terbiýeçileriň gözegçiliginde bolýan çagalara möwsümiň galan wagtlarynda ata-eneleriniň we gaýry hossarlarynyň berk esewan bolmaklary, özüňi alyp barmaklygyň howpsuz endiklerini ündemekleri zerurdyr.    Tomusda çagalar, esasan, Gün urmasyndan, deriniň Güne ýanmagyndan, gözegçiliksiz suwa düşmekden, yssy howada tiz zaýalan- ýan et-balyk önümleriniň, şeýle-de miweleriň we gök önümleriň ýuwulman iýilmeginden dert tapynyp bilerler. Şonuň üçinem özleriniň oýlanman edýän her bir işinden, töwekgelçilikli hereketlerinden gelip biljek zelelleri öňden görmek, garaşylmadyk ýagdaýlardan çykalga tapmak, howp-hatarly pursatlarda özüňi we beýlekileri halas etmek başarnygyny çagalarda öz wagtynda terbiýeläp kemala getirmek ata-eneler üçin wajypdyr. 

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ätiýaçlandyryş — ygtybarly goragyň kepili «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem ykdysady subýektleriniň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.

Türkmensähra täsirleri

Dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etmek arzuwym amala aşanynda men özümi dünýäde iň bagtly ynsan saýdym. Döwletmämmet Azadynyň, pähimli Magtymguly Pyragynyň aramgähine täze gurlan beýik monumenti görneninden şahyryň üç ýüz ýyllyk toýuny toýlamaga dünýäniň çar künjünden gelen türkmenleriň kowçum-kowçum bolup üýşüp durmagy bizi guwandyrsa-da, birbada darykdyrdy. Ýöne: «Munça giden mähelleden geçip, arzyly atamyzyň aramgähini alnymyza togap edip bilermikäk” diýip howpurgamagymyz ýerliksiz ekeni. Mukaddes ýaşyl Baýdagymyzy gören märeke Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, erkana Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy hormatlap, giň ýol açyp, bizi öňe goýberdi welin, depämiz gök diredi. Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň ter gül desseleri bilen bezelip, adamboýy ak mermere zerlenip ýazylan adyny, bir bent şygryny sypalap- -sypalap mährimizi siňdirip, ylham alasymyz geldi. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew aýat okap, doga-dileg edeninde, garagörnümdäki oturanlara çenli dym-dyrslyk bolup, bir adam ýaly el göterildi. Aramgähiň gapdalyndaky jaýda şahyrlar Bazar Şalyýew, Döwletmyrat Annamyradow, Didarberdi Allaberdiýew, Baýram Akgadow dagy şygyr okasa, kyssaçylar Şöhrat Abdyýew, Baýram Taganow, Bäşim Şadurdyýew dagy täsirli söhbet etdiler. Zyýarat dagynyň täsin tokaýlygyny, Gorgan galasynyň iki ýüz kilomet

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar!Eziz talyplar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gözelligiň şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň at-owazasy bütin dünýä dolýar. «Akylly» şäheriň durmuşynda, ösüşinde gysga döwrüň içinde gazanylýan uly üstünlikler täze şäheriň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Bu gün «akylly» şäherde päk zähmet gaýnap joşýar, toýlar uludan tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde dörän, sebitde deňsiz-taýsyz şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesidir. Gahryman Arkadagymyz her gezek Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda bu şäheriň geljekde has-da rowaçlanmagy, gözelleşmegi babatda gymmatly maslahatlaryny, tekliplerini berýär. Bu hakykata geçen hepdede Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Ilatyň saglygynyň goragynda

Ilatyň saglygyny goramak, dürli betbagtçylyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen müdirligimiziň işgärleri tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ählihalk işlerinde raýatlar toparlarynyň arasynda geçirilýän okuwlaryň, düşündiriş işleriniň hem ähmiýeti uludyr. «Halas edijileriň başlangyç taýýarlygy», «Suwasty gözleg halas edijiler taýýarlygy», «Belent binalarda we desgalarda halas ediş işlerini geçirmek» boýunça ýörite okuw maksatnamasyny geçen hünärmenlerimiziň arasynda okuw-türgenleşikleri hem ýygy-ýygydan geçirilýär. Şeýle çäreleriň dowamynda tejribeli hünärmenler dürli adatdan daşary ýagdaýlarda ýaşaýyş jaýlarynda, önümçilik desgalarynda edilmeli hereketler we işler boýunça birek-birek bilen tejribe alyşýarlar. Şeýle hem hünärmenlerimiz golaýda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň halas edijileriniň arasynda geçirilen «Iň ussat halasgär» atly bäsleşikde hem üstünlikli çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşik halas edijileriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmekde we olaryň fiziki we ruhy taýdan durnukly häsiýetlerini ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Teatr täzelikleri

SAHNADA “AJAP EÝÝAM” Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen türkmen halkynyň göz-guwanjy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyryldy. Bu şygardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli teatrlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, durmuşy, geçen ýoly hakynda sahna oýunlary yzygiderli görkezilýär. Biziň döwlet drama teatrymyzda hem “Ajap eýýam” atly täze oýun sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlenildi. Bu oýun teatryň zehinli artisti Hojageldi Batyrowyň ýazan “Ajap eýýam” atly eseri esasynda sahnalaşdyryldy.