"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Sarymsak — serim sag “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alyp, halkymyzyň saglygy ugrunda alada edýän lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny okap oturşyma, dünýäniň ähli ýurtlarynda belli bolan bu dermanlyk ekiniň adamzadyň taryhynda iň ýokary üns merkezinde bolanlygyny, ulanylanlygyny, ekilip köpeldilendigini aňymda aýladym.

Paýtagtda toý dabaralary

Gurban baýramynyň dabaralary paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy. Geçirilen konsertlerde ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi öz beýanyny tapdy. Gurban baýramy ruhy päkligiň, nurana arzuwlaryň baýramy bolmak bilen, halkymyzy täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 16-17-18-nji iýunda üç günläp Gurban baýramyny bellemek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ildeşlerimiz bu mübärek baýram günlerinde gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, gurbanlyk sadakalaryny berdiler, şeýle-de medeniýetli dynç almaga mümkinçilik aldylar. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň medeni merkezleri hem gapylaryny giňden açyp, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap hyzmatlary hödürledi. Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň baş şäherimiziň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler bilen utgaşmagy ähli ýaşdaky watandaşlarymyza ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.

Hoşmeýilliligiň we jebisligiň baýramy

Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy baýramlaryň biri hasaplanýar. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyryp, jemgyýetçilik durmuşymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Şoňa görä, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu mukaddes baýrama bagyşlanyp, üç günüň dowamynda Diýarymyzyň çar künjeginde aýdym-sazly dabaralar, baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Gurban baýramynyň bellenilen günleri köpöwüşginli wakalara baý boldy. Esasy dabaralar Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, bu ýerde dikilen ak öýlerde halkymyzyň milli däp-dessurlary, milli mirasymyza degişli gymmatlyklar giňden şöhlelendirildi. Toý-baýramlaryň bezegi bolan medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen bagtyýar raýatlaryň ruhubelentligini has-da artdyrdylar.

Juwan şäherde gadymy baýramyň dabaralary

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň gurulmagy halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ugrunda beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Geçen ýylyň iýunynda «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze jaýly, täze işli bolmak, ýaşaýan täze şäherine guwanmak, buýsanmak bagtyna eýe boldular. Bu günki gün ýaşamak, işlemek, göwnejaý dynç almak üçin hemme amatlyklar döredilen bu döwrebap şähere göçüp gelen ildeşlerimiz bagtyýar durmuşda ýaşap, goşa-goşadan gelýän toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belleýärler. Şu günler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem mübärek Gurban baýramy mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda geçirilýän dabaralar halkymyzyň milli däp-dessurlary, toý däpleri bilen utgaşdyrylýar.

Sahawat şuglasy

Balkan welaýatynyň bagtyýar ilaty hem Gurban baýramyny uly şatlyk, ruhubelentlik bilen belleýär. Baýramyň ilkinji gününde sebit merkezindäki baş metjitde hem-de Hazar şäherçesindäki “Hazar” metjidinde baýram namazy okalyp, Watanymyzyň gülläp ösmegi, bu mukaddes baýramyň sahawata beslenmegi barada ýagşy dilegler edildi. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen meýdançada geçirilen dabaranyň şowhuny alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk çäresi dabaraly toý ýörişi bilen başlandy. Döredijilik toparlary oňa gatnaşyjylary aýdym-sazly çykyşlar bilen mübäreklediler. Dabaranyň geçýän ýerinde gurlan hiňňildikleriň töwereginde jemlenen adamlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary bagtyýar durmuşyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Welaýatyň çar künjeginden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň şirwan perdelere galyp ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor-tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahna çykyşlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

MILLI DÄPLER DÖWREBAP RÖWÜŞDE

Gurban baýramynyň dabaralary Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde we sebitiň beýleki metjitlerinde baýram namazyny okamakdan başlandy. Soňra toý dabaralary “Türkmeniň ak öýi” binasynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Binanyň gapdalyndaky toý meýdançasynda ak öýler dikilip, hakyky küren obanyň keşbi döredildi. Bu ýerde ýörite ýasalan agyllarda ululy-kiçili mallaryň saklanyp, çarwa durmuşynyň beýan edilmegi, ýaş oglan-gyzlaryň hatara dikilen bezemen hiňňildiklerde uçup, göwün açmagy toýçy mähelläniň ruhuny göterdi. Ak öýleriň töweregindäki haşamlanan agaç sekilerde bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary has-da belentden ýaňlandy. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň gadymy nusgalary, şeýle-de häzirki zaman görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň çapraz-çaňňalarynyň şelpelerinden, saçbagynyň düwmelerinden çykýan owazlar bagşylaryň ýerine ýetirýän hoş owazlaryna ulaşyp gitdi. Bu ýere gelenler zergärleriň, senetçileriň döreden sungat eserlerinden, gadymy muzeý gymmatlyklaryny synlamakdan lezzet aldylar. Ýaşulular düzzüm, keçe-keçe ýaly milli oýunlarymyza gatnaşsalar, çagalar aşyk oýnap, “Aýterek-günterek” oýnuna gümra boldular. Bir tarapda gollary berdaşly pälwanlar bil tutuşsalar, çeýeden çakgan ýigitler ýaglyga towusdylar. On barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň haly dokaýan, keşde çekip, keçe gülleýän, türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirýän

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Okyjylaryň sany köpelýär

Beýikligiň huzurynda

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa ýyl-ýyldan belende göterilýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde şahyryň ägirt uly ýadygärliginiň gurulmagy-da ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda bu ýadygärligiň hem-de şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy halkymyzy begendirdi. Beýik şahyryň parahatçylygy, bagtly durmuşy ündeýän kämil şygyrlary ynsanlaryň kalbynda müdimilik orun aldy. Ýadygärligi ýakyndan görmek üçin ýola düşenimizde, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň:

Döwrebap awtobuslar halkyň hyzmatynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde welaýatymyzyň ýaşaýjylary şatlykly wakalaryň şaýatlary boldular. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy şeýle mizemez durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döwrebap awtobuslaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki  awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli geçirilen dabarada milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Onda il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri çykyş edip, halk hakynda edýän uly aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi her bir güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýän, adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, serkerdeleriniň we professor-mugallymlarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bu gün täze durmuş we zähmet ýoluna gadam basýarlar. Siziň bu ýatda galyjy gün mynasybetli ýollan buýsançly Gutlagyňyz ýürekleri «Watan!» diýip urýan uçurymlaryň göwünlerini galkyndyryp, başyny göge ýetirdi. Gutlagdaky: «Siziň watanperwerligiňiz, merdanalygyňyz, batyrlygyňyz hem-de hünär ussatlygyňyz ýurt parahatçylygynyň binýadydyr, merdana türkmen halkynyň abraý-mertebesidir» diýen sözleriňiz Watan goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyzdan nyşandyr. Bu ynam biz — uçurymlaryň ata Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge, onuň mukaddes topragyny jan aýaman goramaga bolan höwesimizi, Garaşsyz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Biz muňa diýseň guwanýarys we ýollan mähirli Gutlagyňyz, bildiren şeýle belent ynamyňyz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.

Döwrebap ulaglar ak ýollara rowana

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşlere, rysgal-berekede beslenýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde-de Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.

Sahawatlylygyň we salamatlygyň baýramy

Adamyň mertebesi, gadyr-gymmaty hemişe äşgärdir welin, toý-baýramda, üýşmeleňde bar zadyň ölçegi üýtgeşik bolaýýar. Oba-kendiň bilen bile ilden kemsiz toý-dabara geçirmek, märekäniň öňünde durmak üçin diňe öz öýüň-maşgalaň däl, tutuş neberäň agzybir, jebis, birek-biregiň abraýyna şärik bolmagy gerek. Bu gün şeýle synagly, şeýle sylagly, ýakymly gün geldi. Tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, goja Zeminiň üstündäki ebedi ýaşaýşyň mizemez gözbaşy, baky ynsan durmuşynyň süýji tagamy saýylýan, mähir-wepanyň, sahawat-salamatyň synmaz esasy hasaplanýan ynsanperwerligiň toýy — mukaddes Gurban baýramy türkmen topragyna mübärek gadamyny basdy. Aladasynyň artyk bolşy kimin, toýly günleriň dowamlylygam uzak ýaly. Göräýmäge, Gün adatdakydan ir dogup, giç ýaşýan ýaly, belki-de, ýakymly hysyrdylara baglanan adamlar ir örüp, giç ýygnanýandyrlar. Bu günem daň agarany bäri hojalykda uly-kiçiniň hysyrdysy ýetik. Gurbanlyk maly çalnyp, gazanlar ataryldy. Gelin-gyzlar işdäaçar, pişme-çapady, ýagly nan taýýarlamagyň aladasynda. Ýaşulularyň ýüzi metjide bakan, obadaşlary bilen gutlaşmagy, irki baýram namazyna gatnaşmagy, nurana säherde Biribara ýüreklerinde beslän doga-dileglerini ýetirmegi olar parz we mertebe saýýarlar.

Asylly ýörelgelere eýerip

Päkligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň we jebisligiň toýy hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolan mukaddes Gurban baýramy, tutuş ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, gadymy Ahal welaýatynda hem giňden dabaralandyrylýar. Mukaddes toýuň dabaralary obalary, şäherçedir şäherleri gurşap alýar. Döwletli ojaklarda milli toý däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, asylly ýörelgelerimize birkemsiz eýerilip, gurbanlyk sadakalary berilýär, toý gazanlary atarylýar, bereketli saçaklar giňden ýazylýar, birek-birege hödür-kerem edilýär. Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ir säherinde welaýatyň ähli metjitlerinde baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edildi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde — «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara has-da köp adamly boldy. Welaýat derejesindäki dabara edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşululardyr mährem eneleriň hem-de köp sanly raýatyň gatnaşmagy, ol ýerde baýramçylyk gutlaglarynyň aýdylmagy, mukaddes senäniň ähmiýeti hakda söz açylmagy göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi. Ýagşydan-ýagşy arzuwlara beslenen dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Esasy sahnany welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň beýik döwrümiziň, güneşli Diýarymyzyň, dost-doganlygyň waspyny ýetirýän baýramçylyk çykyşlary bezedi.

Jebislik ruhy bilen

Ruhy tämizligi, päk ynanjy, ynsanperwerligi ündeýän Gurban baýramy demirgazyk welaýatyň baş metjidinde, etraplardaky metjitlerde baýramçylyk namazy bilen başlandy. Mukaddes baýramyň mübärek günlerinde rysgal-rehnedi goşalanýan döwletli ojaklarda gurbanlyklar berlip, öý-ojaklara abadançylyk, il-güne parahatlyk, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, täze eýýamymyzda amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyklar dileg edilýär. Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň meýdançasy baýramçylyk joşgunyna, toý görnüşlerine beslendi. Howalanyp oturan bu toý binasynyň degre-daşyny türkmen toýlarynyň ýaraşygy bolan ak öýleriň uzyn hatary, uly hiňňildikler gurşap aldy. Welaýatyň sungat ussatlary, ýörite sungat mekdebiniň talyplary, halk döredijilik we tans toparlary uly baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar. Toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen giň sahnada ýerine ýetirilen bu aýdym-sazlar, tans kompozisiýalary ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, bagtyýarlygyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza bezeg berýän şanly wakalaryň waspyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini habar berip, bu möhüm ähmiýetli Kanuny makullandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Parahatçylyk ilçisi

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­ly­gy, ýet­miş iki saz gu­ra­ly­nyň naý­ba­şy­sy, iki ki­riş­li, on üç per­de­li du­tar türk­me­niň ak öýü­niň tö­rü­niň gel­şi­gi, toý-baý­ram­la­ryň şa­ga­laň-şow­hu­ny­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri bo­lup­dyr.

«Bir bagşeşden ýetmiş bela dep bolar»

Mähriban halkymyz ýene-de bir ajaýyp baýramçylygy — Gurban baýramyny garşy alýar. Ol külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem nesillerden nesillere geçirip, aýratyn sarpalaýan mukaddes baýramlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda Gurban baýramynyň uly şatlyk bilen mynasyp garşylanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýärler. Gurban baýramynyň üç gününiň hem dynç güni diýlip yglan edilip, döwlet derejesinde giňden bellenilmegi, şäherlerde, obalarda hiňňildikleriň gurlup, aýdym-sazly dabaralaryň guralmagy asuda ýurdumyzda baýramçylyk joşgunyny artdyrýar, agzybirligi, dost-doganlygy berkidýär.

Ösüş-özgerişleriň, üstünlikleriň rowaç alýan döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde uly ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijileriň mysalynda hem öz subutnamasyna eýe bolýar. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren, şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem muňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.  «Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hem rowaçlyklara beslenýär.

Gymmatly çeşme

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Eserde pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny taryhy wakalaryň, ylmy garaýyşlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar.