"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyzlygyň ilkinji buşlukçysy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ata Wa­tan. Bu jüm­le her bir yn­sa­nyň kal­by­nyň tö­rün­de orun alan diý­seň uly baý­lyk. Is­len­dik ül­ke­de bol­saň-da özüň­ki ýa­ly­sy tap­dyr­maz. Mun­da dog­lan adam mun­da git­me­giň ar­zu­wyn­da. Şahyr gur­sa­gy­nyň iň eziz ýe­ri­niň eýe­si Wa­ta­ny­nyň agy­sy­na ag­lap, gül­kü­si­ne gü­len adamdyr. Şeý­le şahyr ýürekli yn­san­la­ryň bi­ri 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de türk­me­niň bag­ty bo­lup do­gan ku­ýa­şyň il­kin­ji buş­luk­çy­sy. Ol — Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Ata­my­rat Ata­ba­ýew. Şa­hy­ryň güýz pas­lyn­da ýa­zan «Ga­raş­syz» at­ly goş­gu­sy bi­ziň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz ha­kyn­da ka­gy­za ge­çi­ri­len il­kin­ji şy­gyrlaryň biri hasaplanýar. Bu şol wagt baý­ram­çy­lyk üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sow­gat bo­lup­dyr. Hä­zir bol­sa Ata­my­rat aga­nyň şol şyg­ry aýdym bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk — buýsanjym

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Halkymyz Watany başyň täji hasaplaýar. Başyň täçli bolmagy seniň öz ýurduňda azat adamdygyňy, Watanyň barlygyny duýup, ony söýüp ýaşamak bagtynyň eýesidigiňi aňladýar. Bu duýgyny hem söýgini hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaz, bu duýgyny hiç bir zat, hiç bir gymmatlyk bilen çalşyp bolmaz. Bu duýgynyň süýjüligi we lezzeti bilen dünýäniň hiç bir zady deňleşip bilmez. Sebäbi ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň üçin iň mukaddes gymmatlykdyr.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramynyň dabaraly ýörişine gatnaşdy

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada uly dabaralar geçirildi. Baýramçylygyň esasy pursatlarynyň biri ýurduň öňdebaryjy ulag agentlikleriniň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary» we «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri bilen bilelikde ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini görkezdi. Ajaýyp bezelen platformalar Türkmenistanyň awtoulaglary bilen ýük gatnatmakda we ýol gurluşygynda gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezdi.

Ykbalymyza nur çaýan bagtyýarlyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň baş­da dur­ma­gyn­da ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler ata Wa­ta­ny­my­zy ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan Di­ýa­ry­na öwür­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da buý­sanç bi­len di­le ge­ti­ren «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen paý­has­ly söz­le­ri wa­tan­daş­la­ry­my­zy ruh­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň parasatly baş­tu­ta­n­ly­gyn­da türk­men hal­ky özü­niň nu­ra­na gel­je­gi­ni gur­ýar. Röw­şen gün­le­re uza­ýan bu ýol­lar­da hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň öň­den­gö­rü­ji­li­gi we tu­tan­ýer­li­li­gi bir­le­şip, eş­ret­li er­tir­le­re uza­ýan men­zil­le­ri ma­ny-maz­mun bi­len, uly ynam we yh­las bi­len baý­laş­dyr­ýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna dabaralar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy Arkadag şäheri, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Halal zähmete sarpa, ajaýyp döwre buýsanç

Gahryman Arkadagymyzyň: «Şu gün biz Garaşsyzlygymyzy gazanmakda we berkitmekde geçen ýolumyza nazar aýlap, gazanylan her bir üstünligiň aňyrsynda ile-ýurda söýginiň, wepadarlygyň, tükeniksiz zähmetiň, yhlasyň ýatandygyny asla unutmaly däldiris» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda döredijilikli, halal zähmet çekýän ildeşlerimiziň bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Asylly däbe görä, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli hem hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň ösüşine şahsy goşant goşan raýatlarymyzyň uly toparyna hormatly atlar dakyldy, döwlet sylaglary gowşuryldy. Biz hem Şa serpaýyna mynasyp bolan watandaşlarymyzyň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. Tirkeş MÄTNAZAROW,Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti, Türkmenistanyň halk artisti:

Uly toýdan serpaý

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlanan Garaşsyzlyk toýy 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk at çapyşyklary bilen dowam etdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşyklary toýly günleriň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Baýramçylyk dabarasynda 1600 we 1800 metr aralyga 7 çapyşygyň ilkinji üç çapyşygyna üçýaşar, ondan soňkulara bolsa dört we uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Baş baýraga mynasyp bolan ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow ýürek sözlerini şeýle beýan etdi:

«Akylly» şäherde bagtyýar durmuş

Ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini dabaralandyrýan giň möçberli çäreler şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna bagtyýar raýatlarymyzyň göçüp barmaklary hem taryhy ähmiýeti bolan wakalary has-da baýlaşdyrdy. Ýakynda täze şäherde geçirilen dabaralara Arkadag şäher we etrap häkimlikleriniň, halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, täze şäheriň köp sanly ilaty hem-de myhmanlary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde «Hormatly il ýaşulusy» diýen belent derejä mynasyp bolan il sylagly ýaşulularyň hem-de «Zenan kalby» ordeni gowşurylan mährem eneleriň bolmagy medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini has-da belende göterdi.

Baş baýrama özboluşly sowgatlar

Milli senenamamyzyň iň naýbaşy baýramçylygy — Garaşsyzlyk güni tutuş ýurdumyzda giň gerimde bellenildi. Il-ulsumyz bilen birlikde, dünýä jemgyýetçiligi hem bu baýramyň şatlygyna goşuldy. Soňky ýyllarda dostlukly döwletlerde iri şäherleriň belent başly binalaryny Türkmenistanyň Döwlet tugunyň ýalkym saçýan şekilinde bezäp, türkmen halkyny milli baýramy bilen gutlamak asylly däbe öwrüldi. 27-nji sentýabrda bellenilen Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli bu däp Russiýa Federasiýasynda, Türkiýe Respublikasynda dowam etdirildi. Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bellenilen gününde Moskwanyň Täze Arbat köçesinde ýerleşýän meşhur «kitap öýüniň» türkmen baýdagynyň şekilinde şöhle saçmagy arkaly Russiýa Federasiýasynda halkymyzy özboluşly baýramçylyk sowgady bilen gutladylar. Binanyň ýüzündäki al-ýaşyl reňkli çyralar ýarygijä çenli şöhlelenip, türkmen we rus halklarynyň dostlugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Moskwa şäher häkimliginiň bu çözgüdi simwoliki mana eýe bolup, Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyga ygrarlylygy nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmen bedewleri — toý-baýramlaryň bezegi

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Ata-babalarymyz behişdi bedewlerimizi toý-baýramlaryň bezegi hökmünde görüpdirler. Şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halky behişdi bedewleri toý-baýramlaryň bezegi, ynsanyň wepaly dosty hökmünde görüpdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ösdürip kemala getiren, kämilleşdiren, dünýäde meşhur türkmen bedewlerine halkymyzyň sarpasy belentdir. Arassa tohum bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olary öňden gelýän milli däpler boýunça seýislemek, at çapyşyklaryny geçirmek, atly sportuň döwrebap görnüşlerini ösdürmek babatynda köp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem uly orny bar. Çünki bu ýokary okuw mekdebinde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesini ösdürjek, bedewleri seýislemekde ylmy usullary giňden öwrenjek ýaşlar kemala gelýär.

Derejeli toýlar tutdy diýarym

«7/24.tm»: №40 (227) 30.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan sun­gat us­sat­la­ry­nyň dabaraly kon­ser­ti bol­dy.

Mu­kad­des baý­ram

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Müň do­kuz ýüz tog­san bi­riň güý­zi türk­men hal­ky üçin ýat­dan çyk­ma­jak se­ne bo­lup, kalp­la­ra mö­hür­len­di. Edil şo­nuň ýa­ly, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň yzy­sü­re ýazylan birnäçe şygyrlar hem se­tir­ler uly-ki­çi­le­riň aňyn­da ýa­şa­ýar. Mu­nuň se­bä­bi şyg­ryň il­kin­ji­li­gin­den öňür­ti kalp­la­ryň bir­li­gin­den göz­baş al­ýar. Se­bä­bi şol se­ne­de şa­hyr bi­len bir ha­tar­da tu­tuş türk­men hal­ky be­gen­di, buý­san­dy.

Ga­raş­syz­lyk — hal­ky­my­zyň ar­şa ga­lan yk­ba­ly

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, ede­bi­ýa­ty­my­zy, halk dö­re­di­ji­li­gi­mi­zi öw­ren­mek, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik, adam­kär­çi­lik, il-gü­nü­ňe söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­bat­da buý­san­dy­ry­jy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Buýsandyryjy ösüşlerimiz

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da döw­re­bap sport mek­dep­le­ri, sta­di­on­lar, sport mer­kez­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Iri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler türk­men spor­tu­nyň ýe­ten be­lent de­re­je­sin­den ha­bar ber­ýär.

Ga­raş­syz­lyk — be­ýik iş­leriň des­sa­ny

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da giň ge­rim­de bel­le­nilen şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li et­ra­by­myz­da «Ga­raş­syz­lyk — be­ýik iş­leň des­sa­ny, dün­ýä mä­lim ed­ýär Türk­me­nis­ta­ny» ady bi­len dür­li me­de­ni köp­çü­lik­le­ýin da­ba­ra­la­ry­ we bäs­le­şik­le­r ge­çi­ril­di.

Şan­ly to­ýuň şat­ly­gy

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly tä­ze-tä­ze ta­ry­hy wa­ka­la­ry bi­len şöh­rat­lan­ýar. Türk­men bu­ gün öz yk­ba­ly­nyň, öz bag­ty­nyň eýe­si. Ber­ka­rar döw­let — hal­ky­my­zyň baş mu­kad­des­li­gi. Mil­le­tiň we­zi­pe­si bu mu­kad­des­li­gi go­ra­mak­dan, ber­kit­mek­den, öňe alyp git­mek­den yba­rat­dyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyzlyk — biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolup durýar.