Watan ojakdan başlanýar
«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Watan topragynyň keramaty ata-babalarymyzyň mähri siňen bu ümmülmez sähramyzyň durkuna ornapdyr. Rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär. Öňem bir ýurduň adyl hem-de pähimli patyşasy bolupdyr. Ol hemişe adamlary synaýan ekeni. Bir gezegem ol il içinde şeýle jar çekdirip, köşge obanyň iň edermen ýigitlerini ýygnapdyr. Patyşa nöker bolar ýaly pähimdar, edenli, ugurtapyjy ýigitleri saýlap almakçydygyny aýdypdyr. Ilkinji synagda batyrlygyňy görkezmeli, ikinji synagda hem okumyşlygyňy. Üçünji synaga gezek galanda, olaryň diňe on sanysy galypdyr. Üçünji synagyň şertleri hiç kime mälim bolmandyr, ony patyşanyň özi kesgitleýän ekeni. Ol esli salym pikirlenip oturypdyr.