"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ýurt berkarar, il bagtyýar

Biz ýaşaýan döwrümizi uly buýsanç bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrýarys. Döwürlerden döwürlere, ömürlerden ömürlere ganat ýaýan bagtyýar ýaşaýşymyz, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany bolup işlän ýyllarynda parasatlylyk bilen alyp baran içeri syýasatynyň miwesidir. Bu gün şol syýasat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen mynasyp dowam etdirilýär. Bagtyýar ýaşaýşymyz ynamly ädimler bilen nurana geljege sary uzaýar. Bu gün döwletli Diýarymyzda her bir şäherde, her bir obada Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň miwesini görýäris. Eger ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda ýaşaýan ilatyň hem çagalary döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenilip, döwrebap orta mekdeplerde bilim alýan bolsalar, oba hojalykçylar çeken zähmetiniň miwesini bolluk bilen görýän bolsalar, ildeşlerimiz yzygiderli iş orunlary bilen üpjün edilip, olaryň bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýän bolsa, bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň miweleridir.

Şäherler içinde nusga, Arkadag!

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek, okamak we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz hut şu şanly senä gabatlap, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakyndaky Karara hem gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Milli Liderimiziň yzygiderli üns-goldaw bermeginde şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýene-de ýokary depginde dowam etdirilýär.

Körpeler «Lebapda» dynç alýarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün dünýä halklarynda gyzyklanma döredýän dynç alyş merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat edilen bu ajaýyp syýahatçylyk zolagynda mermer binalar, myhmanhanalar, akwaparklar, çagalar we ulular üçin niýetlenilen attraksionlar diňe bir watandaşlarymyza däl, eýsem, daşary döwletlerden gelen syýahatçylara hem ýatdan çykmajak ýakymy, sapaly dynç alşy bagyş edýär. Edil häzirki tomus günlerinde bolsa çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda özleriniň iň bir gyzykly, şadyýan günlerini başdan geçirýärler. Ähli amatlylyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde olaryň dynç alyş döwrüniň täsirli geçmegi üçin giň şertler döredilen. Welaýat häkimliginiň «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň körpeleri wagtlaryny şadyýan geçirýärler. 10 gün dowam edýän her tapgyrda çagalaryň 100-si bu ajaýyp merkezde dynç alýar.

RAÝAT JEMGYÝETINIŇ ÖSÜŞINDE ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ ORNY

Ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler raýat jemgyýetini ösdürmek, onuň mazmunyna täze äheň bermek, içerki gurluşyny kämilleşdirmek boýunça çäreler bilen sazlaşykly utgaşýar. Biziň döwletimiz raýat jemgyýetiniň ösmegine we kämilleşmegine ýardam berýär, raýatlaryň ykdysady, hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýär. Bu babatda dürli çäreleri amala aşyrýar, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini sazlaşdyrýar, olaryň orunlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda: «Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär» diýlip bellenilýär. Öz gezeginde, raýat jemgyýetiniň aýratyn bölegi jemgyýetçilik birleşikleridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasy raýatlara Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary, gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge hukuklaryny kepillendirýär. Raýatlaryň bu hukugynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Ýurdumyzda dürli görnüşli jemgyýetçilik birleşikleri hereket edip, olaryň hatarynda ýaşlaryň öz bähbitleriniň we garaýyşlarynyň esasynda birleşmäge bolan isleglerine esaslanýan, ýaşlaryň özbaşdak guramaçylygynyň görnüşi bolup durýan ýaşlar jemgyýetçilik birleşikleri uly ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň işjeňliginiň bu görnüşi barada 202

Şahyryň waspy

Hak zehinden dörän sözler aýdym bolar, goşgy bolar,Tutuş ile ýaran sözler misli gülleň müşki bolar,Şol sözlerden setir düzen köňülleriň köşgi bolar,Il her kimi şahyr saýmaz, oň ylahy keşbi bolar,Çyn şahyrlar unudylmaz, ýatlanylar owal-ahyr,Arkadagyň ýalkawyndan şöhratlanýar beýik şahyr. Beýiklere beýik diýmek beýikligiň gözbaşydyr,Danalaryň her jümlesi şygyrlara sözbaşydyr,Akyldar türkmen şahyrnyň şu ýyl üç ýüz ýaşydyr,Pyragynyň pikirleri pähimleriň çür başydyr,Olar behişt güli kimin solmaz asla owal-ahyr,Arkadagyň ýalkawyndan şöhratlanýar dana şahyr.

Ählumumy howpsuzlyk ýörelgelerine esaslanýan dünýä ähmiýetli tutumlar

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän dünýä ähmiýetli başlangyçlar halkara bileleşik tarapyndan hemişe uly goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Ählumumy howpsuzlyk ýörelgeleri, parahatçylyk, özara ynanyşmak umumymilli bähbitleri nazarlamak bilen, dünýä giňişliginde ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda, hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde täze ugurlary ýüze çykarýar. Bu bolsa, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagyna hem oňaýly täsirini ýetirýär.

Watan — bagtyň düşelgesi

Eziz Diýarymyz 33 ýyla golaý wagt mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşine gadam goýdy. Döwletimiziň geçen menzili il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlere beslendi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler ata Watanymyzy parahatçylyk ýörelgeleriniň, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýän mekany hökmünde dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatdy. Şeýlelikde, Hakyň nazary düşen keramatly topragymyzda döwletimiz täze ösüşlere badalga aldy. Asyl köklerimize dolanmak bilen, milli medeniýetimize we sungatymyza, däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize täze öwüşgin çaýyldy. Olar döwrebap mazmun bilen baýlaşdyryldy we milli gymmatlyklarymyz äleme äşgär boldy. Watanymyzda ösüşleriň dowamat-dowam bolmagynyň özeninde halkymyzyň döredijilikli zähmeti durýar. Munuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýylam ilkinji gününden başlap, göwün galkyndyryjy şanly wakalara hem-de hoş habarlara beslenýär. Şol şanly wakalar ýurdumyzyň ösüşli menzillerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle döwürde, elbetde, Watana bolan buýsanjyň has-da artýar. Watan barada oýlananyňda bolsa, kalbyňy söz bilen beýan edip bolmaýan üýtgeşik bir ýakymly duýgy gaplap alýar. Şol duýgy hem şeýle ajaýyp döwürde ýaşaý

Rowaçlyklara beslenýän tutumlar

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkara abraýyny has-da belende göterýär. Durmuşymyzyň ähli ugurlary uly üstünliklere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşlere beslese, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Diňe bir «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň, gurlup ulanmaga berilýän önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, maýa goýum işjeňliginiň kämilleşdirilmegi, ähli pudaklaryň has ýokary tehnologik ösüş derejesine geçmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulanmagyny üpjün edýär.

Döwletli-döwranly döwrümiziň bezegi

Döwletli-döwranly döwrümiziň bezegi, mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara ýurdumyzda aýratyn uly hormat goýulýar. Ähli raýatlar bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmeklige jemgyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna türkmen zenanlary tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Bu gün olar dürli ugurlarda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere, özgertmelere işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de ýurdumyzda zenanlaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şol esasdanam, dürli ugurlar boýunça her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde olar ýokary netijeleri görkezýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi aýal-gyzlaryň, şeýle-de mekdeplere, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlaryň arasynda dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirip gelýär. Bu bolsa olaryň döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlykly barmaklaryna ýakyndan ýardam edýär. Aýratyn bir bellemek isleýän zadym, ol hem şu ýylyň başynda çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlaryň arasynda «Bir

Sarpasy beýik söz ussady

Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny ýürekden arzuw edendigi bilen düşündirip bolar. Akyldar şahyryň eserlerini hemmeler gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki onuň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan şygyrlarynda Watana, halka bolan bimöçber söýgi-buýsanç duýgusy, ynsanperwer garaýyşlaryň, halkyň bagty, birek-birege sylag-hormatyň ähmiýeti mynasyp beýanyny tapýar. Beýik şahyryň «çoh garaşan ajap eýýamynyň» eýesi bolan türkmen halky, türkmen döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz — asuda, ilimiz — bagtyýar. Bu gün Watanymyz parahatçylyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrüldi.

Ýaş nesil hakda alada

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bagtly çagalygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy, okamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi netijesinde, çagalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynda, ak mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Dürli mazmunly çäreler olaryň döredijilik ukyplarynyň ösmegine ýardam edýär. Çagalara aýratyn söýgi bilen garamak halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr. Bu asylly ýörelge täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär. Nesilleriň ylym-bilimli, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri berilýän terbiýä baglydyr. Edepli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa, döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, orta mekdeplerde wagyz-ündew çärelerini, düşündiriş işlerini geçirip durýarys. Olarda zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagty geljegimiz bolan ýaş nesliň öňünde durýan möhüm wezipeler barada täsirli we ýatda galyjy söhbet edilýär. Şunuň bilen birlikde, mekdep okuwçylary köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen hem yzygiderli tanyşdyrylýar.

Nurana günleriň röwşeni

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günüň, döwletimiziň bähbidine alyp barýan işleri indi ençeme ýyllardan bäri bütin dünýä ýüzünde ykrarnamalaryny tapyp gelýär. Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bolsa biz bagtyýar döwletiň raýatlary hökmünde belent işleriň ykrarnamasynyň ýene bir ýola şaýady bolduk. Älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy eziz Arkadagymyzyň belent tutumlarynyň dünýä ýüzündäki ykrarnamasynyň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, täze ýyldyzyň adyny tassyklaýan güwänama, şeýle-de teleskop, onuň düşüren suratlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň gerimini asman giňişligine alyp çykan ýyldyz Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Bu topar emele getirýän şekili boýunça ganatly aty suratlandyrýar. «Arkadag» ýyldyzynyň şeýle toparda ýerleşmegi döwletli Diýarymyzyň bedew badyna tüýs mynasypdyr.

Ynam we yhlas — üstünlikleriň gözbaşy

Beýik işleri durmuşa geçirýän şahsyýetleriň ady we mertebesi hem amala aşyrýan işleri ýaly ägirt bolýar. Ümmülmez älem giňişligindäki «Arkadag» ýyldyzy bilen bagly hoş habaryň ýürekleri ýagtyldýan günlerinde hut şol giňişlikden Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini ýollady. Kosmonawt watandaşymyz öz ýazgylarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär, şeýle-de Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan edýär. Ol Türkmenistanyň at-abraýyny ýokarlandyrmakda we kosmos ugrunda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde mundan beýläk-de uly tagallalary etmäge taýýardygyny mälim edýär. O.Kononenko pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döwlet hem-de syýasy işlerinde uly üstünlikleri arzuwlaýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji iýunynda 60 ýaşyny bellän kosmonawt şondan 15 gün ozal — 5-nji iýunda älem giňişliginde 1000 günläp bolan ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Kosmonawtyň her bir üstünliginde, her bir ýakymly gününd

Arkadag şäheri — täze başlangyçlara badalga

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy uly dabaralara beslendi. Ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bu gün sebitde şähergurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan, ekologiýa ulgamyna uly üns berilýän, sazlaşykly ösýän, ilatyň abadan durmuşy hakynda alada edilýän şäher hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäher ençeme halkara güwänamalara eýedir. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi hem guwandyryjy çözgütdir. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheri örän uly taslamadyr. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Geçen ýylyň 16-njy iýunynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutulyp, dabarada şäheriň edaralaryna, guramalaryna dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektromobiller sowgat berildi.

Hoş habaryň buýsanjy

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaralary buýsançly köňüllere şatlyk paýlaýar. Bu taryhy ýylda gojaman Köpetdagyň etegine aýratyn görk berýän Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň bellenilmegi toý-dabaralaryň üstüni ýetirdi. Bu baýramçylyk mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar». 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen baýramçylyk maslahatynda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary barada aýdylan hoş habar ildeşlerimiziň toý şatlygyna şatlyk goşdy. Halkymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy

Şatlygymyz goşalandy

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn bedenli, belent ruhly nesli kemala getirmek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Täze döreýän oba-şäherlerde saglyk maksatly binalar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäherinde gurlan saglyk maksatly binalara iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylyp, olarda lukmançylyk hyzmatlary ýokary derejede ýola goýulýar. Sebitde deňsiz-taýsyz owadan şäheriň ekologik taýdan arassa howasy, saýaly we pürli baglary, al-elwan gülleri hem göwnüňi göterip, keýpiçaglyk paýlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylan «akylly» şäher ýakynda baýramçylyk lybasyna beslendi. Ol gün täze şäherde uludan tutulan toý dabaralaryň şatlyk-şowhuny belende galdy. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Arkadag şäherinde täze döredilen kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Täze önümçilikler lukmançylyk edaralarynda zerur bolan

Türkmenistan — toý-baýramlaryň mekany

«Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy 25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynyň barşynda sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.

Gahryman Arkadag — ösüşiň, özgerişiň Lideri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag! Bu düşünje — her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň ýylysy, ýaşaýşa söýgüsi, geljege ynamy. Ine, taryhy hakykat şeýdip, ynsanyň rahat, bagtly ýaşaýşy baradaky arzuw-umytlarynyň owazy bolup dünýä dolýar. Uzak geçmişinde türkmeniň dünýä beren kämil ýaşaýyş, ösüş nusgalarynyň az bolmandygyny goja taryhdan habarly kişiler bilýändirler. Bu gün türkmen adamzada ösüşli, özgerişli, abadançylykly ýaşaýşyň ýene bir nusgasyny eçildi. Ony öz Milli Lideri Gahryman Arkadagynyň pähim-parasady, başarjaňlygy arkaly eçildi. Geçen ýakyn taryhymyza nazar aýlalyň! Gahryman Arkadagymyz halkyň ykbaly üçin zerur pursatda döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Öňde haýal-ýagallyk etmezden çözülmeli meseleler bardy. Şonuň bilen birlikde, birneme howlukman, emma hökman çözülmeli meseleler-de bardy. Şonsuz ýakyn we uzak geljege nazarlanmak hem, bular üçin maksatnamalary işläp düzmek hem, ol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak hem mümkin däldi. Bu işlere nähili ökdelik bilen hötde gelnendigine şaýat bolduk. Munuň özi, islendik hasap bilen, iň uly hasap bilen alnanda-da, taryhy döwürdir. Ruhy-ahlak, medeni, aň-düşünje, saglyk meselelerinden başlap, durmuş-ykdysady meselelere çenli, içerki gatnaşyklardan başlap, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklara çenli öz içine alan bu özgertmeler ýurdy tanalm

Watançylyk taglymy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň mysalynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplaryny peşgeş berdi. Olar hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanan dessine yglan eden şygarynyň — «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çagyryşynyň düýp manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, bu çagyryş döwlet Baştutanymyzyň baş taglymynyň gysgaça beýanydyr diýsek, ýerlikli bolar. Bu taglymda Watan, döwlet we halk düşünjeleri özara berk baglydyr.

Amala aşan arzuwlar şäheri:

Arkadag şäheri döredilmeginiň bir ýyllygyny belledi 29-njy iýunda Türkmen döwletiniň durmuşynda hakyky taryhy wakanyň bolup geçenligine — täze, «akylly» Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl boldy, ol döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýedir.