"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bagtly ile döwlet ýagar

Bu gün oba durmuşynyň has gözelleşendigine, eşretler bilen baýlaşandygyna ýurdumyzyň çar künjeginde şaýat bolýarys. Ykdysady, ruhy-medeni taýdan özgertmeleriň uly toplumynyň amala aşyrylmagy netijesinde obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň keşbi has üýtgedi, däp-dessurlary baýlaşdy. Täze döwrüň şuglasy olaryň durmuşyna ýagty saçýar. Döwletimiziň özleri barada edýän düýpli aladalaryny görüp, oba adamlarynyň ruhlary galkynýar. Olar öz ýaşaýyş-durmuşlarynyň ýokary hilini, derejesini üpjün etmegiň döwletimiziň içerki syýasatynyň esasy bölegine öwrülýändigini günübirin görýärler, bolup geçýän özgertmeleri buýsanç bilen synlap, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirýärler.

Möhüm wezipeler kesgitlenildi

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen wakalara, tutumlara beslenýär. 20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi hem şeýle wakalaryň biri boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň möhletleri kesgitlenildi. Şunda guramaçylyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň gün tertibini we onuň mejlisini geçirmegiň deslapky maksatnamasynyň, gün tertibinde kesgitlenen meseleler boýunça resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagynyň möhletleri anyklanyldy. Ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak meselelerine-de garaldy. Şonuň bilen birlikde, bu möhüm çä

Ýaşlar üçin ýol-ýörelge

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, Watanymyzyň halkara giňişlikde at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işlere ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşyp, öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrülen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň uly taryhy ähmiýeti bar. Sebäbi ýaşlar biziň nurly geljegimizdir, ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi guwandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýýan belent maksatlaryna ýetmek üçin ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýelemek, sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek, köpçülikleýin sporta, bedenterbiýä işjeň gatnaşdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny höweslendirmek, ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler sanardan köp. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemegi başarýan ýaşlar döwlet, halkara derejede geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başarýarlar. Her gezek halkara ýaryşlardan ýokary derejeli sylag-serpaýly, altyndyr kümüş medally dola

Türkmeniň milli buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletimiziň buýsanjy, egsilmez guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň tohumlaryny köpeltmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça möhüm işleri mundan beýläk-de alyp bararys». Ýurdumyzy dünýä tanadan ahalteke bedewi türkmeniň uçar ganaty, baýlygy hem buýsanjydyr. «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly nakyllardan olary döreden halkymyzyň bedew aty näderejede söýýändigini duýmak bolýar. Ata-babalarymyz bedewiň keşbine ruhy güýjüň, bagtyň alamaty hökmünde garaýar. Ösüşlere beslenýän zamanamyzda bedewlerimiziň gadyr-gymmatynyň ýokarlanmagynyň asyl manysynda halkymyzyň şol garaýşy jemlenendir.

Muzeý gymmatlyklary — halkyň taryhynyň beýany

Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, asylly däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagynda, gadymyýetden habar berýän gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagynda we geljekki nesillere ýetirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň baý taryhy bolup, şöhratly wakalardan doludyr. Muzeý gymmatlyklarynda asyrlara ýaň salan şanly wakalar öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý ulgamyny kämilleşdirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muzeýlere sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Muzeý eksponatlary bilen ýakyndan tanyş bolmak we olar barada maglumat almak üçin şertler döredilendir. Şu ýyl Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligi bu ugurda alnyp barylýan işleriň bimöçberdiginiň subutnamasyna öwrüldi. Onuň dowamynda «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahatynyň geçirilmegi, medeni çärä gatnaşyjylaryň ýörite sergi arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyş bolmaklary, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň golaýynda ýaşaýjylar tarapyndan tapylan gymmatly tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasynyň geçirilmegi täze taryhy eýýamda muzeý işine aýratyn üns b

Gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde has-da beýgelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir».

«Magtymguly» diýip adyň tutsalar

Täze taryhy döwrümiz beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň has belende galýan zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldarynyň şahsyýetini, edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça amala aşyrylýan işler, hakydalarda müdimilik ýer alan, ynsanperwerlige, watansöýüjilige çagyrýan goşgulary bilen dünýä edebiýatynyň hazynasyny has-da baýlaşdyran şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi munuň subutnamasydyr. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi merdana halkymyzyň şygyrlary ynsan kalbynyň nagşyna öwrülen dana Pyraga näderejede hormat-sarpa goýýandygyny açyk-aýdyň görkezýär. Dana şahyr dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan goşgularyny nesillere miras galdyrdy. Adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna, asyrlaryň owazyna öwrülen ajaýyp şygyrlar, ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, nesiller aýlansa-da, ähmiýetini hem gymmatyny ýitirenok. Olar dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar».

Beýik özgertmeleriň binýady

Şu günler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň çar künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Her ýyl şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň öň ýanynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm taryhy wakadyr. Onda il-ýurt bähbitli beýik özgertmeleriň binýadynyň goýulmagy, möhüm wezipeleriň anyk kesgitlenilmegi halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge, uly ykdysady ösüşleri gazanmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek hakynda kabul eden Karary ildeşlerimiziň giň goldawyna, uly seslenmesine eýe boldy. Şu mynasybetli häzirki günlerde welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň we ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklary guralyp, bu syýasy-jemgyýetçilik çäräni guramaçylykly geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň anyk ugurlary boýunça teklipler taýýarlanylýar. Maslahatyň barşynda edilýän çykyşlarda ata Watanymyzyň rowaçly ösüşleri, halkymyzyň abadan we parahat, bolelin we bagtyýar durmuşy, hormatly Prezidentimiziň ilhalar döwlet syýasaty, türkmen halkynyň M

Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy

«Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy.

ASTANADA polietilen paketleri ulanmak bes ediler

2025-nji ýyla çenli Gazagystanyň Astana şäherindäki supermarketlerde hem-de beýleki söwda nokatlarynda polietilen paketleriň ulanylmagyny doly bes etmek göz öňünde tutulýar. Şäheriň häkimligi tarapyndan taýýarlanylan düzgünlere laýyklykda, adaty polietilen paketler ekologiýa taýdan arassa orun tutarlar — biodegrirlenip bilinýän torbalar we gaýtadan ulanylýan eko-torbalar bilen çalşyrylar. Bu çözgüt plastik önümleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda dünýäniň 76 ýurdunda polietilen paketleri ulanmagy gadagan etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Fes­ti­wal halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, şol san­da ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly we top­lum­la­ýyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Şu jäht­den, ýur­du­myz öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek ba­ba­tyn­da anyk ädim­le­ri äd­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­tanyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ylym-bi­lim pu­da­gyn­da, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da has ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýa­ňy ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň Omsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýaş­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ma­gy bu aý­dy­lan­la­ry do­ly aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Türk­men ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­mi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň we Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýaş mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar. Iýu

Çagalara datly sowgat

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Okyjylarymyz ýazýarlar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 TMÝG-niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň gur­a­ma­gyn­da Gy­zy­lar­bat et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Dür­dä­ne» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de, bu ýe­re to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de dynç al­ma­ga ge­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da daş­ky gur­şa­wyň gym­ma­ty­ny, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni ola­ra ýa­kyn­dan ta­nat­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bilen, «Te­bi­gat — bi­ziň öýü­miz» at­ly ge­ze­lenç du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. TMÝG-niň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da ça­ga­lar bi­len gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­di.

Awaza hakyndaky şygyrlaryň mazmun taýdan çeperçiligi

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen eserler diňe bir täze temalar bilen baýlaşman, eýsem, şygyrlar mazmun taýdan hem baýlaşdy, forma taýdan täze görnüşe eýe boldy. Edebiýatyň taryhynda mazmun we formanyň haýsynyň has möhümligi hakynda köp jedeller, edebi çekişmeler boldy. Bularyň hersiniň öz gezeginde edebi ösüş, edebi täzelikler üçin möhümdigi ylmy we edebi çekişmäniň nazary garaýyşlarynda anyk deliller bilen esaslandyryldy. Aýry-aýry edebiýatçy alymlaryň pikiriçe bolsa mazmun we forma biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýazyjy-şahyrlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynyň şygyrlarynda täze mazmun we forma eýe bolan şygyrlary döretdiler. Ak goşgy formasynda ýazylan eserleriň, şeýle-de nusgawy şygyr düzüş formasynda ýazylan eserleriň hem täze mazmun bilen baýlaşmagy häzirki Garaşsyzlyk döwründe şahyrlaryň ösüşli we aýratynlykly taraplarynyň biridir.

Egsilmeýän hazyna

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow: «Magtymguly, seniň bilen, iň bolmanda, bir pursat didarlaşsam dünýe malyndan geçerdim. Bu minut maňa dünýäniň geçmişi, şu günki we geljegi bilen duşuşmaga mümkinçilik bererdi. Bakylygyň ýanynda bir pursat durup görmege deň geljek bagt barmyka?» diýýär. Kerim şahyr Pyragynyň adyny göterýän baýraga mynasyp bolmagyny ömrüniň iň uly netijesi, iň beýik baýragy hasaplapdyr. Munuň özi soňraky ussatlaryň ählisiniň-de Magtymguly Pyragyny öz ruhy howandary, gaýybana halypasy hasaplandygy baradaky beýik hakykatdyr. Diýmek, Pyragynyň edebi mekdebi ol dünýäden ötenden soňam ýaşap gelýär. Ol mekdepden beýik-beýik şahyrlar uçurym bolup çykýar. Nesip bolsa, bu geljekde-de şeýle bolmagyny dowam eder. Sebäbi Magtymguly Pyragy halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem şygryýeti Watan edinen her bir döredijilik ynsanynyň ýüreginde Magtymguly bar.

Günüň günden parhy bar

Bir ge­zek okuw­çy: — Mu­gal­lym, aýt­sa­na, tä­ze işiň ba­şy­ny tut­mak üçin has dü­şüm­li gün bo­lup bil­ýär­mi?

Häzirki zaman žurnalistikasy: halkara tejribeleri özleşdirip

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýyldan gowrak döwründe dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklarda depginli ösüş gazanyldy. ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň netijesinde, bu ugurdaky tagallalar has-da işjeň dowam etdirilýär. Ösüşi nazarlaýan şeýle gatnaşyklar bilen birlikde, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ulgamda hem yzygiderli ilerledilýändigini nygtamalydyrys. Amala aşyrylýan bilelikdäki işler birek-birege hormat goýmaga, tejribe alyşmaga esaslanýar we geljekki özara bähbitli işleriň binýadyny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. ABŞ-nyň Hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary degişli ugurdaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýedir. «Open World» maksatnamasynyň çäklerinde, özara tejribe alyşmak maksady bilen, türkmen žurnalistleriniň Kaliforniýa ştatyna bolan okuw saparynda hem bu ýurduň žurnalistikasynyň häzirki döwre berýän teswiri, žurnalistleriň iş usullary, gazet makalalarynyň taýýarlanylyşy geçirilen maslahatlaryňdyr «tegelek stol» duşuşyklarynyň temasynyň özenini düzdi.

Welaýatlardan habarlar

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň gözbaşy hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başyny başlan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir. Mähriban halkymyzyň, ýaşlaryň şular ýaly ajaýyp zamanada bagtyýar ýaşamagy, sport bilen giňden meşgullanmagy ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Dynç alyş we bedenterbiýe

Häzirki zaman dünýäsinde sport gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çagalar üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak diňe bir gyzykly güýmenje däl, eýsem, möhüm zerurlykdyr. Sport çaganyň sagdyn ösmegine ýardam edýär we bedeniniň ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar, fiziki we emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar hem-de bedeniň ösüş ýagdaýyny çaltlaşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi, saglygyny goramagyň mowzugy mekdep derslerinde ol ýa-da beýleki dersler bilen utgaşyklylykda ýola goýuldy. Çagalarda medeniýetiň kemala gelmegi üçin ýurt derejesinde bilim giňişliginiň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagy, sazlaşykly şahsyýet terbiýesini kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Çagalar suw ýodalarynda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinıň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň suwda ýüzmek boýunça geçiren bäsleşigi çagalara öz başarnyklaryny görkezmäge nobatdaky mümkinçilik boldy. Gökderäniň gözel künjegindäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen 25 metr aralyga suwda ýüzmekde ökdeler öňe saýlandy.