"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna: — Halkara ylmy-tehnologiýa parky hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Albaniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!

Döwletiň asudalygy — raýatlaryň bagtyýarlygy

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny ýene bir ýola subut edýär

Ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başyny başlady. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasydyr. ENERGIÝA HALKASYNYŇ GURLUŞYGY 3 TAPGYRDA AMALA AŞYRYLDY

Sebit syýasaty üstünliklere beslenýär

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi we köp sanly myhmanlar ýygnandy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy.

Bitewülik — abadançylygyň baş şerti

ýa-da hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparyndan soňky oýlanmalar Ynsanyň asyl maksady — durmuşy ýeňilleşdirmek, geljegi aýdyňlaşdyrmak, umuman, ösüşe, özgerişe tarap hereket etmek. Maksada ýetmek üçin bolsa döwür bilen aýakdaş ýöremeli, durmuşyň zerurlyklaryna bolan islegiňi kanagatlandyrmaly. Köp adamda: «Olar haýsy zerurlyklar?» diýen sowalyň dörän bolmagy-da mümkin. Meselem, olaryň biri elektrik çeşmesi. Bu serişde diňe bir garaňkylygy ýagtyldyjy çeşme bolman, köp babatda, adamzadyň ýygy-ýygydan ulanýan, hatda onuň ösüşi üçin-de möhüm zerurlyklaryň biridir. Şonuň üçinem röwşenlik — ýagtylyk bizde gowulykdan nyşan hasaplanýar.

Watansöýüjiligiň, agzybirligiň waspçysy

Dost-doganlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, döredijilikli gülläp ösüşleriň mekany bolan eziz ýurdumyzda bütin dünýäde giňden tanalýan Magtymguly Pyragynyň mertebesi belent tutulýar. Çünki Gündogar edebiýatynyň görnükli söz ussady Magtymguly öz eserlerinde agzybirligi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi öňe süren, ynsanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw eden şahyrdyr. Berkarar döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem halkara derejesinde şahyryň nusgalyk eserlerini çuňňur öwrenmek bilen baglanyşykly köp işler alnyp barylýar. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip, yglan edildi. Şeýle-de ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy «Dünýä ýatlamasy» halkara sanawyna goşulandygyny belläp geçmek gerek. Munuň özi türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şahyryň halkara derejesinde at-abraýynyň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ynsanperwerlik ýörelgesi rowaçlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherindäki döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalar gatnap we ýatymlaýyn bejergi alýarlar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň, şol sanda mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalarynyň lukmançylyk barlaglaryna we olara dürli operasiýalary geçirmäge, bejergi almaklary üçin yzygiderli hemaýat edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermegi esasynda gaznanyň müdiriýeti tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň sagdyn ösüp kemala gelmegi babatynda ençeme asylly işler durmuşa geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy tarapyndan haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp b

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy.

Döwlet berkararlygynyň baýramy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň esasy aýratynlygy onuň Konstitusion kanun tarapyndan berkidilmegidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaýyn hukuk resminamasy bolmak bilen, tutuş halkymyzyň kanuny erk-isleglerini, hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýär. Türkmenistan özüniň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda umumy ykrar edilen halkara demokratik ýörelgelere hemişe wepalydygyny görkezýär. Türkmen halkynyň taryhda ençeme döwletleri guran ata-babalarymyzdan miras galan demokratik däpleri we jemgyýetçilik durmuşyny gurmagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň utgaşykly birleşmegi milli döwletliligi gurmakda türkmen halkynyň ýolunyň özboluşlylygyny şertlendirdi. Döwlet hem-de jemgyýetçilik gurluşynyň bu görnüşi ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hem öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy we 72-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Hydyrow Muhammet Allamyradowiçe käýinç yglan edildi. ***

Döwrebap saglyk merkezi

Diýarymyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan köptaraply syýasatynda iň bir ileri tutulýan ugurlaryň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji aprelinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy bilen utgaşyklylykda, Mary şäherinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de döwrebap kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmegi şanly wakanyň şatlygyny has-da artdyrdy. Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkeziniň halkyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklap, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň hem netijeli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Täze desgalar — ykdysady ösüşleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi, täze zawod-fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. 17-nji aprelde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýan bu uly göwrümli desga Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini has-da ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlen umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi 203 kilometr, Tejen — Mary bölegi bolsa 109 kilometrdir.

Bütindünýä sport baýramy

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle möhüm çäreler şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar bilen utgaşyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününde bagtyýar raýatlarymyzda aýratyn ruhubelentligi döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara, sebitara sport guramalary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Hyzmatdaşlyklar Türkmenistanyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde bolsa ýene-de Türkmenistanyň baş

Çagalaryň bagtyýarlygy — halkyň göwün şatlygy

Güneşli Türkmenistan Watanymyz bagtyýar çagalygyň ajaýyp mekanydyr. Eziz Diýarymyzda çagalaryň şadyýan ýaňlanýan ýüregi galkyndyryjy sesleri halkymyzyň abadan durmuşynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň, ýurdumyzyň parahatçylykly gülläp ösüşleriniň aýdyň kepilidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyz çagalaryň sagdyn we bagtyýar ösüp kemala gelmegi babatynda halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji iýunynda geçirilýän Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy. Munuň özi berkarar döwletimiziň bu abraýly halkara guramasynyň çagalaryň sagdyn hem-de bagtyýar ösüp kemala gelmegini üpjün etmek babatynda öňe sürýän ýörelgelerine doly eýerýändiginiň nyşanydyr. Döwletimiz tarapyndan körpe nesliň döwrebap şertlerde ösüp kemala gelmegi barasynda edilýän taýsyz tagallalar üçin halkymyzyň buýsanjy egsilmezdir.