"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny) Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol!Gadyrly myhmanlar!Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmekde we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini belledi. Ol Milli Liderimiz tarapyndan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başy başlanan özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigine buýsanjyny beýan edip, ýakynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda depginli ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ak mermerli Aşgabatda bolmaga hemişe şatdygyny aýtdy.

Türkmen-koreý gatnaşyklary: täze başlangyçlara badalga

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet sapary boldy. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda ulag-logistika merkezi hökmünde Günorta Koreýa bilen maýa goýumlar, tehnologiýalar we infrastruktura ýaly geljegi uly bolan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmekde ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!Gadyrly myhmanlar! Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Oba hojalygy: galla oragy guramaçylykly geçirilýär

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze tapgyrlary

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar diňlenildi.

Döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyny hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol dostlarça salamlaşyp, köşkler toplumyna bardylar. Bu ýerde Koreýa Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.

Durmuş-ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

Türkmenistan Durnukly ösüşiň meýilnamalaryny amala aşyrmaga yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz ýaş nesle durnukly ösüşi gazanmagyň strategik güýji hem ygtybarly kepili hökmünde garap, tagallalaryny olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň jogapkär raýatlar, kämil bilimli, hünärmenligiň ussatlygynyň ýokary derejesini we başarnyklaryny özleşdiren nesiller bolmaklary üçin ähli tagallalar edilýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň durmuş taýdan berkarar bolmagy, ösmegi we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge gönükdirilen döwlet işini emele getirýär. Türkmenistan ýaşlara ýurdy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-ahlak taýdan ösdürmegiň serişdesi, onuň medeni-durmuş taýdan dikeldilmeginiň çeşmesi hökmünde aýratyn ähmiýetinden, şeýle hem ýaşlaryň bilim almak, hünär edinmek, durmuş ýoluny saýlap almak, maşgala gurmak we özbaşdak durmuşa başlamak ýaly tapgyrlarda ýüze çykýan özboluşly durmuş meseleleriniň ykrar edilmeginden ugur alýar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!Gadyrly myhmanlar! Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar! Eziz talyplar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halk bähbitli işler alnyp barylýar

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynda täze çelgiler

Mälim bolşy ýaly, 10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Bu waka türkmen-koreý gatnaşyklaryndaky täze çelgileriň kesgitlenilmegi we ýola goýulmagy bilen taryhy ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýulýar. Şondan bäri geçen döwrüň içinde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakalardyr.