Döwletliligiň we berkararlygyň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýdur baýramlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde ýetilen belent sepgitleriň, bagtyýar durmuşymyzyň, berkararlygymyzyň binýatlarynyň waspy edilýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy ýaly umumadamzat ähmiýetli taryhy wakalar milli mukaddesliklerimiziň hormatyny has artdyrýar.