Paýhas ummanynyň ägirdi
Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde gezelençde bolup, ol ýerdäki gymmatlyklary synlanyňda akyldar şahyryň ýaşan döwri, geçen durmuş ýoly bilen ýakyndan tanyş bolýarsyň. Muzeýiň binasynyň öňünde oturdylan paýhas ummanynyň ägirdi — ussat şahyryň heýkeli, daş-töweregindäki nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bolan Mätäjiniň, Keminäniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Magrupynyň, Zeliliniň heýkellerini synlap, ýurdumyzda söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan sarpanyň belentligine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, Jemşidiň jamyna deňelýän söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini ösdürmäge mynasyp goşant goşan, berkarar döwleti arzuwlan nusgawy şahyr hem beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň ylymly-bilimli, dana şahyr bolup ýetişmeginde onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň zähmeti, görüm-göreldesi örän uludyr. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Azady öz döwrüniň ylymly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlarynyň biri bolupdyr. Onuň ussatlyk bilen ýazan «Wagzy — Azat», «Behiştnama» ýaly eserleri halkymyz üçin gymmatly mirasdyr. Magtymguly Pyragy ilkinji bilimi öz pederi Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Akyldar şahyryň: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip şygrynda nygtamagy muňa aýdyň subutnamadyr. Soňra şahyr «Idris baba», «Gögeldaş» medreselerinde okap, ylym-bilim alýar. Ol bilimini has-da artdyrmak maks