"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Şahyryň paýhasly setirleri

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir halkymyzyň edebi mirasynyň däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynyň ösmegine hem oňyn täsir etdi. Şahyryň hikmetli setirleri ulus-iliň kalbynda pugta orun aldy. Onuň köp sanly parasatly sözleriniň atalar sözüne öwrülip gitmegini-de halkyň oňa beýik bir akyldar hökmünde garamagy bilen düşündirip bolar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özüne çekijiliginiň ýene bir tarapy, onuň durmuş, ýaşaýyş, tebigat, dünýä bilen berk baglanyşykda bolmagydyr. Goşgularda beýan edilýän wakalaryň köpüsi durmuşda gabat gelýän wakalarymyz, zatlarymyz. Ýazylýan her bir zat durmuşa näçe ýakyn boldugyça, ol şonça-da täsirli bolýar. Magtymgulynyň goşgulary — durky-düýrmegi bilen durmuşyň hut özi. Şonuň üçin ol ýerden özümize gerek çeşmeleri aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Şeýle täsirli çeşmeleriň biri hem ussadyň söz sözlemek, sözleýiş edebi hakynda ýazyp giden setirleridir.

Üçem owlak (hekaýa)

Mal-garasyny «Malym-janym» diýip sarpalaýan oba adamlary owlak-guzy möwsümini öz gözüniň alnynda geçirenini kem görmezdi. Şonuň üçin-de, gyşyň başynda meýdandaky sürüler dagadylyp, mallar tä gyş aýaklap, dowarlar köpelýänçä eýeleriniň elinde bolardy. Şol döwürler hem mallaryň aýagy ýazylar hem-de meýdan ot-çöpünden garbanar diýip olar ir-ertirden giç agşama çenli obanyň töweregindäki oýtaklara örä çykarylardy. Guşgözi, ýarmalyk, arpagan, lommarçak ýaly meýdan otlarynyň saralyp gyşa galan samany ownuk mal üçin golaý-goltumrakdanam tapylýardy. Okuwçylaryň gyşky dynç alşa çykan wagty bolsa mallary örä äkitmek ekabyrrak oglanlara ynanylardy. Ir-säher bilen her kim öz çekenesini öňüne salyp sürüp barýandyr meýdana tarap. Deň-duş oglanlaryň üýşen ýerinde hezillik bolmazmy diýsene. Gyzykly ýeri hem günorta çaglary bir ugurrakda mal bakyp ýören oglanlar bir ýere üýşüp nahar edinerdiler. Her kim öýünden alyp gelen owkadyny torbajygyndan çykaryp orta goýar. Soň daş-töwerekden çöpleme çöpläp, derrew ot ýakyp, getiren höregiňi gyzdyrarsyň. Meýdana çykylanda ýeralmany köze gömüp bişirmek bolsa oglanlar üçin iň lezzetli tagam hasap edilerdi. Bişenden soň daşyny artyp, üstüne duz sepip iýersiň weli, tä öýe dolanyp barýançaň owkat küýsetmez. Şol günlerde meýdanda guzlan birlän-ikilän owlak-guzulary töweregimizdäki oglanlaryň haýsysy eşekli bolsa, şonuň eşeginiň horjunyna atyp goýberibererdik.

Köpugurly zehin

Şahyr, ýazyjy, žurnalist, dramaturg, bagşy, sazanda, kompozitor.... bu sözleriň ählisini hem Gazakbaý Ýollyýewiň adynyň öňünden getirsek, artykmaçlyk etjek gumany ýok. Bularyň üstüne «belent adamkärçilikli ynsan, märekäniň bezegi, ýaz ýaly adam» sözlerini goşsaň hem şaplaşar duruberer. Ynha, meniň elimde ýazyjy Gazakbaý Ýollyýewiň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, 2002-nji ýylda onuň ömrüne we köptaraply döredijiligine bagyşlanylyp taýýarlanylan toplum — kitapça. Onda ýazyjynyň ýarym asyrlyk ömründe bitiren işleri sanalyp geçilýär.

Halyçy gelinler, halyçy gyzlar

Sungatyňyz ýaly owadansyňyz,Halyçy gelinler, halyçy gyzlar.Ençe çaý-nahary sowadansyňyz,Halyçy gelinler, halyçy gyzlar. Her çitimi täsin dünýä deňelen,Zehini gyz-gelin, mährem eneleň,Eýýamlaryň eleginde elenen,Halyçy gelinler, halyçy gyzlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

ÇYN DOSTLARYŇ ARZYLY DUŞUŞYGY Hekaýa

Ýaşlyk joşguny (Hekaýa)

— Haýdaň-how, ugraýar häzir. Ýet-de, saklasana, Döwran! — Näme, Döwran ylgamak boýunça dünýä çempiony diýip eşitdiňmi? Nädip ýetişeýin, allowarradaky awtobusa?

Goşgular çemeni

BUÝAN Atam bilen gaýdýarysKäte bu belli ýere.Gitdik ýene ikimiz,Ýetdik buýanly ýere.

Aşgabadyň aýly gijesi

Seýle çyksaň, göýä gündiz mysaly,Ajap Aşgabadyň aýly gijesi.Ak güllüdir, gökde ýyldyz mysaly,Ajap Aşgabadyň aýly gijesi. Ak binalaň başy asmana ýeter,Ak yşyklaň nury Diýary tutar,Saba-säherlerde daň bolup atar,Ajap Aşgabadyň aýly gijesi.

Meledor (Hekaýa)

Bu waka has irräk döwürde bolupdyr. Muny bir üýşmeleňde oturanlaryň arasynda, bedewli gürrüň gyzanda, atam pahyr ýatlapdy. Obamyzyň günbatar tarapynda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän gyrymsy we pürli agaçlardan ybarat gür tokaýlyk bardy. Onuň biraz içräginden günortadan demirgazyga uzaýan kerwen ýoly geçýärdi. Kämahallar şol ýoluň ugrunda birdenem duman ýaly bolup, ilki tozan göterilerdi, soňra düýe jaňlarynyň sesleri eşidilip, argyşa giden kerweniň öňi görnüp ugrardy. Kähalatlarda bolsa agyr kerweniň adamlary obanyň deňinde, golaýrak ýerde biraz wagtlyk düşlärdiler, şonda obanyň barlyrak adamlary ýörite ýola çykyp, olary myhman alardylar. Şonda bir gezek kerwen düşlände, uzyn boýly, agrasrak ýüzli, orta ýaşlaryndaky Kerwenbaşy Mollagarany uly iliň öňüne düşüp, köpüň garamatyny üstüne alyp ýören adamlaryň sargydy bilen ýanyna çagyryp: «Agam, seniň bilen maslahatlaşmaly derwaýys iş bar» diýip, ähli zatlary gürrüň berip, onuň uzak hem howatyrly ýola gitmegine sebäp bolupdyr. Onuň hakyky adyny tutýan ýokdy, ol Kerwenbaşy ady bilen tanalýardy. Mollagara şol wagtlar uzyn boýly, 55 ýaş töwereklerindäki daýaw adam ekeni. Onuň gelşikli, edenli syratyna, dogumly hereketine, gepine-gürrüňine Kerwenbaşynyň hem pisindi oturan bolara çemeli. «Bu möhüm iş saňa ynanylansoň, tabşyrylýandyr, senden kethudalaryň hem tamasy uludyr, hötdesinden gelersiň» diýen ekeni. Kerwenbaşynyň getiren habary Mo

Şygyr bossanynyň ussady

Ajaýyp ylmy açyşlary, kämil şygyr, kyssa, pelsepe we sungat eserleri bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamzadyň medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan parasatly atalarymyzyň döredijilik mirasy Zeminiň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhynda uly meşhurlyga eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe şeýle ruhy gymmatlyklary miras galdyran danyşment-alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik dünýäsini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ýola goýuldy. Çünki olaryň her biriniň döredijilik mirasy giden bir ruhy-edebi ummandyr. Şol eserler öz döwründe halka ruhy goldaw berip, ony ýagty geljege atardy. Ol eserler diňe bir ata-babalarymyzyň taryhy belentligini we şöhratyny dikeltmek üçin däl, eýsem, beýik geljegimiziň esaslaryny berkden tutmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gojaman taryhyň bize ýetiren şeýle nepis eserleri bagtyýarlyk döwrümiziň medeniýetiniň barha çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, täze eserleriň döremegine, şeýle hem ýaş nesillerimizi atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly terbiýelemäge öz täsirini ýetirýär.

Gar arabasy

(Hekaýa) Arada Hemra atalaryna baranda enesi oňa gar arabasyny görkezip, ol barada şeýle gürrüň beripdi:

Tapmaçalar

Joýany gazypEkýärler ony.Ders döküp suwaÝakýarlar ony. Kän wagt geçmän, Gögerýär gämik.Soň ol boý alýarKem-kemden galyp.

Şygryýet bossany

Salam, ýoldaş mugallym! Egsilmez hiç hormatyň, Salam, ýoldaş mugallym! Ylym — baky daragtym, Salam, ýoldaş mugallym!

«Allak kaka, alsana meni!» (Gülküli kyssa)

Arada Allak kakanyň doglan gününiň şanyna çagalary üýşüp, el telefonyny sowgat etdiler. Allak kakanyň şondaky begenäýşini bir görsediňiz! Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam, oňa gün içinde bir gezek jaň edýänem ýokdy. Onda-da, telefonyny ile-güne güjeňläp, daşyndan guwanmasy näme degmeýär?! Bir gün welin telefon bilen bagly bir waka boldy. Allak kaka aram-aram el telefonyny ýitirip, goýan ýerini unutmany çykardy. Onsoň ony tapyp bermek ululara-da, kiçilere-de iş boldy. Hernä agtyklaryndan biri wagtynda bu ýagdaýyň çäresini tapdy oturyberdi. Ol atasynyň telefonyna jaň edilende: «Allak kaka, alsana meni!» diýen sesli ýazgyny oturtdy. Şeýdibem, ýiten telefony gözlemekden dynaýdylar. Hezil bolaýdy, Allak kaka: «Telefonymy tapamok» diýdigi, oňa başga bir telefondan til kakýaň welin, ol nirede bolsa-da: «Allak kaka, alsana meni!» diýip, jogap berip dur.

Ylham çeşmesi

GAR Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?                                             (N.Rubsow).

Şygryýet mukamy

Watanyň keşbi Bir surat çek maňa, eziz suratkeş,Içinde ýaz bolsun, bolmasyn gyşlar.Köňül kenaryna gonandan bolsun,Bagt hakynda aýdym aýdýan şat guşlar.

Maksatly köňüller(hekaýa)

Doňakly gyş ýumşady. Ýaza ýan berdi. Çarwa nowruzynyň ýumşak howasy baharyň buşlukçysydy. Ýöräňde gütürdeýän garyň aşagyndaky topragyň yzgarlanmagy ýere ýyly gitmegiň ilkinji alamatydy. Tarnawyň etegindäki süňňi gowşan sümsülä çalymdaş buzuň ujundan damýan damjalar aşakdaky sürçege düşende sarsgynly seslenýärdi. Işden aryp gelen Maral diwana geçdi. Argyn gelin ymyzgandy. Az salymdan ýygjam damýan damjalaryň sesine tisginip oýandy. Ol biraz diňşirgense-de, belli bir zat aňşyrmady. Gapa gulak goýdy, äpişgä diň saldy. Gapynyň kakylmagyna garaşýan gelin ýene-de näumyt galdy. Ol gözüni boş diwara dikdi. Ýüzüne düşen ýuwa seçegi ýaly alyn saçynyň tellerini gapdal syryp, barmaklary bilen daraklady. Ýüregine güzer salan ýigidi Wepa bilen baglanyşykly ýatlamalara çümdi...

Ýürekde galan ýatlamalar

Kakaly Berdiýew ýaşlara ynanýardy, olara bil baglaýardy. Zehinli ýaşlary-da gazetiň işine çekýärdi. Kakaly Berdiýew hiç haçan göz-görtele bilip duran zatlaryna göz ýummazdy, gönüläp aýdardy. Ikinjidenem, kän okardy. Hysyrdyly işiniň, jogapkärli jemgyýetçilik ýumuşlarynyň, döredijiliginiň daşyndan okamaga hökman wagt tapardy. Döwürden yzda galmazdy.

Garly gün(oýlanma)

Gyş! Aňzakly günleriň golaýlap gelýänini bildirmejek bolýan dek, sary reňke boýap çykan topragynyň ýakyn wagtda aýazdan goranmak üçin ak gary ýorgan edinmeli boljakdygyna özi günäkär ýaly, köňlüni gussadan dolduryp giden sarymeňiz güýz bilen hoşlaşanymyz ýaňy ýalydy. Ine, eýýäm şadyýan çagajyklaryň gülküleriniň has çasly ýaňlanmagyna sebäp bolan gyşyňam bir aýy yzda galypdyr. Bu ýyl-a gyşyň owadanlygy-da üýtgeşik. Körpejeleriň meýdanda garyň üstünde dürli oýunlary oýnap, şady-horram bolup ýörüşlerini guwanç bilen synlamagyň özi köňlüňi joşdurýar. Sähel eliňe galam alýan bolsaň, nämedir bir zatlar barada oýlanmaga mejbur edýär. Menem bu gün umumy ýaşaýyş jaýymyzyň penjiresinden daşaryny synlap durşuma, akja gar barada pikire çümenimi duýman galdym. Dogrusy, ak garyň beýdip, uzak wagtlap topragy ýassanyp ýatanyny ýatlap ber diýseler, gürrüňim kän bir uzaga gider öýdemok. Sebäbi bular ýaly sowuk, garly gyşlaryň seýrek bolýandygyny ulularam aýdýarlar. Bize bolsa entek o diýen köp gyşy garşylamagam miýesser edenok. Ýöne täsinliginden, owadanlygyndan, şatlyk paýlamak ukybyndandyr-da, sähel wagtlyk myhman bolaýanda-da, gar özi barada süýjüje ýatlamalary goýmaga-ha ýetişýär. Menem şolar ýaly ýatlamalaryň birnäçesini kalbymda edil gymmatbaha monjuk kimin saklap ýörün...

Öýlänçi «Mätäji hakyndaky hekaýalar» toplumyndan

Günbatardan lemmer-lemmer bolup gelen çal bulut, Mätäji şahyryň üzümli dalbarynyň üstüne gelip, bolmajysy boldy. Irigöz elekden dökülýän ýaly ýagyş damjalary, üzüm ýapraklarynyň aýasynda oýun gurýardy. Ýaňy monjuk düzülen ýaly bolan üzüm hoşalary adaty bolmadyk şemalyň ugruna iki ýana hallan atýardy. Gunçasyny güjeňläp oturan almadyr armyt agaçlary başlaryny ýere goýup galdyraýjak ýaly hereket edýärdi. O diýen güýçli bolmadyk şemala tänip, ýere düşýän iki-ýeke ýapragy synlap duran şahyr, tebigatyň bu oýnuna nebsagyryjylyk bilen başyny ýaýkaýardy: —Älhepus, beýle-de bir bişeýkellik bolar eken-ow. Ýeri, gurbany boldugym, asudalyk bilen ýagaýaň-da, näme seniň edeniňe däl diýjek barmy?!