Gelin (hekaýa)
Mallaryňa serenjam berip gelen Maman eje bilindäki düýe ýüňünden dokalan guşagy aýyrdy-da, ony tuduň şahasyna gysdyrdy. Özem ýuwundy-da, tuduň kölegesinde ýazylan düşege geçip basyrylgy duran çäýnegi öňüne çekdi. Ol öýüň işi bilen girip-çykyp ýören gelni Aýnäzigi synlap oturyşyna, içini gepletdi: «Älhepus, munuň haýallygyny gyz, uly gelnim Selbini haýal görýärdim. Indi ol-a şähere göçeli bäri çuslanypdyr. Ýaş gelin dagy oturanda-turanda ýelgamak ýaly haýdabermelidir welin, bu onuň ýaly däl. Eden işiniň-ä kemini goýanok welin, gaty haýal-da, ýöne, tüweleme, keşdäni gowy edýär. Eýýäm gelin-gyzlaram düşünipdir. «Bize-de gaýap bersin» diýip gelip durlar. Gowy zat bolsa, her kim derrew bilýär. Aý, haýal-ýagallygy bilenem oňuşarys-la». Maman eje oňşarys diýse-de, ilki-ilkiler onuň haýallygyny görüp, kanagat edip bilmändi. Bir gün dagy hamyr etmäge gaýdan Aýnäzigiň entegem ony taýýar etmedigini gören Maman eje bilini guşap: «Gelin jan, entek gaýynyň bilinde gurbat kändir, hany, maňa ber, özüm derrew garaýyn» diýip, ýeňini çermäp çanagyň başyna geçende, gelni biraz gatam görüpdi. Ýöne ol hem gaýynenesiniň çalasyn hereketleri, öwüt-ündewi bilen ýuwaş-ýuwaş öwrenişip