"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň gymmatly edebi-ruhy baýlygy

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir. Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde eýeleýän orny uludyr. Türkmen halkynyň çylşyrymly döwri başdan geçiren zamanasynda ýaşan şahyr öz şygyrlary bilen halky agzybirlige, Watany söýmäge çagyrypdyr. Akyldar şahyryň eserleri halkymyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginde döwlet hem Watan temasy düýpli mesele hökmünde gozgalýar. Sarpasy belentde tutulýan şahyryň döredijiliginiň özeni Watana söýgüden başlanýar. Magtymguly il-ýurduny jany-teni bilen söýen şahyr. Ol ähli adyň-abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar.

Güýzüm

Şatlyk sen, ylham sen, melhem sen jana,Joşup ýazylmaly dessansyň, güýzüm!Yşkdan ganat baglap asman uçmaga,Zeminde gül açan bossansyň, güýzüm! Ak säheriň, al şapagyň, ak durnaň,Geň däl, dolanaryňa garaşyp ýörmäm,Bagt ahyr seni ýene-de görmäm,Kalbymdan syzylan kyssamsyň, güýzüm!

Balarylaryň «dosty» (Hekaýa)

Meniň bu ady alşymyň uzyn taryhy bar. Nähili aldyň diýýäňizmi?! Bu ady belli balçy ýaşulular dakdylar. Olar käte atamyň ýanyna oturmaga-da gelerdiler. Bir gezek olar söhbetdeşlikde oguzlar zamanynda Gorkut atanyň oguz ýigitlerine Bamsy Birek, Beset, Domrul diýip at dakyşyny ýatladylar. Onsoň atam gürrüňi maňa syrykdyrdy: «Onda bu günki maslahatda biziň dogmamyza-da at dakaýalyň, olam balarylara özüni ykrar etdirdi» diýip, ýylgyryp oturyşyna gelen ýaşululara ýüzlendi, ýaşulularam şol ady makul gördüler. «Adyňy biz berdik, ýaşyňy Taňry bersin!» diýip gutladylar. ...Özümi bilip, ilki daşaryk aýak basan günüm balarylar bilen tanyşdym. Sebäbi atam balçydy. Ol balarylaryny saklap, şolar bilen güzeranyny dolandyrýan adamdy. Göwnüme bolmasa, onuň özem balarylara meňzeşdi. Onuň bugdaýreňk ýüzi, kirpikmen uly gözi, hüwiniňki ýaly gerlip duran ösgün gaşlary, göni burny, mydama ýylgyrybrak duran ýüzi, işe werziş bolan ýaýbaň egni, galjaňlygy işçi aryny ýada salardy.

Döredijiligiň edebi meýdany

Toý goşgusy Ak bagta ýetendir halkym,Saçak doly nany bardyr.Ýel ygyna atar tolkun,Bugdaýly meýdany bardyr.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly waspçysy, halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyr. Onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadyr. Şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň müň öwüşginli almaz täjidir. Ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Dana şahyryň döredijiligi filosofik nukdaýnazardan hem durmuş hakykatyny özünde jemläp, hemişe adamlary ýagşylyga, agzybirlige, erkinlige çagyrýar. Onuň şygryýeti halkyň ykbalyny, watançylygyny hem gahrymançylygyny, milli mertebesini, ruhy dünýäsini, paýhas joşgunyny öz içine alýar. Akyldaryň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini, sagdynlygyny üpjün edýän ýörelgelerimiziň binýadydyr. Magtymguly Pyragy agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Akyldar şahyryň «Türkmen binasy» goşgusyndaky:

Garaşsyz Watan

Köňül buýsanjymsyň, asuda ülkäm, Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan!Erkinlik içinde göwünler galkar,Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan! Aýlar-ýyllar bize bagty getirdi,Bagtly günler ak daňlara atardy,Başymyzy arşa sary ýetirdi,Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan!

Magtymguly Pyragy

Şygyrlaryň bütin dünýäni gezer,Söz ussady Magtymguly Pyragy.Paýhas gämisini şygyrlaň bezär,Söz ussady Magtymguly Pyragy. Il-ýurt, Watan hakda şygyrlar ýazdyň,Bütin Ýer ýüzüni aýlanyp gezdiň,Paýhas ummanyny çuň boýlap ýüzdüň,Söz ussady Magtymguly Pyragy.

Şahyryň sözi — köňülleriň nagşy

Türkmen edebiýatynyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, täze edebi çemeleşmeler arkaly döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyzyň mirasynda täze ýola, täze döwre, täze ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklaryna bolan çagyryş eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly bähbitli ýörelgeleri ösdüren akyldardyr. Onuň ynsan mertebesini goramak babatdaky pikir-garaýyşlary jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilligini gazanmaga gönükdirilendir. Şunda esasy maksat kämillik hakyndaky garaýyşlaryň üsti bilen, ynsanyň ukyp-başarnygynyň, güýç-kuwwatynyň çäksizdigi hakyndaky pikiri öňe sürmekdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämilleşmek — akyl-paýhasyň, aň-düşünjäniň, ukyp-başarnygyň sözüň doly manysyndaky hereket ediş çägini ýaýýanlygyndadyr» diýen çuňňur pelsepewi garaýşynyň düýp mazmunyna Magtymguly Pyragynyň döredijiligi arkaly hem göz ýetirmek bolýar.

Magtymguly mekdebi — türkmen-täjik dostlugynyň nyşany

Mälim bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly badalga aldy. Şol gün Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep hem ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Akyldar şahyryň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata berdiler. Bu mekdebiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda gapylarynyň açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp waka dogrusynda täjigistanly türkmenleriň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Pyragyny wagyz eden ulama

Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary gyzyklanma eýe bolup, şahyryň ajaýyp şygyrlary dilden-dile geçýär, aýdym bolup kalplara siňýär. Beýik söz ussadynyň ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna besleýän ajaýyp şygyrlaryny dürli dillere terjime edip, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyryň watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly taglymatlary asyrlar içre adamzada hyzmat edip gelipdir. Söz ussadynyň çuň pelsepä beslenen eserleri ynsan köňlüniň nagşyna öwrülip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, agzybirlige, jebislige çagyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde ýazyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar». Häzirki wagtda döredijilik, ylym-bilim bilen meşgullanýan daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň Magtymguly Pyragynyň dünýäde asudalygyň, adamzadyň bagtyýarlygynyň, halklaryň özara düşünişmeginiň berkarar bolmagy baradaky şygyrlarynyň ähmiýetini, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Munuň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň at-a

Beýik dana Magtymgyly

Ýalkym, nury Günde gördüm,Yşk mährini gülde gördüm,Söz gudratyn sende gördüm,Beýik dana Magtymguly. Dumanlydyr daglaň seri,Ylham göwnüň ganat-peri,Tagzym saňa, sözüň piri,Beýik dana Magtymguly.

Waspy dillerde dessan

Magtymguly Pyragy – pähim-paýhasa ýugrulan, asyrlardan joşgun bilen ýagtylygyny saçan akyldar şahyr. Ol  türkmen halkynyň buýsanjy sebäbi, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän şygryýet şalygynyň hökümdarydyr. Şygyrlary bilen şöhle saçýan Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň buýsanjy bolman, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde ornaşdy. Muňa jogap edip, türkmen we daşary ýurt ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, alymlarynyň Magtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan parçalary mysal getirmek ýerlikli bolar. Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar.

Dünýe içre alan baýragyň bilen!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly gurujy, dörediji, öňdengörüji ynsanlaryň tutanýerliligi, başarjaňlygy, gujur-gaýraty bilen täsinlikler, täzelikler ýygy-ýygydan dünýämizi gurşap alýar. Bu sözleriň subudyny gadymy Ahalda — Oguz hanyň at segreden mekanynda sanlyja ýylda bina bolan şäher görkezmeýärmi näme?! Aslynda, üç-dört ýylyň içinde gurlan «akylly» şäher dünýäde bir barmyka?! Munuň üçin azyndan birnäçe onýyllyklaryň gerekdigi hemmä mälim ahbetin. Hut şonuň üçinem mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri — «akylly» Arkadag şäheri dünýäniň iň uly baýraklaryna, iň abraýly atlaryna mynasypdyr.

Terbiýe mekdebi

Türkmen halkynyň guwanjy, dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Akyldar şahyryň edebi mirasynyň şeýle ýokary derejede wagyz edilmegi halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyny hut Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlap döretdi. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» eseriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem ýüreginde ýer edendigini bellemek gerek.

Agam we men (Hekaýa)

Gadymy ertekilerde nesilme-nesil ötüp gidip barýan neberäniň taryhy, adatça, gysgajyk jümlelere sygdyrylyp beýan edilýär. Mysal üçin: «Pylany (patyşamy ýa-da garyp adam, parhy ýok) söýgüli aýaly bilen uzak we bagtly ömür sürdüler, wagty-sagady gelende, olaram dünýäden ötdüler.Yzlarynda bir perzent galdy...». Ine, bar bolany. Şujagaz jümlä tutuş adam ykbaly, giden bir ömür sygýar. Emma ykbal ýoly, aslynda, kelte jümlä sygardan uzak hem külpetli ahyryn, onda söýgi-de bar, ýigrenjem, ajy günlerem bar, süýji günlerem. Hut şonuň üçin men seniň ykbalyňy şeýle gysga beýan edesim gelenok. Sebäbi sen meniň üçin iň ýakyn ynsandyň.

Tuýuglar çemeni (Körpelere okap beriň!)

BAG Miwe iýseň, baga bar!Bu wagt bagyň hezli bar.

Zähmeti görelde mugallym

(Oçerk) Sözbaşynyň beýle goýulmagynyň «syry» bar. «Mekdepde Mesne mugallym okadan bolsa, ol okuwçy ökdedir». Soňam onuň bilen işleşenler, ony halypa saýýanlar sözlerini şeýle jemleýärler: «Zähmeti göreldedi, tejribelidi». Ine, onuň ömür ýoluna berilýän gysgaça kesgitleme şeýle. Şol gysgadan buýsançly jümleleriň aňyrsyndan bolsa, ykbalyň çyn mazmuny — mugallymçylyga bagyşlanan ömür ýoly uzap gidýär. Ol ýol yzarlap otursaň, ýarym asyrdanam aşyberýär.

Hy­juw

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Il­kin­ji sa­pak. Bu sa­pa­gyň ady «il­kin­ji» bol­sa-da, özi eý­ýäm nä­çen­ji sa­pak­dy­gy nä­mä­lim. Ça­ga­lyk­dan eje­me öý­kü­nip, gur­jak­la­ra ge­çi­len «il­kin­ji sa­pak­la­ryň» do­wa­my bu gün ak mek­dep­de kör­pe ne­sil­le­riň mu­gal­ly­my bol­mak bag­ty­na ut­gaş­ýar. Nä­hi­li bagt!

Salam

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Sa­lam! Me­ni öz er­ki­me goý­ma­ýan ýat­la­ma­lar! Sa­lam! At ýa­ly ça­pyp, in­dem ça­ma­na öw­rü­len söý­gi! Sa­lam! Bi­zi biz­den aý­ryp, baş­ga bir ýa­şa­ýşa sy­ýa­ha­ta ýol­lan ýyl­lar! Dog­ry, bu iki­je ýyl en­çe­me zat­la­ry üýt­ge­däý­jek ýa­ly we­lin, ýok, ol hiç za­dy hem üýt­ge­dip bil­män­dir. Me­niň kal­by­myň çuň­lu­gyn­da sen ha­kyn­da­ky sak­la­nyp ga­lan pi­kir­ler, se­niň mä­hir­den pü­re-pür­le­nip du­ran ýyl­gyr­şy­ňy ýat­la­dyp du­ran şol ýa­kym­ly ýat­la­ma­lar, edil er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly, nä­çe müň ýyl­lyk­lar­dan soň göz­le­nip ta­py­lan hum­ly ha­zy­na ýa­ly ýü­re­gi­miň ga­raň­ky­ja ýe­ri­ni ýag­tyl­dyp dur­lar.

Per­zent ha­kyn­da na­kyl­lar

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024