"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Düýe maly — dünýe maly

Tüýs gözleýän adamyma ahyr duşaýdym. Onuň bütin keşbi, gylyk-häsiýeti, ýiti zehini, geçen zähmet ýoly hakynda oýlananyňda, nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň: «Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin» diýen meşhur setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Tutuş 55 ýyl biregne bir kesp-kärde — maldarçylykda zähmet çekmek, onda-da göreldeli, abraýly zähmet çekmek — bu Ýaradanyň ýalkap-hormatlan bendelerine nesip edýän bagt ahyry. 55 ýyl — ýarym asyrdan gowrak mütdet diýmek. Şonça wagtlap ümmülmez Garagumuň tomsunyň depäňi deşip barýan jokrama yssysyna, ýalynly epgegine, aňzakly gyşynyň şatlama sowugyna döz gelip, mal yzynda selpäp, olaryň saglygy barada aladalanyp gezmek, dogrusy, ýeňil-ýelpaý iş hem däl. Bu pişe diýseň erjelligi, tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy, şeýle hem mal-gara bolan çäksiz söýgini, olaryň «diline düşünmegi», üşükliligi talap edýär. Çarymyrat aga bu sähranyň mal-garasy bilen höwrügip gidipdir. Şoňa görä-de, sährada geçiren her bir pursady goja üçin dermandy. Sähradaky mal-gara bilen bir jan-bir tenligi sebäpli-de, onuň öýde oturmaga karary ýetmeýär. Ol heniz gögele oglan döwürlerinde okuwdan boş günleri ömrüni mal yzynda geçiren atasy Durdynyýaz aganyňdyr daýysy Gurbangeldiniň ýanynda bolup, mal bakyşar eken. Olaryň mal bakyşyna, syrkaw-sökel mallara em-melhem edip sagaldyşlaryna içgin syn edip, bu käre imrinipdir. Ruhy pederimiz Magtymguly Pyragyny

Yhlas bilen bir kämile gol beren

Ezeli zehinli, Hakdan içen şahyr «Turgul!» diýdiler» atly şygrynda beýan edişi ýaly, düýşünde, gaýypdan, erenlerden pata alýar. Magtymgulynyň gaýybana pata alandygyny başga-da, «Ýar bizim sary», «Boldum girýana», «Birniçe mysal», «Oýan» diýdiler», «Tasa garşy», «Mährap haýsy bilmedim» ýaly birnäçe şygyrlarynda görýäris. Bu şygyrlar, käbir edebiýatçylaryň «durmuşylaşdyrjak» bolmagyna garamazdan, tutuşlygyna ylmy aňlatmalardan we pikirlerden durýar. Hawa, Magtymguly beýik akyldar şahyr derejesine çenli göterilip bildi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Magtymgulynyň Döwletmämmet Azady ýaly beýik halypasy, beýik mugallymy, beýik pederi bar. Onuň Magtymgulyny turuwbaşdan halkylyk ýoluna salandygyna şek-şübhe ýok. Biz Magtymguly Pyragynyň ussadynyň öz kakasy Döwletmämmet Azadydygyny şahyryň goşgularyndan bilýäris. Şahyryň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýen setirleri Magtymguly Pyragynyň başlangyç bilimi kakasyndan alandygyny subut edýär. Şeýle hem «Oglum — Azadym» aýdyşygy ilkinji sapar Watandan uzaga gidýän Magtymgula Döwletmämmet Azadynyň ak pata bermesidir. Ol aşakdaky setirlerden hem görünýär.

Güýz

Ruhy Galkynyş: ylham joşguny Sary güýzüm,                altyn güýzüm,                               a:l güýzüm,Gözel güýzüm,               göwher güýzüm,                                 gül güýzüm,Beslenip mähirden,                        yşk-u-heserden,Gujak gerip,               gel ýanyma,                               gel, güýzüm!

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — umumadamzat mirasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä giňden äşgär etmekde uly işler amala aşyrylýar. Çünki şahyr hemişe halkyň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, ýokary ahlak nusgalaryny wagyz edipdir. Watany söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň däl, eýsem, beýleki halklaryň wekilleriniň kalbyna hem ornandyr. Her halkyň mertebesi, beýikligi, dünýä beren beýik ogul-gyzlary bilen ölçenýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan, atlary äleme belli Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Magtymguly ýaly taryhy şahsyýetler bilen bellidir.

Kalplarda orun alan akyldar

Türkmen edebiýatynyň taryhynda dürli döwürlerde görnükli şahyrlar ýaşap geçipdirler. Magtymguly Pyragy hem türkmeniň ykbalynda doglan parlak ýyldyz. Şonuň üçin üstünden näçe asyr geçse-de, onuň şygyrlarynyň gymmaty kemelenok. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we onuň joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragy ýüzlerçe ýyl mundan öň özüniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň azatlygy we bitaraplygy barada arzuw edipdi» diýip belleýär. Beýik akyldaryň şygyrlary biziň üçin hemişe halallyk nusgasy bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyz öz bagtyny il bagtyndan üzňe göz öňüne getirmändir. Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary, ynsanyň ahlak sypatlary aýdyň, halka düşnükli dilde beýan edilýär. Adamkärçilik, ynsaplylyk, ynsanperwerlik biziň döwletimiziň baş şygarydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasaty-da, geljek bilen bagly ruhy ýörelgesi-de ynsanperwerlikden gözbaş alýar. Beýik şahyr türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysydyr. Halkyň durmuşyny halka sada dilde, çeper mazmunda beýan edip bilen şahyr adamlary parahatçylyk söýüjilige, zähmetsöýerlige çagyrýar. Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny ussatlyk bilen ajaýyp şygyrlaryna salyp bilipdir. Şahyr her bir ynsanyň ýüregindäki belent duýgulary örän inçelik bilen beýan

Zynhary

Saçyp bolmaz Adam ekse her hyýaly, Magrypeti saçyp bolmaz.Daşsa nebsi, şeýtan päli,Asan ara açyp bolmaz.

Milletini beýgelden beýik söz ussady

Dünýäniň belli edebiýatçy alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň irbaýakdan bäri ykrar edişleri ýaly, döredijilik älemine diňe bir türkmen halkyny ýa-da diňe bir türki halklary däl, eýsem, tutuş ynsanyýeti maýyl eden, adamzadyň ynsanperwer dünýäsi üçin mahsus bolan keremli adalgalary çyrag edinen Magtymguly Pyragynyň eserleri beýik şahyry umumadamzat şahyryna öwürýär. Beýik söz ussadynyň goşgularynda wagyz edilýän, öňe sürülýän çuňňur pelsepewi pikirler, öwüt-ündewler ähli halklar, milletler, döwürler üçin sapak edinmeli, ýol-ýörelge edinilmeli mukaddesliklerdir. Aslynda, tutuş adamzat üçin, onuň asuda, parahat, bagtyýar, durmuşda ýaşamaklygy, özara dostana gatnaşyklary amal etmegi üçin hökmany suratda ýerine ýetirilmeli ýörelgeler bar. Biz bu ýörelgelere watançylygy, ynsanperwerligi, beýik adamkärçiligi, merdi-merdanalygy, ýokary ahlaklylygy, halallygy we şuňa meňzeş ençeme mukaddeslikleri goşup bileris. Akyldar şahyryň döredijiliginiň saldamyny düzýän, adamzady adamzada öwürýän, jemgyýete jebislik, millete merdanalyk, döwürlere döwran berýän mukaddes ýörelgeler öz gözbaşyny paýhasdar pederlerimiziň taraşlap-timarlap, asyrlardan aşyran, heňňamlaryň hikmetine öwren däp-dessurlarymyzdan alýar. Bu biziň türkmen hökmünde, millet hökmünde, halk hökmünde zandymyza siňen, salamdan başlap, mukaddeslige tagzyma çenli ýörelgämizdir. Bir söz bilen aýtsak, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragyny

Akyldar şahyrym şygyr okaýar

Köpetdag etegni görke getirip,Akyldar şahyrym şygyr okaýar.Arzuwlan döwrüniň waspyn ýetirip,Akyldar şahyrym şygyr okaýar. Buýsanyp halkynyň agzybirligne,Tireleň, taýpalaň maksat birligne,Berkarar döwletiň gurlanlygynaAkyldar şahyrym şygyr okaýar.

Söz manysy

Kakra Edebi dilimizde açyk howada Günüň astynda guramak manyda «kakamak» sözi ulanylýar. Gepleşikde munuň bir çekimsiziniň artdyrylyp aýdylyşyna — «kakramak» görnüşine gabat gelýäris. Ýagny «Güne kakradyp goýaýdyň-la», «Güne kakrap, bolup oturşyny», «Garaşyp-garaşyp, halys kakradym» kimin jümleler gepleşik dilimizde häli-şindi ulanylýar. Diýmek, kakramak — kölegesiz ýerde guramak. Elbetde, sesleriň artdyrylyp ýa-da düşürilip aýdylyşy, orun çalyşmasy dilimiziň fonetik aýratynlygyna mahsus häsiýetdir.

Seniň ýaşyňdakak...

(Hekaýa) Ýetmiş ýaşy arka atyp, segsene ser uranam bolsa, Nurberdi aga entek «kaddy dik, süýegi sagdyn» diýilýänlerdendi. Özem biziň göwnümizemi, ýa asly ýasalyşy şeýlemi, onuň ýüzi haçan göräý, gaharly ýa-da bir zatdan närazy ýalydy. Biz-ä entek ýetginjek, elli ýaşap barýan kakam we onuň hatardaşlaram onuň ýanynda özlerini birhili ýygra alyp barýan ýalydy. Şonuň üçin biz ony görsek, diňe: «Salawmaleýkim, Nurberdi aga!» diýmekden aňry geçmeýärdik. Olam başyny atyp, çalaja «Gurgunmysyňyz ýigitler?» diýmek bilen çäklenerdi. Onuň ýene-de bir täsin tarapy, haçan ýa-da kime duşaýsyn, başyny ýaýkap: «Haý, bolşuň gursun, biz seniň ýaşyňdakak...» diýip hüňürdär-de, ýoluny dowam edibererdi.

Tymsallar

Suw liliýasynyň döreýşi Irki zamanlarda bir beýik esger dünýäde özüniň başarnygyndan hem-de edermenliginden nyşan galdyrmak isläpdir. Ol örän güýçli we çalasyn ekeni. Onuň ýaýdan atan oky ýyldyrymdan çalt, adamyň gözýeterinden hem uzaga gidýän ekeni. Esger asmana ok atyp, özüniň çäksiz güýjünden nyşan hökmünde onuň ol ýerde baky galmagyny isläpdir.

Parasatly pikirler

Bu barlyk — dag, hereketlerimiz — sesimiz. Sesimiziň ýaňy bolsa, hemişe biziň özümize dolanyp gelýär. ***

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Ussadyň paýhas hazynasy Ussadyň paýhas hazynasy ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi sungat äleminiň iň bir ýagty ýyldyzlarynyň biri bolup, nuruny saçýar. Şu nukdaýnazardan hem akyldar şahyryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi. Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr diýip, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz nygtaýar.

Ýürege jaý jümleler

Durmuşda üç zat adamyň özüne zyýan berer: öýke, açgözlük we ulumsylyk. Hemme zady ýitirseňem, rehimdarlygyňy ýitirme! Rehimdarlyk adamy adam edýän iň möhüm duýgudyr.

Ýarymlar

Hakyda

Uly ýoluň çatrygynda garaşaýyň... Orazberdi Ylýas daşyndan göräýmäge äwmezegräk ýaly görünse-de, ol mydama hereketdedi, özem känbir ulaga münmän, aglaba pyýada gezerdi. Murgap şäheriniň esasy köçesiniň ugry bilen edara-kärhanalara, mekdeplere, çagalar baglaryna baryp, adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirerdi. Ýaşlaryň arasyndan sungata höweslilerini, aýdym-saza ukyplylaryny ýüze çykaryp, olaryň taplanmagyna kömek ederdi. Onuň zerurlyk bolmasa, känbir iş otagynda oturmasy bolmazdy. Bir gün obadan gelen ýaş oglanlaryň biri etrap medeniýet bölüminiň şol döwürdäki ýolbaşçysy, Orazberdiniň ýegre dosty Hydyr Aşyryň ýanyna baryp:

Hemra wäşiniň degişmeleri

Özüm demleýärin Hemranyň ýanyna dört-bäş sany obadaşy gürrüňçilige gelipdir. Hemranyň aýaly gelenlere çaý demläp bermek üçin taňkany ojakda oturdýar-da, özi ony-muny almakçy bolup dükana gidýär. Çaýy Hemranyň özi demlemeli bolýar. Oturanlar:

Çyn gülem, galmanam solup

Türkmen tebigatyny al-elwan güllere bürenip, kükräp gelen baharyň gözelligi bezese, milli şygryýetimiziň näzik duýgulardan pürepür dünýäsini köňülleriň we döwürleriň saýrak bilbili, «Yşk mülküniň şasy» Mollanepesiň göwün joşduryjy şygyrlary bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kalbymyzda, aňymyzda «Yşk mülküniň şasy» hökmünde baky orun alan Mollanepes adamzat duýgularynyň hakyky waspçysydyr, ynsan kalbyna, ynsan ýüregine ruhy melhem beriji şahyrdyr» diýip, şahyryň döredijiligine berýän ýokary bahasy nusgawy şygryýetimiziň görnükli wekiliniň edebi eserleriniň gymmatyny kesgitleýär. Mollanepes 1810-njy ýylda doglupdyr. Şahyryň kakasynyň ady Kadyrberdi bolup, ol döwrüniň sowatly adamy hökmünde tanalypdyr, oglan okatmak bilen hem meşgullanypdyr. Kadyrberdiniň Agajyk bagşy, Ödekberdi, Hakberdi we Mollanepes diýen ogullary bolupdyr. Mollanepes Buharadaky, Hywadaky meşhur okuw mekdeplerinde okap, türkmen nusgawy edebiýatyny, esasan hem, Magtymgulynyň döredijiligini kemsiz özleşdiripdir.

Adamzadyň kalbynda orun alan akyldar

Magtymguly Pyragy adamzadyň kalbynda ebedilik orun alan şygyrlary ýazan, şol şygyrlaryň esasynda hem taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyran beýik şahsyýetdir. Onuň çuň many-mazmuna ýugrulan, durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açýan goşgulary bütin adamzat jemgyýetiniň, hususan-da, türkmen halkynyň taryhy, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dana şahyryň arzuwlan, çoh garaşan ajap eýýamy gelip, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda berkarar Watanymyz günbe-günden ösýär, özgerýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy beýgelýär, ýaşyl Tugumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany bolup, al-asmanda pasyrdaýar. Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri bizi — bagtyýar ýaşlary hem örän buýsandyrýar, begendirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz

Halkyna eşretli durmuş bagyş eden,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.Döwrümize beýik işler nagyş eden,Arkadagly Gahryman Serdarymyz. Sarpaly gojalar, mährem eneler,Goşalanyp gelýär baýram, seneler,Ak ýollar uzasyn ýene-ýeneler,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.