"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Azadynyň däpleri we Magtymguly

Ösüşlere beslenýän häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda edilen-edilmeli işleriň çygry has-da giňedi. Şeýle ylmy seljermeleriň hatarynda Magtymgulynyň ilkinji halypasy bolan pederi Döwletmämmet Azadydan tälim alşy, onuň edebi däplerini ösdürişi hakdaky pikirler hem wajyp bolup durýar. Magtymguly özüni terbiýeläp ýetişdiren pederine uly hormat goýupdyr. Pederiniň döredijiligindäki, aýratyn-da, «Wagzy-Azat» eserindäki ýöredýän progressiw, çuň many-mazmuna ýugrulan pikirlerini özüniň ölmez-ýitmez döredijiliginde dowam etdiripdir hem-de ösdüripdir. Azadynyň ojagynda ylmyň dürli ugurlaryndan söhbet açýan baý kitaphanasynyň bolmagy, ylym öwrenmek babatdaky pentleri Pyragynyň durmuş çelgisi bolupdyr. Magtymguluşynas alym Muhammetnazar Annamuhammedow «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly ylmy işinde Magtymguly pederi Azada beýik şahsyýet hökmünde garap, onuň adyny ussat, molla, kämil, sähraýy, zahyd diýip tutýar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy pederiniň akyl-paýhasa ýugrulan edebi däplerini ösdüripdir. Onda gozgalýan, öňe sürülýän pikirlerini öz döredijiliginde işläp, ony aýratyn galyba salypdyr.

Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde umumadamzada mahsus ynsanperwerlik meselesi uly orny eýelemek bilen, ol tutuşlygyna edep-terbiýe mekdebine ýugrulandyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Magtymguly öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeçilik ähmiýete eýedir» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy öz okyjysyny ahlak tarapdan edepli sypatlar bilen bezemäge çalyşýar. Onuň döredijiligi beýleki şahyrlaryň döredijiligine seredeniňde, iňňän köptaraplylygy, durmuşyň köp meselelerine içgin ýüzlenenligi bilen tapawutlanýar. Şahyryň her bir sözünde, setirinde, bendinde giň dünýä açylyp görkezilýär.

Sözüň güýji seriňi eýelände

Ýazyjy-şahyrlar döwrüň gözi, milletiň ruhy iýmitini döredijiler hasaplanylýarlar. Şeýle bolansoň olar elmydama we ähli ýerde hormatly myhmanlar hökmünde garşylanylypdyr. Milletimize mahsus bolan bu aýratynlyk öňem şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. Türkmen diliniň söz baýlygyna, ony ýerlikli ulanyp, netijeli peýdalanyp bilýän söz ussatlaryna sarpa goýýan halkymyzyň bu däbi häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrynda bolsa gerek. Ýaz aýlarydy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zaly özümiz ýaly talyplardan ýaňa hyryn-dykyndy. Bu ýerde paýtagtdan gelen meşhur ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyk bolmalydy. Biz duşuşyga bir hepdeden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýördük. Ine, şol garaşylýan pursat ýetip geldi. Mejlisler zalynyň sahnasynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Kaýum Taňrygulyýew hem-de Sapar Öräýew dagy peýda bolanda, güwwüldi al-asmana göterildi.

Paýhas çeşmesinden

■ Ak ýüzde gara hal zynatdyr. ■ Akyl — sözde, mähir — gözde.

Magtymguly Pyragynyň toýunda

Duşuşarlar nesibeli nesillerSähetli gün Hajygowşan oýunda.Gelýän myhmanlaryň yzy kesilmezMagtymguly Pyragynyň toýunda. Gutlag ýagar: «Toýlar toýa ulaşsyn!Döwletiňiz yrylmasyn, nur saçsyn!Ýetmiş iki saz guraly «dil açsyn»Magtymguly Pyragynyň toýunda.

Milli bitewiligiň gözbaşynda duran şahyr

Halkymyzda «Baş bolmasa, göwre läş» diýen parasatly pähim bar. Çünki halky ýaşaýşyň ýeneki menzillerine alyp gitmek üçin onuň jümmüşinden çykan, milli bitewiligiň gözbaşynda duran ruhy ýolbaşçynyň bolmagy zerurdyr. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy şeýle şahsyýetleriň biridir. Ol 1724-nji ýylda Etrek derýasynyň boýundaky Hajygowşan obasynda, şahyr Döwletmämmet Azadynyň döwletli maşgalasynda dogulýar. Aňyrdan gelýän asylly maşgalada doglup, öz döwrüniň tanymal ylym ojaklarynda okap, Gündogar edebiýatynyň ägirtleri bilen tanyşmagy, halypasy, dosty Nury Kazym Ibn Bahr bilen dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmegi onuň geljekde türkmeniň beýik akyldar şahyry bolup ýetişmegi üçin oňaýly şertleri döredipdir.

Tymsallar

Soňky mümkinçilikler Oglanjyk äpet daşy galdyrmaga hernäçe synanyşsa-da, ony ýerinden gozgap bilmändir. Ahyrsoňy güýji ýeterden agyr daşy galdyryp bilmejegine düşünip, gyra çekilipdir. Bu wakany synlap duran atasy agtygynyň ýanyna baryp:

Ähli göwünleriň şahyry

Elime kagyzdyr galam alyp, Magtymguly Pyragy, onuň poeziýasy hakynda bir zatlar ýazmakdan ötri, biraz ýaýdandym. Çünki beýikler hakynda ýazmak üçin hem köp zatlary bilmeli. Bu babatda akyldaryň ýazmak hakyndaky setirleri biziň ählimize kämil we iň beýik nesihat bolup durýar: «...Magtymguly, sözle her ne bileniň, // Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň...» Dogry, poeziýa, onuň wezipesi, ýerine ýetirýän işleri hakynda köp zatlar aýdyldam, ýazyldam. Her näme-de bolsa, poeziýa–— terbiýeleýji bolup, ol halkyň ruhuna özüniň oňyn täsirini ýetirmeli. Şol bir sanda, poeziýa tutuş adamzada hyzmat etmegi başarmaly.

Mukaddeslik mertebesi

Watan — biz üçin hemme zatdan eziz hem zyýada. Watan — ynsan ýüregine iň ýakyn mukaddeslik. Ol mukaddeslik köňlümiziň guwanjy, başymyzyň altyn täjidir. Watany gözüň göreji deý goramak, söýmek her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Bu hakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz şygrynda: Ilinden aýra düşen —Ah urar, ili gözlär —

Mukaddes borç

Dowam eýläp gadym Oguz kadasyn,Mukaddes serhedi goraýarys biz.Geçip pederleň mertlik ýol-ýodasyn,Mukaddes serhedi goraýarys biz. Tabşyrykda mydam durup biz hüşgär,Alysy, ýakyny synlaýas äşgär,Egin-egne berip bu gün deň-duşlar,Mukaddes serhedi goraýarys biz.

Buýsançnama

Gül Watanym — ata-baba mesgenim,Garaşsyz sen, Bitarap sen, baky sen! Sende halal duzum, ygrar-messebim, Garaşsyz sen, Bitarap sen, baky sen! Mertebäňdir ýaz deý ýaşyl Baýdagym, Sen dilimde sena bolan aýdymym, Owal-ahyr mukaddeslik saýdygym, Garaşsyz sen, Bitarap sen, baky sen!

Goňşy bagyň miwesi

Ýaş wagtlarym irden oýanardym-da, ejem bilen malkepbä sary ýola düşerdim. Günde gaýtalanýan ýagdaýdy. Häsiýeti gowudy welin, ejem sagyp bolýança, öňünde gölesini dikgerdip goýmasaň, süýtli sygrymyz teý durmazdy. Haýwan diýjeksiň welin, emma ki olam ene-dä! Onsoň niçikmi sygyr, gölesini ýalap durandyr. Arasynda yzyna gaňrylyp, ejeme-de birlaý göz aýlanam bolýardy. Saglan süýdi süzgüçde süzen ejem, soňra ony gazana guýar-da, teýine ot ýakar welin, ana, şondan soň burnuňy gyjyndyrýan üýtgeşik ys töwerege kükär. Bişen süýtden bir şakäsänem mazaly dolduryp, öňüňe äberer. Onsoň bäş-on gezek owurtlap süýdi egsersiň. Soňra iki eliň ýüzi ýaly çöregem bölägetdin, içine dograrsyň. Çörek süýdi özüne çeker. Üstesine-de süýde ezilen çörek çişip, şakäseden çykaýarly görüner. Eňegiňi galdyrman çaga işdämenligiň bilen bir çetinden gädip ugrarsyňam welin, nädip şakäsäniň düýbüne ýeteniňi duýubilseň, duý-da! Päheý-de welin, agyz suwjartmak niýetim ýok, yzyny köp nokat bilen jemläýerin...

Gözel halypamyz goşgy okanda

Şygyr bossanynda güller açylýar, Köňüllere ruhy lezzet eçilýär,

Şygryýet äleminde

ARKADAG Görelde görkezýär eziz halkyna,

Açyk dursun!

Açyk dursun, Açyk dursun gapyňyz,

ÝÜREGE JAÝ JÜMLELER

Ok diňe yza çekilip atylýar. Durmuş seni kynçylyklar bilen yza çekýän bolsa, seni has uly nyşana sezewar etjekdir. Nyşana almagy dowam et! Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar.

Bolan waka

KÖRPEJE Tomsuna oba agşamlarynyň hoştap howasy, tes-tegelek dolan Aýy, täsin ýyldyzly, dup-dury asmany, diýseň, owadan. Şeýle gijeler şemalgär ýerdäki seleň sekide babamyň Akmaýanyň ýoly, toplumyndaky ýyldyzlar baradaky gürrüňlerini diňläp, uka gitmek biz üçin hezilligiň aňrybaşydy. Salkyn agşamlaryň birindäki söhbedimizi ilki mähnet kellesini çilşirlen öň aýaklarynyň üstünde goýup ýatan itimiz — Çaňňal çalarak hyňranyp, soňam öýümiziň tarhany pişigimiz tüýlerini hüžžerdip, takyrlyga bakyp “tyssyldap” pişik haýbatyny edip bozdular. Birdenem jigim Mähribankäbe ilki Aý aýdyňlykda takyrlyga tarap seredip: “Waý, ojagaz enaýyja zady” diýip, soňam telefonyň çyrasyny tutdy welin, gulajygyny harraldyp, garaja gözjagazlaryny ýyldyradyp, uzynja tumşugynyň ujundaky gülkünç burunjygy bilen pyşgyran bolup bir kirpijik dur. Ol entek tikenlerem gatap ýetişmedik, hatda ýumak bolmagam bilmeýän çaga kirpijik eken.

Bazar Öwezli gürrüňlerden

HAS UZAGA GITJEK... Bazar aga ömrüniň soňky günlerinde hem näsaglygyna garamazdan, köne dostlary gelende, halynyň ýetdiginden degişmegi goýmazdy. Bir gün onuň halyndan habar almak üçin wäşi artist, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Meret gelipdir. Bazar aga saglyk--amanlyk soraşandan soň, Çara ýüzlenip:

Ruhy çyragymyz

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Milli medeni mirasymyzy, şol sanda edebi gymmatlyklarymyzy halkara derejede wagyz etmäge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üns berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny düýpli öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan köptaraply işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Okaň Magtymgulyny!

«Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Ýagşyny, ýamany saýgarjak bolsaň,Yhlas bilen okaň Magtymgulyny!Durmuş kynçylygna eýgerjek bolsaň,Höwes bilen okaň Magtymgulyny!