"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:

— Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. * * *

Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym!

Bitaraplyk diýmek näme? Söz aslyna aralaşyp, aňyşym, alşym, düşünişim boýunça şeýleräk beýan etmäge çalşaýyn. Özüň bilen, güzeranyň bilen bolmak bu, özgäň gününe guwanmak bu hemem uly dünýäýe dolmak bu. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dünýäň ýurtlaryna, dünýäň halklaryna uly münberden ýüzlenip, taryhy söz sözlände, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyny buýsanç bilen belleýär. Şondaky guwanjyň bäri-bärde durmaýar. Höwesiň, hyýalyň kalba ganat bekleýär. Uçýaň sen, dünýäni guçýaň sen. Dereje şol ýerde, reje şol ýerde, abraý şol ýerde, at şol ýerde.

«Her sözüm bir dürdür gadryn bilene...»

Galbir, galbiri Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Gezemek bilen» atly şygrynda her bolar-bolmaza içiňi döküp syryňy aýtsaň, ol seniň kalbyňdaky pynhan duýgularyňy, maglumatlaryňy uly ile ýaýyp, seni oňaýsyz ýagdaýa salar diýen manyda şeýle nesihat edýär:

Maksatlaryň çür başynda Watan bähbidi

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan: — Bir gezek bilegi berdaşly, dogumy daglara bäs edýän, gözlerinden ot syçrap duran, gorky-ürkä per bermezek, her zähmete werziş bolan ýaş ýigitleriň biri Oguz hanyň huzuryna baryp: «Han aga, siziň gullugyňyza geldim. Ömrümi Watan wepasyna, halk hyzmatyna bagyş etmekçi» diýipdir. Oguz han ýaş ýigidi parasat nazary bilen synlap: «Ýeri, sen Watanyň hatyrasyna nämeleri başararsyň we nämelere taýýar?» diýip sorapdyr. «Buýran her bir zadyňyzy gaýra goýman berjaý etmäge, gerek bolsa, Watan üçin şirin jandan geçmäge taýýar» diýip, ýaş ýigit pert pert jogap beripdir. «Ogul, sen ilki Watan üçin ýaşap bilýändigiňi görkez. Watan üçin serden geçmäge taýýardygyňa ynanarym ýaly...» diýip, Oguz han ol ýigidi ýanyna nökerlige kabul edipdir.

Ruhy galkynyş: ylham joşguny

Gözel paýtagtym Goýnuňda oýanyp, ýüzüme sylýan,Nurana paýtagtym, säherler seni!Dünýä döwletleri dost diýip bilýär, Nusga saýýar ýurtlar, şäherler seni!

Diliň bolsa sözle, Gyrat!

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, owalynda bedew ata behişdi jandar hökmünde garaýan halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Mätäjiniň: Kylsa Mätäji güman, behişdi haýwan başy sen,Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew —

Magtymguly Pyragy — ýürekleriň çyragy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ylmy we çeper eserleriň ençemesi çap edilýär. Golaýda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym» atly goşgular ýygyndysy neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitapda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapdaky mähir-muhabbete ýugrulan goşgular üstümizdäki ýylda ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýan Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamyna, berkarar türkmen döwletiniň bu günki ýeten belent sepgitlerine şahyr zenan Gözel Şagulyýewanyň özboluşly seslenmesidir, ýürek owazydyr. Täze kitaba şahyryň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp ýazan söýgi, durmuş baradaky goşgulary hem girizildi. Many-mazmuna, çuňňur çeperçilige ýugrulan şygyrlar, olardaky pelsepewi pikirler okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ýolda ýatan daş hakda

Iňrik garalypdyr. Şol wagt iki dogan ýol bilen barýan ekeni. Uly dogany ýolda ýatan daşy görmän, oňa büdräpdir hem-de aýagyny agyrdypdyr. Ol agsaklap, daşdan sowlup geçipdir-de, dogany bilen ýoluny dowam etdiripdir. Ertesi olaryň ýoly ýene şol ýerden düşüpdir. Gün ýaşyp, daş-töwerek garaňkyrapdyr. Bu gezek şol daşy görmän, oňa doganlaryň kiçisi büdräpdir hem-de aýagyny erbet agyrdypdyr.

Gün dogup gelýärdi (hekaýa)

Gün dogup gelýärdi. Onuň tyl­laýy çyrazlary ýylçyr gaýalara düşüp lowurdaşýardylar. Daragtlaryň ýapraklary Günüň nuruna has-da terlenip, öwşün atýardylar. Ýapraklara, parç bolup boý alan otlara siňňin seretseň, olar ýap-ýaňyja ýaşyl boýaga batyrylyp çykarylypdyr diýdirýärdi. Giň jülgeden atyny maýdalyna sürüp barýan Ärsak patyşa hem bu hözirlerden binesip däldi. Ol daş-töweregindäki gözel­liklere bakmakdan doýmaýardy.

Dünýewilige ýugrulan şygyrlar

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir öz halkynyň aladasy bilen ýaşaman, eýsem, adamzadyň ykbaly hakynda-da öz pikir-garaýşyny dürdäne döredijiliginde belläp geçipdir. Dogrudan-da, häzirki zaman ýaşaýşynda pähim-paýhas ilkinji orunda durýar we ol ynsanyýet ýaşaýşyny bakylyga öwürmekde ýeke-täk usul hökmünde özüni görkezýär. Hakykatdan-da, parahatçylygyň diňe gepleşikler, maslahatdyr geňeşler bilen pähim-paýhasa eýerip, gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi şygyrlarynyň birine göz aýlalyň:

Ketjallar (nowella)

Eger biz söhbedimizi bir daragta meňzetsek, onda onuň topraga uran kökleri birneme öňräkki döwürde galdy. Oba hojalyk ugrundan ýokary okuw mekdebinde okaýan Seýitguly Aşgabadyň günbatar-demirgazyk bölegindäki howlularda kireýine ýaşaýardy. Onuň ýanynda bolýan obadaş oglanlary Öwezdir Meret bolsa beýleki ýokary okuw mekdebinde okaýardylar. Olar irden okuwa diýip çykyp gidensoňlar giçlik dolanyp gelerdiler. Ýöne Seýitguly welin, sapaklary gutaran dessine ýaşaýan ýerine gelerdi. Garbak-gurbak edinerdi-de, eline kitabyny alyp, bolýan jaýlarynyň daş işiginde goýlan oturgyja özüni goýbererdi. Kitaba her näçe ünsüni berýän-de bolsa, onuň ýüzüniň Muhy aganyň öýüne bakyp durýandygy üçin bolmagy mümkin, öýden girip-çykýanlara gözi düşerdi. Muhy aga ölemen küştçi bolansoň, özi ýalylary çagyrardy-da, üzüm dalbarynyň aşagynda goýlan agaç sekiniň üstünde, ýumşak körpeçäniň üstünde ýanbaşyny ýere berip, küşt tagtasyna bir egildigi galmazy bolmazdy. Käte-käte käsesine çaý guýunsa-da, ondan owurtlamagy ýadyndan çykarardy. Birmahaldan soň käsesinden bir owurtlardy-da, sowap giden çaýyň galanyny gapdala serpip goýbererdi, soňundanam: «Çaýy täzeläň!» diýip, hiç biriniň adyny tutman, gygyrybrak aýdardy. Şonda içerden iki örülen saçlary öňüne atylan bir gyz Muhy aganyň öňündäki çäýnegi alyp giderdi. Seýitguly onuň Muhy aganyň gyzy Bahardygyny bilýärdi. Birazdan soň hem ýene iki örülen saçlary öňüne

Gözelligiň gönezligi

Ol sungat ugry bilen baglanyşykly ýokary okuw mekdebiniň talyby boldy. Özüniň hünär saýlamak, saýlan hünäri boýunça talyp bolmak mümkinçiliklerinden ruhlanan talyp okuwa juda höweslidi. Şeýle bolansoň, ol halypa mugallymlarynyň tabşyrýan ýumuşlaryny-da aňryýany bilen ýerine ýetirmäge çalyşýardy. Bir gün mugallym talyplara olaryň ykbalyna täsirini ýetiren bir gahrymanyň suratyny çekmegi tabşyrdy we şol surat esasynda bäsleşigiň geçiriljekdigi hakynda aýtdy. Geljekki nakgaşlar bu işi höwes bilen ýerine ýetirmäge başladylar. Kimsi dünýä belli suratkeşiň, kimsi meşhur sazandanyň, kimsi görnükli aýdymçynyň, kimsi akyldar filosofyň, kimsem multfilmleriňdir kinofilmleriň baş gahrymanlarynyň suratyny çekmäge girişdi.

Ak sözen (hekaýa)

Biziň obamyzda ilki gülleýän agaç ak sözen. Onuň gülleri-de üýtgeşik. Obamyzyň hemme zady onuň bilen bagly. Ak sözene dahylsyz ýekeje hojalygam tapmarsyň. Şonuň üçin biziň hemmämiz oňa hormat bilen garaýarys.

Ýiten ogul (hekaýa)

Magtymguly öten agşamdan bäri myhmançylykdady. Ol häzir Allaberdi beg bilen howlynyň törüni eýeläp oturan garry tuduň kölegesinde guşluk çaýyny içýärdi. Allaberdi beg:

Aždar

Döwli aga Ýolbars bilen Akguşy süriniň ýanynda alyp gidip, Akbilegi bolsa goşda galdyr­mak kararyna geldi. Çünki ol şu gün-erte güjüklemelidi. Ýene-de garawsyz galýan goşa goragam gerekdi. Bu ýerde mallaryň suwa ýakylýan süýji suwly guýusydyr suwly nowalar, ätiýaçlyk bede küdeleri, çöp-çalamdan edilen çalmardyr agyl hem-de birnäçe arabalyk gury odunlar eýesiz galýardy. Baharda ygalyň kemräk bolanlygy sebäpli, «Gökýaýlada» ýeriň ýüzüne çykan gyrtyç­lardyr gök otlar bireýýäm gurap, samana dönüp, onuň adyndan başga gökläre zat galmandy. Şonuň üçin sürini otlurak ýere, «Garaşora» ýa-da «Sazakla» tarap sürüp görmelidi. «Düýelidir» «Böri daranda-da» ýagdaý şu ýerdäkiden öwerlik däldi. Şonuň üçin Döwli çopan ilki bilen sürini «Garaşora» tarap alyp gitmegi göwnemakul gördi. Kim bilýär, näçe günde yza dolanyljagyny. Hemişe şeýle bolanda bir hepde, hatda ondan-da gowrak günläp, goşdan uzaklara gidilerdi. Şuny göz öňünde tutan ätiýaçly çopan çolugyna iki hepdelik azygy eşeginiň yzyna bökdermegi tabşyrdy. Döwli çopanyň özem şeýtdi. Garagumda goýun bakýan çopanlaryň bir gowy edähedi bar. Olar süri bir günlük goşdan daşa sürülse-de, bir hepdäniň azyk-suwlugyny ýany bilen göterýärler. Çünki ymgyr sährada ýoldan azaşan ýa-da heläkçilige uçrap, aç-suwsuz galan kimdir biriniňem gabat geläýmegi mümkindi. Şeýle ýagdaýa duçar bolnanda çopanlar özlerini unudyp, ilki bilen mätäje kömege howlugýarlar.

Gysga gepim — gymmatym (kyssaýy rubagylar)

Uly sürä sygmadyk iki goçuň şahlaryny kesdiler-de, bir gazana sygdyrdylar. * * *

Gyz göwni gülden näzik (hekaýa)

Söýgi adamda ýaşaýşa höwes döredýär. Söýmek we söýülmek ajaýyp duýgy bolup, Allatagalanyň her bendesine eçilen peşgeşidir. Gyz bolsaň, edepli ýigit bilen durmuş gurmak, agzybir öýüň bikesi bolmak barada kalbyňda ýagşy arzuwlar besleýärsiň. Edil şonuň ýaly, ýigit bolsaň-da, bile durmuş gurjak gyzyň barada päk arzuwlarda, ýagşy niýetde bolýarsyň. Gülaýym hem şeýle arzuwlar bilen ýaşaýardy. Ol ejesi ýarawsyz bolansoň, «Abraýly, başym gyzyl kürteli durmuşa çykyp gidenimi bir görse, käbäm» diýip, dileg edýärdi. Gülaýym maşgalada ýeke gyzdy. Olaryň agzybir maşgalasy bardy. Ol ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýardy, sapaklaryna diýseň gowy ýetişip, mugallymlarynyň söýgüsini gazanypdy. Gülaýym ýuwaş, çekinjeň, asylly gyzdy. Şonuň üçin bile okaýan ýoldaşlary-da ony hormatlaýardylar.

Edebi älemleriň gözleginde

Döredijilikde gabat gelýän ýagdaýlar bolýar. Bu Amannepes Şyhnepesow babatda-da şeýle boldy. Edebiýatçy alym Kakajan Ataýew barada birinji gezek makala ýazanymda onuň seýregem bolsa döreden rubagylaryndan «Çuňluga gitse kökler» diýen setirini sözbaşa çykarypdym. Ara ýyllar salyp, ikinji gezek söhbetdeşlikden soň ýazan makalamy bolsa «Oguz dünýäsiniň gözlegçisi» diýip atlandyrypdym. Edebiýatçy alym Amannepes Şyhnepesow hakda makala ýazmak üçin ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda saklanýan gazet-žurnallaryň nusgalaryny agtaranymda, onuň okuwçy döwri ýazan şygyrlaryna duş geldim. Şonda makalama «Olaň beren sowgadyn berip bilmez başgalar» diýen şahyrana setirini sözbaşy edip almagy göwne makul bilipdim. Bu günki gün, ýurdumyzda we halkara derejesinde uly wakalaryň biri hasaplanylýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligini öwrenmekde düýpli işleri alyp barýan alymlaryň biri hökmünde, Amannepes mugallym bilen söhbetdeş boldum. Şu makalanyňam ady onuň bu günki günde alyp barýan işleri bilen baglanyşdyrmagy dogry hasapladym. Döredijilikdäki bu baglanyşygyň iň esasy sepi Kakajan Ataýew Amannepes Şyhnepesowyň ylmy ýolbaşçysy bolan. Bu ýerde diňe bir makalalaryň tematikasynyň baglanyşygyny däl, halypa-şägirtlik milli ýörelgäniň kämil dowamatyny hem görmek bolýar. Biz «oguz dün

«Ýürek «ýürejik» däl»

Aram-aram oturyp-oturyp oýlanýaryn: biz özümizden uly halypalarça barmykak? Böwrüňi bükgüldedýärsiň. Göwnüňe bolmasa, şolarça ýok ýaly. Ýöne arasynda ikirjiňlenýärsiň. Şonda öz sowalyňa özüň jogap tapman, alasarmyk ýagdaýda galýarsyň. Halypalaryň halypa kemi ýokdy. Olar ýazýan zatlarymyzy çintgäp-çintgäp okaýardylar, kemçiliklerimizi ýüz görüp, gapyrga syrman aýdýardylar, asgyn çekýän ýerlerimizi düşündirýärdiler. Käteler öteräk igenýärdilerem, sülä gelýän eserlerimizi ýaltanman taraşlaýardylar. Biz muny bolmaly zat hökmünde kabul edýärdik. Gowy tarapy, halypalar biz bilen deň-duş ýaly gatnaşýardylar, oturyp-turuşýardylar, begençlerini-gynançlaryny paýlaşýardylar. Gedemlik, ulumsylyk olar üçin ýatdy.

Söz ussadyny ýatlap...

Türkmen topragy ençeme batyr gerçekleri, akyldarlary, alymlary, şahyrlary, bagşylary, senetçi ussalary dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň döreden dürdäneleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda baky orun aldy. XX asyr türkmen edebiýaty Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Ata Atajanow, Gara Seýitliýew, Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow, Kerim Gurbannepesow, Atajan Tagan, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Kakabaý Ylýasow, Gowşut Şamyýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow ýaly ençeme zehinli ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen baýlaşyp, täze öwüşgine eýe boldy. Özboluşlylygy, akgynlylygy, çeperligi bilen tapawutlanan ýüzlerçe eserler türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyryp, okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Çeper many-mazmuny bilen okyjylaryň ýüreginde hemişelik orun alan eserleri döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Şamyrat Taganow hem türkmen edebiýatyny baýlaşdyran görnükli ýazyjylaryň biridir. Bir kişi hakynda söhbet ediljek bolsa, ilki bilen onuň terjimehaly bilen gyzyklanylýar. Çünki ýazyjydyr şahyryň terjimehaly onuň döredijiliginiň gönezligidir. Sebäbi doglan obasy, önüp ösen mekany, oglanlykda gezen ýerleri soňra ýazyjy-ş