"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ýaşyl gurşaw — ekologiýa syýasatymyzyň baş maksady

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalara, dabaraly çärelere has baý ýyldygy şübhesizdir. Çünki asyrlarboýy arzuwlanan milli Garaşsyzlygymyzy alanymyza 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirden uly taýýarlyk işl

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 29-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary «ýaşyl» ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda Zeminiň «öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar topragy ýel-ýagmyryň täsirinden gorap, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün edýär. Şonuň bilen birlikde-de, tokaýlar şu günüň wajyp ekologiýa meseleleriniň biri bolan howanyň ählumumy maýyllygyna düýpli täsir edýän kömürturşy gazyny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir.

«Ýaşyl» energiýa — geljegiň energiýasy

Daşky gurşawyň abadançylygy soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan iň derwaýys meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda hem tebigaty goramak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýeti» ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän ähli asylly işlerde bolşy ýaly, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hem hususy ulgamyň wekilleri işjeňlik görkezýär. Bizem ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça baý tejribe toplan «Täze energiýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Nury Hydyrow bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri we alternatiw energetikanyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Gözel Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözelliklerini artdyrýar. Olar durmuş nukdaýnazaryndan dynç almak we gezelenç etmek üçin ýer we ekologiýa babatda oňaýly mikroklimaty emele getirýän düzümler hökmünde şäheri ösdürmegiň möhüm ugruna öwrüldi. Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde — meýdançalarda we şaýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň binalarynyň öňünde görmek bolýar. Aşgabat köpsanly suw çüwdürimleriniň jemlenen şäheri hökmünde giňden tanalýar. Paýtagtymyzyň «Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy jemgyýetçilik ýerinde suw çüwdürimleriniň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Ýylyň dowamynda we gije-gündizde suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň bezeg aýratynlyklary bolup hyzmat edýär. Seýilgähler, tebigy gözellikler hakyky şäher gurşawyny, jemgyýetçilik giňişligine çeper mazmun bermek sungatyny emele getirýär. Şunuň bilen birlikde, bu sungat eserleriniň kompozisiýa we gözellik çözgütleri, öwüşginligi beýan edip, milliligi giňden şöhlelendirýär, şunda Oguzhanyň sekiz burçly şugla saçýan ýyldyzy esasy aýratynlyk bolup ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary

Materikler we okeanlar hem-de olaryň geografik atlarynyň manysy

Awstraliýa — latynça australis - «günorta» diýmekdir XVII asyryň başynda gollandlar bu materigi açyp, oňa Täze Gollandiýa diýip at berýärler. 1814-nji ýylda iňlis deňizde ýüzüjisi Metýu Flinders materige Terra Australis - «Günorta ýurt» diýen ady dakmagy teklip edýär. Soňra bu adyň diňe Awstraliýa (“günorta») diýen bölegi ulanylmaga başlaýar. Aziýa — assiriýalylaryň «gündogar» manysyndaky asu sözünden bolup, bu at ilki Egeý deňziniň gündogar kenaryny aňladypdyr. Gadymy grekler Kiçi Aziýanyň kenarýaka sebitlerine, rimliler bolsa şu ýerdäki Pergam döwletine Asyýa diýipdirler. Has soňrak bolsa bu at dünýäniň iň uly bölegine dakylypdyr.

Suwy rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz 9-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýakyn geljek üçin wezipeleri kesgitlemek bilen, oba hojalyk toplumynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 27-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tebigat — biziň baýlygymyz

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigy baýlyklary goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar. Tebigy baýlyklary goramak babatynda asylly başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan anyk çäreler görülýär. Halkara kadalaryna laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» we beýleki Kanunlar kabul edildi.

«Ýaşyl» energetika: ekologiýa abadançylygy

«Ýaşyl» ýa-da alternatiw energetika energiýany almagyň, geçirmegiň hem-de ulanmagyň edil adaty energetika ýaly giňden ýaýramadyk, emma geljegi uly hasaplanýan usullarynyň umumylygydyr. Adaty energetika kömür, nebit we tebigy gaz ýaly ýangyçlary ýakmak arkaly alynýan energiýanyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Şonda bölünip çykýan kömürturşy gazy tebigata belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirýär. Alternatiw energetikada bolsa Gün, ýel, suw tolkunlary, bioýangyç we tebigy galyndylar ýaly daşky gurşaw üçin howpsuz çeşmelerden energiýa öndürilýär. Soňky onýyllyklarda bütin dünýäde klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýlar zerarly alternatiw energetika bolan gyzyklanma barha artýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasy has arzan we elýeterli bolup, dürli ýurtlarda onuň täze kuwwatlyklary ornaşdyrylýar. BMG-niň daşky gurşawy goramak Maksatnamasy boýunça gaýtadan dikeldilýän energetikanyň meseleleri bilen meşgullanýan «REN21» seljeriş merkeziniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda bütin dünýäde «ýaşyl» energetika pudagynda 11 milliondan gowrak adam işleýär. Şolaryň esasy bölegi (3,5 milliondan gowragy) Gün energetikasynyň, bioenergetikanyň (takmynan 2 million) we gidroenergetikanyň paýyna düşýär.

Sazlaşyk

Käte tebigat bilen ynsan kalbynyň gözelliginiň sazlaşygy dogrusynda pikirlenýärsiň. Olaryň ikisiniň arasynda göze görünmeýän baglanyşygy syzýan ynsanlaryň bardygy barada oýlanýarsyň. Şeýle zehini bolan adamlardan güýçli şahsyýetler döreýär. Olar öz Watanyny tebigatdan aýry göz öňüne hem getirip bilmeýärler. Hormatly Prezidentimiz hem bize tebigaty söýmegi, onuň baýlyklaryny gözüň göreji ýaly goramagy öwredýär. Hut milli Liderimiziň tagallasy bilen geçen ýyllarda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin tutanýerli işler alnyp baryldy. Şu günlerde hem bu işleriň arasy üzülmeýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe tutuş jemgyýetiň ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilişi bilen berk baglanyşdyrylýar. Şu maksat bilen welaýatlaryň çäklerinde miweli, saýaly, pürli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň her ýylda millionlarçasy oturdylýar.

Hammamy arassalamagyň düzgünleri

Tämizlik äh­li ýer­de ze­rur­dyr. Aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni dog­ry ge­çir­mek ar­ka­ly ham­ma­my­ňy­zyň hem gö­ze ýa­kym­ly we tä­miz gö­rün­me­gi­ni ga­za­nyp bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin me­bel­le­riň, ha­jat­ha­na­nyň we beý­le­ki zat­la­ryň aras­sa bol­ma­gy ze­rur­dyr. Ham­mam­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň kä­bir düz­gün­le­ri­ni dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris: Arassaçylyga baş­la­maz­dan ozal re­zin el­lik ge­ýiň! Soň­ra diş çot­ga­sy, şam­pun, sa­byn, desmal ýa­ly zat­la­ry ham­mam ota­gyn­dan çy­ka­ryň! Pen­ji­re­le­ri we ga­py­la­ry açyň, öýüň içi­ni, ham­ma­my ýe­le­ji­re­diň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Daşky gurşawy goramak

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.         

Gün urmasyndan goranalyň!

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.  Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy saglyga eserdeň bolmagy talap edýär. Bu döwürde suw we madda çalşygy işjeňleşip, bedendäki artykmaç suwuklyk derlemek arkaly bölünip çykýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin günüň dowamynda 2,5—3 litr arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Tebigat — biziň öýümiz

Tejribe alyşýarlar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirilýär. Munuň özi her bir obanyň, şäheriň ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, ulag we demir ýollaryň ýakalarynda, akabalaryň we derýalaryň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäkleriniň giňelmegine itergi berýär. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde zeminiň bezegi, görki bolan baglary ösdürip ýetişdirmek, obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ene topraga, gözel tebigatymyza çäksiz söýgini döretmek maksady bilen hünär bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň halkara ekologiýa syýasaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara guramalary bilen köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar, umumadamzadyň geljegine gönükdirilen başlangyçlary BMG-niň dürli derejedäki düzümlerine yzygiderli hödürleýär. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler girýär.

Ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti

Döwlet Baştutanymyz: «Esasy wezipeleriň biri hem ilatyň ekologiýa medeniýetliligini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemek bolup durýar» diýip, çykyşynda nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban EZIMOWA bilen söhbetdeş bolduk: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, şahsyýetiň ekologiýa aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär. Sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň durmuş-ýaşaýşy, ösüşi, geljegi, adam ekologiýasy gönüden-göni bagly bolup durýar. Ekologiýa meseleleriň global görnüşde ýüze çykmagy bu ugurda täze ylmy meseleleriň öwrenilmegine itergi berýär. Bu babatda ekologiýa diplomatiýasy, ekologiýa dolandyryş, adam ekologiýasy, şahsyýetiň ekologiýa ugurdan bilimini we aň-düşünjesini kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýeti, ekologiýa edebi, «ýaşyl ykdysadyýet», zyňyndysyz önümçilik tehn