"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +19... +24 gradus maýyl bolar.

Täsin seýilgähleri döretmek sungaty

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň has-da gowulandyrylmagynda, ösümlik dünýäsiniň tebigy şertleriniň goralmagynda we rejeli peýdalanylmagynda öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşaýjylary, ähli edara-kärhana işgärleri, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlary bu babatda işjeňlik görkezýärler. Ak mermerli paýtagtymyzyň dynç alyş ýerlerinde, ýanýodalarynda, köçeleriň kesişýän ýerlerinde seýilgäh baglaryny döretmekde sungat eserlerine bäsleşip bilýän, çeperçilik taýdan sazlaşykly birnäçe kompozisiýalar ulanylýar. Olar barada gürrüň bermek biziň üçin has ýakymly.

Nebit berýän daragt

Dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň tropiki tokaýlarynda ösýän kopaifera ösümligi bolsa gerek. Bu ösümligiň baldagyndan akýan şire himiki düzümi boýunça dizel ýangyjyndan tapawutly däldir. Uly ýaşly kopaifera agajy bir gije-gündiziň dowamynda 20 litr «ösümlik ýangyjyny» öndürýär. Kopaiferanyň bir gektaryndan ýylyň dowamynda 12 müň litr ýangyç almak mümkindir. Bu ösümligiň şiresi terpenlerden ybaratdyr. Agaç terpenleri adaty skipidardan emele gelýär. Skipidar agajyň sütüniniň içinde gyzyp, metanola we beýleki ýangyç uglewodorodlaryna öwrülýär.

Tebigat täsinlikleri

Ýer ýüzündäki almazlaryň köp böleginiň ýaşy üç milliard ýyldan geçýär. Indoneziýadaky Krakatau wulkany 1883-nji ýylda adamzada belli bolan iň batly sesi çykarypdyr. Bu ses Mawrikiýada hem eşidilipdir. Bu bolsa, wulkandan 4828 kilometr daşlykdadyr.

Gözel tebigatyň bezegi

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi diýseň baý. Eziz Diýarymyzda gülleriň örän köp görnüşi ösýär. Şeýle owadan gülleriň biri hem çigildemdir. Çigildemleriň örän owadanlygy üçin adamlar hemişe olary eý görüpdirler. Gadym döwürlerde halkymyz bu güli janlanýan tebigatyň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Çigildemler liliýalar maşgalasyna degişli bolup, beýleki liliýalar ýaly köp ýyllyk ösümlikdir. Çigildemler bahar paslynda gögerýärler. Mart, aprel aýlarynda gülleýärler. Olar tohumlaryndan köpelip, gülläninden soň güllän ýerinde köpsanly ýasy, tohumlardan doly gozajyk peýda bolýar. Gozajyk ýarylyp, tohumlar dürli tarapa ýaýraýarlar we güýzde gögerýärler. Gozajykdan düşen ýüzlerçe tohumdan gögeren ösümlikleriň diňe birnäçesi saklanyp galýar.

Baharsyň

Ýürek ýarsyp messan basyp gelşine, Bar pasyldan uz diýilen baharsyň. Ýyly ýöräp Günüň tylla erşine, Maňlaýyna nur ýaýylan baharsyň. Säherleriň süýt dek, şapagyň läle, Topragy getirdiň iň juwan hala. Agşamlar bürenip owadan şala, Gündizlerde gül geýinen baharsyň.

Gaplaňgyryň dermanlyk ösümlikleri

Türkmen topragy ekologiýa taýdan arassa ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Ýer ýüzünde bar bolan janly ýaşaýşyň dowam etmegi üçin ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Ösümlikler janly-jandarlaryň köpüsi üçin iýmit bolup hyzmat etmekden başga-da, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin çig malyň baý goruny emele getirýär. Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümliklerdir. Olaryň ýaýraýşyny, köpelişini ylmy taýdan öwrenmekde döwlet tebigy goraghanalary möhüm ähmiýete eýedir.

Guşlar dünýäsinde

Türkmenistanyň çäginde hemişelik we wagtlaýyn ýaşaýan guşlaryň 430-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlar baharda höwürtgeleýärler, köpelýärler. Olaryň bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler we ol ýerlerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de ýurdumyza gyşlamaga gelýärler. Her ýylyň 1-nji aprelinde bellenilýän Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ülkämiziň guşlary» atly sergi açyldy. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, şeýle-de suratlarydyr haly pannolaryň üsti bilen köpdürlüligi we owadanlygy görkezildi. Guşlara degişli ylmy kitaplardyr žurnallar bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň guşlary öwreniji alymlarynyň portretlerini hem görmek bolýar. Sergide-de görkezilen durna, karkara, çal durna, soltantowuk, togdary, toklutaý ýaly durnaşekilliler toparyna degişli guşlaryň ýurdumyzda 13 görnüşi duş gelýär.

Tebigat täsinlikleri hakynda

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Tebigat» bölüminiň ylmy işgäri, geolog we paleontolog Aman Nigarow bilen şol bölümiň müdiri Enejan Altyýewanyň bilelikde taýýarlan «Türkmenistanyň akçagyl döwrüniň jandarlarynyň aýak yzlary» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapda ýurdumyzyň çäginde akçagyl döwründe ýaşan düýeleriň, goşatoýnaklylaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň we guşlaryň tebigy ýadygärliklere siňen aýak yzlary hem-de olaryň tapylan ýerleriniň tebigy şertleri barada ylmy maglumatlar we fotosuratlar esasynda gürrüň berilýär. Awtorlaryň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan täze kitap okyjylar köpçüligini Türkmenistanyň gadymy döwürleriň ýaňyny özüne siňdiren tebigat täsinlikleri bilen tanyşdyrýar.

Tebigat bilen sazlaşykda

Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň birnäçe desgalary binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu sapar ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Häzir Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde birnäçe binagärlik toplumlary guruldy. Bu ýerdäki binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň bu künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.

Eziz Diýar – bagy-bossan

Milli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherlerinde we ilatly ýerleriniň töwereginde millionlarça bag nahallary oturdyldy. Bu bolsa howanyň üýtgemegine, ýaşaýyş we umumy ekologiýa ýagdaýy üçin şertleriň gowulanmagyna amatly täsirini ýetirdi. Bu gün Türkmenistan el bilen döredilen ýaş tokaýlyklary, gök öwüsýän baglyklary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alys ýerlerde hem onlarça müň gektar meýdana ýaýylyp gidýän hoşboý ysly seýilgähleri we bagy-bossanlyklary bilen myhmanlary haýran edýär. Şeýle hem derýalaryň we kanallaryň boýlary-da, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarlary-da bagy-bossanlyga bürelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başlanan gerimi boýunça örän ägirt bolan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy umumydünýä göreşine ýurdumyzyň saldamly goşandy bolup durýandygyny tassyklamak bolar. Şäherleriň we obalaryň gülleýän baglyklara öwrülmegi, howadaky zyýanly gazlaryň peselmegine getirýär, howanyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýän miweli we bezeg baglarynyň bahasyna ýetip bolmajak häsiýetleri ilatyň saglygyny goramak işinde ägirt uly ähmiýete eýedir. Elbetde, ýaprakly, saýaly we miweli agaçlardan ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna has durnukly tohumlary saýlanyp alynýar. Çünki şol nahallar ýakyn on ýyllyklarda öz gelje

Saglygym — baýlygym

Sözbaşy Sagdyn bolaýyn diýseňiz,Dogry iýmitleniň, dostlar!Şonda bedenler berk bolup,Uzalyp giderler ýaşlar.

Tebigatyň ýaraşygy

Tebigatda her bir jandaryň özüne mahsus orny bolýar. Adamzat taryhynda gazanylan üstünliklerde hem tebigatyň we ondaky janly-jandarlaryň täsiri bar. Uçarlar — guşlara, ulaglar — atlara we beýleki jandarlara belli bir derejede meňzedilip döredilýär. 1-nji aprelde «Guşlaryň Bütindünýä güni» bellenilip geçilýär. Bu halkara baýramçylyk daşky gurşawy aýawly saklamak barada wagyz-ündewli pikirleri giň köpçülige ýaýmaga bagyşlanylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bu meselä hormatly Prezidentimiziň giň halkara goldawyna eýe bolýan başlangyçlary netijesinde uly üns berilýär we daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi goramak boýunça uly maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Göwün garagumy küýseýär

Ykbal uşlyby ony howurly Garagum bilen şeýle bir baglady, bir-birine şeýle bir imrikdirdi welin, bagry badaşdy gidiberdi. Häzir başga kärde bolsa-da, ol dynç alyş günleri göwni jülgeli-zawly daglary däl-de, gyrkylyk yzly, çägesi akyp ýatan ak alaňlary küýseýär-de, nädip şol tarapa tutduryp gidenini duýman galaýýar. Garaguma bagry badaşmak bagty nesip edende, Baýrammyrat Orazgylyjow ýaňy «ýigrimi bäşiň dälijesi» diýilýän ýaşa ýetip barýardy. 1972-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny tamamlan ýigit Türkmenistanyň öri meýdanlaryny abadanlaşdyrmak we suwlulandyrmak baradaky Döwlet önümçilik birleşigine prorablyga höwes bilen işe gaýdypdy. Ýogsam, oňa ýele ýelken, Güne galkan bolmaz ýaly, salkynjak otagda hezil edip oturmaly işem ýetdirmän durjak däldi. Gatbar-gatbar daşlardan gaýa ýasap, üstüňe howalanyp duran, iki kenary gara baglara bürenip oturan çeşme-çaýy şarlap akýan Könekesir obasynda dogup-dörän ýigit welin, «Garagumda işlemeli» diýen pikirden dänmedi. Sebäbi heniz mekdep partasynda otyrka eşiden rowaýaty obada ady Baýram diýlip tutulýan Baýrammyrady ýüpsüz kökeripdi.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Arşa galýan eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler döwlet Baştutanymyzyň Watana hem ene topraga söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şeýle belent ösüşleri, özgerişleri her birimiziň kalbymyzy joşa getirýär. Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýeti häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna, ýagny innowasiýalara, nanotehnologiýalara, sanly ykdysadyýete esaslanýan döwre aýak basdy. Şonuň üçin hem, ykdysadyýetiň islendik pudagynda bäsleşikli ösüşde öňdäki hatarlary eýelemek üçin tutuşlygyna döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ösüş ýoluny saýlap almaly. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösdürmek we Türkmenistanyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegini ýola goýmak köp derejede ýaşlaryň hünär ussatlygyna, bilim taýdan kämilligine baglydyr. Bu bolsa biz — mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.

Bulary bilmek gyzykly

Ýurdumyzyň goraghanalary, ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky gyzykly maglumatlar her bir okyjyny gyzyklandyrýan bolsa gerek. Şeýle bolansoň, olaryň käbiri barada gürrüň etmegi makul bildik. Häzirki wagtda Türkmenistanda dürli ekologik şertleri bolan goraghanalaryň 8-si hereket edýär. Repetek döwlet goraghanasy. Ol 1927-nji ýylda döredilip, 1952-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Bagy-bossanlyga bürenýär Diýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag ekmek çäreleri netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga bürenip, obadyr şäherlerimiz gözel keşbe gelýär. Welaýatymyzda yglan edilen arassaçylyk we abadançylyk işleriniň iki aýlygyna şäherlerdir etraplarda, obalarda raýatlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Her hepdäniň şenbe güni guralýan abadanlaşdyryş işlerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary hem ýokary işjeňlik görkezýärler. Bu geçen hepde-de şeýle boldy. Ýokary okuw jaýynyň okuw binasynyň töweregindäki dürli agaçlary timarlamak, olaryň düýplerini ýumşatmak, sütünini agartmak, ýap-çilleri çöp-çalamlardan arassalamak ýaly işlere institutyň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Agzybirlikde we guramaçylykly geçirilen bu işlere talyplar her bir tabşyrygyň ýerine ýetirilmeginde yhlaslylyk görkezip, il-ýurt bähbitli sogaply işe mynasyp goşantlaryny goşdular. Şeýlelikde, bellenilen ýerlerde pürli we saýaly agaçlaryň ýüzlerçe düýbi oturdyldy we suwaryldy.

Türkmenistan ― bagy-bossan

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny dürli ugurlarda goldamak, olaryň kämilleşmeklerini gazanmak, kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça öňde durýan esasy maksatlaryň we wezipeleriň birnäçesini öz içine alýar. Olaryň biri-de ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak we olary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglydyr. Bu ugurda edilmeli işlerden ugur alyp, biz hem guramamyzyň welaýat, şäher we etrap geňeşleri, welaýat Tokaý hojalygy bilen bilelikde ýörite meýilnama taýýarladyk. Ýakynda bu meýilnama laýyklykda ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek, şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini artdyrmak we olaryň tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň Baýrak depe obasynda bag ekişlik çäresini geçirdik. «Biziň tebigatymyz ekologiýa taýdan amatly» diýen at bilen geçiren bu çärämize guramamyzyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň hünärmenleri, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, oba zähmetkeşleri, mekdep okuwçylary we ýaş meýletinçiler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda oba ýaşululary ýaşlara bu asylly çäräniň ähmiýeti, bag ekmegiň we olara ideg etmegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüň berdiler

Älemgoşaryň haýsy reňki seniňki

Bahar paslynyň gelmegi, ýaz ýagşynyň ýagmagy adamlara ruhy lezzet paýlaýan bolsa, şol ýagyndan soň älemgoşaryň çykmagy hem hemmelerde ýakymly duýgulary oýarýar. Mähriban çagalar! Siz älemgoşaryň 7 sany reňkden ybaratdygyny bilýänsiňiz. Älemgoşardaky reňkleriň nämäni aňladýandygy sizi gyzyklandyrýan bolsa gerek?! Aslynda, bu ýerde gürrüň älemgoşar hakynda däl-de, reňk hakynda barýar. Geliň, bu barada gürrüň edeliň! Adatça, älemgoşarda gyzyl reňk iň ýokarda ilkinji orunda durýar. Gyzyl gadymy reňkleriň biridir. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji reňkli suratlarda gyzyl reňk agdyklyk edipdir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, gyzyl çaganyň dünýä ineninden soň ilkinji görýän reňkidir. Bu reňk ýiti bolansoň, gözümiz ony beýleki reňklerden çalt saýgarýar. Gyzyl erkliligiň, özdiýenliligiň reňki hasaplanýar. Bu reňki halaýanlar wadasynda durýan, elmydama şol bir durkuny saklaýan adamlardyr.

Tebigat — biziň öýümiz

Döwrüň derwaýys meselesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap döwletimiz çalt depginlerde, durnukly ösýär we özgerýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda gowy görkezijileriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Bu bolsa öz gezeginde il-günümiziň maddy hal- -ýagdaýynyň ymykly gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatynyň il-gün bähbitli tagallalarda durmuşa geçirilýändigi guwandyrýar.