"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bit­gin­li bag­la­ryň bag­ba­ny

Öwezgeldi aga haly-malyny, tutuş barlygyny ene topraga bagyş edip, biregne 43 ýyl obasynda toparýolbaşçy (brigadir) bolupdy. Mele topraga goýlan gadyr hem oňa edilen hyzmat onuň ogul-gyz, agtykdyr çowluk, umuman, nesil-neberesini hor-zar etmän gelýär. 5 ogul, 3 gyzy terbiýeläp, il hataryna goşan, uly obanyň toý-tomgusynda bekewül bolan golamançy daýhanyň yzy ýitmedi. Ogullarynyň üçüsi «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýlenini edip, görseň gözüňi egleýän ajap bag ýetişdirmegiň hötdesinden geldi. Ýüzleri Gün howruna mazaly ýanyp, sowuga gaýzygan, ýogyn bilekleri işe werdiş oba oglany Dädebaýa gyş gelip, iş azalanda giň meýdanlar dar göründi. Şeýdibem ol paýtagta, gurluşyk işlerinde işlemäge gaýtdy. Ol ýerde işiň uly-kiçisine bakman, baryny birhaýukda elden geçirdi. Başarnygyny synap gördi. Dädebaý dura-bara gurulýan binalardan özbaşyna paý alyp, özi ýaly dogumy içine sygmaýan gaýratly ýigitlerden daşyny gallady. Iň zamanabap görnüşde gurulýan belentden-belent binalarda öz eliň yzlaryny görmek, ilkibaşda juda buýsançlydy. Aradan wagt geçip, birwagtky kalp töründen orun alan bag ekmek hyjuwy aňynda at saldy. Ýolugra bag görünse, gözi eglendi. Ahyrynda bu oýlar ony yzyna dolady. Ol muňa ýeriň özüne çekiji güýji diýip düşünýär. Nirede bolsaňam, haýsy kärden hörek iýseňem, topragyň ýylysy özüne çekýär duruberýär eken. Onda-da ata-baba ömür örküni zerden gymmat saýylýan ýere baglan ynsanlar üçi

Güller - gözelligiň ganaty (liriki oýlanma)

Ýürekleri heýjana salýan türkmen ýaýlasyna begres donuny egnine atynyp, bahar geldi. Onda-da türkmen topragyny bezeýän, dürli reňkler bilen öwşün atýan türkmen baharyny diýsene! Meýdanda açylan gülälekleriň ýaşyl baldajyklaryndaky säher çygynyň damjalary birgeňsi bolup, ýüregiňi gobsundyrýar. Gülleriň atyr ysynyň tolkunlary eýýäm kebeleklere, bal arylara, dürli mör-möjeklere ýetişen ýaly. Olar wazzyldaşyp, gülden-güle gonýarlar. Bu owazlar tebigatyň ajaýyplygy bilen sazlaşyp, özboluşly durmuş mukamyny emele getirýär. Güller... Owadan dünýäniň bezegi, gözelligiň ganaty güller. Güller öz tebigaty boýunça owadan, näzik. Iň gowy zatlara «gül ýaly» diýip, göwünler hoşlanýar. Gyzjagaz dünýä inende, näziklige, güle ýanap, Aýgül, Bägül, Çemen, Gülälek, Gülzada, Gülşat ýaly atlary dakýarlar. Gül ýaňaklaryň, gül ýüzüň, gül ýaly çagajyk, gül ýaly maşgala, gül ýaly gyz, gül ýaly gelin, gül ýaly durmuş... garaz, aňyrsyna ýetip bolmaýan gül bilen bagly deňeşdirmeler hem halkymyza adat bolup galypdyr.

Gün hakynda gyzykly maglumatlar

Köp adamlar Günüň reňki sary ýa-da mämişi diýip pikir edýärler, aslynda onuň reňki akdyr.***«Atmosferanyň dargatmagy» netijesinde Gün şöhlesiniň reňki sary görünýär.***Gün biziň galaktikamyz bolan «Akmaýanyň ýolunyň» daşyndan aýlanýar.***Günüň doly aýlaw etmegi üçin 225-250 million ýyl gerek bolýar.***Gün bilen Ýeriň aralygy 150 million kilometr bolup, onuň şöhlesi ýere 8 minutda gelýär.***Bize Günden soňky ikinji ýakyn asman jisimi Sentawra ýyldyzydyr.***Günüň diametri 1 392000 kilometr bolup, Ýeriň diametrinden 109 esse uludyr.***Gün tutulma hadysasy bir ýylda azyndan iki gezek bolup geçýär. Ýer ýüzüniň haýsy hem bolsa bir nokadynda doly Gün tutulmasyny ortaça 200 — 300 ýylda bir gezek synlap bolýar.***Tomsuna gündiziň dowamlylygy Maltada (Günorta Ýewropa) 10 sagada, Samarkantda (Özbegistan) 15 sagada, Stokgolmda (Şwesiýa) 18 sagada, polýar aýlawyň aňyrsynda ýerleşýän Şwesiýanyň Kiruna şäherinde bolsa, 24 sagada ýetýär.***Kirunada gyş paslynyň dowamynda Gün görünmeýär.***Marokkoda (Demirgazyk Afrika) we Brisbende (Awstraliýa) ýylyň dowamyndaky güneşli günleriň sany 300-e ýetýär.***Her sekuntda Günüň düzümindäki wodorodyň 700 milliard tonnasy ýanýar.

Mukaddes ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky durmuşa geçirýän taryhy işleri bütin halkymyz tarapyndan goldanylyp, Watanymyzyň görküne görk goşýar. Muňa ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasynyň döwlet derejesinde geçirilmegi, oňa bütin halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda miweli we saýaly baglaryň, üzümiň ekilmegi, öňki ekilen baglara zerur bolan degişli idegleriň geçirilmegi hem-de şeýle mukaddes ýörelgäniň netijesinde daş-töweregimiziň al-ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmegi aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle işler 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde-de üstünlikli amala aşyrylýar. Ekilen baglara wagtly-wagtynda ideg edilip, düýpleri ýumşadylyp, haşal otlardan arassalanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen baglar damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu, ekologik taýdan peýdaly bolup, suwuň tygşytly ulanylmagy we agaç nahallarynyň gowy suwarylmagy üçin zerur bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek, dag etekleriniň, ýaýlalaryň we sähralaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa tutuş ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny we sagdyn durmuş ýörelgeler

Bag — durmuşyň bezegi

Ähmiýetli iş Türkmenistany bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu sogap iş adamlarda agzybirlik we ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Bag ekmek tebigatyň ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.

Wagtyň gadyry

Gülleri gowy görýärin. Bahar pasly meniň üçin aýratyn üýtgeşik, edil toý ýaly bolup görünýär. Çünki meýdanda açylýan güller bilen baglardaky daragtlaryň gülleri, ýaşylja otlar, saryja güller birleşip, göz öňüňde bütin barlyk toý tutýan ýaly duýgyny döredýär. Onsoň, heý, kalbyň şatlanmazmy? Bu duýgulary özüňe hemişelik hemra etmegiň ýekeje ýoly bar. Ol hem daýhan, bagban bolup, bag-bakja ýetişdirmek. Şonda seniň ömrüň gülleriň arasynda geçer. Özüňem şol güller ýaly owadan bolarsyň. Munuň üçin yhlas, zähmetem gerek welin, obada ekin ekip, hasyl almak üçin ýeriň bolmagy hem gerek. Onsoň işläber içinden çykman! Möwsümi gelende ekiber, bejeriber! Yhlasyň kän garaşdyrman, miwe berer. Başga biriniň: «Gürlemek aňsat, işlemek kyn» diýmegi hem mümkin. Ýöne çagalykdan obada önüp-ösenleriň ählisinde bolşy ýaly, topraga söýgi, ýere yhlas biziň ganymyzda bar. Indi bu hakda ýygy-ýygydan pikir edýärin. Hakyky şatlyk päk zähmetde, der dökülip gazanylan nygmatda! Şonda bar zadyň gadyry başgaça bolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, kenarýaka etraplarda +22... +27 gradus maýyl bolar.

Tebigat — umumy öýümiz

Häzirki wagta çenli jemgyýet bilen tebigy gurşawyň özara täsiri adamzadyň ösüşiniň ähli döwürlerinde wajyp meseleleriň biri bolup geldi. Tebigaty we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ony goramak ýaly meseleler, hut adamzadyň ýaşaýyş gurşawy hökmünde, onuň durmuşynda, ykdysady we jemgyýetçilik işlerinde, dünýä möçberinde ilkinji orna çykdy. Tebigat sözüň giň manysynda — bu ähli daşymyzy gurşap alýan barlykdyr. Ol diňe Ýer togalagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kosmiki jisimleri hem öz içine alýar. Bu düşünje älem, jahan diýen ýaly düşünjeler bilen bir hatarda durýar. Tebigata adamzat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan tebigy şertleriň jemi hökmünde hem garalýar.

«Ýylan kelleli» kebelek

Kebelekleriň Ýer ýüzünde örän köp görnüşi bar. Şeýle kebelekleriň biri hem tawus gözli atlas kebelegidir (attacus atlas). Ol ululygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Teňňeganatlylaryň iň uly wekili hasaplanýar. Tawus gözli atlas kebelegi Indoneziýanyň Ýawa adasynda hasaba alyndy. Mundan başga-da, oňa Hytaýda, Hindistanda, Wýetnamda, Pakistanda, Malaýziýada, Filippinlerde we Täze Gwineýada duş gelmek bolýar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň uzynlygy 24 – 27 santimetre barabar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň öňki böleginde ösüntgisi bolup, ýylanyň kellesini ýadyňa salýar. Şol sebäpli kebelegi «Ýylan kelleli» diýip hem atlandyrýarlar. Bu kebelekler gijesine işjeň bolýarlar.

«Menekli köl»

Kliluk köli – Ýer togalagynyň özboluşly kölleriniň biri bolup, ol Kanadada ýerleşýär. Bu kölüň özboluşly aýratynlygy hem üsti gaty çarçuwaly köp reňkli tegmiller bilen örtülenligidir. Köl daşky görnüşi bilen göreni haýran edýär. Kölüň ini 250 metr we uzynlygy 700 metre golaý. Magniý, kalsiý, natriý, kümüş we titan sulfaty ýaly minerallar kölüň suwunyň reňkine özboluşly täsir edýär. Şeýle hem onda kalsiýniň we natriý sulfatynyň uly ätiýaçly gorlary bar. Bu ýerde mikroorganizmleriň käbir görnüşinden başga janly-jandar ýaşamaýar. Kliluk köli adaty köle meňzese-de, tomsuň yssy günlerinde özboluşly görnüşe eýe bolup başlaýar, suwy bugarýar. Bu döwürde kölüň üstünde dürli şekilli we reňkli tegmiller, menekler emele gelýär. Tegmilleriň reňki möwsüme we howa şertlerine görä üýtgeýär. Tegmilleriň üsti güýçli gaty gabyk bilen örtülip, hatda üstünde gezim hem edip bolýar.

«Bägül agajy»

Gyrymsy agaçlaryň arasynda özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýan Rododendron bezeg hökmünde ekilýän ösümlikdir. Mydama ýaşyl öwsüp oturýan bu ösümligiň Ýer ýüzünde ortaça 1000-e golaý görnüşi arktiki ýerlerden tropiki ýerlere çenli ýaýrandyr. Ol daglyk ýerlerde gowy ösýär. Rododendronyň beýikligi görnüşine baglylykda, 10 santimetrden 10 metre çenli ýetip bilýär. Biri-birinden owadan gülleri gül çogdamynda ýerleşip, bir gül okarajygynda 15-e çenli gül ýapraklary bolýar. Gülleriniň göwrümi ortaça 6 – 10 santimetr, käbiriniňki bolsa 20 santimetre hem ýetip bilýär. Ady grek dilinde «Bägül agajy» diýmegi aňladýan bu täsin ösümlige dürli hili şekil berilýär we bezeg hökmünde giňden ösdürilip ýetişdirilýär.

Täsin goraghana

Günbatar Afrikadaky iň uly tebigy seýilgähiň täsin ady bar. Niger derýasynyň ugrundaky «W» goraghanasy üç döwletiň — Nigeriň, Beniniň we Burkina-Fasonyň çäginde ýerleşýär. 1954-nji ýylyň 4-nji awgustynda düýbi tutulan bu tebigy seýilgähe ýerleşiş aýratynlygyna görä at dakylypdyr. Guş uçar belentlikden synlanyňda goraghananyň ýaýylyp ýatan ýerlerinde Niger derýasynyň iki gezek öwrüm berip, W harpyna çalym edýändigi aýyl-saýyl bildirýär. «W» goraghanasy 10 müň inedördül kilometrden gowrak meýdany eýeleýär. Onuň çäkleri üç döwlet tarapyndan hem berk goralyp saklanýar. Goraghananyň 2200 inedördül kilometri Nigere, 5630 inedördül kilometri Benine, 2350 inedördül kilometri Burkina-Faso degişlidir.

Ýag­ty­lyk saç­ýan tom­zak­lar

De­ňiz­le­riň çuň­luk­la­ryn­da hem-de gu­ry ýer­de be­de­ni ýag­ty­lyk bö­lüp çy­kar­ýan jan­dar­la­ra ga­bat ge­lin­ýär. Bat­ga­lyk­la­ryň go­la­ýyn­da to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýan ýal­pyl­da­wuk tom­zak­la­ra la­tyn­ça «lam­py­ri­dae» di­ýil­ýär. Bu jan­dar­lar çyg­ly ho­wa­ny ha­la­ýan­dy­gy üçin tro­pik we ýy­ly ýer­ler­de ýa­şa­ýarlar. Ola­ryň iň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy be­de­ni­niň gys­ga wagt­lyk «so­wuk» yşyk ýaý­rat­ma­gy­dyr. Bu ha­dy­sa ola­ryň be­de­nin­de bo­lup geç­ýän kä­bir hi­mi­ki reak­si­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar. Ola­ryň gar­nyn­da­ky öý­jük­ler­den «lýu­si­fe­rin» at­ly mad­da bö­lü­nip çyk­ýar. Bu mad­da kis­lo­ro­da gal­taş­ma­gy ar­ka­ly baş­ga bir mad­da öw­rül­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu öý­jük­le­r ýag­ty­lyk saç­ýarlar. Yşyk yzy­gi­der­li ýa­nyp, sön­ýär. Onuň ýa­nyp-sö­nüş ýy­gy­ly­gy tom­za­gyň gör­nü­şi­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Içi spi­ral­ly lam­pa­lar ýa­nan­da, ener­gi­ýa­nyň bel­li bir bö­le­gi­ni ýag­ty­ly­ga, köp bö­le­gi­ni gyz­gyn­ly­ga öwür­ýär. Ýal­dy­ra­wuk tom­zak­lar bol­sa, yşyk ýaý­rad­ýan ma­ha­ly gyz­ma­ýarlar. Onuň ýag­ty­ly­gyn­da inf­ra­gy­zyl we ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler bol­ma­ýar. Bu tom­zak sa­ry, ýa­şyl we öçüg­si gy­zyl ýag­ty­lyk saç­ýar. Ýal­dy­ra­wuk tom­za­gyň 2100 gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň kä­bi­ri uçup bil­me­ýär.

Jandarlar dünýäsinde

Bir pil günde ortaça 250 kilogram gök önüm, 75 kilogram saman iýýär we 200 litr suw içýär. Şeýle hem ol adamlaryň eşidip bilmeýän kiçi gersli ses tolkunlaryny-da eşidýär. * * *

Haýry kändir sözeniň

Türk­men säh­ra­sy­nyň aja­ýyp ösüm­lik­le­ri­niň bi­ri-de sö­zen­dir. Sö­zen gül­län­de, örän owa­dan keş­be gir­ýär. Onuň şa­ha­la­ry­nyň me­lew­şe reňk­li, sal­kym gül top­lum­la­ry, süý­rüm­tik-gü­ber­çek şe­kil­li peş­mek­le­ri oňa has-da owa­dan­lyk be­rip, türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýar. Sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň gö­zel­li­gi­ne görk goş­ýan her bir ösüm­li­gi aý­ra­tyn hä­si­ýe­te eýe bo­lup, olar di­ňe bir eko­lo­gi­ýa ba­bat­da däl, eý­sem, yn­san sag­ly­gy üçin hem diý­seň peý­da­ly­dyr. Säh­ra ösüm­lik­le­ri hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nda dür­li ugur­lar­da peý­da­la­nyl­ýar. Şol se­bäp­den te­bi­ga­ty­my­zyň aja­ýyp ösüm­lik dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak, ony gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek esa­sy bor­ju­myz­dyr.

Tä­sin ösüm­lik

Ýur­du­my­zyň dag­la­ryn­da we çöl­le­rin­de dür­li gör­nüş­li ösüm­lik­ler duş gel­ýär. Ola­ryň her bi­ri uzak wagt­yň dowamynda toprak we howa şertlerine laýyklykda dö­wür­le­ýin üýt­gäp dur­ýan, ele­ment­le­riň ýa­şaý­şy üçin ze­rur bo­lan eko­lo­gi­ýa ýag­daý­la­ry­na uý­gun­laş­ýar. On­dan baş­ga-da, beý­le­ki or­ga­nizm­ler bi­len bi­le­lik­de ösüp, olar öz ko­wum­daş­la­ry­nyň, haý­wan­la­ryň, kö­me­lek­le­riň we mik­roor­ga­nizm­le­riň tä­si­ri­ne düş­ýärler. Gül­le­ýiş möw­sü­min­den «ga­lan» mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­mek üçin ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri mas­lyk­çy we ders si­ňek­le­ri­dir çir­keý­ler üçin özboluşly ys ýaý­rad­ýar. Şo­nuň ýa­ly ösüm­lik­le­riň bi­ri «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň kenarynda ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ösüm­lik «Gar­ny­ýa­ryk» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol köp­lenç, çö­ket­lik­le­riň düý­bün­de ýa-da gum ýap­gyt­la­ry­nyň iň aşa­ky ete­gin­de bit­ýär. Garnyýaryk — so­gan­pi­sint kök­li köp­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lup, ýaz pas­lynda gül­le­ýär we mi­we­le­ýär.

Gözellik çeşmesi

Özüniň gaýtalanmajak gözelligi, täsinlikleri bilen haýrana goýýan Köýtendagyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek we has-da baýlaşdyrmak ugrunda biziň goraghanamyzyň agzybir işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biz goraghananyň çägindäki köpsanly haýwanlary we tokaý ösümliklerini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek we baýlaşdyrmak işlerini utgaşykly alyp barýarys. Halkara Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag geçisiniň we ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen dag goçunyň sanynyň artmagy üçin bu haýwanlary ygtybarly goramak bilen birlikde olaryň kadaly şertlerde ýaşamaklary üçin zerur işleri geçirýäris. Şeýle işlere dag çeşmelerini arassalamak, ýabany haýwanlaryň otlaýan örülerini ýangyndan goramak, gyşyň aýazly günlerinde bolsa olary goşmaça iýmitlendirmek ýaly işler degişlidir.

Täsin şekilli gül

Bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýän orhideýa gülleri özleriniň täsin şekilleri bilen tapawutlanýarlar. Ylymda bu gülleriň otuz bäş müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan bu gülleriň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri hem bardyr. Şol görnüşleriň birine hem maýmyn orhideýasy diýilýär. Maýmyn orhideýasy iň täsin hem-de seýrek duş gelýän güldür. Olar Merkezi we Günorta Amerikanyň dag gerişlerinde deňiz derejesinden 1500—2500 metr belentlikde ösýär. Asyl mekany Ekwador hasaplanýar, sebäbi bu ýerde maýmyn orhideýasynyň birbada birnäçe görnüşi gabat gelýär. Täsin gülüň dünýäde 120-den gowrak görnüşi bar. Olar reňki, müçesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Peru, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Meksika, Nikaragua, Gonduras, Panama ýaly ýurtlarda maýmyn orhideýasynyň haýsy-da bolsa bir görnüşi ösýär.

Bagy-bossanly mekan

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky işler gül görkli Watanymyzyň tutuş giňişligini döredijilik ruhuna besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda günsaýyn gözelleşýän ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alýan beýik işler hemişe alys geljegi nazarlaýar. Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigatymyzyň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, tebigata, daşky gurşawa degişli kämil kanunlar, taryhy kararlar kabul edilip, umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlary yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň, «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda netijeli işleriň

Täsin agaç

Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz biziň üçin güýjüň, berk jan saglygynyň we uzak ýaşamaklygyň çeşmesi hasaplanýar. Durmuşyň jadyly duýgusy, şeýle hem üýtgeşik ukyp adamzada gerek bolan dermanlyk ösümlikleri tapmaga kömek edipdir we olaryň iýmäge ýaramlylygyny, ýokary hilliligini hem-de olaryň himiki düzümine göz ýetirmezden ozal tebigy iýmitlik önümleri kesgitlemäge mümkinçilik beripdir diýip, lukman Arkadagymyz bu jümleleri özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki kitabynda belläp geçýär. Hawa, Gahryman Arkadagymyz mamla. Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi özüniň iňňän uly baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişdesi bolup hyzmat eden bolsa, ýene biri iýmek üçin, beýleki biri boýag üçin, ýene biri bolsa zenanlaryň gözel görküni has-da gözelleşdirmekde meşhurlyga eýe bolupdy. Ine, şeýle meşhurlyga eýe bolan, adamzada dört müň ýyldan bäri belli bolup gelýän ösümlikleriň biri-de eýran meliýasydyr.