"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ene — Käbe (durmuş pursatlary)

Ajap eje pejiň başynda basyrylgy duran gök çaýy öňüne çekdi-de dokuz ýaşyndaky agtyjagyna ýüzlendi: «Senem jan, jigiň uklan bolsa, gel gyzym bileje çaý içeli, günem eýýäm günorta bolup barýar. Guşluk çaýyny içmesem bir zat ýetmeýän ýaly» — diýip, ýanyp duran içi ojar közli pejiň golaýjagyna süýşdi. Soň ýene-de öz-özi bilen gürrüňini dowam etdi: —Bu gudraty diýseňizläň. Tomsuň jokrama yssysy bolsun, aňzak gyşyň sowugy bolsun çaý diýilýän zadyň lezzetini hiç bir zat bilen deňär eder ýaly däl. Içine-de öz tenekar topragymyzda biten çopantelpekdir ýandak güli, narpyzdyr käkilik oty dagy ataýsaň-a bar onsoň, tüýs janyňa şypadyr — diýip, Ajap eje göwnühoşluk bilen öňünde duran çaýly käsesine bir tokgajyk nabat oklady.

Mukaddes borç

Ene hakynda makala ýazmagyň kalbymyza ýakynlygy nämede? Elbetde, ilkinji nobatda ene düşünjesiniň biziň her birimiz üçin mähribanlygynda. Özümize iň mähriban ynsan — ene hakynda ýazanymyzda onuň mertebesine mynasyp sözleri, pikirleri beýan etmeli. Olar hemişe-de belent mertebä mynasyp. Biziň her birimiziň gursagymyzda çagalyk döwründen başlanan ene hakyndaky duýgular, pikirler durmuş kitaby mysaly jemlenýär. Ine, şunuň özi hem ene mertebesiniň perzent üçin mukaddesligini, mähriban ynsan hakda diňe gowy pikirleri aýtmagyň hökmanydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby ene mertebesini ýokary derejede beýan edýän eserdir. Bu kitapda milli Liderimiziň öz käbesine mähriban garaýşyndan başlap, ene düşünjesiniň mukaddeslik derejesindäki belentlikdigi açylyp görkezilýär.

Nesil terbiýesi — geljegiň badalgasy

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça geçiren iş maslahatynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi. Bu ugurlaryň bir ýere jemlenmegi ýöne ýerden däl. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň, saglygyň-sagdynlygyň, jemgyýetçilik guramalarynyň sazlaşykly gatnaşyklarynyň ýaşaýyş-durmuşymyzda, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerinde, nesil terbiýesinde uly ähmiýetiniň bardygy hakykat. Maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde berilýän bilim-terbiýe bilen sazlaşyp, ösýär, kämilleşýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, kärli-hünärli bolmagy, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, bedenterbiýe, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy olaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapyp, işlemegine, döretmegine, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine goşant goşmagyna ýol açýar.

Mähir sakasy

Ýaşy ýetmişiň onuny tegeläp barýan Sonagül eje indi esli ýyl bäri hormatly dynç alyşdady. Ol ömrüniň agramly bölegini çagalar bagynda işläp, çagalara bilim-terbiýe berdi. Tüweleme, döwletli ojagyň eýesi bolup, maşgalasynyň uludan-kiçä ählisiniň agzyny birikdirip oturan enäniň öýünde-de, obasynda-da sylagy ýetikdi. Bu obanyň ýaşaýjylarynyň aglabasy çagalyk ýyllary Sonagül ejäniň elinde terbiýelenipdi. Şonuň üçin hem olar Sonagül ejäni gören ýerlerinde, onuň bilen gadyrly salamlaşýardylar. Çagalar bagynda işlän döwründe Sonagül eje her gezek körpelere erteki aýdyp bolansoň, olar bilen pikir alyşýardy. Bir gulaga öwrülip, erteki diňleýän çagalaryň pikirlerini bilmek onuň üçin juda gyzyklydy we täsirlidi. Ol diňe ertekiniň däl, eýsem durmuşda bolup biläýjek wakalaryň üsti bilen çagalarda ene-ata sarpa, päk zähmete söýgi, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýärdi.

Edep - terbiýe

Hydyr atanyň nesihatlary Hyzyr seýran eder gudrat älemin,

Bagta ýetiren menziller (Oçerk)

Haçan-da maňa «Ömrüň manysy näme?» — diýip sowal berseler, men bu sowala edep-terbiýäni özüňe siňdirip, kemally nesli dowam etdirmek, ýagşy işleriň bilen köpe ýaramak, gowulykda yz galdyrmak diýerdim. Ogulsabyr hem wagtynda şeýle terbiýäni alan maşgala. Ol okamak, öwrenmek diýen närsäniň nämedigine düşünip başlanyndan, kitaby özüne hemra edinýär. Wagt diýilýän dynuwsyz öňe hereket edýän gymmatlygyň gadyryna bolsa has ir düşünýär. Kitap okalýan pursat onuň üçin iň manyly pursat bolýar. Ogulsabyryň ejesi dili süýji, mähirli aýal bolsa-da, maşgalada berk düzgüniň saklanmagynyň tarapdarydy. Ol ýaşlygyndan öwrenen ähli hünärini gyzlaryna geçirmeli diýen ýörelgä uýup ýaşan zenandy. Gyzlar öý bikesi hökmünde arassaçylygy, aşhana işlerini birinji öwrenmelidi. Ejeleriniň göreldesine eýerip, gyzlar ýaşlygyndan bu işlere werziş bolýarlar. Bu babatda Ogulsabyr daýza şeýle diýýär:

Parahatçylyk döwrümiziň gahrymany

Emin Wepaýew Mary şäherindäki 1-nji kömekçi mekdep-internatyň 4-nji “A” synpynda okaýar. Ol sapaklaryna oňat ýetişip, synpdaşlary we beýleki toparyň okuwçy çagalary bilen hem dostlukly gatnaşyp, özüniň üýtgeşik çaga ýylgyryşy bilen mugallymlaryň söýgüsini gazandy we olaryň ýakyn kömekçisine öwrüldi. ...Gyşky dynç alyş günleriniň iň soňky günüdi. Ol gün Eminiň kakasy öýlerine täze alan demir gapysyny getiripdi. Ýöne ony dakmaly ussa käbir sebäplere görä, wagtynda gelip bilmändi. Täze demir gapy bolsa diwara söýelgi durdy.

Maşgalanyň sütüni

Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, 92 ýaşy arka atan mährem ene Hurma Mawyýewa eşretli döwrümize, bagtly şu günlerimize buýsanyp ýaşaýandygyny hemişe tekrarlaýar. Biz onuň döwletli ojagynda myhmançylykda bolanymyzda bu hakykata has aýdyň göz ýetirdik. Sebäbi dili senaly, kalby ajaýyp arzuwlardan doly bu mähribanyň her bir sözünde öwüt-ündew, ýagşy arzuw-hyýallar bar. Ol gün bagtyýar döwrümize buýsanjy nurana ýüzünden, her bir sözünden aýan bolýan ene bizi mähir bilen garşylap gyzykly gürrüňleriň ýumagyny çözledi. Hurma ene özüniň durmuş ýoluny, uruş döwrüne gabat gelen çagalyk, ýaşlyk ýyllaryny ýatlady: —Ol wagtlar men ýaňy on-on iki ýaşlarymdadym. Heniz kiçijekdigimize garamazdan, deň-duşlarymyz bilen bilelikde ulular bilen deň hatarda zähmet çekýärdik. Gazy gazmak, orak orup, döwek döwmek ýaly işleriň ählisi gyz-gelinleriň gerdenine düşdi. Garaz iş dannar ýaly däldi. Haýsy iş eliňden gelse edibermelidi. Indi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, eşretli günlerimizi görüp, çeken kynçylyklarymyz edil düýş ýaly bolup dur. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär.

Görüm-göreldäm eje

Mahal-mahal ejeli günlerimi ýatlaýaryn. Şol günleri ýatladygymça, süňňüm ýeňläp, göwnüme şatlyk aralaşýar. Ýüregime niredendir bir ýerden gelýän ýylylyk tutuş bedenime gurbat berýär. Ejemiň mylaýym sesi gulagymda ýaňlanyp, onuň mähirli gözleri maňa bakyp duran ýaly bolýar. Şol pursat, eger bolýan bolsa, şol arzyly — ejeli günlerimiň gujagyna dolanyp barasym gelýär... Golaýda joralarymyň biriniň jaý toýuna gatnaşdyk. Dürli-dümen naz-nygmat bilen bezelen toý saçagynyň başyna geçenimizden soň nahar goýlup başlady. Birden öý eýeleriniň biri: «Saçakda kem zat barmy?!» diýip sorady. Saçak başyndakylar ýerli-ýerden: «Kem zat ýok, arkaýyn boluň» diýişdiler. Bu sözleri eşiden joram saçakda bir kemçiligiň bardygyny, ýöne ony diňe özüniň bilýändigini aýdyp, syrly ýylgyrdy. Geň galyp bir-birimiziň ýüzümize seredişdik. Ol barmana-da daşky gapy açylyp: «Salamälik» diýen ses eşidildi. Joram:

Mähir doly dünýäm — enem

Perzentler üçin dünýäde eneden arzyly, eneden mähriban ynsan ýok. Ýyllaryň gözümiziň öňünde saçlaryna ak girizip, gül meňzine ýygyrtlary düşürenini görenimizde, bu mähriban ynsanlara bolan söýgimiz has-da artýar. Perzentleriniň bagty üçin ömrüni yhlas bilen irginsiz zähmete bagyşlaýan eneler mertligiň hem edebiň beýik nusgasydyr.  Mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde eziz enelere çuňňur söýgüsi, mähir mukamy bar. Çünki onda türkmen maşgalasynyň edep-ekramy, görüm-göreldesi jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öý-ojaklarymyzyň bezegi hem diregi bolan, barlygy bilen ynsan kalbynda ýylylyk döredýän, nurana geljege ruhlandyryp, baky bagta atarýan mähriban käbelerimiz baradaky ajaýyp eserini gaýta-gaýta okap, mährem eneň bilen bagly söhbetlere dolanýarsyň. Ynsan kalbyna güýç-kuwwat berýän ene kalby ýaz ýaly ýakymy bilen seni bagryna basar-da, ünjüleriňden halas eder. Gahryman Arkadagymyzyň mähir mähraby bolup oturan käbesi bilen bagly: «Ejem janyň hemişe gepleýşi örän mylakatly hem özüneçekiji bolandygy üçinmi, nämemi, biz ondan üýtgeşik mähribanlygy aňýardyk. Ýüregi bilen bizi ezizleýändigine, janyndan jan berýän mähribandygyna düşünýärdik. Ol: «Siz meniň guwanjym, ganatymsyňyz!» diýýärdi» diýen ajaýyp jümläni okanyňda eneleriň mährem mekdebine hormatyň has-da artýar.

Çagalygyma seýran etsem

(oýlanma) Ine, ýene-de şol ýakymly ses, maýyl ediji jaňjagazyň sesi gulagymda ýaňlanyp başlady. Ol sesi eşidenimde nähilidir bir ýakymly ýatlamalar ýadyma düşýär. Bu düýäniň boýnuna dakylan jaňjagazyň sesi. Düýe juda alyslara barýan kerwene goşulypdy. Kerwen bizden uzaklaşdygyça, jaňjagazyň sesi-de kesilip, daşlaşyp barýardy...

Lezzetli tagam

Gerekli önümler: 1 sany towuk, 50 g mesge, limon, 3—4 diş sarymsak, duz, gara burç.

Kelemli işlekli

Hurşy üçin gerekli önümler: 2 sany ýumurtga, 1 bulgur süýt, 60 g peýnir, 1 sany käşir, 1 sany sogan, 200 g kelem, 200 g üwelen et, şibitdir arpabadyýan oty, geregiçe duz, burç, ýag.

Myhmanyna güler ýüzli

Merdana halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen iň ajaýyp däpleriniň biri-de, öýüne gelen myhmany hormatlap, ony söwüş bilen garşylamak dessurydyr. Bu dessur örän irki döwürlerden bäri heňňamlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, has-da kämilleşdirilip gelnipdir. Ylaýta-da, türkmen toý tutmakçy bolanda, goluny çyzgap, dowar soýmagyň ugruna çykýar. Tagam taýýarlanlarynda goýnuň kellebaşaýagy hormat bilen ýaşulularyň öňünde goýulýar. Haýal otda mazaly gaýnadylyp, çorbasy goýalan kellebaşaýakdan dadan ýaşulular tagamyň hormatyna töwir galdyryp, ýagşy dilegler edýärler. Lukman Hekimiň: «Aýda bir gezek iýmeli» diýen tagamlarynyň hataryna girýän kellebaşaýagyň ynsan saglygyny, süňňüni berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Goýnuň böwregidir öýkeni körpe paýy hasap edilipdir. Goşa böwrek çagalara paýlanylyp, öýken öýkelek oglanlaryň öýkesinden ýazylmagy üçin berlipdir. Goýnuň döşi gudalar myhmançylyga gelende berlip, ol guda paýy hasap edilipdir. Ýaşulularyň gudalary myhmançylyga gelende: «Gudam — döşüm, oňurgam. Gudaçylygyň gadyry barmakda hem gelmekde» diýip garşy almagy-da sylag-hormaty aňladýar. Guda myhmanlar gaýdanlarynda hem olaryň saçaklaryna pişme, byzmyk, gatlama, çapady ýaly toý tagamlary salynýar. «Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar» diýen paýhasly ýörelgä eýerýän ilimiz agzybir, döwletli ojagynda myhmanyň hormatyna soýulýan malyň etinden uly höwes bile

Ýyllar — ömrüň ak ýoly

Biziň bu gezekki söhbedimiz Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Oguldurdy Rahmanowa hakynda. Ol 1932-nji ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Ejesi Ogsoltan daýza şol döwürde Aşgabatda ýerleşen aýna kombinatynda işleýär, kakasy Gurbangeldi aga demir ýol ulgamynda zähmet çekýär. Çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelen ýaşajyk gyz Watanymyzyň azatlygy üçin fronta gidýän ildeşlerimiziň ýeňiş bilen dolanyp gelmeklerini çaga ýüreginden arzuw edýär. Urşuň agyr günleri kem-kemden yzda galyp, durmuş öňki akymyna dowam edýär.

Edep-ekramyň gözbaşy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli terbiýeçilik mekdebimiz ýaş nesli watançylyk ruhunda kemala getirmek üçin esasy ýörelgedir. Bu terbiýeçilik mekdebinde hoşniýetlilik we dostluk tuguny parladan ata-babalarymyzyň ajaýyp nusgalyk häsiýetleri orun alandyr. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýen danalarymyzyň pähimlerinde nygtalyşy ýaly, biziň ene-mamalarymyz çagany dünýä inen ilkinji günlerinden başlap terbiýelemegi dogry hasap edipdirler. Asyrlaryň synagyndan geçen milli terbiýe mekdebinde ýaşlarda ahlak edep kadalarynyň kemala gelmegi bilen bir hatarda, olaryň ykbalyna täsir etjek zehinini açmaga-da üns beripdirler. Çünki has ir döwürlerde-de çaganyň basyrylgy tebigy zehinini oýunlaryň üsti bilen açmaklyk asylly ýörelgä öwrülipdir. Bäşdaş, bukuldym, topargaçdy, gurjakgoş ýaly oýunlar nesil terbiýesiniň jogapkärçilikli tarapyny açyp görkezýär.

Ýaşuly göreldesi

Halkymyzyň arasynda «Garryly öý — gazna» diýen pähim bar. Munuň özi ýaşuly nesle goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup, gadymy däplere ygrarly halkymyz häzirki wagtda bu milli ýörelgäni mynasyp dowam etdirýär. Magtymguly atamyz «Türkmeniň» diýen goşgusynda:

Ýaraşykly dünýä

Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda toý öwüşginleri bar. Olar, edil, ýaz güllerinden dokalan ýaly owadan, nepis hem näzik. Olar waspynyň şygra, dessana laýykdygyny öz şowurdysy, öwüşgini bilen dünýä ýaýyp ýör. Ýüpek jemally öýme

Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar

Türkmen halky gelin-gyzlary başynyň täji, maşgalasynyň mertebesi saýýar. Gyz maşgala enesidir mamasyndan, ejesinden öwüt-ündew alýar, olar çaga üçin görelde bolup durýar. Her bir maşgalada gyzlara kiçiliginden başlap, ýönekeýje edep kadalarynyň, tagam taýýarlamagyň, keşde çekmegiň öwredilmegi, arassaçylyk işlerine ugrukdyrylmagy gyz maşgalanyň geljekki durmuşynda köp peýda getirýär. Türkmen gyzlarynyň edep-ekramy, seýkin basyp ýöreýşi, üst-başyna, saçyna-gaşyna timar berşi özbaşyna bir edep-ekramdyr. Olaryň elinden çykýan ajaýyp keşdeler gözellige düşünmegiň nusgasydyr. Zenan maşgalalarymyzyň egin-eşigine türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak älemgoşar öwüşgini siňipdir. Hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky aladany döwletiň esasy aladasy hasaplaýar. Halkymyzyň durmuşyna degişli ähli meseleler bilen bir hatarda, ýaş nesli terbiýelemegi, oňa bilim bermegi, hak-hukuklaryny goramagy döwlet öz üstüne alýar. Mähriban Prezidentimiziň: «Çagalar — biziň geljegimiz, olar ýurdumyzyň ertirki eýeleri. Iň arzyly isleg-arzuwlaryň, beýik maksatlaryň hasyl bolýan Watanymyzda çagalar hakdaky alada hiç mahal ünsden düşürilmez» diýip, mähir we parasatlylyk bilen aýdan sözleri çagalarymyzyň bilim almaklary, hünär edinmekleri, döwrebap hem bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Asyra ulaşan ömür

YKBALYŇ PEŞGEŞI Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri öz durmuşlarynda täzeçe özgertmeleriň, belent ösüşleriň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň her bir raýatyna bagt peşgeşini eçilýär. Daş-töweregimizi gurşap alan gowulyklaryň üsti düýpli täzeleniş bilen ýetirilýär. Munuň özi ynsan kalbynda şu günüňe şükranalyk, ertirki günüňe belent ynam duýgularyny has-da güýçlendirýär, ömürlere ömür goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu gün ülkämiz sagdyn durmuşy başdan geçirýär. Adamlaryň saglygy, bagtyýar ýaşaýşy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan ömrüniň dowamlylygyna uly täsirini ýetirýär.