"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ömrüňiz uzak bolsun, Merjen, Aşgabat!

Asuda, eşretli durmuşda ýaşalýan ýurtda günde baýram, günde toý. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlar toýa ulaşýar. Ýüregi joşgundan möwç alýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilen günleriniň saba säheri Arşdan: «Buşluk, rysgal-döwletli türkmen topragyna iki sany akja melek inendir» diýen şatlykly habary aldy. Ýyldyrym çaltlygynda daglary, derýalary, sähralary aşan bu habaryň sebäpkärleri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Orazmyradowlaryň we Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen ilkinji perzentleri, ene-atanyň göz guwanjy Merjen bilen Aşgabat. «Çagaly öý bazar» diýlişi ýaly, gujagy ogul bäbekli Selbi Orazmyradowany döwletli ojagynda dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary pişme bişirip, nogul saçyp, şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar. Akja bäbejigi ýüzlerine sylyp:

Nesil dowamaty

«Buşluk, ogul agtygyňyz boldy, ene bolduňyz!» Buşluk habary ene ýüregimde täsin duýgyny oýardy. Ine, balajyk, bu gün sen enelik dünýäme üýtgeşik nur çaýyp geldiň. Ene sözüniň keramaty, ene söýgüsiniň gudraty barada şu wagta çenli il arasynda näçe gürrüň etsemem, joşup şygyrlar okasamam, bir-ä, ilkinji perzendim dünýä inende, bir-de ilkinji agtygym doglanda kalbymda dörän ýakymly duýgularyň waspyny etmäge söz tapmadym. Nesil dowamaty eziz bala, seni ilkinji gezek elime alanymda, ene ýüregimiň gürsüldisi has-da üýtgeşik eşidildi. Lukman gelin: «Hany, enesi, ilkinji agtygyňyzy eliňize alyň. Goý, bu bala nesliňiziň dowamaty, hemmäňiziň buýsanjyňyz bolsun! Watanymyza, il-günümize abraý, nesline mertebe getirýän goç ýigit bolup ýetişsin!» diýende, gözlerimden begenç ýaşlary syrykdy. Bu arzuwlaryň yzy başga-da bäbek çykarmaga gelen enelerdir gelnejeleriň arzuwlary bilen utgaşyp gitdi. Gelinleriň biri: «Ene-mamalarymyzyň aýdyşy ýaly, çilehanada edilen arzuwlar hasyl bolýandyr» diýip, içki joşgunyny daşyna çykardy.

Dürüşdeli işdäaçar

Gerekli önümler: 1,5 kg pomidor, 75 g käşir, 200 g gyzyl bulgar burçy, 30 g  düýp sogan, 1—2 sany ajy burç, 4 nahar çemçe ösümlik ýagy, 5 diş sarymsak, 1 nahar çemçe duz, 50 g şeker, 70 g 9 derejeli sirke, tagamyna görä şibit, arpabadyýan.

Gaýratly gallaçy zenan

(Oçerk) ...Säher çagy. Tamdyrdan ýaňyja çykan mele-myssyk çörege meňzäp, ýylgyryp dogan Gün özi deý tyllaýy öwüşginli bugdaý meýdanlaryna nuruny bolluk bilen eçilýär. Bu görnüş özboluşly sazlaşygy döredip, altyn başly bugdaýlary has-da nurana görkezýär. Daş-töwerek bolsa ümsümlik. Diňe, adatdakylar ýaly, säheriň şeýle ajaýyp çagynda perişdeleriň rysgal-bereket paýlaýandygyny buşlaýan bilbilmidir mollatorgaýyň bugdaýly meýdanlaryň daş-töweregindäki baglardan eşidilýän ýakymly owazy bilen säheriň mymyjak şemalyna tolkun atýan altynbaş bugdaýlaryň birenaýy ygşyldysy gulagyňa hoş ýakýar... Şol pursat durşy bilen nuranalyga gark bolan bu bereketli pelleriň gyrasynda elleri gabarçakly, ýüz-gözi ýele-Güne gaýzygan, hortapdan gelen galdaw göwresi bilen gaýratly gadam urýan, tüýs daýhansypat bir bugdaýreňk zenan peýda bolýar. Ol bugdaý peliniň bir gyrasyndan girişine, öz ýüküni göterip bilmeýän ýaly, aşak eglen altyn başlardan birini alagada, ony elleriniň aýasynda owkalap, däneleriniň birki sanysyny dişläp görýär: «...Bişipdir. Kemsiz bişipdir. Tüweleme, dänelerem dok. Indi oraga başlabersegem bolýa...».

Peýnirli dolama

Gerekli önümler: 3 sany lawaş, 100 gram peýnir, 1 sany ýumurtga. Taýýarlanylyşy: Ilki bilen, ýumurtganyň sarysyny agyndan aýyrmaly we peýniri gyrgyçdan geçirmeli. Soňra taýýarlanan peýnir bilen ýumurtganyň sarysyny bir gaba salyp, gowuja garyşdyrmaly. Lawaşymyzy alyp, ony 8 sany üçburçluk şekilindäki böleklere bölmeli. Soňra her lawaş böleginiň inli tarapynyň gyrasynda bir çemçe peýniri keseligine, uzynja şekilde ýerleşdirmeli-de, emaý bilen lawaşy dolamaly. 1-2 aýlawdan soňra lawaşyň gyralaryny içine eplemeli we bişirilende açylmaz ýaly, lawaşyň gyralaryna ýumurtganyň agyny çalmaly. Gyzyp duran ýagly saja seresaplyk bilen lawaşly dolamalaryňyzy atyp, ähli tarapyny deňje gyzartmaly. Gyzaryp bişen dolamalary artykmaç ýagy siňer ýaly, içine kagyz süpürgiç düşelen gaba salmaly. Olary 5-10 minutdan soňra saçak başyna alybermeli. Işdäňiz açyk bolsun!

Dorogly işdäaçar

Gerekli önümler: 2 sany hyýar, 7-8 sany rediska, 4 nahar çemçesi dogralan arpabadyýan, 400 gram dorog, 4 nahar çemçesi gatyk (gaýmak), islegiňize görä duz. Taýýarlanylyşy: Gök önümleriň hemmesini ýuwup, arassalap, dörtburç şekilde ownujak dogramaly. Soňra olary bir gaba salyp, islegiňize görä duzlap, üstüne dorog bilen gatygy goşup, gowuja garmaly. Taýýar bolan özboluşly tagamly işdäaçary saçaga alyp bilersiňiz.

Maşgala mukaddesligi ojakdan başlanýar

Ojak diýlende ýaş döwürlerimizde boz sähralykdan, çöl ýerlerden getirilip, howlynyň bir çüňküne üýşürilip goýulýan üýşmek sazak göz öňüne gelýär. Onuň sebäbem öýde bir işe güýmenip ýörkäň, ojaga käte bir bölek sazak oklarsyň welin, onuň çoguna jaýyň içi gyzýardy. Onsoň, günuzyn gübürdäp ot ýanan ojaklaryň ýylysyna uzak gije üşemän ýatyp bolýardy. Şonuň üçinem ol döwürler ojak gaty ýoňdy, ol öýsaýyn bardy. Çünki maşgala ojakdan başlanýardy. Täze maşgala öý dikilende-de, ilki bilen, maşgalada rysgal-döwlet bolmagy niýet edilip gurulýan zatlaryň biri ojakdy. Biziň özümizi bilip gulagymyzda galyşyna görä, türkmen öýünde ojak hem tamdyr ýaly mukaddes saýylýar, ol häzirem şeýle. Aradan ep-eslije ýyl geçenem bolsa, ojaga ot ýakyp, onda bişirilýän duz-tagamlardan dadyp göremizsoň, halkymyzyň milli miraslarynyň biri hasaplanýan ojaklar barada bilen-gören zatlarymy aýtmak juda ýakymly. Paýhasly ata-babalarymyz ojagyň dürli-dürli görnüşlerini arkama-arka geçiripdirler. Şondan ugur alybam üstünden ençeme aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen mukaddes ojaklaryň dürli görnüşlerini gurmak ýoň bolupdyr we biziň günlerimize gelip ýetipdir. Obada howlularyň içinden uly toý gazanlaryny atarmak üçin goşa ojaklar gurulýardy. Onuň gapdalynda çaý gaýnatmak, gündelik biş-düş etmek üçin kiçiräk gazan-ojaklar bolardy. Çaýojakda sazagyň oduna gaýnan çaýyň tagamyny çaga bolsak hem örän gowy görýärdik. Ojakda bi

Perzent terbiýesinde enäniň orny

Asylly hem örän jogapkärli zähmetlerini ýaş nesillere bagyş edýän, olardan zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer, ösen aň-düşünjeli, kämil şahsyýeti kemala getirmekde irginsiz zähmet çekýän bilim işgärleri okuwçylaryň, talyplaryň ata-eneleri ýa-da hossarlary bilen söhbetdeşlikleri we duşuşyklary yzygiderli guraýarlar. Bilim işgärleri ýaşlary hakyky manysynda terbiýelemekde zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler. Munuň özi ata-ene bilen mugallymyň sazlaşykly iş alyp baryp, çaga bilim-terbiýe bermekde garaşylýan netijeleri almaga işjeň gatnaşýandyklaryny aňladýar. Bilim edarasy öz gezeginde şeýle işleri alyp barsa-da, çagany terbiýelemek körpelikden başlanmalydyr. Şonuň üçin hem çaga dünýä inen gününden başlap, ata-enesi tarapyndan üns bilen gurşalyp alynmalydyr. Täze dünýä inen çaga söýgi-mähre, idege we terbiýä mätäçdir. Ony terbiýelemekde maşgalanyň orny hemme zatdan belentdedir. Çagany jemgyýete uýgunlaşdyrmakda, ösdürip ýetişdirmekde, bilim bermekde, has takygy, kämil ynsan edip ýetişdirmekde maşgala agzalarynyň ählisiniň hem öz orny bar. Bu babatda ata-ene terbiýä aýratyn üns bermelidir. Ata-enäniň göz-guwanjy bolan balasyny terbiýelemäge çuňňur ymtylmagy garaşylýan netijeleri almaga esas bolup biler. Ýöne perzent terbiýelemekde enäniň öňünde durýan borç has uludyr, sebäbi onuň berýän terbiýesi edebiň gönezligidir, gözbaşydyr.

Perzendi bolşy ýaly kabul etmek

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy we gülläp ösmegi, ýaşaýyş-durmuş derejämiziň has-da ýokarlanmagy üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän halkymyzyň päk zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi barada yzygiderli aladalar edilýär. Munuň üçin ýurdumyzda, ak şäherimiz Aşgabatda köpugurly mümkinçilikler, ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen beýik ösüşlere beslenýän gözel paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek. Ak mermere beslenen beýik-beýik binaly, gür baglary bolan seýilgähli paýtagtymyz gözelligiň dürdänesine öwrüldi. Onuň edebiýatdaky, sungatdaky waspy has belentdir. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna döredilýän şygyrlar aýdym bolup kalplara dolýar. Ýaş nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýerine ýetirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär» diýip belleýär.

Bulary bilmek gyzykly

Ýarganatlar gowakdan mydama çepe tarap uçup çykýarlar. * * *

Ýuwluk gören ýuwlar

Tanyşlarymyň biri paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleri Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr obasynda iki asyryň şaýady bolan, 100 ýaşyny toýlaýan enäniň bardygyny aýtdy. Hoş habary eşiden badymyza, biz bu ene bilen gürrüňdeş bolmagy niýet edinip, onuň öýüne bardyk. Sugra Şirmämmedowa, tüweleme, 100 ýaşy arka atana meňzänok. Saglyk-amanlykdan soň, onuň bilen gürrüňimiz alşyp gitdi. Sugra Şirmämmedowa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlananda ýaňy 20 ýaşyndaky gyzdy. Obadaky eli ýarag tutmaga ýaramly erkekleriň ählisi söweş meýdanyna gidýär. Obada gelin-gyzlar, garrylar, ýaş çagalar galýar. Olaryň işe ýaramlylarynyň ählisi daýhan birleşiginde işlemeli bolýar. Sugra eneleriň maşgalasyndan hem kakasy Seýitesger aga Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Ejesi Şirwan daýza bäş çagany eklemeli bolýar. Olar agzybirlikde maşgala bolup daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda gije-gündize parh goýman işleýärler. Sugra ene şeýdip ene topraga yhlasyny siňdirýär, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçuklaryny idedýär, gysga wagtyň içinde boýdaşlaryndan tapawutlanyp, öz işiniň ussady bolýar.

Edepli ile ýarar

Edep dürdäneleri hakynda köp okansyňyz, olar dogrusyndaky tymsallardyr rowaýatlar hem ýadyňyzdadyr. Köpçülik ýerlerinde ulularyň çagalara özlerini alyp barmak bilen baglanyşykly käbir wesýetleri berýän pursatlaryna şaýat-da bolansyňyz. Emma meniň perzent edebi, perzent zehini barada pikir öwürmegime, iş sapary bilen welaýatdan gaýdyp gelýärkäm otluda bir küpede ýoldaş bolmak nesibäme ýazylan enäniň aýdan sözleri sebäp boldumyka diýýän. Üstünden köp wagt geçenem bolsa, köpügören enäniň aýdanlary pikir-hyýallarymdan daşlaşyberenokdy. Ene edepli perzentler barada söz açyp: «Dünýäde rysgal örän köpdür, ol rysgalyň gymmatyny mal bilen kesgitläp bilmersiňiz. Seni söýýän perzentleriň bardygy hem rysgaldyr. Oňat terbiýeli, ata-enesiniň diýenini edýän ogul perzent hem rysgaldyr. Perzent edebi, perzent zehini nesibäňe atylan nygmatdyr» diýipdi. Enäniň bu sözleri meni köp oýlandyrdy. Oýlandygymça-da kalbym giňeýär, ýüregim aram tapýar. Göz dikip ýetişdirýän ogul-gyzyň edebi bilen ile ýarap, zehini bilen halkyna, Watanyna hözir berip bilse, ene-atanyň ondan başga bagty islemejegi görnüp durandyr. Il-günüň oňlaýan, halkymyzyň iň eý görýän perzent terbiýesi maşgalada pyntyk ýaryp, ol soňlugy bilen jemgyýetde täsin bag ýaly boý alyp, gülläp, miwesini eçilýär. Ile ýaraýan perzentler ene-atasyny, obasyny, milletini, Watanyny beýgeldýärler. Olar edil Arşdan inen datly nygmat kimin arzyly hem sa

Maşgalam — baş galam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär. Jemgyýetiň iň kiçi topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, är-aýalyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 9-njy maddasynyň 1-nji böleginde «Maşgala hukuklary kanun bilen goralýar» diýlip bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Maşgalanyň esasynda garyndaşlyk gatnaşyklary durmak bilen, şol gatnaşyklar är-aýalyň bir-birleriniň, ata-enäniň we çagalaryň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar. Maşgala gatnaşyklarynda, ilkinji nobatda, terbiýeleýjilik wezipesi öňde durýar. Sebäbi terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Çünki maşgala terbiýe ojagydyr.

Sapaly gökdere

Sapaly tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary tutuş giňişlige ýaýrap gidýär. Okuw möwsümini tamamlan çagalary Awazadaky, gözel Gökdere jülgesindäki hem-de ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylaýar. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, atalyk aladalary netijesinde bu günki gün ata Watanymyz bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýagty geljegini, aýdyň ertirlerini ösüp gelýän ýaş nesillerde görýän hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen çagalaryň kämil bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň şadyýan dynç alşyny üpjün etmek ugrunda hem netijeli işler amal edilýär.

Buratinonyň başdan geçirmeleri

Mähriban çagalar! Siziň ähliňiz «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilmi bilýän bolsaňyz gerek. Indi bu multfilm 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýaýlyma berlip gelinýär. Biziň käbirimiz multfilmi «Altyn açar» ady bilen tanaýarys. Multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan, tanymal rus ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň 1936-njy ýylda çap edilen «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly kitaby esasynda döredildi. Ýazyjynyň bu eserini italýan ýazyjysy Karlo Kollodiniň «Pinnokionyň başdan geçirmeleri» atly romanyndan ruhlanyp ýazandygy aýdylýar. Buratino Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň bu meşhur eseriniň başdan aýagyna çenli esasy gahrymany bolup hyzmat edýär. «Buratino» italýan sözi bolup, «agaç gurjagy» diýmegi aňladýar. Dowamlylygy altmyş ýedi minuta barabar bolan «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan 1959-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ýaýlyma berildi. Bu bolsa çagalara iň gowy täze ýyl sowgady boldy. Wagtyň geçmegi bilen, multfilm dürli dillere, şol sanda türkmen diline hem terjime edilip, dünýäniň dürli künjeklerinde görkezilýär. Multfilm birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy. «Buratinonyň başdan geçirmeleri» multfilmi «Soýuzmultfilm» studiýasynyň iň şowly çykan ekran eserleriniň birine öwrüldi.

Gizlenpeçek

Gizlenpeçek türkmeniň iň gadymy we gyzykly oýunlarynyň biridir. Bu oýny çagalar toparlaýyn yzygiderli oýnaýarlar. Gizlenpeçek ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan çagalaryň arasynda meşhurdyr. Oýun şäheriň ýaşaýyş toplumlarynyň dynç alyş meýdançalarynda, obalarda bukular ýaly ýerlerde oýnalýar. Oýna başlamazdan öň, pellehana bellenilýär. Onuň üçin hemme oýunçylaryň gatnaşmagynda agajyň ýüzüne tegelek çyzylyp, dikligine iki sany göni çyzyk geçirilýär. Şondan soň oýunçylar bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, deň iki topara bölünip, haýsy toparyň döwçüdigini we haýsy toparyň çülçüdigini kesgitleýärler. Döwçi toparyň oýunçylary gizlenýärler, çülçüler bolsa olary gözleýärler.

Ýaşlary terbiýelemekde gezelençleriň ähmiýeti

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň ähli eýýamlarynda ata-babalarymyz ýaş nesillere gowy gylyk-häsiýetleri, arassa ahlaklylygy we watansöýüjiligi terbiýelemegi örän wajyp iş hasaplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, gowy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly terbiýelenmeklerine uly üns berýär. Ýaşlaryň terbiýelenmeginde, olaryň häsiýetiniň kemala gelmeginde maşgalanyň täsiri uly bolýar. Şeýle hem uly adamlaryň maslahaty, öwüt-ündewi ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Esasan hem ýaşlaryň durmuşda gözleri bilen görenleri has täsirli bolýar, sebäbi alymlaryň aýtmaklaryna görä, adam kabul edýän maglumatlarynyň togsan göterimini göz üsti bilen kabul edýär. Ýaşlary terbiýelemekde ulanylýan usullar we serişdeler döwre görä üýtgäp durýan bolsa-da, aýdylýan sözleri mysalda görkezip terbiýelemek usullary özüniň ähmiýetini ýitirmändir. Muňa mysal edip, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Eşiden deň bolmaz, gören göz bile» diýen sözlerini beýan edip bileris. Görlen maglumatlary adamyň, has-da ýaş nesliň beýnisi has çalt kabul edýär we ýatda galyjylygy uzak bolýar.

60 sekuntda...

Göräýmäge, 60 sekunt kän wagt däl. Ýöne ýaşaýyş bir sekuntlyk hem togtamaýan goja Zeminde şeýle ujypsyzja müddetde-de gaty köp hadysalar bolup geçýär. Bary-ýogy bir minutda dünýäde bolup geçýän ahwalatlary sanasak, köpleri geň galdyrsa gerek. Geliň, çagalar, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň! Dünýäde 60 sekuntda...

Winni Puh

Multfilme tomaşa etmek çagalaryň iň halaýan güýmenjeleriniň biri. Şonuň üçin olar her gün telewizoryň başynda halaýan multfilminiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çagalaryň halaýan multfilmleriniň biri bolan «Winni Puh» atly multfilm kiçigöwünli, enaýyja aýyjyk Winni baradadyr. Bu multfilmiň sýužeti 1920-nji ýyllarda dramaturg we gazet işgäri A.A.Miln tarapyndan ýazylan gysga hekaýalardan ybaratdyr. Onuň esasy gahrymanlary Winni, Ýemşijek atly jojuk, gaplaň, towşan we La atly taýhardyr. Şeýle-de Kristofer Robin, baýguş we kiçijek kenguru bar. Winni Puhuň döreýşi hem täsindir. A.A.Miln 1921-nji ýylda ogly Robine bir ýaşynda oýnawaç aýyjygy sowgat edýär. Robin ulaldygyça oýunjaklarynyň üstüne bir eşek, bir jojuk, bir gaplaň, bir towşan we iki kenguru goşulýar. Robin 4 ýaşyna gadam basanda kakasy ony haýwanat bagyna äkidipdir. Bu ýerde olar Kanadanyň Winnipeg diýilýän ýerinden getirilen aýyny görüpdirler. Doglan ýerine esaslanyp Winni diýen ady alan aýy soňra Milniň 1925-nji ýylda «London Evening News» gazetinde çap etdiren hekaýasynyň esasy gahrymany bolupdyr.