Saglyk - baş baýlyk
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge itergi berdi. Häzirki wagtda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde, şol sanda, şypahana ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda bolsa «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş işgärleriniň ýol görkezijisi bolup hyzmat edýär. Sanlyja ýyllaryň içinde dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriň, köpsanly sagaldyş-dynç alyş öýleriň, sport desgalaryň, şypahanalaryň, türkmen topragynyň müň bir derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralaryň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyny uly ösüşlere eýe etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýratyn nygtady. Il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 g