"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti: döwrebap mümkinçilikler, ýetilen sepgitler

Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýola goýlan, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we döwrebap ösüşleriň gazanylýandygyny nygtamak gerek. Milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Baş baýlygyň goragy ugrunda rejelenen görnüşde täzeden kabul edilen bu maksatnama esasynda ýurdumyzda döwrebap saglygy goraýyş düzümleri döredilip, halkara derejeli saglyk merkezleri ilata hyzmat edýär. Häzirki wagtda hem olaryň üstüni ýetirjek täze saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Paýtagtymyzda halkymyzyň saglygyny goramak babatda ähli zerur mümkinçilikler döredilen döwrebap saglyk merkezleriniň biri-de Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetidir. Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Şu geçen döwürde müdiriýet tarapyndan ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak we ol

Gün şöhlesi

Çagalar — durmuşymyzyň bezegi, kalbymyzyň guwanjy. Çaganyň dogry iýmitlenmegi, gowy dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň sagdyn ýaşamagynyň girewi bolup durýar. Tomus paslynda ýurdumyzyň beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly, Gökderedäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde hem bagtyýar çagalaryň dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Olara arassaçylyk tertip-düzgünleri, kadaly iýmitlenmek, wagtly-wagtynda ýatyp turmak, Gün şöhlesinden goranmak barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Kadaly iýmitlenmek

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek hem fiziki taýdan işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek adam bedeniniň goraglylygyny üpjün edýär. Dünýäde semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýilýän iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny mümkin boldugyndan çäklendirmelidir.

Tomusda

- Howa şertlerine görä geýinmeli. - Witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Mineral suwlaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň mineral suwlary onuň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan öz çäginde şypahana bejergisi üçin möhüm şertlere hem-de bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan köpsanly mineral suwly çeşmelere we bejeriş palçyklaryna eýe bolan ýurtdur. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli şypahanalary döwrebaplaşdyryldy, täze binalar bilen üpjün edildi. Balneologiýa mineral suwlaryň gelip çykyşyny, fiziki-himiki alamatlaryny, olaryň bejeriş we keselleriň öňüni alyş maksatlarynda hammam görnüşinde hem-de içimlik görnüşde ulanylyşyny, keselleri bejermekde lukmançylyk görkezmelerini öwrenýän ylymdyr. Balneoterapiýa hem şu sözden gelip çykmak bilen, keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem-de dikeldiş tapgyrynda mineral suwlary hammam we içimlik bejergisinde, içegeleri arassalamakda we beýleki maksatlarda peýdalanmakdan ybaratdyr. Ekologik taýdan arassa tebigy bejeriş serişdeleri, olaryň elýeterliligi, bedene zyýansyz bolmagy adamlaryň saglygyny berkitmäge, immun ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, keselleriň öňüni almaga we bejergiden soň adamlaryň özüni dürsemegine ýardam berýär. Mineral suwlar tebigy ýerasty suwlar bolup, düzüminde bedene bejeriş täsirini ýetirýän peýdaly biologik işjeň maddalaryň bolmagy, gaz düzüminiň aýratynlyklary ýa-da umumy ion-duz düzümi bilen tanalyp, olar bedende zerur bolan maddalaryň deňagramlylygyny kadalaşdyrýar

Gün urmadan ägä bolalyň!

Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde, beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda, deňizde, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap gezilen ýagdaýynda ýüze çykyp bilýär. Gyzgyn howada derlemek bilen, bedenden gerekli maddalar we suwuklyk çykarylýar, bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna we gyzmagyna getirýär. Şol sebäpden tomsuna açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmek we ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär. Gün urmada ýürek bulanma, kellagyry, baş aýlanma, umumy gowşaklyk, aşa ukuçyllyk, ysgynsyzlyk, ýüzüň gyzarmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gulak şaňlamasy, gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýürek urşunyň çaltlaşmagy, deriniň Güne ýanmagy, çaşmak we tutgaý alamatlary ýüze çykýar. Deňiz kenaryna dynç almaga gidýänlere Günüň şöhlesiniň ýere göni düşýän wagty, ýagny günortan sagat 11:00-dan 16:00-a çenli suwa düşmezlik, baş örtüksiz daşary çykmazlyk, alkogolly içgileri içip, Günüň aşagyna çykmazlyk maslahat berilýär. Deňze suwa düşmäge gidilende pagtadan tikilen eşikleri geýmeli, daşary baş örtükli çykmaly, daşarda bolan wagtyň arassa suwdan köpräk içmeli.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Derde melhem şypahana Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şypahana ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her bir raýatyň göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler ata Watanymyzda ynsan saglygynyň yzygiderli berkidilmegine ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamlaryň saglygyny goramak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde «Daşoguz» şypahanasynyň agzybir işgärleri hem yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy adam bedenine özüniň belli bir derejede täsirini ýetirýär. Yssy howa käbir keselleriň ýüze çykmagyna, ozal bar bolan dowamly keselleriň bolsa möwjemegine getirýär. Yssy howa adamyň ýürek-damar ulgamyna, kelle-beýnisine, dem alyş ýollaryna zyýanly täsirini ýetirýär. Yssy howa, aýratyn hem, ýaş çagalar, gartaşan adamlar üçin howpludyr. Ýaş çagalaryň we gartaşan adamlaryň daşky gurşawda bolup geçýän özgermelere uýgunlaşmak derejesiniň pesligi netijesinde, bedenden köp mukdarda suwuklyk ýitirilýär. Günüň ýiti şöhlesiniň uzak wagtlap täsir etmegi netijesinde, Gün urma hadysasynyň ýüze çykmak howpy döreýär.

Peýdaly maslahatlar

Gün şöhlesiniň täsiri

Tomsuň çogly günlerinde — özümizi Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesi belli bir derejede D ýokumynyň esasy çeşmesidir. Şuňa görä, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli. Şol wagtlarda Gün şöhlesi bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D ýokumy çagalarda igleme (rahit), ulularda bolsa osteoparoz keselleriniň döremeginiň, bedende maddalaryň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň öňüni alýar. Tomus günleri açyk howada işleýän ildeşlerimize kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeklerini, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeklerini, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny, gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaklaryny, saýawan ulanmaklaryny maslahat berýäris. Günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassalanylan agyz suwuny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmek hem peýdalydyr.

Suw içmegiň peýdasy

Her bir adam arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmegi kada öwürmelidir. Gaýnadylyp sowadylan suw teşneligiňi gandyrmak bilen birlikde, fiziki işjeňligi hem-de kesellere garşy durujylyk ukybyňy ýokarlandyrýar. Suw bedeniň talabyna laýyk içilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Suwy ýeterlik içmek bedeniň çyglylyk derejesini hem saklaýar.

«BEDEW MÜNEN HASSA BOLSA, SAG OLUR»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galdy. Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlary gaýtadan dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alyp barýarlar. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi ― biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimize goýýan belent hormatyndan nyşandyr. Türkmen halkynyň bedewlere bolan garaýyşlary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Biologiýa ylmynda ewolýusiýa ösüşiniň ýokary basgançagynda duran adama iň ýakyn ýerleşen jandary maýmyn hasap edýän bolsalar, halkymyz bedew aty adama iň ýakyn jandar hasaplaýar. Oňa Magtymguly Pyragynyň: «Bedew atlar adam ýaly syzýar» diýen sözleri şaýatlyk edýär. Türkmen halky bedewleri öz ýakyn syrdaşy hasap edipdir.

Gün urmadan nädip goranmaly?

Gün şöhlesi bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witaminiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda onda howply täze döremeleriň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin degişli düzgünleri berjaý etmek hökmanydyr: * Tomusda irden sagat 9-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Lukmanyň maslahaty

Yssy howada saglygyňyzy goraň! Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler.

Tomusda dogry iýmitlenmek

Tomus pasly tebigatyň dürli peýdaly hem lezzetli iýmit önümlerini eçilýän sahy möwsüm bolup, bu döwürde dogry iýmitlenmek adam bedenini berkidip, kuwwatlandyrýar, kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Dürli gök we bakja önümleri, miweler, ir-iýmişler adam bedeniniň saglygyny saklamakda zerur bolan örän köp sanly minerallara baýdyr. Bu möwsümde tutuş ýylyň dowamynda ýokumly düzümleri bilen bedenimizi taplajak peýdaly önümleri ýeterlik möçberde iýmitimizde ulanmaga çalyşmalydyrys. Tomus döwründe saçakda hökmany suratda gök önümler ter görnüşinde-de, naharda bişen görnüşinde-de bolmalydyr. Gök önümli çorba, okroşka, ragu ýaly ýeňil naharlar, dürli işdäaçarlar, şeýle-de turşuja, ysmanak, reýhan, badyýan, narpyz ýaly gök otlar dürli tagamlara goşulyp hem, aýratyn görnüşde-de iýlende, örän peýdalydyr. Olar köp sanly ýokumlara, minerallara, iýmit süýümlerine, başga-da dürli dermanlyk aýratynlyklara baýdyr. Gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlara maýonez däl-de, gaýmak, ösümlik ýagy, sitrus miweleriň şireleri goşulsa, has peýdaly bolar. Bu iýmitlere duzy az goşmak maslahat berilýär, çünki duzuň bedende suwuklygy saklamak täsiri bolup, howanyň yssy döwri has zyýanlydyr.

Sagdynlygyň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda dünýä nusgalyk işler bitirilýär, belent sepgitlere ýetilýär. Raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, adamyň ömrüni uzaltmak ýaly möhüm wezipeler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlary ýokary derejeli we oňat hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamynyň işi kämilleşdirilip, halkara ülňülerine laýyk getirilýär.

«Farabyň» saglyk serpaýy

Tomus geldimi, göwnüň arly ýylyň argynlygyny aýyrýan dynç alşy küýsegendir. Dynç alşa çykdygyň, ugruň ýa Awaza, ýa-da şypahanalaryň birine tarapdyr. Şeýle bolansoň, şu günler «Farap» şypahanasynyň-da gelim-gidimi ýeterlik. Amyderýanyň sag kenaryndaky şypahanada dynç almak, saglygyny berkitmek üçin watandaşlarymyz ýurdumyzyň çar künjeginden gelýärler. Bir hepdeden on güne çenli bejeriş we saglygy dikeldiş işlerinden soň, olar öýlerine juda hoşal bolup dolanýarlar. Şypahanada bejerişiň we saglygy dikeldişiň täze ugurlarynyň ýola goýlandygy baradaky hoş habary eşidip, «Faraba» tarap ýola düşdük. Derýanyň ýakasynda — tebigatyň gözellikleriniň jümmüşindäki şypahanada bejergiler netijeli häsiýete eýe bolup, oňa Jeýhun ýakasynyň hoştap howasy-da öz täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, eýýäm 5 — 10 ýyldan bäri her ýyl «Faraba» gatnap ýörenleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy ýönelige däl. Şypahana dynç almaga gelýänem, saglygy bilen bagly haraý isläp gelýänlerem bar. Bu ýerde dynç alýan ildeşimiz, Baýramaly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Aşyrmyrat Babaýewiň aýtmagyna görä, «Farapda» güler ýüzli garşylanmagyň, bejergi alýan döwrüňde aýratyn alada bilen gurşalmagyň özi hem derdiň deň ýaryny ýeňledýär. Şoňa görä, 65 ýaşy arka atan mugallym 2017-nji ýyldan bäri her ýyl diýen ýaly zähmet rugsadynda wagty bu künjege gelýän eken. Ol şu ýyl özi bilen kärdeşi — etrapdaky 6-nj

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler: Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Ýokanç kesellerden ägä boluň!

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýiti içege we ýokanç keselleriň öňüni alýar. Kesel hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Ýiti içege ýokançlary — ýokanç keselleriň uly toparyny öz içine alyp, iýmit siňdiriş ulgamynyň zeperlenmegi we içgeçme (diareýa) alamatlary bilen häsiýetlendirilýär. Ondan başga-da, ýürek bulanma, gaýtarma, garynda agyrynyň döremegi hem ýüze çykyp biler. Ýiti içege ýokançlary öz ýaýraýşy boýunça dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama kesellerinden soň ikinji ýerde durýar.

Sapaly, şypaly günler

«Daşoguz» şypahanasy tomus paslynyň häzirki günlerinde bagtyýar ildeşlerimiziň sapaly dynç alýan, jana şypaly melhemler bilen saglygyny dikeldýän, mähir bilen gurşalýan gözel künjegine öwrüldi. Döwrebap şypahanada her hepdäniň duşenbe gününiň säheri göwne ýakymly, görkana görnüşler bilen başlanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginden gelen adamlaryň täze tapgyryny kabul etmek, dürli ugurly lukmançylyk otaglarynda olaryň saglyk ýagdaýyna seretmek çäreleri guramaçylykly geçirilýär. Döwrebap binanyň ikinji hem üçünji gatlaryndaky ýokary amatlykly otaglara ýerleşen ildeşlerimiz dessine derde derman melhemler bilen bejergi almaga girişip, bu ýerde döredilen eşretleriň hözirini görýärler. — Iki dogan bolup, bu gözel şypahanada dynç alýarys — diýip, Lebap welaýatyndan gelen Gülnar hem Gülbahar Berdiýewalar aýdýarlar. — Geçen aýyň içinde bu ýerde bolan obadaşymyz hut şu şypahananyň ýod-bromly wannalaryndan şypa tapandygy barada uly höwes bilen gürrüň etdi. Bizem bu sapaly künjegi gözümiz bilen görmegi müwessa bildik. Şypahanada döredilen şertler, sagaldyş-bejergi çäreleriniň guralyşy, lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň mähribanlygy göwnüňi göterýär. Bagy-bossanlyga bürenen şypaly künjek säher çagynda has owadan görünýär. Ir ertir bilen bu gözellige guwanyp, gezim edýäris. Dynç alşymyz örän oňat geçýär. Halkymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin döredilýän şertlere, gi