"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Alýuloza — saglyk üçin peýdaly şeker

«Mars» kompaniýasynyň alymlar topary Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde az kaloriýaly şekeri – alýulozany öndürmegiň oňyn çözgüdini tapdylar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Alýuloza (D-psicose) adaty şeker bolan sukrozadan 10 esse az kaloriýaly tebigy şekerdir. Tebigy alýulozany injirden, kişmişden, bugdaýdan we klýon şerbetinden almak göz öňünde tutulýar. Tagamy boýunça adaty şekerden tapawutlanmaýan alýulozanyň artykmaçlygy onuň kaloriýasynyň pesdigi bilen düşündirilýär. Iýmit siňdirişde ol insuliniň derejesine örän az täsir edýär. Bu şeker süýji iýmegi halasa-da, saglygy zerarly bialaç saklanmaly bolýan adamlar üçin gowy çykalgadyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ýurdumyzda ynsan saglygy hakda edilýän aladalardan ugur alyp, saglygy goraýyş işgärleri hökmünde ildeşlerimiziň arasynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys. Şu günler howanyň derejesiniň üýtgäp durmagy, ýagny howanyň gündizlerine maýyl, ir ertirlerine we agşamlaryna sowamagy netijesinde, adamlaryň bedenindäki dowamly keselleriň ýitileşmegine, şeýle-de adam bedeniniň immun ulgamyna (bedeniň kesele garşy göreş ukybyna) baglylykda dürli sowuklamanyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýiti respirator keselini, şol sanda ýokanç keselini — sowuklamany dörediji wiruslar örän köp görnüşli bolup, olar üsgürilende, asgyrylanda ýa-da bir-biri bilen golaý durlup gürleşilende howa-damja ýoly arkaly ýokuşyp bilýär. Maşgalada, jemgyýetçilik ýerlerinde, çagalar baglarynda we mekdeplerde köpçülikleýin ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen, şeýle-de jemgyýetçilik awtoulaglarynda bu kesel ýokuşyp bilýär.

Çagalar sagdyn össün!

Çaganyň beden we ahlak taýdan ösmeginde, jemgyýetde sazlaşykly ýaşamagynda baş wezipe onda sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemekdir. Ene-atalar çagada şeýle endikleri körpe ýaşdan ösdürmelidirler. Çagalar üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi ukynyň dogry alynmagydyr. Ene-atalar çaganyň günde belli bir wagtda ýatyp, belli bir wagtda ukudan oýanmagyna gözegçilik etmelidirler. Mekdebe çenli ýaşly çagalar günde azyndan on sagat uklamalydyrlar, ýetginjekler üçin bolsa, sekiz sagat uky ýeterlikdir. Çagalykda durnukly tertip-düzgüne eýerenler ulalanlarynda-da öz wagtlaryny dogry meýilnamalaşdyrmaga has gowy çemeleşýärler, ünslerini has gowy jemlemegi başarýarlar, durmuşdaky kynçylyklardan has aňsat baş alyp çykýarlar. Şeýle hem çaganyň sagdyn ösmegi üçin dogry iýmitlenmegi zerurdyr. Çagalaryň iýmitiniň düzüminde dürli däneli ösümlikler, et we süýt önümleri, peýdaly ýaglar, möwsümleýin gök önümler we miweler bolmaly. Emma şeker, duz, süýjülik önümleriniň we gaýtadan işlenen et önümleriniň sarp edilmegi çäkli bolmalydyr. Çaganyň iýmiti dürli görnüşli bolup, onuň düzüminde köp mukdarda gök önümler we miweler, hepdede bir-iki gezek balyk hem-de nohutdyr noýba ýaly kösükli ösümlikler, şeýle-de hepdede azyndan bir gezek et bolmalydyr. Çaganyň iýmitiniň düzüminde ýeterlik mukdarda ýokumlar bolmalydyr, çünki olar ösüp barýan bedeniň sarp edýän kuwwatynyň öwezini doldurmalydyr.

Limon

Limonyň asyl mekany Hindistan hasaplanýar. Şonuň üçin oňa käbir ýurtlarda «hindi almasy» hem diýilýär. Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran bu miwäniň saglyga juda peýdalydygyndan adamlar üç müň ýyl mundan öň hem habarly bolupdyr. Gadymy Müsürde limon şiresini sarymsak bilen garyp, gurbatlandyryjy, immuniteti güýçlendiriji, şäht açyjy içgi hökmünde içipdirler. Müsürliler limony zäherlenmäniň öňüni alyjy iýmit hökmünde peýdalanypdyrlar. Ýylan zäherinden goranmak üçin hem limon iýlipdir. Grekler limona «altyn alma» diýipdirler, ony iýen adamyň bütin ömründe kesellemeýändigine, uzak ýaşaýandygyna ynanypdyrlar. Gadymy rimliler ilkibaşda limony iýmit, dermanlyk niýeti bilen ulanman, güýeden goranmagyň serişdesi hökmünde peýdalanypdyrlar. Ýakymly ysy üçin ony geýýän geýim-eşikleriniň epininde saklapdyrlar.

Saglygyň gadryny bilgil...

Saglyk — adamyň baş baýlygy. Saglygyň bolmasa, bu dünýäniň hany-many puç bolup görünýär. Bu barada Magtymguly atamyz hem: «Saglygyň gadryny bilgil, // Hasta bolmasdan burun» diýip, saglygyň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny dürdäne setirlerinde bize nesihat edýär. Hut şu paýhasly jümleden görnüşi ýaly, adamyň saglygy, ilkinji nobatda, onuň özüne baglydyr. Munuň üçin bolsa, her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi endik etmegi hökmandyr. Şunda her paslyň howa şertlerine görä geýinmek, wagtly-wagtynda beden üçin ýokumly iýmitlerden iýmek, iň esasysy bolsa, saglyk üçin peýdaly bolan ot-çöplerden taýýarlanan melhemli çaýlary, şeýle-de miwe şirelerini içmek iňňän uly ähmiýete eýedir. Şunda Milli Liderimiziň öz halkyna peşgeş eden «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň her bir okyjy üçin gymmatly gollanmadygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, ähli halkyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildini sowgat etdi. Bu uly peşgeş biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini diýseň begendirdi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň de

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Güýz-gyş döwründe ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmak boýunça berjaý edilmeli düzgünler bardyr. Möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak maksady bilen her bir adam şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidir we bu babatda çagalara şahsy görelde bolmalydyr. Kesel dörediji wiruslaryň dürli görnüşleri bolýar we olar üýtgäp bilýär, şol sebäpli bu keselleriň öňüni almak örän möhümdir. Syrkaw adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmagy zerurdyr. Onuň üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda lukmana ýüz tutmaly, degişli barlagdan geçmeli we diňe lukmanyň bellän derman serişdelerini ulanmaly. Gök önümler we miweler arkaly adam bedenine dürli howply mikrobedenjikler düşüp biler. Çagalar wagtlarynyň köp bölegini daşarda geçirýärler. Olara öýe gelensoň ellerini sabynlap ýuwmalydygyny ýatladyp durmalydyrys. Gök önümleri we miweleri saçaga goýmazdan öň akar suwuň aşagynda 10-15 minutlap ýuwmak maslahat berilýär. Gök önümler we miweler belli söwda nokatlaryndan satyn alynmalydyr we olaryň arassalygyna üns berilmelidir.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde guralan çäre

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 2024-nji ýylyň 24-nji okt­ýabr­ynda Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň hut özü­niň ak pa­tasy bilen Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­ açylyp ulanylmaga berildi. Golaýda My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň hem-de Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry ýur­du­myz­da­ky il­kin­ji Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zin­de dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Mer­kez­de zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler ta­lyp ýaş­la­ra tä­ze luk­man­çy­lyk dü­züm­le­rin­de dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler, bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­je ber­di­ler.

Ýoga — gadymy durmuş sungaty

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Hä­zir­ki za­man dur­mu­şyn­da ýo­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýo­ga Hin­dis­tan­dan bi­ze ge­len ga­dy­my ru­hy tej­ri­be­dir. Ada­myň tu­tuş bar­ly­gy­na tä­sir ed­ýän ýo­ga ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni al­mak­dan, psi­hi­ka­ny we aňy do­lan­dyr­mak üçin has in­çe usul­lar­dan yba­rat­dyr.

Sagdyn boluň, sag boluň!

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­lyk bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Eko­lo­gi­ýa üýt­geş­me­le­ri­niň tä­si­ri, hä­zir­ki ösen dur­muş­da daş­-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan te­bi­gat­da zy­ýan­ly mik­ro­or­ga­nizm­le­riň kö­pel­me­gi adam­la­ryň sag­ly­gy­na ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin be­de­ni tap­la­mak örän wa­jyp bo­lup dur­ýar. Be­de­ni tap­la­ma­gyň öze­ni bol­sa ka­da­ly iý­mit­len­mek­den, ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň çä­re­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­den, im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­mak­dan hem­-de be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­dan yba­rat­dyr.

Mel­hem­ler ha­zy­na­sy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli ýiti zehininden dörän dürdäne eserlerini, ajaýyp kitaplaryny halkymyza peşgeş berýär. Alym Arkadagymyzyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildi hem şeýle kitaplaryň biri hökmünde diňe bir lukmanlara däl, eýsem, ähli halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň nobatdaky jildinde Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Onda dermanlyk ösümlikleriň onlarça görnüşiniň, olaryň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Buýan

Mälim bolşy ýaly, ösümlikleriň ençemesinden näsaglara melhem etmek üçin dermanlyk maddalar alynýar. Olardan adam saglygy üçin has köp ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň biri hem buýan köküdir. Türkmenistanda, esasan hem, Amyderýanyň kenarynda bitýän buýan keremli türkmen topragynda bitýän milli baýlyklarymyzyň biridir. Ilat arasynda süýji buýan ady bilen belli bolan ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär.

Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak bilen baglanyşykly Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport toplumlarynyň, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýedir. Bu düzümler bilen birlikde köpýyllyk hyzmatdaşl

Döwletli işler dowamat-dowam

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik ösüşler halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde ýetip bilmejek menzilleriniň ýokdugyny äleme äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen berkarar Diýarymyz taryhy jähetden alanyňda örän gysga döwrüň içinde dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, gazanýan ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilip, köpgatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler, döwrebap obalar döredilýär, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Sebitlerde durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary, ylym-bilim, saglygy goraýyş edaralary, döwrebap hassahanalar, şypahanalar gurulýar.

Döwrüň sapasy — kalbyň şypasy

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda ynsan saglygy ýurduň baýlygyna deňelýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki gazanan üstünlikleri, ýola goýlan döwrebap saglyk hyzmatlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Bu hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda döwrebap saglygy goraýyş desgalary — 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şol gün ak şäherimiziň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylmagy hem baýramçylygyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, bu şaýola germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze 16-njy jiltiniň çapdan çykmagy hem ähli halkymyzda hoşallyk we çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmastan burun» diýen setirlerinde nygtaýşy ýaly, adamda saglykdan gymmatly zat ýok. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz döwletimiziň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil hakynda uly aladalar edilýär. Şol aladalar çagalaryň abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakyndaky möhüm Kararlara gol çekmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde paýtag

Adam hakdaky alada täze derejelerde

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri geçilen ýola nazar aýlanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, bilim, medeniýet ulgamlarynda asyrlara barabar öňegidişlikleriň bolup geçendigine göz ýetirmek bolýar. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem ozallar hyýalyňa hem getirip bolmajak özgertmeler bolup geçdi. Ynsan saglygyny goramak, raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sagdynlygyň tükeniksiz çeşmesi

Güýz paslynda tebigatyň gymmatly nygmaty bolan kädi köpçülikleýin bişip ýetişýär. Ajaýyp tagamly bu önüm diňe bir iýmitlenmekde däl, eýsem, saglygy goramakda-da giňden peýdalanylýar. Kädi antioksidantlaryň, ýokumlaryň, minerallaryň we beýleki gymmatly maddalaryň baý çeşmesi bolup, onuň saglyga ýetirýän oňyn täsirleri sanardan köp. Ol öz düzüminde A we C ýokumlaryny saklaýar. Şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we bedeniň dürli ýokançlara garşy göreşmegini güýçlendirýär. Onuň düzüminde bar bolan kaliý we magniý gan basyşyny kadalaşdyryp, ýüregiň işini berkidýär. Kädi süýji keselinden ejir çekýän adamlar üçin hem peýdalydyr. Çünki onuň düzümi kletçatka baý bolup, ganda şekeriň derejesini kadalaşdyrýar.

Gadymdan meşhur melhem

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenary hem dermanlyk ösümliklere baý bolup, ol ýerde esasan hem, buýan ösümligi köpdür. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir. Buýan kökünde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, sakyz we krahmal saklanýar» diýlip, onuň şypalylygy barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Golaýda bu ajaýyp kitabyň täze jiltiniň çapdan çykmagy bolsa biziň üçin diýseň ýakymly waka boldy.

Saglygymyz öz elimizde

Güýz paslynda hem edil beýleki pasyllardaky ýaly, sagdyn iýmitlenmek we iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerur bolup durýar. Aşa ýadamak, gyzgyn, howasy çalyşmaýan otagda uzak wagtlap bolmak ýa-da tersine aşa sowuk otagda bolup, sowuk iýmit kabul etmek bedenimize zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sebäpden her pasla görä öz durmuşyňy sazlaşdyrmak zerurdyr. Şeýle-de döräp biljek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen her birimiz şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidiris. Kesel dörediji ýokançlaryň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Şol sebäpden narpyzly, ary bally we limonly çaýlary içmeli. Bular bilen bir hatarda gündelik iýmitimizde gök önümleri, miweleri, et we süýt önümlerini kabul etmegi endik edinmeli.

Peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.