"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Saglygy goraýyş strategiýasy hereketde

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.

Sagdynlyga tarap müň ädim

Günüň dowamynda adamyň azyndan 5 müň ädim ýöremelidigi barada aýdylýar. Ýöne 5 müň ädimem müňlerden emele gelýär. Şonuň üçinem sagdynlyga tarap ädilýän ädimleriň her biriniň wajypdygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ýöremek sagdynlyga barýan ýoluň iň ýeňil we amatly usulydyr. Ýörän wagtymyzda tutuşlaýyn işjeňlik ýagdaýyna geçen bedenimiz rahatlanýar. Damarlarymyz berkeýär, bu bolsa ýüregiň işini has gowulaşdyrýar.

Peýdaly maslahatlar

✓ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ✓ Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. ✓ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

1. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli; 2. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli;

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Şol gün Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem köpugurly sport çäreleri geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet, Bedenterbiýe we sport müdirlikleriniň guramaklarynda geçirilen çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi.

Dogry we kadaly iýmitlenmek

Sagdyn iýmitlenmek iýmit önümleriniň biodürlüligi, kabul etmegiň tertibi, mukdary, hiliniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Iýmit önümlerinde belogyň, ýagyň, uglewodlaryň, witaminleriň we mikroelementleriň gündelik ýeterlik mukdarda bedene düşmekligi hökmandyr. Şonuň üçin hem tagam taýýarlananda düzüminde et, süýt, balyk, däneli we kösükli önümleriň bolmagy, olaryň özara sazlaşyk düzgünleriniň berjaý edilmegi zerurdyr.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňülere laýyklykda ösdi we özgerdi. Maşgala lukmançylygy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, häzirki wagtda has kämil derejä ýetirildi. Halkara ülňülere laýyk gelýän, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap saglyk öýlerinde zähmet çekýän lukmanlar ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Drakunkulýoz, ýabany poliomiýelit keselleri, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma ýaly ýokanç keseller düýbünden ýok edildi. Bu keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigi Halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi we degişli güwänamalar bilen tassyklandy. Häzirki wagtda hem keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň üsti doldurylyp meýilnama goşulýar. 2016-njy ýylda popiloma wirusyna, 2019-njy ýylda bolsa pnewmokokk, rotowirus ýokançlaryna we gepatitiň A görnüşine garşy öňüni alyş sanjymlary girizildi. Mundan başga-da, möwsümleýin döreýän kesellere garşy sanjymlar döwlet tarapyndan satyn alyndy hem-de Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezlerinde, bellenilen saglyk öýlerinde raýatlarymyza islegine görä sanjym edildi. Bu bolsa ýurdumyzda möwsümleýin ýiti

Saglygyň gadryny bilgil...

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli.

Lukmanyň maslahaty

Derde melhem şerbetler Halk arasynda «Balygyň diriligi suw bilen» diýlen pähim bar. Suw ynsan ýaşaýşynyň hem esasy çeşmesi hasaplanylýar. Edil şonuň ýaly-da, miwe we ter gök-önümleriň şerbetleridir şireleri, süýt we süýt önümleri, çaýyň dürli görnüşleri hem bedeni taplamakda, hem-de saglygyňy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ynsanyň gündelik durmuşynda iň köp ulanýan önümi hem içgilerdir.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýy içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, witaminlere baý gök we miwe önümlerini iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.

SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ ROWAÇ MENZILLERI

Güneşli Diýarymyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmak we olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulýan saglygy goraýyş desgalarynyň sany barha artýar. Saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňülerine laýyk getirmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň mysalynda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek mümkin. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen bolup, ol robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly döwrebap we kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýada şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasy hökmünde belent ykrara eýedir. Muny  Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasynyň, «ECRI» guramasynyň dünýä

Il saglygy — ýurt baýlygy

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän halkymyzda saglyk baş baýlyk hasaplanýar. «Bar zadyň sakasy saglyk», «Saglygym — baş baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen aýtgylar munuň subutnamasydyr. Hut şu nukdaýnazardan, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler bolsa adam hakyndaky aladany özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, täze-täze hassahanalar, saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýlekiler gurlup ulanmaga berilýär.  Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen alnyp barylýan işler mynasyp netijesini berýär. Munuň özi merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň aýdyň mysalydyr.

Peýdaly maslahatlar

♦Güýz paslynyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň. ♦Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Bagtyýarlygyň güwäsi

Eziz Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň, badalga beren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ajaýyp miweleridir. Raýatlaryň saglygy we olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen döwletiň uzak möhletleýin ykdysady ösüşiniň arasynda gös-göni, jebis baglanyşyk bardyr. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak wezipelerini ýurduň milli durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli hem-de esasy maksatlarynyň biri hökmünde üns berýär. Bu wezipeler köpugurly maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýär.

Gözellik merjeni

Gözleriň bilen gören taryhy wakalaryň ýüregiňe has-da yssy görünýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Ak mermerli Aşgabat sebitiň iň işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, okgunly ösýän geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onuň binagärlik keşbinde gözellik we milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar. Professor Hans Maýsner şaýolunyň aýlawly çatrygynda gurlan «Kalbyň şypasy» atly bina hem bu künjege özboluşly görk berýär. Mermer we granit daşlaryndan gurlan sekizburçluk şekilindäki binanyň gurluşyk, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda häzirki zamanyň ösen tejribesinden hem-de ylmyň gazananlaryndan işjeň peýdalanylypdyr.

Güýz paslynda kadalary berjaý ediň:

Saglyga peýdaly dermanlyk ösümlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezler, türkmen topragynyň derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam saglygy baradaky alada ýokary derejededir. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň ajaýyp netijesidir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bu ulgamyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar.

Miwe we gök önüm şireleri

Miwe şireleri süýjä we witaminlere, gök önüm şireleri bolsa mineral duzlara baý bolýar. Şireleri naharlanmazdan 30 — 40 minut öň ýa-da 2-3 sagat soň içmeli. Olaryň hersiniň özüne mahsus içmek düzgüni bar.

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.