"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Milli taryhymyzda zenan mertebesi

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde ene mertebesi bilen ene dilimiziň baglanyşygyny beýan edip: «Biziň ene dilimiz — türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda», «Kutadgu-Bilik» (Bagtly edýän bilim), «Diwany lugat et-türk» (Türki dilleriň diwany), «Oguznama», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» ýaly ençeme naýbaşy eserler gadymy türkmen diliniň eserleridir, gadymy türkmen halkynyň döredijilik önümleridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr. Şol dil Magtymguly ýaly akyldarlaryň zehin eleginde zerlenip, halkymyzy dünýä tanadýar» diýýär. Hormatly Arkadagymyzyň kitabynda mysal getirýän «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda», gadymy türki halklarda halkyň ýolbaşçysyna «kagan» (han), onuň aýalyna bolsa «katun» (hatyn) diýlip ýazylypdyr. Taryhy çeşmelerde hem beýan edilişi ýaly, ol ýerde «kagan» (han) sözüniň yz ýanyndan «katun» (hatyn) sözüniň getirilmegi, gadymy ata-babalarymyzda zenan maşgalanyň jemgyýetde tutýan ornunyň uly bolandygyny alamatlandyrýar. «Bilge Kagan» bölüminde zenanlar bilen baglanyşykly «Taňry milletimiz ýitip gitmesin diýip, atam II-Teriş Han bilen enem II-Bilge Hatyny Ýer ýüzüne ugratdy» diýen setirler beýan edilipdir. Şol döwrüň ynanjyna görä, «Kagan bilen Katun (han bilen hatyn)» Gögüň (Asman taňrysy) zürýatlary hasaplanypdyr we muka

Watançylygyň nusgasy

Watançy hökmünde giňden tanalýan, XVIII asyryň iň beýik akyldarlaryndan biri Magtymguly Pyragydyr. Nesillerde mukaddes Watana, öz milletiňe, adamzada bolan belent häsiýetleri terbiýelemekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini gazanmakda Magtymgulynyň edebi mirasy ägirt uly ähmiýete eýedir. Dana Pyragynyň döredijiliginde watançylyk duýgulary çuň mazmunly beýan edilýär. Magtymgulynyň mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri öwüt-ündew edýändigini «Begler», «Aty gerek», «Meýdan ýoluksa», «Mert biläni» ýaly goşgularynda görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri beýan edilýär. «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen setirde türkmen halkynyň myhmansöýerligini duýmak bolýar.

Şany dünýä dolan gala

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly taryhy-medeni ojaklar halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý geçmişini, milli mirasyny bütin dünýä aýan edýär. Berkarar döwletimizde bu gadymy ojaklary öwrenmek, olarda arheologik barlaglary geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler şanly taryhymyzyň üstüni gymmatly we baý maglumatlar bilen doldurýar. Soňky ýyllarda dünýä alymlarynyň, arheologlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolýan taryhy ojaklaryň biri-de welaýat merkezimiz Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän Amul galasydyr. Orta asyrlar döwrüne degişli bolan bu gadymy gala Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan söwda kerwenleriniň geçmeginde aýratyn orny eýeläpdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu ýerde senetçiligiň, daýhançylygyň ösendigi dogrusynda gyzykly taryhy maglumatlar, rowaýatlar beýan edilýär. Dürli ýyllarda dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, etnograflarynyň ençemesi gadymy Amul galasynda bolup, bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Ylmy barlaglaryň netijesinde galanyň we onuň ýerleşýän ýeri bolan Amul şäheriniň geçmiş-taryhy bilen baglanyşykly birnäçe tapyndylar tapylyp, gyzykly maglumatlar öwrenildi. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan toýun we keramiki küýze gaplary, diwar bölekleri, kerpiçler, çüýşe önümleri, kümüş we mis teňňeler Amulyň taryhyny ylmy taýdan öw

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy. 1970-nji ýylyň aýagyna Günorta-Gündogar we Demirgazyk-Gündogar Türkmenistanyň çäklerinde açylan ululy-kiçili gaz we gazkondensat känleriniň 19-sy bolup, şolardan Kükürtli gazkondensat we Minara (Maýsk) gaz känleri 1970-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Şeýlelik bilen, Gündogar Türkmenistanda 1971 — 1976-njy ýyllar aralygynda gorlarynyň göwrümi boýunça uly bolmadyk Demirgazyk Ojak, gorlarynyň göwrümi uly bolan Naýyp gazkondensat känleri 1972-nji ýylda we örän uly gaz gorlary bolan Gündogar (Şehitli) we Günbatar (Jojukly) Şatlyk gazkondensat känleri 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Netijede, şol döwürde ulanyşda duran känleriň sany 7-ä ýetirildi we 1976-njy ýylda çykarylan tebigy gazyň göwrümi 1970-nji ýyla garanyňda, 4,7 esseden hem köpeldi. Şol ýyl Maýsk diýlip atlandyrylan, 1964-nji ýylda açylan gaz ýatagyndan başlanýan, içki ulanyjylara niýetlenen Maýsk — Aşgabat — Büzmeýin magistral gaz geçiriji çekilip, tebigy gaz Aşgabada getirildi. Dünýä tejribesinde ilkinji bolup, köpgatlakly Ojak gazkondensat käninde bir guýuda iki gatlagy bir wagtda aýry-aýrylykda ulanyş (BAU) usuly bilen işe goýbermegiň kände özleşdirme işlerini alyp barmaklyg

TOGRUL BEG

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!

Taryha şan beren kitap

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy Änew şäheriniň binagärlik medeniýeti, çeperçilik däpleri barada örän täsirli söhbet edilýär. Änew medeniýeti irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda: «Bu mekanyň gadymylyk alamaty, onuň ady babatda alnanda, oýlandyrýar. Ýöne käbir alymlaryň şumerleriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysyny «Anu» diýip atlandyrandyklary, «Änew» diýen adyň hem şundan gelip çykandygy hakyndaky pikirleri hem ünsi özüne çekýär» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda 1904-nji ýylda ABŞ-nyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň Änew depelerini öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn ekspedisiýany gurandygy barada belläp geçýär. R.Pampelli kömekçileri E.Hantington we öz ogly bilen bilelikde, Waşington şäheriniň Karnegi institutynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrypdyr. Dolanyp barandan soň, institutyň ýolbaşçylarynyň öňünde hasabat bilen çykyş edipdir. Şonuň netijesinde hem ekspedisiýa geçirmäge goşmaça serişdeler goýberilipdir.

Änew – gadymy medeniýetiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda belleýşi ýaly, biziň halkymyz beýik sungaty, nusgawy ýörelgeleri we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny äşgär edýän gymmatlyklarymyzyň saklanýan ojagy. Binagärlik sungatymyzyň täsin gözelliklerine beslenen muzeýiň binasynda bugdaý sümmülleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi uly mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, amerikan alymy Rafael Pampelliniň Änewiň taryhy depelerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ekerançylyk medeniýeti bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy we ak bugdaýyň däneleri tapyldy. Munuň özi geçmişde ata-babalarymyzyň ak bugdaýy medeni usulda ösdürip ýetişdirendigini görkezýär. Iň gadymy ak bugdaýyň Änewiň depelerinden tapylmagy, diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem bahasyz taryhy gymmatlyk bolup, bu ýerde gallaçylygyň gülläp ösendigine güwä geçýär. Ýüze çykarylan ak bugdaýyň däneleri häzirki wagtda muzeýiň esasy gymmatlyklarynyň biri bolmak bilen, ak bugdaýyň Watanynyň türkmen topragydygyny dünýä aýan edýär. Muzeý hemişe köp adamly. Ol ýere gelýänleri oba hojalyga, ekerançylyga, arheologiýa, etnografiýa degişli gymmatlyklar bada-bat özüne

Kakageldi Gul pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Ahalyň göreş düzgüni boýunça ilkinji baş baýraga çykan dört jübüt ahmyrly bolmaz ýaly täzeden tutluşdyrylýar. Ine, şol toýda hem Kakageldi Poran pälwan bilen göreş tutýar. Ol çepine göterjek bolanda, myhman pälwan badak salyp ýeňiş gazanýar. Gaýtadan tutluşylanda, garşydaşy çilip, arkanlygyna zyňjak bolanda, Kakageldi pälwan eline tekge berip, aýagyny çekende, Poran pälwan sogrulyp diň arkan gaýdyp ýeňilýär. Soňky dörtlükde hem, bu iki pälwan göreşende Kakageldi pälwan sagyndan gyşarylybrak baryp, garşydaşyny göterip, daşyndan bir sapar aýlap, ýere goýup badak atyp ýykýar.

Gadymy medeniýetiň ýadygärlikleri

Arheologiýa ylmynda Jeýtun medeniýeti döwründen ilkinji siwilizasiýalara, bürünç zamanyna geçiş döwrüne «eneolit» ýa-da «daş-mis asyrlary» diýilýär. Munuň sebäbi, daş gurallary ulanmagyň dowam edýän döwründe täze mis gurallaryň hem ulanylyp başlanandygy bilen baglanyşyklydyr. Änew medeniýeti-de eneolit zamanyna degişli medeniýetleriň hatarynda orun alýar. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisini aýan etdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda giňişleýin söhbet edilýär. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri b.e. öňki V-IV müňýyllyklara gabat gelýär. Jeýtun we Änew medeniýetleriniň sepgidinde dowam eden maddy medeniýetiň dürli toparlarynda olaryň görnüşleriniň hil taýdan çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa täze medeniýetiň başlanandygyny aňladýar. Änew medeniýeti öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçiripdir. Olaryň arasyndaky tapawutlar küýzegärlikde has aýdyň ýüze çykypdyr.

Dünýä medeniýetiniň ojagy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän medeni diplomatiýasy häzirki zaman dünýä jemgyýetçiligine türkmen halkymyzyň müňýyllyklardan dowam edip gelýän milli medeniýetimiz, mirasymyz barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga ýardam edýär. 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde döwletimiziň medeni diplomatiýasynyň üstünlikleri aýdyň ýüze çykýar. Amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň günorta sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, gadymy Änew medeniýetine degişli bolan ýadygärlikleriň çig kerpiçleriniň arasyndan bugdaý däneleri we gylçyklary ýüze çykarylýar. Ylmy hasaplamalar bu bugdaý däneleriniň biziň eýýamymyzdan öňki

ÇAGRY BEG

Döwletiň esaslandyrylan pursadynda döwletiň gündogar çäklerini elinde saklan Çagry beg ulgamlaýyn tabyn etmek syýasatyny ýöredip, Horasandan gaznalylary çetleşdiripdir. Biraz soňra Gaznalylar bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp, täze eýelenen ýerlerden abanjak howpuň öňüni alypdyr (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 28-29 s.). Gaznaly soltany Mewdud Çagry begiň gyzyna öýlenipdir. Gaýynatasynyň kesellemeginden peýdalanyp, Horasana goşun ýollapdyr. Çagry beg 14-15 ýaşyndaky ýetginjek ogly Alp Arslany gaznalylaryň garşysyna iberipdir. Balh şäheriniň golaýynda bolan söweşde (1043 ý. awgust — sentýabr aýlary) Alp Arslan gaznalylary ýeňip, 1 müň adamy ýesir alypdyr. Keselinden gutulan Çagry beg Alp Arslan bilen bilelikde Termezi yzyna gaýdyp alypdyr (Hatamow J., Gurbangeldiýew J., Aşyrow O. Maudud Şyhabaddöwle // Mugallymlar gazeti. – 2003. – 24 sent.). Çagry beg soňra Termez, Kobadiýan, Wahş, Gunduz şäherlerini we bütin Toharystanyň häkimligini Alp Arslana berýär (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay, – İstanbul. 2014. – 110 s.). Çagry beg Termezi gabap, onuň häkimi meşhur taryhçy Abu’l-Fazl Beýhaka hat ýazyp, oňa Gaznalylaryň häkimine düşündirip, parahatçylykly ýol bilen şäheri tabşyrmagyny maslahat beripdir (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. –

Kakageldi Gul pälwan

Meşhur Maşa pälwanyň nesli we göreş meýdanyndaky ykbaly hakynda gyzyklanyp kän gözleg-ideg etdim. Ahyrsoňy Garagum sährasynyň Bükriöleň obasynda dünýä inip, häzirki wagtda bolsa Artyk obasynda ýaşaýan pälwan Baýsähet Kelowyň kömegi arkaly, Aşgabat şäheriniň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwanyň (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) salgysyny anyklamak başartdy. ...1954-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa Gul Mommaýewiň maşgalasynda saryýagyzja oglan bäbek dünýä inýär. Gul aga türkmeniň milli ýörelgesine eýerip, syrgynyndaky oba mollasyny çagyryp, nowbahar çaganyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrýar. Dogluş hakyndaky şahadatnamada Momma diýlip ýazylsa-da, ene-atasynyň we dogan-garyndaşlarynyň Kakageldi diýip tutmaklary bilen, bu at ýörgünli bolupdyr.

Gadymyýetiň öçmez çyragy

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby taryh ylmynda täze ylmy garaýyşlaryň döremegine itergi berdi. Pähim-paýhasa ýugrulan bu eserde gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler, olaryň döreýşi hakynda gymmatly maglumatlar ýerleşdirilen. Hususan-da, kitapda gadymy Amul şäheri barada giňişleýin söhbet edilýär. Geçmişde Gündogardan Günbatara barýan ýollaryň esasy ygtybarly bölegi, şeýle-de Buharadan Merwe barýan iň gysga ýol Amulyň üstünden geçipdir. X asyrda arap syýahatçysy Abul Faraj Kudama al-Basry taryh üçin örän gymmatly bolan Amul bilen Buharanyň arasyndaky ýoluň beýanyny ýazypdyr. Orta asyr alymy Istahriniň belleýşi ýaly, Mawerannahrdan Amula gelýän ýoluň Jeýhunyň sag kenaryndaky iň soňky menzili uly Juma metjidi bolan Farap şäheridir. Köne şäheriň çägindäki Bitikgala Amulyň göni garşysynda ýerleşip, onuň ýumrulan harabalarynyň täsin galyndylaryny biziň günlerimizde hem synlap bolýar. Amul şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistana gelýän ugrunda ýerleşýän uly şäher we kerwen ýollarynyň çarýana rowana bolýan merkezi bolupdyr. Alym M.Ý.Massonyň «Merwden Horezme we Mawerannahra çenli orta asyr söwda ýollary» atly ylmy makalasynda Amulyň satraplyk (welaýat) hökmünde Ahemeniler nesilşalygynyň düzümine girendigi, onuň özbaşdak döwlet derejesine ýetip, Horezme we Margiana bäsdeşlik gurandygy, belli bir taryhy döwürde kuww

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Gaz senagatynyň kemala gelşi Gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iň iri pudaklarynyň biri bolmak bilen, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini gazanmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kuwwatly pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, uglewodorod çig mallarynyň täze ýataklaryny açmaga, olary senagat taýdan özleşdirmäge, pudaga ekologiýa taýdan arassa, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Tebigy gazyň ummasyz gorlary hem-de nebitgaz senagatynyň köpýyllyk tejribesi öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berýär. Biz ýurdumyzyň gaz senagatynyň ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan ösüş ýoluna bagyşlanan makalalar toplumyny okyjylara hödürlemegi makul bildik. Olarda ýurdumyzyň gaz senagatynda uly işleri bitiren alymlaryň we hünärmenleriň, hususan-da, şu makalada Gurbanguly Ýazyýewiň maglumatlaryndan peýdalanyldy.

ÇAGRY BEG

Çagry begiň baştutanlygynda başlanan seljuklaryň Günbatara ýörişleri olja edinmek däl-de, eýsem, wizantiýalylary Anadolydan çykaryp, araplaryň asla başarmadyk işini edip, bu ýerleri özlerine watan-ýurt tutunmakdy (Danişmendli- Büyük Selçuklu ilişkileri // Niksar’ın fethi ve Danişmendliler Döneminde Niksar bilgi Şöleni Tebliğleri. – Niksar, 1996. – 44 s.). Ýeri gelende bellesek, seljuklar oljany Alla tarapyndan özüne berlen peşgeş hasaplap, onuň aglaba bölegini haýyr-sahawat üçin harçlapdyrlar. Entek Seljuk döwleti esaslandyrylmanka, 1037-nji ýylda Horezm Çagry begiň mirasdüşer mülki edilip berlipdir (Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI–XII вв. – Ашх., 1973. – С.9.). Ýeri gelende bellesek, Çagry beg horezmşalardan bir hatyna öýlenipdir. Mälik Süleýman onuň şol aýaldan bolan ogludyr. Çagry beg ýogalansoň, bu hatyn Togrul bege dakylypdyr (Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 478 s.).

Mertligiň mekdebi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimde guraldy. Merdana pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelerimiziň biri bolan Watan gahrymanlaryny hatyralamak däplerine eýerip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň hatyrasyna geçirilýän dabaralara gatnaşyp, gadymy türkmen topragynda parahat durmuşy berkarar etmekde edermenlik görkezen gaýduwsyz gahrymanlaryň şanyna «Baky şöhrat» ýadygärligine gül çemenlerini goýdular. Olaryň ruhuna tagzym etdiler we uruş weteranlarymyza, urşuň yzynda galan kümüş saçly enelerimize ýadygärlik sowgatlaryny, ter gül desselerini gowşurdylar. Bu bolsa Watan goragyny özlerine mukaddes borç hasaplaýan merdana Watan goragçylarymyzyň harby gulluga bolan jogapkärçiligini we buýsanjyny has-da artdyrdy.

Ýurdy goran doganlar

(Myrat we Tirkiş Rejepowlar hakynda kyssa) Geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllaryndaky uruş adamzat üçin iň bir aýylganç, ýowuz nägehanlaryň biri bolup, goja taryhyň gatlaryna girdi. Ol ynsanlaryň ýüregini lerzana getirip, kalplaryna müdimilik tagmasyny basdy.

Eli melhem edermen

Görnükli lukman zenan Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda Büzmeýinde dünýä inýär. Ol dogany Çeper bilen çagalykdan ene-atadan jyda düşýär we Aşgabadyň Ene Kuliýewa adyndaky çagalar öýünde terbiýelenýär. Çagalykdan derslerine göreldeli ýetişýän, adamlara mydam kömek bermäge ymtylýan şol gulpajykly gyzjagaz 1932-nji ýylda lukmançylyk tehnikumyna okuwa girýär. Okuwyna höwesli, erjel ýapyşyp, ony 1936-njy ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Şol ýyl hem saýlap alan kärini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen şol wagtky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Saçly Dursunowa talyplyk döwründe gündizine okuwlaryny okap, gijelerine hassahanalarda işläp, iş tejribesini artdyrypdyr we 1941-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlaýar. Emma durmuş hemişe ynsanyň isleýşi ýaly bolmaýar. 1941-nji ýylda nägehan urşuň başlanmagy bilen, Saçly hem fronta meýletinlik bilen gidýär. Ol 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji lukmançylyk sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup, harby gulluga başlaýar. Saçly Dursunowa Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşandyny goşan türkmen lukman gyzydyr.

Ebedi sarpa

Gözel KEKILOWA, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty: — Biz maşgalada üç gyz dogandyk: Jeren, Gülnar we men. Gynansagam, iň ulymyz Jeren häzir aramyzda ýok. Ýogsa hut şol kakamyň kesbini dowam edipdi, ol hünäri boýunça-da, zandy babatda hem filologdy.

«Esgeriň ýoly» ýa-da depderdäki ýatlamalar

Daşynda «Esgeriň ýoly» ýazgyly dört sany depderi mähriban käbämiň okaýan kitaplarynyň arasynda aýratyn aýawly saklanmagy olaryň ýokary gymmatynyň bardygyny mälim edýär. Ejem bu depderleri tekjäniň iň görnükli ýerinde goýup, olar barada gyzyklanan adamlara: «Bu depderlerde kakam Annadurdy Annaýewiň uruş ýyllary baradaky ýatlamalarynyň ýazgysy bar» diýip, uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Näçe aýawly saklansa-da, depderleriň könelişendigini, olaryň ir wagtlara degişlidigini bilip bolýar. Depderleriň mazmunynda şeýle ýatlamalar bar: «1939-njy ýyl. Men şol döwür mekdepde mugallym bolup işläp, obamyzdaky çagalara bilim we terbiýe berýärdim. Günde işden gelenimden soň, gazet-žurnallardaky täzeliklere göz aýlap, jaýymyzyň penjiresinden köçede gaýgy-gamsyz oýnap ýören çagalary, agaçlaryň şahalarynda jürküldeşýän guşlary, şahalaryny aşak egip, miwelerini güjeňleýän baglary synlap, durmuşyň gözelligine guwanýardym. Ine, birden urşuň başlanandygy baradaky habar halkymyzyň rahatlygyny sogrup alan ýaly etdi. Erkek adamlar her gün diýen ýaly fronta ugradylýardy. Tejribeli mugallymlaryň käbiri fronta ugradylman, 7 — 10-njy synpda okaýan gyzlara başlangyç synpda okaýan okuwçylary okatmagy öwretmek tabşyrylypdy. Şeýle-de oba hojalygynda, zawod-fabriklerde erkekleriň ornunda işlär ýaly gyz-gelinler taýýarlanylýardy. Şol ýyllar ýaňy bir 18 ýaşymyň bardygyna garamazdan, meni Bäherden raýonyn