"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Şähryslamyň suw desgalary

Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Gürgenç şahasynyň ugrunda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkeziniň 20 kilometr demirgazygynda orta asyr Şähryslam şäheri ýerleşýär. Şähryslamda arheologik barlaglar 1898-nji ýylda F.A.Mihaýlow, 1902-nji ýylda W.W.Daýneko, 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko, 1947-nji ýylda B.A.Litwinskiý hem-de W.M.Masson, 1959 — 1960-njy ýyllarda G.E.Markow we S.P.Polýakow, 1961 — 1970-nji ýyllaryň dowamynda türkmen arheologiýasyna saldamly goşant goşan alym Ý.Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda geçirilipdir. Orta asyrlarda gündogar ýurtlarynda gurlan şäherler, esasan, üç bölekden, ýagny içki galadan, esasy şäherden (şähristan) hem-de şäher eteginden (rabat) ybarat bolupdyr. Adatça, köşgüň we esasy şäheriň daşyna diňler bilen berkidilen galyň we beýik diwarlar aýlanypdyr. Köşkde şäheriň hökümdary, onuň maşgala agzalary we oňa ýakyn adamlar, şähristanda bolsa şäher ilaty, ýagny gullukçylar, emeldarlar, söwdagärler ýaşapdyr. Şäher eteginde, esasan, şäher hünärmentleri mesgen tutup, olaryň ussahanalary, önümçilik desgalary we ýaşaýyş jaýlary giň çäklere uzap, şäheriň daşyny gurşap alypdyr.

Haweran düzündäki mukaddeslik

Ýurdumyzda düýpi öwrenilýän we aýratyn alada bilen gurşalýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan, XI — XIII — XIV asyrlar bilen senelenýän Mäne Baba kümmeti jahankeşdeleriň, taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň we zyýaratçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu ýadygärlik Haweran düzünde — Sarahs bilen Abiwerdiň aralygynda, has takygy, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 7 kilometr günbatar — demirgazygynda ýerleşýär. Mäne Baba kümmeti gurluş gözelligi we mazmun gymmatlylygy taýdan beýleki binagärlik ýadygärliklerden düýpli tapawutlanýar. Bu özboluşlylyk ýadygärligiň diňe bir gurluş çözgütlerinde däl-de, eýsem, bezeg işleriniň hil taýdan kämil we dürli-dürlüliginde-de ýüze çykýar. Ajaýyp ýadygärligiň girelgesindäki — peştagyndaky syrça bezegleri, ösümlik we geometrik şekiller, hatdatlyk sungatynyň nusgalary, içki diwarlardaky reňkli bezeg işleri, töweregi ýazgyly mazar daşy we ýadygärligiň toplumlaýyn bolmagy gaýtalanmaýan bitewi monumental sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dünýä meşhur şahsyýetiň — Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Abusagyt Abulhaýryň kümmetiniň bolmagy ýadygärligiň ýokary ähmiýetini kesgitleýär.

Nusaý gadymy gala

Geçmişde ata-babalarymyz dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, taryhy ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran Maşat-Misserian, Merw, Sarahs, Ürgenç, Abiwert ýaly şäherleriň hatarynda Nusaý galasy hem öz meşhur taryhy bilen tapawutlanýar. «Nusaý» sözüniň manysy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle maglumatlar bar. Araplar Orta Aziýa gelenlerinde, Nusaý şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýöne olar bu şäheri diňe zenan maşgalalaryň goraýandygyny eşidip, bu pikirinden el çekipdirler. Nusaýly zenanlaryň batyrlygyna haýran galypdyrlar, bu şähere hem «Nisa» diýipdirler. Arapça bu söz zenan diýmegi aňladýar. Hut şu pikir beýleki taryhy çeşmelerde hem gabat gelýär. Gadymy Parfiýanyň paýtagty köne Nusaý ýadygärligidir. Nusaý galasy gür ilatly we önümçiligi ýokary derejede ösen şäherleriň biri bolupdyr. Nusaý medeniýeti diňe bir şäherde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, oba ilatynyň hem aňyna doly ornaşypdyr.

Nesillere nusgalyk miras

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşilip, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiz barada maglumatlary toplamaklyga we halkymyza giňden wagyz etmeklige ähli mümkinçilikler döredildi. Şunda türkmen we hindi halkynyň taryhynda, şeýle hem Orta asyr Aziýa döwletleriniň ençemesiniň taryhynda öçmejek yz goýan Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş ýolunyň çuňňur öwrenilmegi babatda amal edilýän işler aýratyn buýsandyryjydyr. Görnükli döwlet işgäri, serkerde şahyr, halkymyza mahsus ajaýyp häsiýetleri bilen adygan Baýram han Türkmeniň taryhda bitiren hyzmatlary ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk, çuňňur pelsepewi danalyk, adalat ugrunda göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan ynsanperwerlik ýörelgeleri doly beýan tapypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmen edebiýatynyň Hindistandaky görnükli wekilleriniň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Baýram han türkmen we hindi halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny gözel, nepis, ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, iki doganlyk halkyň arzyly oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýýan beýik söz ussadydyr». Baýram han 1526-njy ýylda Zahyreddin Muhammet Babyr tarapyndan

Seýdiniň galasynyň ýanynda

Mundan kyrk iki ýyl ozaldy. Gazetiň şol wagtky baş redaktory Kakaly Berdiýew ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: — Senem diňe redaksiýada oturma-da, eýläk-beýläk çyk. Adamlar bilen duşuş. Göwnüň açylyşar. Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan täsirli makalalar az. Omar Sähetgylyjy ýanyňa al-da, şu welaýatlaň birine baryp gel. Bir hepde ýeter. Üýtgeşik zatlar gözüňde bolsun! Indiki hepde ýola düşüberiň...…

Taryhy baý Daşrabat

Şöhratly geçmişimizde halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösmegine ýetiren täsiri, nesillere galdyran taryhy gymmatlyklary bu günki günde ylmy taýdan yzygiderli öwrenilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz bize döwlet muzeýlerinde wirtual muzeýleri döredip, sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmäge, şeýle-de, dünýä çykarmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, türkmeniň baý taryhyny şöhlelendirýän medeni taryhy ýadygärlikleriň sanawynyň içinde Mary şäheriniň günbatar çetinde ýerleşýän Daňdanakan medeni taryhy ýadygärligi özüniň täsin gymmatlyklary bilen uly ähmiýete eýedir.

Ak binaly, aýdyň ýolly Aşgabadyň taryhy we şu güni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ýüregi Aşgabat şäheriniň medeni-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi, abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldamaga eýe bolmagy bilen paýtagtymyz dürli ugurly halkara derejesinde gepleşikleriň, maslahatlaryň geçirilýän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň merkezine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy bilen gabat geldi. Aşgabat şäheri döreýiş taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda Ashabat atly oturymly obanyň (bu obanyň 2 müň ýyldan hem köp taryhynyň bardygyny taryh ylmy tassyklaýar) we adybir galanyň çäginde düýbi tutulýar. Şol wagtky ýerli hökümet 1874-nji ýylda döredilen Zakaspi harby bölümine 1881-nji ýylda Ahalteke sebitini hem birleşdirip, Zakaspi ülkesini döredýär. Onuň merkezi hem Ashabad şäheri bolýar. 1890-njy ýylda Ahalteke uýezdine Ashabad uýezdi ady berilýär. Ashabad 1882-nji ýyldaky resminamalarda «Ashabad şäheri» diýlip atlandyrylýar.

Söz ussadyny sarpalap

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklaryna, ösüşlerine ummasyz goşant goşan, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda meşhurlyk gazanan dana akyldarlarymyzyň, paýhasly söz ussatlarymyzyň ömri we döredijiligi, eserleri giňden öwrenilýär. Şeýle alymlaryň biri hem beýik türkmen akyldary, döwlet işgäri, serkerde şahyr Muhammet Baýram handyr. Beýik döwlet işgäri, akyldar we alym Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi pikirler inçelik bilen yzarlanýar. Ussat şahyr, akyldar, alym Muhammet Baýram han Türkmen halkymyzyň milli buýsanjydyr. Ol barada Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldir....» diýip belläpdir.

Soltan Sanjaryň Gyzlary

Mahmelek hatyn Mahmelek hatynyň ady Mahmelek hatyn, Mahy Mülk hatyn, Mah Mälik hatyn, Sitti hatyn ýaly görnüşlerde hem gabat gelýär. Orta asyr çeşmelerinde soltanyň beýleki gyzlaryna garanyňda, Mahmelek hatyn hakynda köpräk ýatlanylýar. Mahmelegi Soltan Sanjar öz agasy Soltan Muhammet Taparyň ogly Soltan Mahmyda durmuşa çykarypdyr.

Orta asyr Merw bazarlary

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz Ýewraziýa yklymynyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu ýoluň öz ugrunda ýerleşen döwletleriň gülläp ösmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolandygy beýan edilýär. Ýurdumyzyň bu ýoluň boýundaky möhüm söwda-aragatnaşyk merkezi bolandygyny bu gün dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

Baýram han türkmen — edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy

Häzirki bagtyýarlyk döwründe beýleki beýik şahsyýetlerimiz bilen bir hatarda Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligini öwrenmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň iýun aýynda bu beýik şahsyýetiň ömür-döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahatyny aýdyp bolar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we ösmeginde bitiren hyzmatlary çäksizdir» diýip bellemek bilen, hanlar hany Baýram han Türkmeniň hem-de onuň ogly Abdyrahym hanyň Mogollar şadöwletiniň ösmeginde we berkemeginde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi. Taryhy maglumatlar hanlar hany, parasatly döwlet işgäri, başarjaň serkerde, beýik şahyr, dana atalyk hökmünde tanalýan Muhammet Baýram han Türkmeniň XVI asyryň başlarynda Hindistan topraklaryna gelen Muhammet Zahyreddin Babyr tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletiniň berkemeginde bitiren hyzmatlarynyň uludygyny subut edýärler. Mälim bolşy ýaly, Baýram han Türkmen bu şadöwleti esaslandyryjy Muhammet Babyryň başarjaň serkerdesi, onuň ogly Humaýunyň bolsa wepaly egindeşi, agtygy Ekberiň hem dana atalygy hökmünde taryha girýär.

Watansöýüjilik terbiýesinde «Görogly» şadessanynyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilige we şahandazlyga uly sarpa goýulýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillere, Watan ogullaryna watansöýüjilik terbiýesini bermek barada hormatly Prezidentimiziň saýasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Islendik halkyň geçmişi onuň ruhuna siňen döredijiliginde jemlenýär. Her bir halkyň ölmez-ýitmez ruhy mukaddeslikleri kalbynyň töründe baky ýer tutýar. Olar asyrlarboýy ýaşap, gahrymanlaryň, danalaryň kemal tapan döwürlerinden biziň günlerimize ýetip gelip, ýaş nesilleri terbiýelemäge ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ol terbiýäniň esasyny düzýän iň beýik gymmatlyk bolsa watansöýüjilikdir. Edil beýleki döwletlerde bolşy ýaly, biziň halkymyzyň hem watansöýüjilige ýugrulan, milli ruhda terbiýe bermegiň esasyny düzýän halk döredijilik eserlerimiz ýaş nesilleri terbiýelemekde Oguz eýýamyndan biziň şu günlerimize gelip ýeten milli terbiýäniň özenini düzýär. Halk döredijilik eserleriniň arasynda bolsa, watansöýüjiligi, halallygy, ar-namyslylygy, ylma-bilime sarpany, edermenligi, gaýduwsyzlygy bir ýerde jemleýän eser, häli-häzire çenli türkmen halkynyň aňynda ýaşaýan batyrgaý, garadan gaýtmaz gahrymany onuň Göroglusydyr. «Görogly» şadessany halkyň geçmiş taryhyndaky ykbaly, buýsançly ýoludyr. Onda beýan edilýän wakalaryň watançylyk duýgusyna ýugrulmagy ýöne ýerden däldir.

Şöhratly taryhymyz

Halkymyzyň beýik geçmişiniň, şöhratly taryhynyň bolandygyna ata-babalarymyzdan bize miras galan taryhy-medeni, arheologiýa ýadygärlikleri arkaly göz ýetirmek bolýar. Şeýle taryhy binagärlik ýadygärlikleri welaýatymyzyň çäginde hem onlarçadyr. Olar welaýatymyzda ýerleşýän taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan goralýar. Bu ugurda «Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alyp barýan işlerini agzamak bolar. Agzalan taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan türkmen halkynyň geçmişdäki baý mirasy bolan gadymy medeni ýadygärlikleri aýawly gorap saklamak, öwrenmek babatynda degişli tagallalar edilýär. «Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hasabynda taryhy ýadygärlikleriň 88-si, şol sanda arheologiýa ýadygärlikleriniň 60-sy, arhitektura ýadygärlikleriniň 28-si bolup, olaryň 46-sy Gökdepe etrabynyň, 42-si Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýär. Goraghanada taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek, rejelemek, dikeltmek, şeýle-de milli taryhy-medeni mirasyň desgalarynyň asylky durkunyň abat ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar, ylmy gözleg, taslama hem-de önümçilik işleri amala aşyrylýar.

Domino oýny

Domino oýnuny 2, 3 ýa-da 4 adam bolup oýnap bolýar. Bu oýunda, adatça, 28 daş bolýar. Her daş çyzyk bilen ikä bölünip, onuň her tarapynda 0-dan 6-a çenli nokat bolýar. Oýnuň esasy maksady domino daşlarynyň deň nokatly taraplaryny birikdirip, olary yzygiderli düzmekden ybarat. Oýna başlamazdan öň, oýnuň näçe bolup oýnaljakdygy, soňra bolsa näçe utuk alnanda oýnuň tamamlanjakdygy kesgitlenilýär. Emma bu oýunda iň köp utuk alan ýeňilýär. Sebäbi utuk ýeňlene berilýär. Oýunda her oýunçyda 7 sany daş bolup, bu daşlary ilkinji gutaran oýnuň ýeňijisi bolýar. Oýun tamamlananda, beýleki oýunçylaryň elinde galan daşlaryň nokatlarynyň sany olara jerime utugy hökmünde berilýär. Bu oýnuň başga görnüşli oýnalyşlary hem bar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen oýnuň kompýuterler hem-de smartfonlar üçin niýetlenen görnüşleri bolsa-da, deň-duşlaryňyz bilen oýnamagyň has gyzyklydygyny unutmaň!

Parahatçylygyň ilçisi

Her bir halkyň ykbalynda öz halkyna, Watanyna bolan söýgi bilen beýgelip, milli gahrymanyna öwrülen gerçekler bolýar. Adatça, gürrüňiň şeýle äheňde başlanmagy onuň Watan mertebesini döş gerip goran edermen serkerdeler dogrusynda ýaly bolup duýulýar. Bu, elbetde, dogry. Her bir halkda şeýle edermen, gaýduwsyz söweşijiler bardyr. Emma biziň bu gezekki söhbedimiz ykballara abanýan agyr howpy eline ýarag alman gaýtarmagy başarýan ussat dogrusyndadyr. Türkmeniň meşhur sazandasy Şükür bagşy, ine, şeýle az sanly gahrymanlardandyr. Aslynda, Şükür bagşy diýilse, dünýädäki az sanly sungat gahrymany göz öňüňde janlanýar. Şükür bagşy hakyndaky gürrüňler rowaýata öwrülip giden hem bolsa, ol taryhy şahsyýetdir.

Täsin tapyndy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasyna baryp, bu ylmy edaranyň hünärmenleri tarapyndan aýawly saklanylýan, içgin öwrenilýän we rejeleýji ussalar tarapyndan ozalky kaddyna, asyl nusgadaky şekiline getirilýän taryhy tapyndylary synlamak bizde örän ýakymly täsir galdyrýar. Biz, bilim işgärleri — terbiýeçiler, mugallymlar, şeýle hem medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenler bolup, ýakynda bu ýerde duşuşyk geçirenimizde, goraghananyň hünärmenleri bizi täze tapyndylar bilen tanyşdyryp, olar hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykda biziň üçin has täsirli bolup görnen zatlaryň biri-de, ýüzüne çyzyklar çyzylan, adaty inedördül kerpiç boldy. Etrap merkezinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän orta asyr Abiwerd-Peşdag ýadygärliginde ylmy-barlag işleri geçirilende tapylan bu kerpiç, aslynda, gadymdan gelýän düzzüm oýnunyň tagtasynyň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kerpijiň ölçegleriniň 22x22x4 bolmagy onuň ýasalan döwrüni kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ylmy dolanyşykdaky bar bolan maglumatlara laýyklykda, şeýle ölçegdäki kerpiçler XI-XII asyrlarda türkmen topragynda ykdysady-syýasy taýdan gülläp ösen Türkmen Seljuk döwletiniň zamanasynyň önümi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýuka hem ýeňil bolany üçin şeýle kerpiçleri şol döwürde köp öndüripdirler.

Aşgabadyň ilkinji tehniki täzelikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyna gyzyklanmanyň artmagy ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerini dikeltmekdäki esasy çelgileriň biridir. Hormatly Prezidentimiz mydama taryhçy alymlara taryhymyzy içgin öwrenmegi we asylly däp-dessurlarymyzy halka ýetirmegi maslahat berýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ak şäherimizde taryhyň dürli döwürlerinde ylmy-tehniki ösüşleriň gazananlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barlan işler aýratyn gyzyklanma döredýär. Taryha ser salanymyzda Aşgabat şäherinde öz döwrüniň ylmy we tehniki täzeliklerinden ilkinjileriň hatarynda peýdalanylypdyr. Aşgabat şähеrinе elеktrik toguny çеkmеk işine ilkinjileriň biri bolup, şol döwürde hususy çaphananyň eýesi we «Закаспийское обозрение» gazetini esaslandyran we neşir eden, bu gazetiň ilkinji redaktory K.M.Fýodorow başlaýar. 1897-nji ýylda onuň çaphanasy tarapyndan Drеzdеn (Germaniýa) şähеrinden elеktrik togy bilеn ýagtylandyrmak üçin hеrеkеtlеndiriji satyn alynýar we Aşgabatda ilkinji elеktrik stansiýasyny gurmak işlеrinе girişilýär. Ady agzalan gazetde habar berilmegine görä, bug çaphanasyny işlеtmägе ygtyýar bеrlеn elеktrik bеkеdini Annеnkow (häzirki S.Türkmеnbaşy şaýoly) köçеsindе gurmak wе elеktrik toguny bеrmеk işleri şol döwürler eýýäm tamamlaýjy tapgyra aýak basypdyr. Bеkеtdе kеrosin bilеn işlе

Injirli gala

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan paýhasly syýasaty netijesinde türkmen halkynyň medeni mirasyny, gadymy hem şöhratly taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bu gün ýurdumyzyň çägindäki baý taryhymyzdan söhbet açýan taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça alnyp barylýan işler hem bu ugurda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ahal welaýatynyň çäginde-de şu günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikler, şol sanda gadymy galalar, kerwensaraýlar sanardan kän. Şeýle täsin ýadygärlikleriň biri-de «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli bolan Injirli galadyr.

Taryhy seýilgähe seýran

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan şanly ýylymyzyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň köp şanly wakalary başdan geçirendigini, bu günki gün ajaýyp paýtagtymyzyň öz nurana keşbi, aýratyn ruhubelent ýagdaýy bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine, tutuş adamzat ähmiýetli täze başlangyçlaryň ýüze çykýan we amala aşyrylýan, halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň yzygiderli geçirilýän sebit merkezine öwrülendigini aýtdy. Milli Liderimiz şundan ugur alyp, Aşgabadyň şöhratly taryhyny we onuň ajaýyp binagärligini wasp etmegiň terbiýeçilik we ýokary watançylyk ähmiýetini nygtap, Watanymyzyň täze taryhynda Aşgabadyň eýeleýän orny barada ýaşlaryň arasynda okuwlary, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmegiň zerur bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Iň gadymy çaý ösümligi

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň çaý baradaky şygrynda «Hytaýlydyr aslyýeti...» diýen setir bar. Arheologlaryň ýakynda Hytaýda geçiren gazuw-agtaryş işleri çaý ösümliginiň watanynyň Hytaýdygyny ýene bir gezek tassyklady. Gadymy hytaý imperatory Szin-diniň taryhy ybadathanasynyň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde mundan 2 müň ýyl ozal ösüp ýetişen çaý ösümliginiň galyndylaryna gabat gelindi. Häzir bu tapyndylar çaýyň taryhy bilen bagly iň gadymy döwre degişli gymmatlyk bolup durýar.