"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ykbalyny arheologiýa baglan

Şägirt ussatdan ozdurmasa... Daşkent şäherinde ýerleşen Merkezi Aziýa uniwersitetinde arheologiýa kafedrasyny esaslandyrmagy ussat alyma başarjaň hem zähmetsöýer şägirtler neslini ýüze çykarmaga-da giň mümkinçilikler berdi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde zähmet çekip, arheologiýa ylmynyň ussady bolup ýetişen akademikleriň, professorlaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, ylymlaryň kandidatlarynyň onlarçasy M.Ý.Massonyň şägirtleridir. Halypanyň şägirtleriniň aglaba böleginiň türkmen alymlarynyň bolmagy hem-de olaryň iň ussatlarynyň ukypdyr başarnyklaryny Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge bagyşlandygy aýratyn buýsançlydyr. Özem halypa alym şägirtleriniň başarjaňlygyna, bilim derejesine hem-de ylmy gyzyklanmalaryna laýyklykda, haýsy döwrüň ýadygärliklerinde ylmy gözlegleri alyp barmalydygyny kesgitläp beripdir, olaryň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk edipdir. Mysal üçin, sankt-peterburgly (öňki döwürde Leningrad) belli arheolog, taryh ylymlarynyň doktory A.Okladnikowyň Türkmenistanyň çägindäki daş asyryna degişli ýadygärliklerde, I.Hlopiniň Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplarynyň mis-daş eýýamyndaky taryhyny, etnograflar W.Moşkowa bilen A.Morozowanyň türkmen halysynyň çeperçilik aýratynlyklaryny, moskwaly arheolog W.Pilipkonyň, G.Lisisinanyň, O.Wişnewskaýanyň, kiýewli arheolog-sungaty öwreniji M.Wýazmitinanyň, gazagystanly A.Mandelştamyň, Daşkent şäherinde ýerleşý

Ykbalyny arheologiýa baglan

Taryha şan beren ylmy açyşlar M.Ý.Massonyň we onuň ýetişdiren şägirtleriniň yhlasy bilen geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy arheologiýa we etnografiýa taýdan çuňňur öwrenildi. Alymyň 1950-nji ýyllarda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde neşir edilen «Merwden Horezme we Mawerennahra orta asyr söwda ýollary» atly makalasynda Merwden Köneürgenje barýan ýoluň ugrunda Wiza, Marduş, Ispas, Saýfana (Seng rabaty — Daşrabat), Tahyryň rabaty (Daýahatyn), Budina rabaty, Dargan, Jigerbent, Dahanşir, Sadwar, Hazarasp, Hywa, Zamahşar ýaly iri şäherlerdir kerwensaraý-rabatlar, şeýle hem Merwden gaýdan kerweniň Garagum sährasynyň içi bilen Sengärabada barýan ýolunyň bolandygy baradaky maglumatlary ilkinji bolup ylma girizdi.

Dürdäneler mekany

«Köneürgenç binalarynyň beýikligi we üýtgeşik owadanlygy bilen şöhrat gazanyp, dabarasy kerwen ýollary bilen dünýä ýaýran ussalaryň şäheri bolupdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýär. Özüniň gülläp ösen döwürlerinde dünýä jahankeşdelerini haýrana goýan bu mekan, üstünden ýüzlerçe wakalary geçirendigine garamazdan, sadranç ýaly bolup, ilki başky çeperçiligini, asyl nusgasyny saklap otyr. Ol bu gün bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýerli we dünýä jahankeşdeleriniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Gadymy jaňlar

Diýarymyzyň taryhyny, milli mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde hem-de taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmakda muzeýleriň goşandy uludyr. Medeni mirashana hasaplanylýan muzeýlerimizde gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinden tapylan taryhy tapyndylar milli gymmatlyk hökmünde aýawly saklanylýar, abatlanylýar we öwrenilýär. Bu taryhy gymmatlyklary synlan her bir adam türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygyna doly göz ýetirýär. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde hem ata Watanymyzyň taryhyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine degişli bolan gymmatly tapyndylaryň uly topary saklanylýar. Muzeýde sergilenen gadymy jaňlar taryhda halkymyz tarapyndan olaryň giň gerimde ulanylandygy barada habar berýär. Bu täsin görnüşli jaňlar we olaryň atlandyrylyşy barada gadymy sözlüklerde hem aýdylýar. Ata-babalarymyz ir döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan söwda kerwenlerinde jaňlary örän köp ulanypdyr. Olary tegelek görnüşde, ýagny içi açyk, aşak tarapy boş şekilde demirden ýuka hem-de galyň görnüşde ýasapdyrlar. Jaňlar köp görnüşli bolupdyr. Türkmen jaňlary juda ir döwürlerden bäri belli bolup, geçmişde olar durmuşyň dürli maksatlarynda giňden ulanylypdyr. Kerwenlerde kerweniň öňüni çekýän, kerweniň ortasynda ýöreýän hem-de kerweniň soňuny çekip gelýän düýä ses taýdan bir-birinden

Şöhratly taryhyň täze sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammetdurdy Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk. — Muhammet Annaýewiç, degişli Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi medeni mirasy ylmy esasda öwrenmekde hem-de wagyz etmekde täze gözýetimleri açandyr diýip umyt edýäris.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Çuň mazmunly nazaryýet Arheologiýa we etnografiýa ylmynyň düýbüniň tutulmagy taryhy-medeni ýadygärlikleri asylky durkunda gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmagyna giň ýol açýar. Ylmy taýdan çuňňur nazary bilimi we amaly-usuly taýýarlygy talap edýän bu işiň agyr ýüki, has takygy, Orta Aziýa arheologiýasynyň düýbüni tutmak M.Ý.Massonyň egnine düşýär.

Gowaga siňen taryh

«Ýekegowak» ýurdumyzyň günortasynda, Tagtabazar şäherçesini gallap oturan Garabil belentliginiň gap böwründe ýerleşýär. Gowagyň näbelli ussalar tarapyndan 1500 — 2000 ýyl mundan ozal gurlandygy hakynda çaklamalar bar. Aşakdan synlanyňda, gowagy saýgarmak kyn. Bu bolsa onuň ýaşaýyş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gurlandygyny görkezýär. Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşýär. Şol döwürler oňa diňe ýa-ha aşakdan dik merdiwanlar bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu sebitde şeýle gowaklaryň 200-e golaýynyň bardygy çaklanylýar. Häzirki wagtda olaryň 20-den gowragy hasaba alnypdyr.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärliklerinde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, berkidiş-rejeleýiş, etnografiýa-gözleg işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylaryň kömegi bilen hem-de etnografiýa barlaglarynyň netijesinde taryhy-medeni mirasymyzyň henize çenli mälim bolmadyk syrly sahypalary açylýar. Türkmen alymlarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda «Simap küýzejigi» diýlip atlandyrylýan keramiki gaplaryň ençemesini ýüze çykarmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Akademik M.Ý.Masson şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalarynyň Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylandygyny hem-de olaryň simaby saklamak üçin giňden ulanylandygyny ylmy taýdan esaslandyrdy. Bagtyýarlyk döwrümizde belli alymyň XX asyryň ortalarynda öňe süren bu ylmy nazaryýetine laýyklykda, Abiwerd sebitinde hem simap önümçiliginiň giňden ýola goýlandygy täze tapyndylaryň üsti bilen tassyklanyldy. Şu makalada eziz Watanymyzy

Halypa mugallym hem alym

Hormatly Prezidentimiz her bir işde halypa-şägirt ýoluny dikeldip, örän sogaply iş etdi. Munuň şeýledigine biz öz işimizde, durmuşymyzda göz ýetirýäris. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gurbanmyrat Gurbanmyradow hem şeýle halypalaryň biridi. Ol daşyndan göräýmäge diýseň özerkli, özgeleriň pikirine känbir gulak gabartmaýan adamdyr diýdirse-de, hakykatda, örän ýumşak häsiýetlidi. Birine gatyrganyp, bir gezegem sesini gataldan ýeri ýokdy. Gurbanmyrat aga zähmet ýoluna 1977-nji ýylda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-tehniki institutynyň astrofizika laboratoriýasynda uly tejribeçi wezipesinde başlap, 1996-njy ýyla çenli bu institutyň şol wagt täze döredilen “Asman ýagtylanmasy» laboratoriýasynda ylmyň dürli basgançaklarynda işleýär. Inžener, uly inžener, kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär, 1994 — 1996-njy ýyllarda “Asman” atly ylmy-önümçilik merkezinde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary wezipesinde işlemegi Gurbanmyrat aganyň ylym bilen dowamly meşgullanandygyny, bu ýyllarda-da kämilleşendigini, uly tejribe toplandygyny subut edýär.

Döwletliligiň edebi kökleri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny dünýä tanatmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny dabaralandyrmakda uly işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimiz hatyralanylyp, olaryň atlaryny ebedileşdirmek asylly däbe öwrüldi. Taryhda uly yz galdyran şeýle şahsyýetlerimiziň biri-de asly baharly türkmenlerden bolan Muhammet Baýram han Türkmendir. XVI asyrda Mogol imperiýasynyň dörän döwründe türkmenler ýurdumyzyň çäklerinde we onuň sebitlerinden daşarda döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanymyzdan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biri hökmünde tanalypdyr. Bu barada taryhy çeşmelerde gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Hindistanyň Deli şäherindäki uniwersitetiň professory Ram Kişori Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol türkmendi» diýip belläpdir.

Han­la­r ha­ny

Alym Arkadagymyzyň: «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlaryň hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan täze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny , mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip bellemegi Muhammet Baýram hana berilýän iň ýokary derejelerden nyşandyr. Bagtyýar türkmen halkymyz bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmeniň beýik akyldar, batyr, edermen ogly, Gündogaryň ussat döwlet işgäri Muhammet Baýram han Türkmeniň arzuwlan zamanasynda Berkarar döwletde ýaşamak bilen, gaýduwsyz döwlet işgärleriniň özboluşly döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyl

Türk­menleriň Re­su­lo­gul­la­ry begligi

Adamzat özüniň taryhy ösüşinde uzak ýoly geçipdir. Taryh ylmy Ýeriň ýüzünde ozal ýaşan we häzir ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşlaryny, olaryň ýaşaýşynda deňsizligiň ýüze çykyşynyň sebäplerini, döreden jemgyýetlerini, döwletlerini, döwlet dolandyryş edaralaryny, syýasy we ykdysady gurluşlaryny öwrenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredi. Türkmen halky müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhyna saldamly goşant goşup geldi. Geçmişde türkmenler dürli sebäplere görä, dünýäniň köp ýerlerine göç edipdirler. Olar baran ýerlerinde döwlet gurup, öz başarnyklaryny görkezipdirler. Türkmenler taryhyň sahnasyna çykan gününden başlap, birnäçe döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde beýleki halklar bilen mäkäm jebisleşip, agzybirligiň we parahatçylygyň saklanmagyna uly goşant goşupdyrlar. Bu bolsa olaryň guran döwletleriniň syýasy ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, söwda-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine itergi beripdir.

Zenan waspy siňen setirler

Halkymyzyň taryhynda zenanlar baradaky ilkinji žurnallar «Türkmenistan» gazeti bilen baglanyşyklydyr. Çünki 1928-nji ýylyň 8-nji martyndan «Türkmenistan» gazetinde aýda bir gezek aýallar durmuşyna bagyşlanan sahypa berlip ugrapdyr. Gazetiň 1928-nji ýylyň 8-nji mart güni çykan sany tutuşlygyna zenanlara bagyşlanypdyr. Şol döwürde «Türkmenistan» gazetiniň ady latyn elipbiýinde ýazylan bolsa-da, içindäki beýleki ýazgylaryň ählisi, esasan, arap elipbiýinde bolupdyr. «Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» maglumatyna görä, «Türkmenistan» gazetinde çykarylan ýörite sahypa 1928-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan «Aýallar durmuşy» atly žurnala öwrülipdir. Şol döwürde žurnalyň möçberi uly žurnal formatynyň sekiz sahypasyndan ybarat bolup, 2800 sany bolupdyr. Onuň iň soňky 10-njy sany 1929-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda çap edilipdir. 1931-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, «Aýallar sesi» žurnalynyň ilkinji sany latyn elipbiýinde çykypdyr. Bu žurnal aýda bir gezek özbaşdak žurnal bolup, dürli suratlar bilen bezegli çap edilipdir. «Türkmenistan» gazetiniň neşiri bolan «Aýallar sesi» žurnalynyň möçberi uly formatda bir çap listi möçberinde bolup, sany 3100 bolupdyr. 1931-nji ýylda «Aýallar sesi» žurnalynyň diňe bir sany çykypdyr. Onuň 1932-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň 2-3-nji çykan sanlarynda hem «Türkmenistan» gazetiniň neşiri bolup, «Işçi-daýhan aýal» ady bilen latyn elipbiýinde çykypdyr. Žurnal

Sungatda zenan keşpleri

Paleolit (irki daş asyry) döwrüniň heýkeltaraşlarynda, aýratyn hem, aýallaryň heýkelleri uly orun tutupdyr. Arheologlaryň pikirine görä, adamlar aýallaryň durmuşdaky uly roluna gowy düşünipdirler. Olara adamzadyň neslini dowam etdiriji hökmünde seredip, uly sarpa goýupdyrlar. Olaryň şekillerini öz ýanlary bilen göteripdirler. Her bir maşgalada aýal heýkeljiklerini saklapdyrlar. Şeýlelikde, jemgyýetde enelik urugy başlanypdyr. Neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwründe hem ýasalan käbir küýze gaplarynyň ýüzünde zenan barmaklarynyň yzlary saklanypdyr. Şol yzlar boýunça ilkinji küýzegärler zenanlar bolupdyr diýlip çak edilýär. Sebäbi olar özlerine amatly bolar ýaly küýzeleri ýasapdyrlar.

Ady äleme dolan

Owazasy düşüp Rum-u Ýemene,Müsür, Şam-u Hindistan-u Dekene,Çawy düşüp Hytaý bile Hotana,Bir emiri-sahypkyran ýaratdy.                           Magtymguly Pyragy. Daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülen, bir tarapy derýadyr deňiz, beýleki tarapy daglardyr sähralyklar bilen gurşalan, arassa säher şemalynyň öwüsýän ýeri bolan türkmen topragyna göz aýlanymyzda geçmişiň yzlary göz öňümizde janlanýar. Gün şöhlesiniň täsiri astynda gözümiziň öňünde janlanýan salgym bu bereketli topragyň üstünde alyn derini döken ata-babalarymyzyň ýörän ýollaryny we keşbini emele getirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda mynasyp orun alan bu gadymy topragyň üstünden geçen kerwenlerdäki düýelerdir atlaryň hereketleri we olaryň aýak yzlary bada-bat gözümiziň öňünde peýda bolanda, şol bada dyzyňy epip, geçmiş barada oýlanmaga puryja gözleýärsiň. Dürli pikirlerdir oýlanmalar türkmeniň geçmişinden habar almaga itergi berýär. Golýazmalardyr kitaplary eliňe alyp, olaryň täsin dünýäsine aralaşasyň gelýär. Şol pursatlarda geçmiş mirasymyzy bilesigelijilik duýgulary bizi öz günümize goýmaýar. Şonuň üçin ata-baba geçmişi beýan edýän seýrek kitaplaryň we golýazmalaryň gözlegine çykanyňy duýman galýarsyň.

Ýusup ibn Taňryberdiniň «Röwşen ýyldyzlar» atly eserinde soltan Alp Arslanyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adamzat taryhyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny öwrenmekde, dikeltmekde we ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halky ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp sanly döwletleri gurup, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Orta asyrlarda şan-şöhrata beslenen şeýle döwletleriň biri hem Memluk türkmenleriň (1250-1517) döwletidir. Memluk türkmen döwletinde ýaşap geçen Ýusup ibn Taňryberdiniň (1410-1470) döredijilik mirasy öz döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly we ygtybarly çeşmedir. Alymyň hakyky ady Abul Mahasyn Jemalleddin Ýusup ibn Taňryberdi el-Atabegi el-Ýaşbugawy ez-Zahyry bolup, ol takmynan 1410-njy ýylda uly emeldaryň maşgalasynda dogulýar. Asly Anadoly türkmenlerinden bolan Ibn Taňryberdi ýaşlykdan aýratyn zehini bilen tapawutlanyp, döwrüniň iň ussat halypalaryndan ders alýar. Onuň gyzyklanýan ugurlarynyň arasynda astronomiýa, matematika, teologiýa, saz we edebiýat aýratyn orun tutýar. Alym taryha degişli işleri bilen döwrüniň iň tanymal taryhçysy hasaplanýar. Onuň «En-nujumuz-zähire fi muluki Mysr wel-Kahyre» («Müsür we Kair patyşalary hakynda röwşen ýyldyzlar»), «El-menhelus-safy wel mustewfi bagdel-Wäfi» («Wafydan soňra tamamlaýyjy we dury çeşme») atly kitaplarynda gymmatly taryhy maglumatlar berilýär. Alymyň agzan ilkinji eserinde meşhur şahsyýetleriň, soltanlaryň, hökümdarlaryň, em

Türkmen saz sungatynyň taryhy

Aýdym-saz sungaty türkmen halkynyň geçen taryhy ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ruhy baýlyk köptaraplaýyn özleşdirilip, aýdym-saz sungaty hakynda gürrüň edilende ýa-da makaladyr kitaplar ýazylanda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary her birimize nusgalyk ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu kitaplarda beýan edilýän maglumatlar diňe bir türkmen halkynyň gadymy medeniýeti we sungaty babatda däl-de, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni baýlyklarynyň taryhyny öwrenmek üçin hem gymmatly çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär» diýip belleýär. Bu parasatly jümleler türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenenimizde hem esasy çelgi bolup hyzmat edýär. Fizika, matematika hem-de biologiýa ugurlarynyň birleşmeginden emele gelýän saz sungaty, esasan, üç zady özünde jemleýär. Şolaryň birinjisi — saz sungatynyň taryhy, ikinjisi — bu sungatyň nazaryýeti we üçünjisi — saz eserleriniň ýerine ýetirilýän pursatlarynda bu sungatyň diňleýjilere edýän täsiri. Bolup geçýän üýtgeşmelerdäki umumylyklar ýa-da şol bir saz eseriniň dürli sebitlerdäki tapawutlarydyr.

Şeýhpany

«Bilmeýän bolsaň, bilmeýänligiňi-de bilmeýän bolsaň, onda sen bilmeýänligiňi bilmek islemeýänlerdensiň!» Gysgadan manyly jümleler halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, iki gezek hyrka geýen we il içinde Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Sahyd (Seýid) Mähneýä degişlidir. Göräýmäge, çylşyrymly görünýän bu logiki jümläni gaýta-gaýta okanyňdan soň, onuň manysyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. Mäne baba ony ylymda yzagalak, ýalta, ylymsyz adamlara ýüzlenip aýdypdyr. Olary ylym dünýäsine aralaşmaga çagyrypdyr. Paýhasy bilen daşy ýarýan Mäne baba 967-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda, her hili müşk-anbar we däri-derman ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inýär. Mäne babanyň doly ady Abu Sahyd Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi bolupdyr. Ýöne halk oňa hormat goýup Mäne baba diýipdir. onuň kakasy Abul Haýyr Gaznalylar imperiýasynyň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň ýakyn dostlarynyň biri hasaplanypdyr. Ol patyşa hazynasynyň hasabyna ýörite bellenilen ýokary aýlygy alypdyr. Sebäbi Abul Haýyr Mahmyt Gaznalynyň özüni, maşgalasyny, köşk emeldarlarynyň ählisini müşk-anbar we däri-derman bilen üpjün edipdir.

Fotosuratyň taryhyndan

1826-njy ýylda fransuz, nemes alymlary fotografiýany açmagyň üstünde işläpdirler. Ahyry 1839-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Fransiýanyň ylymlar akademiýasynyň mejlisinde fotografiýanyň döremegine goşant goşan Dagger diýen suratkeş çykyş edip, şol güni fotosuratyň dörän güni diýip yglan edipdir. Ilkinji fotosuratçylar uly göwrümli enjamlarda surata düşürýän ekenler. Germaniýanyň «Leytz company» firmasy 1914-nji ýylda kiçi göwrümli «Leica» atly fotoapparaty öndüripdir. 1980-nji ýyllarda elýeterli bolan ak-gara «Swema» we «Tasma» atly lentalarda surata alynýardy. Şol wagtlar köp ýaýran fotoenjamlardan «Smena», «Zorkiý», «Fed» we soňkurak çykan «Zenit» atly fotoapparatlara isleg bildirýänler köpeldi. 1990-njy ýyllarda gazetleriň suratlary gara-ak çykýardy. Şol wagtlar aglaba suratçylar ak-gara suratlary çykarmak üçin garaňky otaglarda işleýärdiler.

Hajymeligiň tamdyry

Oglankak ýazda Erkgala, Soltangala, Şähriýargala, Gäwürgala ysmanak, selme, ajybalgaz, kömelek ýygmaga giderdik. Şonda garrylar: «Haraba dileg edermiş: «Adam basman, ile göz-gülban bolup ýüz ýyl oturanymdan, ugruma seretmän, saýamda oturýany basyp, şu gün ýykylaýyn” diýermiş. Şonuň üçin galaň, harabaň kölegesinde oturaýmaň! Hajymeligiň tamdyryna-da münäýmäň. Tamdyra münseňiz, günäsi garagňyzy gapyp, kör bolarsyňyz” diýip gorkuzardylar. Bizem kör bolmajak bolup, näçe çytraşsak-da çaga bilesigelijiligi günümize goýmazdy. Gadagan zady, iň bolmanda, bir gezek jyklap görmek höwesi gorkudan üstün çykardy. Şonda Uly Gyzgalanyň ýanynda Hajymeligiň tamdyry diýilýän ýerde ýygnanan ýagyş suwunyň içine palçyga garyp, tokgalap gawun-garpyz çigidini zyňyp, düme ekip ýören ýaşuly şu rowaýaty aýdyp berdi: — Goçgarlar, görýäňizmi, men şu harabalykda däl-de, sesýetim beýleräkde çatma dikendirin. Ýogsam, galyň diwarlary epgekden gorasa, atly sygaýmaly körüginden köwsarlaýan şemal bu harabanyň içini buz ýaly saklaýar. Aslynda, bu desga ir döwürlerde ýagan gary ýygnap getirip, gat-gat edip ata basgyladylyp, agşamlaryna suw sepip doňdurylyp, ýörite buz saklanýan ýahdan-buzhana bolupdyr. Şol buzhanalarda hökümdarlara epgekli yssyda buz ýaly şerbetli içgileri, daşary ýurtdan gelen del nygmatlary — yssyda zaýa bolaýjak iýmitleri saklapdyrlar.