"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Gadymy medeniýetiň we siwilizasiýanyň ojagynda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beýik medeniýetiň mekany bolan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gözelliklerimizi gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde, taryhy ýadygärliklerimizi, maddy-medeni mirasymyzy, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň çäginde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň subutnamasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip başlapdyr we olar kuwwatly döwlet bolmak bilen, medeniýeti ösüp, ýokary derejä ýetipdir.

«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün – 16-njy aprelde Balkan welaýatynda ýerleşýän «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Balkan welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer M.Mämmedowa beren tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň çäginde geçirilýän çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Türkmenistanyň gadymy buzhanalary

Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimi dünýä ýurtlarynyň derejesinde ösdürmek, halkymyzyň gadymy medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan gadymy suw desgalarynyň binagärlik aýratynlyklarynyň öwrenilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Olardan gadymy Merwiň dürli görnüşli sardobalaryny, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde saklanyp galan ýahdany, Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan birnäçe sardobalary görkezmek bolar.

Dehistan — ösen medeniýetiň göwheri

Türkmenistanyň orta asyr şäherleri binagärligiň, senetçiligiň, söwdanyň, dokmaçylygyň, medeniýetiň biçak ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň biri-de Dehistandyr. Bu şäheriň şöhratly geçmişden habar berýän galyndylary Hazar deňziniň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Dehistan öz döwründe diňe bir 200 gektar meýdany tutýan paýtagt şäher bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalary özünde birleşdirýän, gür ilatly welaýat bolupdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän günorta-gündogar bölegi häzirki döwrüň geografik kartalarynda «Misserian düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürlerde bu ýerde «Girkaniýa» ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly, giň oazis bolupdyr.

Taryhy ýadygärliklere buýsanç

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtady. Munuň özi ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrylan täze tapgyrynda-da türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işleriň alnyp baryljakdygyndan habar berýär. Türkmenistanyň çägi asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, medeniýetleriň çatrygynda ýerleşip, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan möhüm halka bolup hyzmat edipdir. Merw, Nusaý, Amul, Abiwerd, Dehistan ýaly gadymy şäherler bolsa Gündogaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gülläp ösen merkezleri bolupdyr. Bu günki gün şol binagärlik ýadygärliklerini milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklary hökmünde aýawly saklamak hem-de dikeltmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatn

Gadymy Merwiň binalary

Döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän döwründe, ynsan kowmunyň bäş müňýyllyk taryhynyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimiziň aýratyn orny bardyr. Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, biri-birine juda meňzeş daşky diwarlary gasynly gurlan köşkleri, galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merwiň ajaýyp köşkleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Al-Mamunyň köşki — bu taryhy we medeni ýadygärligiň binagärliginde, esasan, çig kerpiçleriň ulanylandygy sebäpli, biziň günlerimize çenli gelip ýeten galyndylary hökmünde onuň aglaba böleginiň eremegi netijesinde emele gelen ullakan tümmegi we demirgazyk diwarynyň azda-kände saklanyp galan galyndylaryny görkezmek bolar. Ýadygärligiň saklanyp galan käbir böleklerinden we geçen asyryň ortalarynda geçirilen ylmy barlaglaryň maglumatlaryna salgylanmak esasynda öz döwründe iki gatdan ybarat köşk ymaraty bolandygyny çaklamak mümkin. Ymaratyň birinji gaty ýokarlygyna ýapgyt we galňap gidýän diwardan ybarat bolup, ikinji gatynyň daş tarapy ýarym aýlaw gasynlar arkaly bina edilipdir. Alymlaryň çaklamagyna görä, Al-Mamunyň köşki IX — X asyrlara degişli ajaýyp taryhy ýadygärlik hasaplanýar.

Jeýhunyň ýakasyndaky gadymy ýadygärlikler

Täze taryhy döwürde şöhratly geçmişimiziň naýbaşy gymmatlyklary bolan taryhy ýadygärliklerimizi çuňňur öwrenmäge hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Uly kerwensaraýlary, şüwlümli bazarlary, metjit-medreseleri, köşkleridir galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen gadymy Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen türkmen topragynyň asyrlary aşyp, biziň günlerimize çenli saklanyp galan ýadygärlikleri milletimiziň buýsanjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy çuňňur öwrenilýär, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär hem-de baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň çägindäki köp sanly taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara derejesine laýyklykda berkidiş-abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň çar ýanynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bu gün diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň jahankeşdeleri üçin hem arzyly ýerlere öwrülýär. Ýurdumyzyň gündogaryndan akyp geçýän Amyderýanyň boýunda taryhy-medeni ýadygärlikler barmak büküp sanardan kän. Olardan Daýahatyn kerwensaraýy, gadymy Amul galasy, Astanababa binagärlik toplumy, Alamberdar, Dargan baba kümmetleri, Osty gala, Soltannyýazbeggala, Köşkgala (Zöhre-Tahyryň galasy) ýaly taryhy ýadygärlikleri görkezmek bolar.

Taryhyň şöhratly şahsyýeti

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý geçmiş taryhyna ser salanymyzda, olaryň dünýäniň dürli künjeginde onlarça döwleti, jahanşalyklary, hanlyklarydyr beglikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen pähim bar. Şeýle döwletleri esaslandyrmakda meşhur türkmen soltanlarynyň, han-begleriniň, gerçek serkerdeleriniň bitiren hyzmatlary uludyr. Orta asyrlarda Göktürkmen döwletini esaslandyryp, uly işleri bitiren şeýle şahsyýetleriň biri-de Bumyn handyr. Bumyn han hakynda gadymy hytaý çeşmelerinde, şeýle-de Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda gabat gelinýär. Oguz türkmenleriniň Hun döwleti ýaşamagyny bes edendensoň, oguz-türkmen taýpalary birnäçe asyryň dowamynda sähralyklarda hökmürowanlyk eden käbir halklaryň garamagynda ýaşapdyrlar. Şol döwürde göktürkmenler žužan atly halkyýetiň hanlaryna demir eredip, ondan ok-ýaraglary, zähmet gurallaryny ýasap beripdirler. Göktürkmenler demir eretmäge, ondan ýokary hilli önümleri ýasamaga ökde bolupdyrlar. Emma elmydama erkinligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Garaşsyz döwleti gurmak üçin amatly pursada garaşypdyrlar. VI asyryň ortalarynda Bumyn han göktürkmenleriň merdana, pähim-parasatly hany hökmünde öňe çykypdyr. Gaýduwsyz serkerde, şol bir wagtda ussat diplomat göktürkmenler bilen goňşy oturan Hytaýdaky Günbatar Weý döwleti bilen gatnaşyklary ýola goýupdyr. Parahatçylykly, erkin durmuşy döretmek göktürkme

Erkeklik mukamy (hekaýa)

Ol indi öz öýündedi. Geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Ol wenger syýahatçysy, etnograf, türkşynas, gündogarşynas hökmünde eýýäm meşhur bolupdy. Ol wengerler üçin Arminiý Wamberi bolsa-da, gündogara derwüş sypatynda syýahat eden döwri Raşid Efendidi.

Dünýä nusgalyk ýol goýanlar

Ata-babalarymyzyň harby-syýasy ýörelgeleri we kuwwatly harby syýasaty diňe bir öz ýurdunyň däl, eýsem, tutuş sebitiň parahat durmuşynyň üpjün edilmegini şertlendiripdir. Şu nukdaýnazardan, türkmen döwletleriniň içki agzybirligi saklamak we bir lideriň daşynda jebisligi berkitmek ýörelgesi ýurt howpsuzlygyny üpjün etmekde  binýatlyk ähmiýete eýe bolupdyr. Onuň şeýledigine öz döwrüniň geosyýasy ýagdaýyndan ussatlyk bilen baş çykaran seljuk soltanlarynyň daşary syýasatynyň aýratyn ugurlaryny seljereniňde, olaryň ählisini jemläp, umumylykda baha bereniňde göz ýetirmek bolýar.

Pen­di se­bit­le­rin­dä­ki or­ta asyr köp­rü­le­ri

Köp­rü­ler söw­da-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe. Şo­nuň üçin ga­dy­my dö­wür­ler­de we or­ta asyr­lar­da dür­li mak­sat­ly köp­rü­ler bi­na edi­lip­dir. Şeý­le köp­rü­le­riň bir­nä­çe­si or­ta asyr­lar­da Pen­di se­bit­le­rin­de Mur­gap der­ýa­sy­na guý­ýan der­ýa­jyk­la­ryň üs­tün­den gur­lup­dyr. Ta­ry­hy ýa­zuw çeş­me­le­ri XV asyr­da Guş­gy der­ýa­synyň üs­tün­den köp­ri gur­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Onuň suw akar ýa­ly do­kuz ha­na­sy bo­lup­dyr. Şol dö­wür­ler­de ol «Daş­köp­ri» ýa-da «Ta­ba­nyň köp­rü­si» ady bi­len hem ta­na­lyp­dyr. Mä­lim bol­şu­na gö­rä, Ta­ban Teý­mir­le­ňiň 1383-nji ýyl­da we­pat bo­lan ser­ker­de­si­dir. Ho­ra­san eýe­le­nen­den soň Teý­mir­leň Ho­ra­sa­nyň su­wa­ryş des­ga­la­ry­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir iş­le­ri ge­çi­rip­dir we şon­da Ta­ba­nyň og­ly Oma­ra Mur­gap­dan göz­baş alyp gaýd­ýan ýap gaz­ma­gy buý­rup­dyr. M.Ý.Mas­son köp­ri­niň Ta­ba­nyň özi ýa-da onuň og­ly Omar ta­ra­pyn­dan gur­lan­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä-de, «Ta­ba­nyň köp­rü­si» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni bel­le­ýär.

MEŞ­HUR­LA­RYŇ DUR­MUŞ ÝO­LUN­DAN...

Fran­si­ýa­ly in­že­ner, me­tal­lar­dan desga ýa­sa­mak­da us­sat hü­när­men, XIX asy­ryň bi­na gur­lu­şy­gyn­da aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Pa­riž şä­he­rin­de ýer­leş­ýän dün­ýä bel­li Eý­fel di­ňi­ni gu­rup meş­hur­lyk ga­za­nan Alek­sandr Gýus­taw Eý­fel gur­lu­şyk­çy­lar maş­ga­la­syn­dan bo­lup­dyr. Gýus­taw Eý­fel 1855-nji ýyl­da Sun­gat we ma­nu­fak­tu­ra mek­de­bi­ni ta­mam­lap, in­že­ner hü­nä­ri boýunça dip­lom al­ýar. Ol öz işin­de us­sat hü­när­men bo­lup, bir­nä­çe bi­na­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­ny bi­tir­ýär. Onuň taslamalary esa­syn­da, Por­tu­ga­li­ýa­da­ky Do­ru der­ýa­sy­nyň üs­tün­de ot­lular üçin niýetlenen «Pon­ti-di-Do­na-Ma­ri­ýa-Pi» at­ly köp­ri, Bu­da­peşt şä­he­rin­dä­ki wok­zal hem-de Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki «Azat­lyk» heý­ke­li­niň gur­lu­şy­gy we baş­ga-da bir­nä­çe bi­na­la­ryň gurluşygy ama­la aşy­ryl­dy.

Türkmenleriň taryhynda döwlet baştutanyny saýlamak däpleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji martynda ýurdumyzda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary demokratik esaslarda geçirildi, 9 dalaşgäriň gatnaşmagyndaky bu saýlawlarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 72,97 % ses alyp, ýeňiş gazandy. Bu taryhy waka türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan demokratik däpleriň eýesi bolan milletdigini ýene-de bir ýola dünýä ýüzüne äşgär etdi. Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar. Han saýlanlarynda adalatly ses bermeleriň netijesinde saýlapdyrlar.

Gündogar halklarynda Nowruz baýramy

Nowruz gadymy siwilizasiýanyň döreden we özleşdiren medeni däpleriniň biridir. Nowruzyň esasyny düzýän gündogaryň täze ýyl däp-dessurlary bolan semeni bişirmek ýa-da hasyllylyk bilen baglanyşykly ot we suw dessurlaryny öz içine alýan bu baýramçylyk häzirki Hytaýyň gündogarynda ýaşaýan salyr türkmenleriniň we oguz kowumy bolan uýgurlaryň arasynda giň meşhurlyga eýedir. Nowruz — bahar baýramy, ol gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan Ýakyn Gündogar, Merkezi we Orta Aziýa halklarynyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hytaýyň gündogarynda (häzirki Sinzýan) köpden bäri dürli halklar ýaşap, olary medeni, dini, ykdysady we etnik gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýagny olar gadymdan gelýän eýran, sogdy we türki, şeýle-de hindi, günbataryň halklarydyr. Bu halklaryň asyrlaryň dowamynda garyşyk ýaşamagy maddy we ruhy medeniýetleriniň hem golaýlaşmagyna getiripdir. Salyr türkmenleri senenama baýramçylyklarynyň arasynda Nowruza aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýle-de olaryň töwereginde goňşy bolup ýaşaýan halklaryň arasynda-da Nowruz iň esasy we şatlykly baýram hökmünde dabaralandyrylýar. Täze ýyl, aslynda, dünýäniň ähli halklary tarapyndan hem bellenilip geçilýär, ýöne ýerli senenama laýyklykda, käbir halklarda milli aýratynlygy bilen tapawutlandyrylýar. Ýagny bu baýram gadymy döwürlerden bäri täze ýylyň başlangyjy, oba hojalyk işlerine badalga berilmegi bilen baglydyr. Nowruz baha

Topragyň perzendi

«Ýagşydan at galar» diýilýär halkymyzda. Toprak bilen bagry badaşyp, öz döwrüniň zähmet gahrymany bolan Oguldurdy enäniň hem ata Watanyň, il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryny ýatlasaň, onuň ölmez-ýitmez at goýup gidendigine göz ýetirýärsiň. Bu gün mährem ene 8 perzendiniň, 25 agtygynyň, 48 çowlugynyň, 4 ýuwlugynyň ýüreginde ýaşaýar. Obadaşlary, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Begaryk obasynyň ýaşaýjylary bu gün onuň beýik adamkärçiligini, zähmetsöýerligini, merdi-merdanalygyny buýsanç bilen ýatlaýarlar. Heniz on ýaşyny doldurmanka mekdepden boş wagtyny gowaçaly meýdanlarda geçiren gyzjagaz bu işe çagalykdan werziş bolupdy. Ol kakasy ir ýogalyp, dört sany çülpe çaga bilen ýeke-ýalňyz galan ejesini goldaman bilermidi?! Orta mekdebi tamamlansoň kolhoz işine ymykly gatnap başlan gyzyň soňra toprak bilen bagry badaşyp, ýylyň dört paslynda yhlasly işledi. Ene ýere tohum sepilip, gowaçalar iki gulak bolup gögerip ugrandan, tä pagta ýygymy möwsümine çenli ýekeleme, otag, çyrpym işlerine işjeň gatnaşdy. Gerek ýerinde suw tutup, çil çekdi. Oguldurdy pagta ýygmakda hiç kimi öňüne geçirmedi. Ol ökde ýygymçy hökmünde diňe öz obasynda däl, eýsem, etrapda-da tanalýardy.

Keteni galasy

Was topragynyň gyrasynda gadymdan galan gala bar. Galanyň gadymylygy ýaly, ol baradaky gürrüňler hem gadymy. Ýöne muňa garamazdan, ol gyzykly gürrüň. Şeýle bolansoň, ol biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ir döwürler ol ýerde bir hanlyk bolupdyr. Ýöne hanyň ýekeje gyzy bar eken. Hanyň barha süňňi gubarlaşyp, garrylyk ýaşyna ýetýär. Onsoň, ol oýlanyp: «Meniň döwletimiň ygtybarly gola geçmegi üçin jar çekdirmegi makul bilýärin. Kimde-kim kesekiniň aýagy sekmez ýaly, şeýle bir gala galdyrsa, onuň içine hiç bir duşman girip bilmese, men öz ýeke-täk gyzymy şoňa durmuşa çykarjak!» diýipdir.

Hum — pälwan küýze

Halkymyzyň külalçylyk sungatynyň önümleri bolan dürli görnüşli küýzeler ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr. Küýzeler toýun palçykdan ýasalyp, ýaýbaň billi, bokurdakly, iki ýa-da dört gulply, kähalatlarda bir gulply hem bolupdyr. Käbir ýerlerde «Pälwan küýze» diýlip atlandyrylýan hum küýze küýzeleriň arasynda iň ulularynyň biridir. Humlar ätiýaçlyk azyklary, suw ýa-da galla saklamak üçin niýetlenilip ýasalan uly göwrümli küýzeler bolup, olar ölçegleri boýunça dürli-dürlüdir. Köplenç halatda humlaryň düýbüniň we bokurdagynyň diamtri 0,2-0,4 metrden 1,5 metre çenli bolupdyr. Taryhy çeşmelerde hum küýzeleri ýasamak işiniň VIII asyrda has-da kämilleşendigi barada maglumatlar bar. Ata-babalarymyz hum küýzeleri un we galla önümlerini uzak wagtlyk saklamak üçin amatly gap hökmünde ulanypdyrlar. Äpet hum küýzeleri ýasamak küýzegärlerden ýokary ussatlygy talap edipdir. Şeýle-de bolsa, nusaýly küýzegärler orta Aziýa küýzegärliginde örän seýrek duş gelýän äpet humlary ýasamagyň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. Ussat küýzegärler olary ýasamak üçin palçygyň hiline aýratyn uly üns beripdirler. Munuň üçin düzüminde köp mineral duzlary saklaýandygy sebäpli, derýalaryň, uly ýaplaryň köne hanalarynyň şykgy keseklerini ulanypdyrlar. Kesekler döwlüp, elekden geçirilipdir. Humuň laýynyň maýyşgaklygyny, birleşiş ukyplylygyny gazanmak maksady bilen tä l

Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi

Türkmen zenanlarynyň waspy taryhy çeşmelerden başlap, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, aýdymçy-sazandalaryň owazlarynda, nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň döredýän eserlerinde çeperçilik bilen beýan edilýär. Ýurdumyzyň taryhy ýerlerinden — Namazgadepeden, Garadepeden, Altyndepeden we günorta Türkmenistanyň ekerançylyk bilen meşgul bolan iň gadymy obalaryndan tapylan köpsanly zenan heýkelleri biziň eýýamymyzdan öňki IV-III müňýyllyklara degişlidir.

Saýlawlaryň taryhy

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Saýlawlar gadymy döwürlerden bäri häzirki güne çenli dowam edip, adamzadyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.