"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Sport — sagdynlygyň çeşmesi

Tejen etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 5-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýärýänligi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligi barada gürrüň berdiler.

Ýaşajyk türgenler

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda “Ýaşajyk türgenler” atly sport bäsleşigi geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guralan ýaryşyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli we erjel bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda körpeje türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bu ýaryşlar körpeleriň ruhubelentligini aýdyň ýüze çykardy. Gyzykly geçen ýaryşda etrabyň 8-nji çagalar bagynyň körpejelerinden düzülen topar I orna mynasyp boldy.

Sport

Erjeller öňe saýlandylar Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä köpçülikleýin çekmekde, sporty ösdürmekde degerli işler bitirilýär. Şol işleriň netijesinde ilatyň saglygyny berkitmekde, ýurdumyzyň sport abraýyny täze belentliklere çykarmakda gowy netijelere eýe bolunýar.

Ussat tennisçiler kemala gelýärler

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen döwletimizde ýaşlary sporta höweslendirmek, olary goldamak bilen bir hatarda tennis sportuny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem uly ähmiýet berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimize Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasynyň gowşurylmagy-da Türkmenistanda tennisi ösdürmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň, ussatlyklarynyň artmagynda welaýatymyzyň tälimçileriniňdir türgenleriniň hem mynasyp paýy bardyr.

Işine ussat tälimçi

Çärjew etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça 1-nji derejeli tälimçisi Jumakuly Durdyýew indi 10 ýyldan bäri ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde ak ýürekden zähmet çekýär. Ol bu döwrebap sport mekdebinde toparlaryň 3-sinde türgenleriň 40-a golaýyna basketbol oýnunyň düzgün-tärlerini öwredýär. Tälimçiniň işine içgin we jogapkärçilikli çemeleşýändigini türgenleriň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek bolýar. Geçen ýyl erkekleriň arasynda welaýatyň kubogyny we birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda Jumakulynyň ýolbaşçylygyndaky topar ýeňiji boldy. Şeýle hem bu topar basketboluň kiçi görnüşi boýunça geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginde üçünji, 3X3 görnüşi boýunça bolsa birinji orunlary eýeledi. Ussat tälimçiniň şägirtleri bu ýeňişlerini üstümizdäki ýylda hem dowam edýärler. Olar şu ýylyň fewral aýynda basketboluň 3X3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça guralan ýaryşda we ýetginjeklerden düzülen toparlaryň arasynda geçirilen çempionatda ikinji orna mynasyp boldular.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy bolsa halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Muňa geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Bütindünýä saglyk gününiň, bu sene mynasybetli tutuş hepdäniň dowamynda ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çäreleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Her bir il bähbitli, ýurt ähmiýetli işde hemmelere nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmagy halkara baýramyň esasy wakasy bolup dabaralanyp, döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýeren dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ildeşlerimiziň welosipedli ýörişlere agzybirlik, ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşmaklary ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty köpçülikleýin häsiýete eýe etmek babatda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrüldi. Şol gün welaýatymyzda hem ir säherden başlanan medeni-sport çäreleri — welosipedli ýörişler, ýaryşlar, aýdym-sazlar, tanslar

Bagtly geljegiň binýady

Sagdynlyk — bagtly geljegiň binýady. Şol esasdan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň agzybir, abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşmagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir. Üstünlikli durmuş geçirilýän şeýle işleriň netijesinde hem ata Watanymyz sagdynlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi. Ajaýyp zamanamyz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň şan-şöhratynyň barha artýan döwri bolup taryha girer. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Halkara ýaryşlaryň merkezi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýä ülňülerine gabat gelýän sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmeginiň köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimize ornaşdyrmakda uly itergi berýän güýç bolup durýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri häzirki wagtda halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply merkezleriň birine öwrüldi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» awtorallisini, 2019-njy ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny, ýagny iri halkara sport ýaryşlaryny buýsanç bilen bellemek bolar. Halkara sport ýaryşlarynyň mekanyna öwrülen berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem milli ýygyndy toparlarymyz yzygiderli halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Gyzykly hem netijeli oýunlar

Futbol Futbol boýunça milli çempionatymyz gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. 5-nji tapgyr ähli oýunlarda myhmanlaryň ýeňiş gazanmaklary bilen ýatda galyp, şol tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary dynç aldy. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bolsa Aşgabatda «Köpetdag» bilen duşuşyp, janköýerleriniň «berekellasyna» mynasyp bolmagy başardy. Oýnuň 10-njy minutynda hasaby myhmanlardan Röwşen Baýlyýew açdy. 13-nji minutda Şiri Annaýew jogap pökgüsini geçirse-de, şondan soňra diňe myhmanlaryň hüjümleri netijeli tamamlandy, ýagny 29-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrowyň, 45-nji minutda Arslan Ýollyýewiň, 54-nji minutda Hydyrgeldi Atjanowyň geçiren gollary «Şagadamyň» uly hasaply ýeňşini üpjün etdi.

Paýtagtymyzda sport baýramy

Türkmenistanda hokkeý boýunça ýaryş, ýylyň agramly bölegi güneşli Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sport pudagynda nähili öňegidişlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Taryh üçin juda ujypsyz bolan 10 ýyl töweregi wagtda hokkeý ýaly demirgazyk döwletlere mahsus sport görnüşine bolan ukyby zandynda gaýnaýan türkmen türgenleri eýýäm halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde ýeňiji bolup, ýylyň-ýylyna dünýä çempionatlaryna gatnaşar derejede kämilleşdiler. 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak halkara ýaryşda bolsa olar ýer eýeleri hökmünde çykyş ederler.

Türkmenistanyň halkara sport abraýy barha pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda belent sepgitleri nazarlaýar. Geljek hepdede, has takygy, 15 — 20-nji aprel aralygynda mermer şäherimiz Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, guramaçylyk topary döredilip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan degişli Düzgünnamasy tassyklanylan bu halkara ýaryş dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijileri

Boksçularyň bäsleşigi Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan sportuň boks görnüşi boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 13 agram derejesi boýunça 100-e golaý ýaş türgen gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda edýän tagallalaryna üstünlik gazanmak bilen jogap bermekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri saýlap-seçip almakdan, boksy ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Sport bäsleşikleri geçirildi

Etrabymyzda ilaty, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary, sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine çekmäge uly üns berilýär. Şu maksat bilen dürli sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde geçirilen bäsleşikler sportuň alty görnüşini öz içine aldy. Oňa etrabymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, sport mekdepleriniň türgenleriniň köpsanlysy gatnaşdy. Çekeleşikli we ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen bäsleşiklerde ussatlar öňe saýlandylar. Olaryň ýeňijilerine ýaryşy guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz şeýle çäreleri geljekde hem yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça öňde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmäge mynasyp goşandymyz bolar.

Welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi

Sport mekdebimizde gandbol boýunça 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň toparlary bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary hem gatnaşdy. Oglanlaryň arasynda guralan ýaryşlarda paýtagtly myhmanlar birinji orny eýelediler. Türkmenabat şäheriniň we Dänew etrabynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda guralan duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň topary birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşda aşgabatly we dänewli gyzlar degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji bolan toparlar welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary we medallar bilen sylaglanyldy.

Ýaş pälwanlaryň üstünligi

Aşgabat şäherinde türkmen milli göreşi we alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda welaýatymyzyň ýaşlary üstünlikli çykyş edip, toparlaýyn birinjiligi gazandylar. 2006 — 2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda guralan tutluşyklara welaýatymyzdan pälwanlaryň 15-e golaýy gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Agram derejeleriniň 9-sy boýunça geçirilen tutluşyklarda Türkmenabat şäherinden Aýnur Begenjowa we Serdar Taganow, Saýat etrabyndan Käkilik Mekanowa, Batyr Hemraýew we Pälwan Akmyradow öz agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Şeýle hem Roza Arslanowa, Maýa Italmazowa, Eziz Borjakow, Sylap Baýramow dagy hem baýrakly orunlary eýelediler.

Ökdeler öňe saýlandylar

Sport mekdebimizde guşakly göreş boýunça geçirilen welaýatyň çempionatyna Türkmenabat şäherinden, Saýat, Kerki, Darganata etraplaryndan ýaş pälwanlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň tutuş dowamynda saýatly türgenler üstünlikli çykyş edip, gyzlaryň arasynda-da, oglanlaryň arasynda-da toparlaýyn birinjiligi eýelediler. Ýaş pälwanlaryň nobatdaky üstünliginde ussat tälimçiler Agamyrat Çaryýewiň, Halnazar Jumaýewiň, Kerim Gurbanowyň mynasyp paýlary bardyr. Türkmenabatly tälimçiler Azatmuhammet Aşyrowyň we Derkar Açilowyň türgenleri hem öz başarnyklaryny görkezip, toparlaýyn ikinjiligi gazandylar. Oglanlaryň arasynda guralan tutluşyklarda Darganata etrabynyň topary üçünji orny eýeledi.

Saglygym — baş baýlygym

Sport mekdebimizde geçirilen çäre sportsöýüjileriň köpsanlysyny bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň sport durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda göreş sambosy, dzýudo we kuraş boýunça tälim alýan türgenlerimiz görkezme çykyşlaryny hem görkezdiler. Futbol we woleýbol boýunça etrabymyzyň orta mekdepleriniň toparlarynyň arasynda guralan ýaryşlar ildeşlerimiziň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Şeýle hem sport çäresiniň dowamynda dürli ýaryşlarda öz ussatlyklaryny görkezýän türgenlerimize sowgatlar gowşurylyp, olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.

Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar

15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşar. Olar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Khanjars», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahreýn», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Gümüş Patenler», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr.

Erjeller üstün çykdy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryndan düzülen toparlar ýaryşda şadyýan estafetanyň bäş görnüşi boýunça erjelligini görkezdiler. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşyň netijesinde etrapdaky 16-njy orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 26-njy orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary gowşuryldy.

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär» diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri bar. Şeýle döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkidýärler hem-de tälim alýarlar.