"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Sport — ruhubelentligiň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy döwlet tarapyndan ony durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny alyp barmak arkaly üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly, täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýmek bilen milli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda milli sportuň durmuşyndaky şanly wakalaryň mysalynda hem

Okuwçy gyzlar basketbol ýaryşdy

Babadaýhan etrabyndaky 23-nji orta mekdepde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasynda basketbol ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş etrapdaky orta mekdeplerden gelen okuwçy gyzlaryň basketbol sportuna höwesiniň ýokarydygyny görkezdi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Ýaryşda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary birinji, 5-nji orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy.

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy «D» to­par­ça­da çy­kyş eder

Fut­bol bo­ýun­ça 2027-nji ýyl­da Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da ge­çi­ril­jek 19-njy Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, 24 ýy­gyn­dy 4 to­par­ly 6 to­par­ça paý­lan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy-da 2-nji tor­ba­dan bi­jä go­şu­lyp, il­deş­le­ri­miz «D» to­par­ça düş­di. Türk­men fut­bol­çy­la­ry bu to­par­ça­da Tai­lan­dyň, Hy­taý Taý­pe­ýi­niň hem-de Şri Lan­ka­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şar. Her ýy­gyn­dy bi­ri-bi­ri bi­len öz meý­dan­ça­syn­da hem-de myh­man­çy­lyk­da 2 ge­zek du­şu­şyk ge­çi­rer. 6 oýun­dan soň to­par­ça­lar­da 1-nji or­ny eýe­län­ler ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ry­na gat­na­şar­lar. Du­şu­şyk­lar 2025-nji ýy­lyň 25-nji mar­tyn­dan 2026-njy ýy­lyň 31-nji mar­ty­na çen­li ara­lyk­da oý­na­lar. Ýag­ny 2025-nji ýy­lyň 25-nji mar­tyn­da, 10-njy iýu­nyn­da, 9-njy we 14-nji okt­ýab­ryn­da, 18-nji no­ýab­ryn­da hem-de 2026-njy ýy­lyň 31-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­ler.

Ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garagum sährasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde guralan ýaryşa gatnaşyjylar jemi 161 kilometr aralykda bäsleşdiler. Şonuň 138 kilometri ýaryşyň birinji gününde, galany bolsa ikinji günde geçildi. Çempionat Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Ýaryşlar «T2» we açyk synply awtoulag görnüşleri boýunça geçirildi. «Nissan Patrol», «Mitsubishi Pajero» we «Toyota Hilux» awtoulaglarynda iň gowy netije görkezen türgenler ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Sport — ruhubelentlik

Ata Watanymyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň, sportuň pajarlap ösýän ýurdy hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgeleri, bedenterbiýe hereketiniň hem-de sportuň ösüşli menzilleri, başarjaň türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri muny dolulygyna äşgär edýär. Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydyr. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam özerkli bolýar. Oňa ukyp-başarnyk, çydamlylyk, eden işine paýhasly çemeleşmek, tertiplilik, daş-töweregindäki adamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ýeňşe bolan hyjuw bilen türgenleşýän türgenlerimiz bolsa, gazanan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň sportdaky halkara abraýyny has-da ýokary derejelere ýetirýär.

Innowasion sport ýaryşlary

Eziz Diýarymyzda dünýäde barha meşhurlygy artýan sportuň sanly tehnologiýalar bilen bagly ugurlary hem ösdürilýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda şu ýylyň 2—7-nji dekabry aralygynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden geçirilen sport hepdeligi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli talyplar sportunyň hem-de Milli elektron sport federasiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda geçirildi. Innowasion sport hepdeliginiň bäsleşiklerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 200-e golaý talyp türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar türgenlerimiz üçin halkara oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyry bolmak bilen, innowasion sport görnüşlerinde zehinleri ýüze çykarmakda hem-de hasaba almakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaryşlar sportuň innowasion görnüşleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirdi. Şeýle ýaryşlaryň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, olaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmakdan, bu ugurdan zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan we fijital-sport boýunça özara tejrib

Ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garagum sährasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde guralan ýaryşa gatnaşyjylar jemi 161 kilometr aralykda bäsleşdiler. Şonuň 138 kilometri ýaryşyň birinji gününde, galany bolsa ikinji günde geçildi. Çempionat Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Ýaryşlar «T2» we açyk synply awtoulag görnüşleri boýunça geçirildi. «Nissan Patrol», «Mitsubishi Pajero» we «Toyota Hilux» awtoulaglarynda iň gowy netije görkezen türgenler ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkmenistanda şaýbaly hokkeýi ösdürmek, wagyz etmek, ýaş hokkeýçileriň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýaşlary höweslendirmek, sporta çekmek, iň güýçli toparlary hem oýunçylary kesgitlemek maksady bilen geçirilen ýaryş diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Açyk birinjilige «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý klubunyň ýetginjek türgenleri hem gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, «Oguzhanyň» oýunçylary ýurdumyzyň iň güýçli türgenleriniň hatarynda durýar. Gazçylaryň topary bu gezek hem ýaryşda öz ussatlygy bilen tapawutlanmagyň hötdesinden geldi. Netijede, «Oguzhan» topary ähli garşydaşlaryndan ynamly ýeňişler bilen üstün çykdy we 1-nji ýeri eýeledi hem-de açyk birinjilikde hormat hatyna, kuboga mynasyp boldy.

2,5 MILLIARD ÝEWROLYK ÝARYŞ

2025-nji ýylda ABŞ-da täzeçe tertipde geçiriljek futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň baýrak gaznasy 2,5 milliard ýewro deň bolar. Bu barada «Marca» neşiri ýazýar. Çeşmäniň bellemegine görä, ýaryşyň umumy baýrak gaznasynyň 70 göterimi oňa gatnaşýan Ýewropanyň 12 toparyna paýlanylar. Baýrak gaznasynyň galan 30 göterimi bolsa ýaryşa gatnaşýan beýleki 20 topara bölünip berler. Ýeri gelende bellesek, 5-nji dekabrda ýaryşa bije çekildi. Bijä laýyklykda, tomaşaçylar eýýäm toparçalaýyn tapgyrda «Mançester Siti» — «Ýuwentus», «Bawariýa» — «Boka Huniors», «Riwer Pleýt» — «Inter», «PSŽ» — «Atletiko» we «Flamengo» — «Çelsi» ýaly gyzykly gapma-garşylyklaryň şaýady bolarlar.

MAHAÇÝEWIŇ INDIKI GARŞYDAŞY BELLI BOLDY

Ýeňil agramda «UFC-niň» çempiony, russiýaly Islam Mahaçýewiň indiki garşydaşy belli boldy. Mahaçýewiň indiki güýç synanyşjak türgeni şol agram derejede reýtingiň birinji ornuny eýeläp duran öz ildeşi Arman Sarukýandyr. Ýeňil agramyň çempionlyk guşagy üçin boljak bu tutluşyk 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek «UFC 311» turniriniň esasy söweşi bolar. Ýeri gelende bellesek, bu söweş Arman Sarukýan üçin haklaşyk tutluşygy häsiýetine eýe bolar. Çünki ol özüniň «UFC» promouşenindäki ilkinji söweşini Mahaçýewe garşy geçirip, onda eminleriň karary esasynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

IŇ KÖP PUL GAZANAN TENNISÇILER

«Forbes» žurnaly taryhda ýaryşlardaky ýeňişleri arkaly iň köp pul baýragyny gazanan tennisçileriň reýtingini düzdi. Mahabatdan düşen girdejiler hasaba alynmazdan, diňe pul baýragy esasy düzülen sanawda hümmetsizlenme hem göz öňünde tutulypdyr. Mysal üçin, 1985-nji ýylda gazanylan 100 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy häzirki hümmet boýunça 300 müň 694 amerikan dollary diýlip hasaplanypdyr. Şeýlelikde, sanawyň birinji basgançagyndan 211 million 397 müň amerikan dollarlyk görkeziji bilen serbiýaly Nowak Jokowiç orun alypdyr. Şeýle-de ilkinji üçlükde şweýsariýaly Rožer Federeriň (171 million 785 müň amerikan dollary) we ispaniýaly Rafael Nadalyň (162 million 526 müň amerikan dollary) ady bar.

TÜRKMEN TÜRGENLERI ŞU GÜN DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDAKY ÇYKYŞLARYNA BAŞLARLAR

Şu günler Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde Agyr atletika boýunça 89-njy dünýä çempionaty geçirilýär. Onda dünýäniň dürli künjeginden bolan türgenler erkekleriň we zenanlaryň arasynda umumylykda 20 agram derejesi boýunça medallar toplumy üçin göreşýärler. Dünýä birinjiliginde Türkmenistana 7 türgen wekilçilik edýär. Mansur Rejebowyň tälim bermeginde ýaryşa gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenleri şu gün öz çykyşlaryna başlarlar. Has takygy, şu gün — 9-njy dekabrda erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde birbada iki ildeşimiz Bunýad Raşidow we Bektimur Reýimow, zenanlaryň arasynda bolsa 59 kilograma çenli agram derejede Ýulduz Jumabaýewa bilekleriniň güýjüni barlarlar. Şeýle-de 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşa gatnaşýan Gaýgysyz Töräýew 10-njy dekabrda, 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Resul Rejebow 12-nji dekabrda, 102 kilograma çenli agram derejesinde ýurdumyza wekilçilik edýän Şahzadbek Mätýakubow we Dawranbek Hasanbaýew dagy bolsa 13-nji dekabrda medallar üçin güýç synanyşarlar. Türkmen türgenleriniň çykyşyny 15-nji dekabrda 109 kilogramdan ýokary derejede Atajan Daýyýew jemlär.

«ARKADAG» TOPARY — TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY UBOGYNYŇ EÝESI

«A r k a d a g » topary futbol boýunça T ü r k m e n i s tanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Naýbaşy kubogy almak ugrundaky oýun Balkanabat şäherinde geçirilip, onda geçen möwsümde Türkmenistanyň çempiony we Kubogyň eýesi bolan «Arkadag» topary Kubogyň geçen ýylky finalçysy «Ahal» bilen güýç synanyşdy. Duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň peýdasyna tamamlandy. «Arkadag» toparynyň düzüminde Şamämmet Hydyrow (14, 29) we Şanazar Tirkişow (22) tapawutlandy. «Ahalyň» ýeke-täk jogap goly bolsa 75-nji minutda Yslam Annamyradowyň adyna ýazyldy.

ÝYLYŇ IŇ GOWY MMA TÜRGENLERI SAÝLANDY

Ýarymagyr agramda «UFC-niň» çempiony Aleks Pereýra MMA boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy türgeni hökmünde ykrar edildi. Ol bu ugurda geçirilen ses berlişikde dalaşgär görkezilen ildeşleri Aleksandr Pantoja we Henan Ferreýra, Günorta Afrika Respublikasyna wekilçilik edýän Drikus Dýu Plessi hem-de russiýaly Islam Mahaçýew dagydan öňe saýlanmagy başardy. Zenanlaryň arasynda ýeňil agramda «UFC-niň» çempiony hytaýly Weýli Çžan «ýylyň iň gowy MMA türgeni» diýen ada mynasyp görüldi. Ýeri gelende bellesek, Aleks Pereýra şu ýyl üç gezek oktagona çykyp, şolaryň ählisinde nokaut arkaly ýeňiş gazandy.

ŞU GÜN TÜRKMENISTANYŇ ÝYGYNDYSYNYŇ AZIÝANYŇ KUBOGYNYŇ SAÝLAMASYNDAKY GARŞYDAŞLARY BELLI BOLAR

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekiler. Bije çekişlik biziň wagtymyz bilen sagat 12:00-da başlanar. Bijäniň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli bolar. Biziň milli ýygyndymyz bijä ikinji sebetçeden gatnaşýar. Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynda 24 ýygyndy 6 toparça bölünip (her toparçada 4 ýygyndy), özara güýç synanyşar. Her toparçadan diňe birinji ýeriň eýesi yklym birinjiliginiň final tapgyryna ýollanma alar.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 TMÝG-niň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi hem-de Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň 24-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ry, okuw­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de «Sport sag­dyn ýa­şaý­şa bo­lan hö­wes­dir» at­ly şy­ga­ry bi­len küşt bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Mek­dep­de bi­lim al­ýan ýaş­lar çe­ke­le­şik­li bäs­leş­di­ler. Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şik­de ta­pa­wut­la­nan okuw­çy­la­ra TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi­niň adyn­dan Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Fijital sport

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň sport ul­ga­my bi­len ara­bag­la­ny­şy­gy has-da ulu­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň spor­ta öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, bi­le­lik­de bi­te­wi saz­la­şy­gy dö­ret­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Se­bä­bi döw­rüň ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da yn­san aňy hem ös­ýär. Yn­san aňy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de spor­tuň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Sport jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän we has-da kä­mil­leş­ýän gym­mat­lyk­dyr. Uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­myz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň spor­ta or­naş­ma­gy ne­ti­je­sin­de fi­ji­tal we ki­bers­por­tuň dö­re­me­gi­ne ge­tir­di.

Başarnykly ýaşlar

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ýaş­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň uşu fe­de­rasiýa­sy­nyň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ryş Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nis­tr­li­giň ýa­nyn­da­ky «Awa­za» sport top­lu­my­nyň ba­şa-baş gö­reş za­lyn­da ge­çi­ril­di. Bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň äh­li kün­jek­le­rin­den tür­gen­ler gat­naş­dy­lar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň 3-nji sport mek­de­bi­niň uşu bo­ýun­ça baş tä­lim­çi­si Re­jep­mäm­met Ne­pe­so­wyň hem-de Ju­ma­my­rat Gar­ly­ýe­wiň okuw­çy­la­ry üs­tün­lik­li çy­kyş edip, öz zäh­met çek­ýän sport mek­dep­le­ri­niň ýe­ňi­ji bol­ma­gy­na go­şant­la­ry­ny goş­du­lar. 2008-nji ýyl­da dog­lan Jeý­hun Gar­ly­ýew, 2010-njy ýyl­da dog­lan Ba­ba­my­rat Ju­ma­ýew, 2011-nji ýyl­da dog­lan Aý­za­da Gar­ly­ýe­wa, 2011-nji ýyl­da dog­lan Me­kan Mä­mi­ýew, 2012-nji ýyl­da dog­lan Eziz Sa­par­gel­di­ýew da­gy hor­mat mün­be­ri­niň iň ýo­ka­ry ga­ty­na çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti diýseň uludyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin döwlet ähmiýetli köptaraply işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Ýaşaýyş üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biri hasaplanylýar. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär. Sagdyn ruh adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. «Adam üçin durmuşda iň uly we iň esasy baýlyk näme?» diýlip soralanda, hemmämiziň «Saglyk» diýip jogap berjegimiz gümansyzdyr. Saglygy berkitmek, hemişe beden gözelligini, şähdaçyklygy, ruhubelentligi saklamak üçin sport bilen meşgullanmak iň bir ygtybarly serişde hasaplanylýar. Saglygyň sportdan gözbaş alýandygy dünýäde ykrar edilen hakykat. Şonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ösen sport ýurdy hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen iň kämi

Sport maşklarynyň saglyga peýdasy

Sport maşklary saglygy berkitmek, adamyň hereket ukyplaryny kämilleşdirmek, güýjüni, çeýeligini, çydamlylygyny ösdürmek üçin ýörite saýlanyp alnan beden maşklaryň toplumydyr. Esasan hem sportuň gimnastika görnüşinde köp sanly dürli görnüşli maşklar ulanylyp, olaryň hersi belli bir wezipäni ýerine ýetirýär. Bedeniňi we işjeňligiňi ösdüriji umumy maşklar, ýönekeý erkin maşklar, amaly maşklar, ýöremek, ylgamak, bökmek ýaly maşklaryň görnüşleri adamyň bedeniniň umumy ösüşine ýardam berýär, saglygyny berkidýär, iş öndürijiligini ösdürýär, ruhuny galdyrýar. Ýörite gurallarda ýerine ýetirilýän maşklaryň, çeperçilik gimnastikasynda ulanylýan maşklaryň, diregli bökmek hem-de akrobatika maşklaryň kömegi esasynda adamlar öz bedeniniň owadan, sagdyn bolmagyny gazanýarlar. Gimnastika maşklary esasy bäş topara bölünýär. Esasy gimnastika — saglygy dikeltmek we umumy fiziki ösüşi gazanmak üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar, okuwçylar we uly ýaşly adamlar bilen geçirilýän sapaklarda ulanylýar. Şeýle-de, esasy gimnastika adamda täze hereket endiklerini ösdürmek ýa-da has çylşyrymly hereketler üçin taýýarlyk maksady bilen geçirilýär. Esasy gimnastika ýöremek, ylgamak, bökmek, deňagramlyk maşklary, şeýle hem sport gimnastikasynda peýdalanylýan gurallardaky ýönekeý maşklar degişlidir. Umumy gimnastika ukyplaryny we güýçlenme häsiýetlerini (güýç, çalasynlyk, batyrgaýlyk we ş.m.