Halkara sport merkezi
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy, nusgalyk döwletine öwrüldi. Bütin dünýäde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Diýarymyzyň gözel paýtagty Aşgabat bu günki gün iri sport ýaryşlarynyň, çempionatlaryň geçirilýän merkezi hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar we bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalary ak mermerli paýtagt şäherimize özboluşly görk berýär. Olimpiýa şäherçesindäki, «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky desgalary, «Aşgabat», «Olimp» stadionlaryny, «Aşgabat» golf klubuny synlanyňda hem ýurdumyzda sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle döwrebap sport desgalarynda halkara derejesindäki ýaryşlary guramaçylykly geçirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Gurlup ulanylmaga berilýän sport binalary iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ýurdumyzyň uly mümkinçilige we baý tejribä eýedigini görkezýär.