Sport – parahatçylygyň ilçisi
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sport hereketini işjeňleşdirmek, şonuň esasynda raýatlaryň saglygyny berkitmegiň we ýaş nesillerimizi ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem maksatnamada milli sporty dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmeklik hem göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de beýleki wajyp çäreler maksatnamanyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenildi.