Futbolyň, tennisiň, woleýbolyň, basketbolyň Olimpiýa çempionlary
Sportuň futbol görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda diňe 2 gezek hasaba alynmady (1896, 1932). Şu wagta çenli iň köp Beýik Britaniýanyň (1952, 1964, 1968) hem-de Wengriýanyň (1900, 1908, 1912) Olimpiýa ýygyndylary altyn medal gazandy (3 gezek). Urugwaýyň (1924, 1928), ozalky SSSR-iň (1956, 1988), Argentinanyň (2004, 2008) 2 çempionlygy bar. Kanadanyň (1904), Belgiýanyň (1920), Italiýanyň (1936), Şwesiýanyň (1948), Ýugoslawiýanyň (1960), Polşanyň (1972), Gündogar Germaniýanyň (1976), Çehoslowakiýanyň (1980), Fransiýanyň (1984), Ispaniýanyň (1992), Nigeriýanyň (1996), Kamerunyň (2000), Meksikanyň (2012) hem-de Braziliýanyň (2016) Olimpiýa ýygyndylary 1 gezek münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Zenanlaryň arasynda-da 1996-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýaryşlarda ABŞ 4 (1996, 2004, 2008, 2012), Norwegiýa (2000) bilen Germaniýa-da (2016) 1 gezek altyn medala mynasyp boldy.