"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar bilen ýeňişler

Alp Arslan BEGENJOW,Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby:

Watan perzentlerine belent hormat

Geçen şenbede Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoluna ildeşlerimiziň 6 müňden gowragy ýygnandy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli köpçülikleýin Saglyk ýolundan geçildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiziň öňbaşçy bolmagy bolsa olaryň gadyr-gymmatyny has-da artdyrdy. Jana şypa ýoluň 8 kilometrlik menzillerini geçmek dabaralarynyň çäklerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, dünýäniň dürli döwletlerinden Watanymyza medallar bilen dolanyp gelen türgenlerimiz hem sylaglanyldy. Has uly üstünlikleri gazanan türgenlere bolsa döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugy bilen döwrebap awtoulaglar sowgat berildi.

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy rowaçlanýar

Şu ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Döwrümize ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy wakalar, çar ýandan gelip gowuşýan hoş habarlar, durmuşa geçirilýän beýik işler görk berýär. Halkymyzyň eziz Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyryp, belent maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýagny Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, döwletlerdir halklaryň arasyndaky dostlugy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň, sport diplomatiýasynyň rowaçlanmagy ugrundaky ýene bir möhüm ädimidir.

Türkmen sportunyň täze sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýe we sport baradaky pähim-paýhaslary halkymyzyň saglygyny berkitmäge, her bir raýatyň sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagyna we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi uzak möhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýedir. Ýurdumyzda adam saglygyna, bedenterbiýä we sporta uly üns berlip, döwlet derejesinde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Muňa mysal edip, 2-nji noýabrda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolan paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunda geçirilen köpçülikleýin ýörişi görkezmek bolar. Bu ýöriş ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artýandygynyň, sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalyny görkezdi.

Sport

Spartakiadanyň çäklerinde Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde sportuň tennis, badminton görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Tennis boýunça geçirilen ýaryşlar Daşoguz şäherindäki sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Onda Daşoguz şäherindäki 30-njy orta mekdebiň topary birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

REKORDA BESLENEN ÝEŇIŞLER

Sportuň her bir janköýeri öz janköýerlik edýän türgeniniň ýa-da toparynyň üstünlikleri bilen bir hatarda, olaryň rekordlary nähili täzeleýändiklerine aýratyn üns berýärler. Türkmen türgenleri bolsa häzirki döwürde diňe bir medallar bilen däl-de, eýsem dünýä rekordlaryny täzeläp, sport äleminde şöhrat gazanýarlar. Ýakynda Ispaniýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bu hakykat ýene bir gezek tassyklanyldy. Bu abraýly ýaryşda dünýäniň iň güýçli ýaş türgenleriniň arasynda çykyş eden ildeşimiz Şahzadbek Matýakubow Türkmenistanda sporta berilýän ünsüň näderejede ýokarydygyny subut etdi. Geljegine uly ynam bildirilýän ildeşimiz 102 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 175 kilogram agyrlygy başynyň üstüne galdyrdy. 20 ýaşly türgen, bu üstünligi bilen diňe bir bäsdeşlerinden öňe geçmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sport taryhynda öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

Parahatçylygyň, dostlugyň, abadançylygyň nyşany

Adamzat taryhynyň dowamynda dünýäde parahatçylygy, agzybirligi, abadançylygy berkitmekde, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sportuň ähmiýetiniň örän ýokarydygy öz subutnamasyna ençeme ýola eýe bolan hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň rowaçlyklara beslenmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň Ýer ýüzünde uly goldawa hem-de seslenmä eýe bolmagy eziz Watanymyzyň sport ýurdy hökmünde dünýäde gazanan ykrarnamasynyň barha pugtalanmagyny üpjün edýär. Taryhy jähetden alanyňda ujypsyz döwrüň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde bedenterbiýe-sagaldyş hereketini umumymilli ýörelgä eýe etmeklige gönükdirilen döwrebap desgalaryň ençemesiniň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi we ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da öňe ilerleýändigini aýtmak aýratyn ý

Diňe myhmanlar ýeňdiler

Futbol Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynyň 28-nji tapgyrynyň çäginde Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary bilen möhletinden öň geçiren duşuşygy barada ozal habar beripdik. Ýakynda şol tapgyryň beýleki üç duşuşygy geçirildi.

Okuwçy ýaşlara öwüt-ündewler aýdyldy

Bäherden etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda etrap polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Etrapdaky 31-nji orta mekdepde geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Onda edilen çykyşlarda mekdep okuwçylaryna türkmen ýaşlaryny bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Etrabyň açyk birinjiligi

Bäherden etrabynyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebinde 2007-2008-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşy etrap bedeterbiýe we sport bölümi bilen etrap bilim bölimi bilelikde gurady. Çekleşikli geçen ýaryşda birinji orny Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň topary, ikinji orny Bäherden etrabynyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebiniň topary, üçünji orny etrap sport mekdebiniň topary eýeledi. Ýaryşyň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sagdynlygyň Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda sport-sagaldyş hereketiniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň bina edilmegi ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sanyny günsaýyn artdyrýar. Bu gün ýurdumyzda sportuň beýleki birnäçe görnüşi ýaly, welosiped sportunyň meşhurlygy hem ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welosiped sporty bilen ýakyndan meşgullanmagydyr we sportuň bu görnüşini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezmegidir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýönelige däldir. Munuň özi ýurdumyzyň sporty ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň nyşanydyr. Şonuň bilen baglylykda Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda her ýylda has dabaraly bellenip geçi

Sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda sportda gazanylýan ajaýyp üstünlikler dünýäde giňden ykrar edilýär. Häzirki wagtda türkmen sporty okgunly ösüşe eýe bolmak bilen, halkara abraýy barha arşa göterilýär. Türgenlerimiz halkara derejedäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy al-asmanda parladyp, Watanymyzyň dünýädäki sport abraýyny artdyrýarlar. Sportda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary durandyr. Ýurdumyzda gysga taryhy döwrüň içinde döwrebap sport toplumlary, stadionlar guruldy, sport bilen meşgullanmaga, iri ýaryşlary geçirmäge ajaýyp mümkinçiliklerdir şertler döredildi. Berkarar Watanymyzda sport ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Çekeleşikli ýaryş

Babadaýhan etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasynda geçen woleýbol ýaryşynyň etrap tapgyry çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Etrapdaky orta mekdepleriň okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar ýaryşda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýaryşyň guramaçylykly geçmegi ugrunda eden tagallalary ýerine düşdi. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde etrapdaky 2-nji orta mekdebiň topary birinji, 23-nji orta mekdebiň topary ikinji, 5-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji topar ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Dost-doganlygyň röwşen ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler biziň her birimiziň köňlümizi buýsanja besleýär. Ynha, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bellenmäge mynasypdyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe sürýän şeýle başlangyçlary umumadamzat bähbidini nazarlap, dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyçlary adamzadyň parahat durmuşyna, abadan ýaşaýşyna we dost-doganlyga gönükdirilýän ýörelgelerden gözbaş alýar. Sport oýunlaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň möhüm ugurlary ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny artdyrýan sport oýunlarynyň ähmiýetini düşündirmekde wagyz-nesihat maslahatlary aýratyn orna degişlidir. Şonuň üçin hem wagyz-nesihat çärelerinde sportuň peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgeleri hakynda beýan edilýär.

Türkmen we owgan futzalçylarynyň ýaryşlary

Bu günki günde türkmen-owgan gatnaşyklary taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan hoşmeýilli goňşuçylyk däpleri bilen ykdysady ýa-da medeni hyzmatdaşlygyň çäginden has giňeldi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem giň gerime eýe bolýar. Ýakynda goňşy ýurduň Hyrat welaýatyna wekilçilik edýän, Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän futzal toparynyň ýurdumyza dostluk sapary bilen gelmegi bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi. Bir hepdelik saparyň dowamynda myhmanlar Aşgabat we Mary şäherlerine gezelençleri guradylar hem-de türkmen toparlarynyň birnäçesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler. Paýtagtymyzda barlyp görlen ýerleriň hatarynda Döwlet medeniýet merkezi, Türkmen halysynyň milli muzeýi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we beýlekiler bar. Mary welaýatynda bolsa olar «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.

Ýeňişleriň ýalkymly ýoly

Sport — sagdynlygyň gözbaşy, dost-doganlygyň ilçisi, ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly. Biz bu hakykata 2-nji noýabrda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň mysalynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Şol gün ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezip, Saglyk ýolundan geçmegi, şeýle hem halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi. Jahanyň çar ýanyndaky üstünlikler

Sport sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi. Şoňa görä-de, bu sport çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, talyp ýaşlar we beýlekiler

Türgenlerimiziň ýeňşi — milli sportumyzyň üstünligi

Mälim bolşy ýaly, 2-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirilip, bu çäre tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Okuwçy gyzlaryň ussatlygy

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde okuwçy gyzlaryň arasynda geçen woleýbol ýaryşy sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi. Bu ýaryş «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Okuwçy ýaşlarda sporta höwes uly. Bu hakykat ýaryşda turuwbaşdan aýdyň duýuldy. Gyzykly duşuşyklary bilen tapawutlanan ýaryşda etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy.

Spartakiadanyň çagindäki ýaryş

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary Kaka etrabynda üstünlikli dowam edýär. Etrapdaky 16-njy orta mekdebiň sport zalynda agzalan spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasynda geçen woleýbol ýaryşy gyzykly boldy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda okuwçy ýaşlara sport ussatlygyny doly derejede açyp görkezmäge ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Talabalaýyk enjamlaşdyrylan sport zalyndaky amatlyklardan ruhlanan okuwçy gyzlar öz aralarynda çekeleşikli duuşyklary alyp bardylar. Şeýlelikde, 10-njy orta mekdebiň topary garşydaşlaryndan üstün çykyp ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ikinji orna etrapdaky 20-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 21-nji orta mekdebiň toparlary eýeledi.