"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

«ATP Fi­nals»-da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ita­li­ýa­ly ten­nis­çi

Ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da­ky möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şyn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner ýe­ňi­ji bol­dy. Ol ýur­du­nyň Tu­rin şä­he­rin­de gu­ra­lan 55-nji «ATP Fi­nals» ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da ame­ri­ka­ly Teý­lor Frit­si 2 set­de-de 6:4-lik ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ol to­par­ça­da-da Frit­si edil fi­nal­da­ky ýa­ly edip ýe­ňip­di. Bu onuň şu ýa­ryş­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ga­ly­ber­se-de, bu onuň möw­süm­dä­ki 8-nji ku­bo­gy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 18-nji ATP çem­pi­on­ly­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Sin­ner soň­ky 38 ýyl­da möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şyn­da to­par­ça­da­ky 3 du­şu­şy­gyn­da (Da­ni­il Med­we­dew — 6:3, 6:4; Teý­lor Frits — 6:4, 6:4; Aleks di Mi­no­ry 6:3, 6:4), şol san­da ýa­rym fi­nal­da (Kas­per Ru­ud — 6:1, 6:1) hem-de fi­nal­da gar­şy­daş­la­ry­ny 2 set­de ýe­ňen, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ýe­ke set­de hem utul­man çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ten­nis­çi diý­lip bel­li­ge alyn­dy. Soň­ky ge­zek Iwan Lendl 1986-njy ýyl­da şeý­le sta­tis­ti­ka bi­len çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Şol bir wag­tyň özün­de Sin­ner bu ýa­ryş­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ita­li­ýa­ly ten­nis­çi­dir. Sin­ner bir ýy­lyň do­wa­myn­da «Awst­ra­li­ýa Açyk», «Ame­ri­ka Açyk» hem-de «ATP Fi­nals» ýa­ryş­la­ryn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji ten­nis­çi bo­lup, on­dan öň Fe­de­rer bi­len Jo­ko­wiç şeý­le ba­şar­n

UEFA Milletler Ligasynda toparçadaky duşuşyklar tamamlandy

RONALDONYŇ TÄZE REKORDY «A» Li­gada çär­ýek fi­na­la çy­kan to­par­la­ryň 8-si hem bel­li bo­lup, Por­tu­ga­li­ýa­dyr Fran­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry to­par­ça­la­ryn­da 1-nji or­ny eýe­le­di­ler. Olar şu gün geçiriljek dabarada Hor­wa­ti­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Ni­der­land­la­ryň hem-de Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len bi­je çe­ki­şer. 1-nji to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Pol­şa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny Ra­fa­el Leao (59), Kris­tia­no Ro­nal­do (72 p, 87), Bru­no Fer­nan­deş (80) hem-de Ne­to­nyň (83) gol­la­ry bi­len 5–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­da 2 gol ge­çi­rip, 1 asist eden Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň kar­ýe­ra­syn­da­ky gol­la­rynyň sa­ny 910-a ýet­di. Şeý­le-de, Ro­nal­do mil­li ýy­gyn­dy­da 132-nji ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ugur­da is­pa­ni­ýa­ly Ser­hio Ra­mo­sa de­giş­li bo­lan re­kor­dy tä­ze­le­di

Mo­to GP-de tä­ze çem­pi­on

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şyn­da çem­pi­on bel­li bol­dy. Te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk se­bäp­li Wa­len­si­ýa­da däl-de, Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len möw­sü­miň 20-nji ýa­ry­şyn­da soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia pel­le­ha­na­dan bi­rin­ji bo­lup geç­di. Ol 24 aý­la­wy 40 mi­nut 24,740 se­kuntda ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 11-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 29-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýö­ne oňa bu ýe­ňiş çem­pi­on­lyk üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Ýa­ryş­da is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes­den soň 3-nji or­ny eýe­län Hor­ge Mar­tin Mo­to GP-de 76-njy möw­sü­miň çem­pio­ny bol­dy. «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň 26 ýa­şyn­da­ky is­pan sü­rü­jisi kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek Mo­to GP-de çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ol şu möw­süm­de ba­ry-ýo­gy 3, kar­ýe­ra­syn­da-da 8 ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bol­dy. 508 utuk top­lan Hor­ge Mar­tin şu möw­süm­de 10 ýa­ryş­da 2-nji or­ny eýe­le­di. Fran­çes­ko Ba­naia­dan 10 utuk öňe saý­la­nan Hor­ge Mar­tin di­ňe 1 ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di. Ba­naia bol­sa 3 ýa­ryş­da pel­le­ha­na ýet­mek ba­şart­man­dy. Hor­ge Mar­tin Mo­to GP-de çem­pi­on­lyk ga­za­nan 31-nji, şol san­da 5-nji is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­dir. Umu­my­lyk­da bu is­pan sü­rü­ji­le­ri­niň 12-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar Ita­li­ýa­dyr (22 çem­pi­on­lyk) Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­dan (17) hem-de ABŞ-dan (15) soň 4-nj

Türgenlerimiziň Kazandaky üstünlikleri

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça ulularyň arasynda dünýä çempionatynda we 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen birinjilikde ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary üstünlikli çykyş etdiler. Ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna dünýäniň 34 döwletinden 250-den gowrak türgen gatnaşdy. Ulularyň arasynda geçirilen çempionatda ýurdumyzyň türgenleri 3 altyn, 1 kümüş we 5 bürünç, jemi 9 medal gazandylar. 18 — 20 ýaşly türgenleriň arasyndaky dünýä birinjiliginde bolsa türgenlerimiz 3 altyn, 1 bürünç medala mynasyp boldular. Altyn medallaryň ählisi göreşiň erkin usuly görnüşinden gazanyldy. Ulularyň arasynda 62 kilogram we 100 kilogram agram derejelerinde çykyş eden, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçylary Abdyresul Durdyýew bilen Pälwan Gurbangeldiýew hem-de 90 kilogramda ýaryşa gatnaşan Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew dünýä çempionatynyň altyn medallarynyň eýeleri boldular. A.Allaberdiýewiň ýaşlaryň arasynda geçirilen birinjilikde hem altyn medal gazanandygyny bellemelidiris.

Küşt ýaryşynda ussatlar ýeňdi

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň Kaka etrap tapgyryna gyzyklanma uly boldy. Etrapdaky 21-nji orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa ýaş küştçüler höwesli gatnaşdylar. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran ýaryşynda ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. 14-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 16-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 20-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orny eýelediler.

Babadaýhanly ýaş küştçüler başarnygyny görkezdi

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Babadaýhan etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 19-njy orta mekdepde küşt ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki bu ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. Okuwçy oglan-gyzlaryň arasyndan akyl-paýhas oýny boýunça ussatlary ýüze çykarmakda nobatdaky ýaryşyň ähmiýeti uly boldy. Okuwçy ýaşlar öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklaryň netijesi güýçlüleri öňe saýlady. Etrapdaky 15-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaryşyň ýeňijileri boldy. Ikinji orny 17-nji orta mekdebiň topary, üçünji orny bolsa 12-nji orta mekdebiň topary eýeledi.

Sport we bagtyýar ýaşlar

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Sport we bagtyýar ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga sport mekdebinde tälim alýan ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap bilimli, hünärli, giň dünýagaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi hakdaky aladalary barada söhbet açylyp, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga we sportda barha taplanmaga döredýän giň şertleridir mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Sportuň dostlaşdyryjylyk güýji

Käbir duşuşyklary iki sagatdan gowrak dowam etse-de, tennis janköýerleri asla ýadatmaýan sport görnüşleriniň hataryna girýär. Gaýtam, türgenleriň haýsydyr birine janköýerlik edip oturyşyňa, wagtyň nähili geçenini hem duýman galýarsyň. Bu duşuşyk seniň üçin hakyky baýramçylyga öwrülýär. Ýakynda merjen paýtagtymyz şeýle sport baýramçylygyny kabul etdi. Ýer ýüzüniň 12 döwletinden iň güýçli ýetginjek tennisçileriň 60-dan gowragy «Ashgabat Open 2024-iň» ýeňijisi bolmak üçin göreşdiler.

Çempionyň ýoly

Geçen hepdäniň şenbe güni ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldular. Olaryň 9-sy lebaply ýaşlardyr. Bu arzyly baýraga eýe bolanlaryň arasynda kuraş boýunça dünýä çempiony, Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow hem bar. Daýanç Omirow — 2023-nji ýyldaky kuraş boýunça dünýäniň çempiony. Beýle diýmek, şol ýyl dünýäde pälwanyň arkasyny ýere degiren tapylmady diýmekdir. 1996-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Kerki etrabynyň Ussalar obasynda doglan Daýanç maşgaladaky üç çaganyň körpesi. Ol sportuň dzýudo, kuraş, türkmen milli göreşi görnüşlerini çagalykdan bäri gowy görýänini aýdýar. Häzirem boş wagtlary yzygiderli türgenleşýän pälwan toýlarda-da göreş tutup, ussatlygy bilen tanalýar. Ol: « 9 — 10 ýaşlarymdadyryn, şol wagtlar ilkinji halypam Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Alymerdan Döwranowdan tälim alyp başladym. Soňra-da yzygiderli türgenleşikler bilen dünýäniň çempionlygyna çenli ýetdim» diýip, çempionlyga çenli geçen ýoluny gürrüň berýär.

Ýurt goragçylarynyň halkara üstünlikleri

Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurdy. Munuň şeýledigini dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport bäsleşiklerinde türkmen Tuguny buýsançly pasyrdadyp, Döwlet senamyzy belentden ýaňlandyrýan ýaş türgenleriň ýeňişleri aýdyňlygy bilen delillendirýär. Şeýle ýeňişleriň ýylsaýyn artýandygy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda sport bilen meşgullanýan ýaş nesillere ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändiginden habar berýär. Şu ýylyň 10 — 13-nji noýabry aralygynda hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylaryndan Abdyresul Durdyýew 62 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, esger Nobatgeldi Nazarow 100 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky maýor Çaryýar Ataýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçysy, seržant Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna mynasyp boldular. Harby gullukçylar şeýle halkara üstünlikleri gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahrym

Ýeňişli ýollar

Ýakynda paýtagtymyzda sportuň kik-boksing görnüşinden Aşgabat şäheriniň we Kik-boksing federasiýasynyň bilelikdäki açyk birinjiligi we Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu bäsleşige TGM-niň Harby-deňiz institutynyň we Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň türgenleri-de gatnaşdylar. Ýaryşda 63 kilogram agramda Harby-deňiz institutynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, matros Kemal Annamuhammedow 1-nji, Harby-deňiz institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Amanmyrat Gökow 2-nji, harby-deňiz mekdebiniň 10-njy synp harby okuwçysy Arslan Kasymow 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary, medallar, kuboklar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Gazanylan üstünliklere bilim ojagymyzyň Bedenterbiýe we sport kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Sähet Ýagşymedowyň goşandy uludyr.

Sport. Sport. Sport.

Türkmen türgeni — dünýäniň çempiony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen sportuny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary indi sporta höwesek ýaşlaryň islegli mekanyna öwrüldi. Türgenlerimiziň dünýä çempionatlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy guwandyrýar.

Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde sportuň ähmiýeti

Ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda halkymyzyň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, ruhy we beden taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň dünýä möçberinde we halkara derejede geçirilýän dürli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri biri-birine ulaşmak bilen, olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän aýratyn uly ünsüniň, döredýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir. Ilatyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir kämil türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde hem wajyp hasaplanylýar. Şol esasdan, ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilatyň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda şäherlerde, şäherçelerde, obalarda gurlan sport desgalarynda saglygyny berkidýän, öz höwes edýän sport görnüşi bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky raýatlarymyzy göreniňde, halkyň saglygy hakynda edilýän aladalaryň ýerine düşýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň.

Hemişelik hemramyz

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar, dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar hem yzygiderli giňeldilýär. Bu bolsa ýaşlaryň bilim basgançaklary bilen öňe gitmegine, häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmegine, daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmegine ýakyndan ýardam edýär. Türkmen ýaşlarynyň dürli halkara ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp bolmaklary Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar. Ylym-bilim bilen bir hatarda, biziň — ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagymyz, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň, biz okuwdan boş wagtlarymyz sport bilen meşgullanmagy durmuş endigimize öwürdik. Bu biziň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegimizde möhüm ähmiýete eýedir.

Erjeller bäsleşdi

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Oňa sport mekdebine gatnaýan çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çagalar päsgelçiliklerden top bilen ylgap geçmek, haltada böküp geçmek, halkadan ylgap, päsgelçilikden geçmek ýaly şertler boýunça erjelligini görkezdiler. Onuň netijesinde “Berkararlyk” toparyndan üstün çykan “Bagtyýarlyk” topary ýeňiji boldy. Ýeňiji toparyň agzalaryna Kärdeşler arkalaşyklarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Bir ýaryşdan dört medal

Türkmen pälwanlary ýakynda Hytaýyň Sian şäherinde göreş boýunça geçirilen «Bir guşak — bir ýol» atly halkara ýaryşda dört medala mynasyp boldular. Ýaryşa Hytaý Halk Respublikasyndan we Merkezi Aziýa döwletlerinden onlarça türgen gatnaşdy. Halkara ýaryşda erkin göreş boýunça 86 kilograma çenli agram derejesinde türkmen pälwany Döwlet Orazgylyjowa taý tapylmady. Göreşiň bu görnüşi boýunça 125 kilograma çenli agram derejesinde Zyýamuhammet Saparow kümüş, 70 kilograma çenli derejede Perman Hommadow bilen 97 kilograma çenli derejede çykyş eden Şatlyk Hemelýaýew dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmen tennisçileriniň üstünligi

16-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Küşt ýaryşy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry guramaçylykly geçdi. Etrapdaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde geçen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Etrabyň orta mekdeplerinden gelen okuwçy oglanlar we gyzlar akyl-paýhas oýny boýunça ussatlygyny görkezdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşda 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 16-njy orta mekdebiň topary ikinji, 7-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Birinji orna mynasyp bolan topar ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Sportuň hem-de dostlugyň baýramy

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň jemleýji duşuşyklary, şeýle hem ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. 11-nji noýabrda badalga berlen ýaryşda 12 ýurtdan ýaş tennisçiler oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşlerde Aziýanyň Tennis federasiýasynyň medallaryny we reýting utuklaryny gazanmak ugrunda göreş alyp bardylar. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşyň final oýunlary 15-nji noýabrda ýaýbaňlandyryldy. Oglanlaryň arasynda 16 jübütiň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda ildeşlerimiz Nazargeldi Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegow garaşylmadyk ýagdaýda has güýçli garşydaşlardan üstün çykyp, altyn medallara mynasyp boldular. Olar jemleýji duşuşykda çekeleşikli göreşde Ýunus Annamyradow bilen Aly Geldiýew jübütini 7:6 (7:4), 7:6 (7:4) hasabynda ýeňdiler.

Halkara tennis ýaryşy üstünlikli geçirildi

Paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip, ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy ýokary derejede geçirildi. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.