Bilim işgärleri bäsleşdiler

13 Ýanwar 2023
549

Etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Onda bilim işgärleri toparlaryň dördüsine bölünip, özara bäsleşdiler. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda «Saýat» toparynyň agzalary şowly çykyş etdiler we ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramamyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle ýaryşlar mugallymlar bilen birlikde mekdep okuwçylarynyň arasynda hem geçirilýär. Bu bolsa ýaşlary sporta giňden çekmekde, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde ähmiýetlidir.

Ogulnur Bazarowa,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar