Ajaýyp ykbally «Akylly» şäher

18 Dekabr 2024
104

Şäherler we obalar islendik ýurduň rowaçlygyny öz ajaýyp keşpleri, ýaşaýjylarynyň bagtyýar durmuşlary we ykballary bilen sözsüz beýan edýärler. Bu gün türkmen şäherlerine we obalaryna şeýle durmuş mahsus bolup durýar. Olaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň gurduran Arkadag şäheri bolsa bütin dünýäniň ýokary bahalaryna we halkara sylaglaryna mynasyp bolýar. Munuň özi diňe bir şäheriň däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini hem aýdyň görkezýär. Sebäbi türkmeniň şöhratly taryhynda ilkinji gezek gurlan «akylly» şäher Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri hökmünde Garaşsyz ýurdumyzyň ajaýyp taryhyna girdi. Arkadag şäherinde durmuş-ýaşaýyş ýakymly öwüşginlere beslenýär.

Milli Liderimiziň ýakynda Arkadag şäherine amala aşyran sapary diňe bir bu şäheriň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, ildeşlerimiziň her biriniň ruhuny has-da galkyndyrdy. Milli Liderimiz sapar mahalynda ajaýyp şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.