Binýady berk, goldawy giň tutumlar

18 Dekabr 2024
102

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň çuň taryhy kökleri halkymyzyň gadymyýetden gelýän parahatçylyksöýüjilik, hoşmeýillilik ýaly ýörelgelerinden ugur alýar. Hut şunuň esasynda güneşli Diýarymyz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, dost-doganlyk, hoşmeýilli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan kadalara berk eýerip gelýär.

Ata Watanymyz ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»; «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»; «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary»; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň berkemegine goşýan uly goşandynyň giňden goldaw tapýandygynyň beýanydyr. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Şemşat ROZYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.