Baýlyk agtaryjylaryň toý sowgady

4 Sentýabr 2024
68

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynyň agzybir we başarjaň işgärleri başlarymyzyň täji bolan ata Watanymyzda giňden bellenilýän beýik senäni — ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Olaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň Täçmyradow meýdançasynda burawlan gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi olaryň ajaýyp baýrama uly toý sowgatlary bolmak bilen birlikde hormatly Prezidentimiziň täze ýataklary açmak arkaly tebigy gazyň gorlarynyň üstüni doldurmak, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirip, uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine hem mynasyp goşantdyr.

Täçmyradow geologlaryň kartasynda täze peýda bolan meýdançalaryň biridir. Ol Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz käniniň golaýynda ýerleşýär. Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijeleri bu ýerde tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygyny çaklamaga mümkinçilik beripdi. Şol maglumatlara esaslanyp, üstümizdäki ýylyň başynda täze meýdançada kuwwatly buraw enjamy oturdyldy. Bu möhüm işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babakulyýewiň baştutanlyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynandylar. Ýeri gelende, bu baýlyk agtaryjylaryň geçen ýyllarda jogapkärli buýurmalary üstünlikli berjaý edip, köpsanly tebigy gazly ýataklaryň üstüni açandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Olar täze meýdançada hem döwlet Baştutanymyzyň daşary döwletden satyn alyp beren buraw enjamyny netijeli işledip, ene ýeriň 2500 metr çuňlugyndaky önümli gatlagyna ýetdiler.

Beýleki habarlar