Taryhy mejlisiň bosagasynda

4 Sentýabr 2024
52

Mundan bäş gün ozal bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tylla güýze gadam goýduk. Ilkinji nobatda bereketli güýzüň, soňra-da täze okuw ýylynyň, bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň başlanmagy bilen, sentýabry ýylyň iň hysyrdysy ýetik aýy hökmünde häsiýetlendirip bileris. Uly toýlaryň bosagasyndaky günler şeýle-de bolmaly! Täze tutumlar, belent maksatlar, ýokary depginli işler bilen aýyň ahyrky ongünlüginde Garaşsyzlyk baýramymyzy belläris. Onuň öňüsyrasynda bolsa toý geňeşini — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçireris. Uly geňeşe we baş baýrama bu gün Jeýhun ýakasyndaky etraplardyr şäherler hem toý ruhy bilen barýar.

Gündelik durmuşymyzdan mysal alalyň! Öz ojagymyzda ýa-da obamyzda tutuljak toý ýakynlaşdygysaýy ol baradaky gürrüňler has ýygy häsiýete eýe bolýar. Toý bilen bagly her kimiň etsem-goýsamy bar. Şol etsem-goýsamlar hem toýuň öňüsyrasyndaky geňeşde ymykly bişirilip, takyk wezipä, borja ýa-da maksada öwrülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi — ähmiýeti boýunça has uly mejlis. Onda diňe bir toýuň ― baş baýramymyzyň «dony biçilmän», eýsem, tutuş bir ýylyň, onýyllyklaryň, bir söz bilen aýtsak, geljegiň öňünde duran meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol bir wagtyň özünde-de geçmiş, geçilen ýollar seljerilýär. Döwletli Maslahatyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler bolsa, sözüň doly manysynda, il-günümiziň ykbalyna täsir edýär. Biz bir maşgalanyň, bir öýüň geljegine täsir edýän çözgütlere nähili sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?! Tutuş milletiň nurana ertirine dahylly çözgütlere baý mejlise çenli galan günleri bolsa barmak büküp sanaýarys.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar