Möhüm möwsüme taýýar

4 Sentýabr 2024
42

Welaýatymyzyň daýhanlary üstümizdäki ýylda gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowy ideg edip, bol hasyly kemala getirdiler. Ýene biraz wagtdan bolsa hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen «ak altyny» ýygyp başlamaga ak pata berer. Pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilmegi bilen gymmatly çig maly kabul etmäge we gaýtadan işlemäge hem badalga berler. Bu işe etraplardaky pagta arassalaýjy kärhanalarda göwnejaý taýýarlyk görülýär.

Şu ýylyň ýygym möwsüminde gymmatly çig mal harmanhanalaryň 44-sinde bökdençsiz kabul ediler. Şu döwre çenli olaryň ählisinde abatlaýyş we bejeriş işleri göwnejaý geçirildi. Netijede hasyly kabul etmek, abat saklamak we pagta arassalaýjy kärhanalara ugratmak bilen baglanyşykly ähli işleri talabalaýyk geçirmek üçin oňaýly şertler döredildi. Şonda harmanhanalarda oturdylan elektron terezileriň takyk işlemegini gazanmaga aýratyn üns berildi, olara degişli tehniki hyzmatlar edildi. Şonuň ýaly-da barlamhana enjamlarynyň guratlygy hem birlaý gözden geçirildi we olaryň ählisi ýurdumyzda kabul edilen kadalara laýyk getirildi.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Beýleki habarlar