Bilimler älemindäki rowaç menziller

4 Sentýabr 2024
47

Berkarar döwletimizde ýaşlaryň zamanabap şertlerde okamaklary, bilim almaklary ugrunda yzygiderli aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her ýyl oba-şäherlerimizde ösen tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga tabşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji gününde Jeýhun ýakasynda-da täze bilim ojaklarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şolaryň birisi Hojambaz etrabynyň merkezinde gurlan 960 orunlyk, beýlekisi bolsa Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda işläp başlan 400 orunlyk orta mekdeplerdir. Täze mekdeplerde okamak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň begenç-buýsanjynyň çägi ýok. Biz döredijilik toparymyz bilen şu bilim ojaklarynda bolup, okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşdyk.

Sag kenarda täze mekdep

Beýleki habarlar